Medeniýetiň we sungatyň baýramy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň bimöçber goldaw-hemaýatlary netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli pugtalandyrylýar.
«Medeniýet ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň alyp barýan işini kämilleşdirmek, medeni aň- bilim edaralaryny ösdürmek, kitaphanalarda, muzeýlerde, teatrlarda, medeniýet öýlerinde we beýleki medeni maksatly edaralarda işleýän hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär.» diýip, hormatly Prezidentimiziň parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, medeniýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek babatda ýurdumyzda ähli zerur şertler döredilýär.

Toý-baýramly ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bilelikde bellenilmegi, dana şahyryň arzuwlan ajaýyp zamanasynda medeniýet ulgamynyň ösüşleriniň barha rowaçlanýandygyny özboluşly alamatlandyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan uly üstünlikleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bularyň ählisi medeniýet ulgamynyň agzybir işgärleriniň kalbynda egsilmez ylhama, çäksiz joşguna öwrülip, täze, kämil eserleri döretmäge has-da döredijilikli we netijeli zähmet çekmäge ganatlandyrýar.
At-owazasy äleme dolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara sirk festiwallarynda üstünlikli çykyşlar edip, abraýly halkara baýraklara, şahadatnamalara mynasyp bolmaklary, şu ýylymyzyň şygaryny dabaralandyryp, halkymyzy buýsandyrýan, ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini belende göterýän taryhy wakalar hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleri, şeýle hem daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilip, dünýä döwletleri bilen medeni hyzmatdaşlyklar has-da pugtalandyrylýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň dünýäde ählumumy parahatçylygyň, dost-doganlygyň dabaralanmagyna gönükdirilen medeni syýasatynyň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň uly tagallalary netijesinde Aşgabat, Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarymyzda medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi yzygiderli gurulýar. Ýurdumyzyň medeni durmuşynda alnyp barylýan bu döwletli işler türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny has-da ösdürmekde, milli sungatymyzy dünýä çykarmakda, medeniýet we sungat işgärlerini joşgunly zähmete, täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrmakda möhüm orun eýeleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber goldaw-hemaýatlary, çäksiz aladalary netijesinde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň, žurnalistleriniň, bagşy-sazandalarynyň, suratkeşleriniň, teatr we kino, neşirýat, kitaphana, muzeý işgärleriniň döredijilikli zähmetine mynasyp baha berilýär, döwlet sylaglary bilen sylaglanylýar, döredijilik işgärleri döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen yzygiderli üpjün edilýär, olaryň kämil eserleri döretmekleri üçin ähli şertler döredilýär.
Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletli Diýarymyzda dabaraly bellenilýär. Bu goşa baýramyň bilelikde bellenilmegi, medeniýete, sungata, edebiýata goýulýan hormat-sarpanyň belentdiginiň aýdyň nyşanydyr. Her ýylyň iýun aýynda ýurdumyzda guramaçylykly geçirilýän Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň şu gün Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda açylyş dabarasy boldy. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň waspyny ýetirdi. Soňra Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky Köpçülikleýin dabaraly çäreleriň geçirilýän binasynda toý sadakasy berildi.
Balkan welaýat kitaphanasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň eserleriniň, milli medeniýetimize bagyşlanan neşirleriň sergisi hem-de «Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary» atly okuw-tejribe maslahaty, Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hem-de muzeý gaznasyny baýlaşdyrmagyň tejribesi» atly muzeý hünärmenleriniň usuly maslahaty geçirildi. Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçiler medeniýet köşgünde Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti boldy.
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine ýurdumyzyň ähli sebitlerinden häzirki zaman we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, teatr artistleri, ýazyjy-şahyrlar, suratkeşler, folklor-etnografiýa toparlary, muzeý, kitaphana hünärmenleri gatnaşýarlar.
Dabarasy uludan tutulýan bu sungat baýramy milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň, edebiýatymyzyň täze ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrülýär.