logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BRIFING WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Muzeýler

12.09.2025

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Halk Maslahatynyň many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing duşuşyk geçirildi. Gepleşige «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we gurnaýjysy Guwanç Çaryýarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Hoşgeldi Annageldiýew, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Osman Aşyrow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nurgözel Saparowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Suraý Güljanowa dagylar gatnaşdylar.

No image
ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ ÝOLUNDA MÖHÜM BAŞLANGYÇLAR

Täzelikler

12.09.2025

Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama hem Türkmenistanyň başyny başlan parahatçylyk döredijilikli gün tertibiniň logiki dowamy bolup durýar. Bu resminama diňe bir 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejede parahatçylyk söýüjilik, öňüni alyş diplomatiýasy taglymatynyň yzygiderli tarapdary hökmünde Türkmenistanyň başlangyçly ornuny has-da berkidýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen ozalky resminamalar bu taglymatyň konseptual binýadyny goýan bolsa, täze Kararnama olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara forum agzalan Kararnamanyň çäklerinde guraljak esasy çäre bolar.

No image
GALLA EKIŞI

Muzeýler

11.09.2025

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzki bugdaý ekilişine başlandy. Bedew bady bilen öňe barýan diýarymyzda beýleki pudaklarda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem oňyn netijeler gazanylýar. Döwletimiz ekerançylaryň türkmen topragynda oba hojalygyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribaryň geljek tomusda ak bugdaýyň bereketli bol hasylyny eçilmegini dileg edip, her bir dänäniň müň bolsun diýip, ekişe ak pata berdiler. Bu buýsançly dabara gatnaşyjy ýaşulular, ýaşlar we öňde baryjy mehonizatorlar Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje geldiler. Ak bugdaýyň mekany bolan şu mukaddes topragymyzyň taryhy hakynda, ata-babalarymyzyň ekerançylykda bitiren hyzmatlary we muzeýimizde bar bolan gadymy zähmet gurallary bilen garyşdyrylyp, olar barada ylmy maglumatlar berildi. Zähmetsöýer daýhanlaryň ruhubelent zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar!

No image
MUZEÝE GETIRILEN GYMMATLYK

Muzeýler

11.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Medeniýet ulgamynyň görnükli şahalarynyň biri bolan muzeý işini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Olar bolsa, taryhymyzy içgin öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza çuňňur söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir. Biz hem muzeýiň ylmy işgärleri hökmünde ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp gymmatlyklarymyzyň sanyny artdyrmak üçin halkyň arasyna gidip, wagyz nesihat işlerini geçirýäris. Bir gün köpçülige baran ýerimde enelerimizden galan gadymy zatlar bar bolsa muzeýe alýandygymyzy, tabşyrylan zatlaryň muzeýde hemişelik durýandygyny aýdyp otyrdym. Şol wagt köpçüligiň içinden: «Gyzym meni bir diňle!» diýip, Soltanjemal daýza maňa ýüzlendi: -Kakam pahyryň maňa tikip beren gelin köwşi bar. Men şony gözümiň göreji ýaly görýän. Şony muzeýe tabşyrsam nähili bolarka? Tabşyrylsa gowy boljakdygyny, gelejekde agtyk-çowluklaryň hem görüp biljekdigini aýtdym. Aradan köp wagt geçmänkä, men Soltanjemal daýzadan gelin köwşi alyp gaýtdym. Ony muzeýimize kabul etdik hem-de bir görnüşli pasport düzüp, muzeýiň gaznasyna kabul edip aldyk. Muzeýiň ylmy işgärleri köwşüň gowy saklanandygyny belläp Soltanjemal daýza sagbolsun aýtdylar. Gelin köwşi deriden bolup, onuň ähli ýerleri elde tikilipdir. Sünnälenip tikilişini synlap, kakanyň öz perzendine bolan söýgüsiniň uly bolandygyna göz ýetirýärsiň. Häzirki wagtda Soltanjemal daýza 85 ýaşynda üstünden şonça ýyllar geçse-de kakasynyň sowgat beren köwşüni aýawly saklapdyr. Ol bolsa onuň öz kakasyna bolan sylag-hormatynyň uludygyny subut edýär. Ata-babalarymyz zenanlarymyzyň gözel bolmagy, olaryň hiç bir zatlarynyň kem bolmazlygy üçin elinde baryny edipdirler. Olaryň ellerinden çykan her bir zady alyp görsek, kemçiliksiz ýerine ýetirilendigine göz ýetirmek bolýar. Bu ajaýyp gymmatlyklar bolsa, ýaş nesillerimize geçmişimizi öwrenmäge uly gollanma bolýar. ###### Şeker MEREDOWA Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ 130 ÝYLLYGY

Kitaphanalar

11.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Kitaphananyň döredilmeginiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden halypa kitaphanaçylar we medeniýet sungat işgärleri Döwlet kitaphanasynyň Şöhratly ýoly geçen, taryhy hakynda, şeýle hem ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasynyň ojagy bolan kitaphanalaryň, şu günlerde döwrebap ösdürilişi barada söhbet etdiler. Şeýle hem kitabyň ynsan durmuşynyň iň ýakyn hemrasydygyny, türkmen halkymyzyň mydama kitaby çörek ýaly mukaddes saýýandyklaryny nygtamak bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitap hakynda, okamaklyk hakynda aýdan pähim-paýhaslaryny öz çykyşlarynda beýan etdiler. Dabara gatnaşyjylar häzirki wagtda, biziň ýaş nesillerimiziň, talyplarymyzyň okamaklary, ylym-bilim alkamlary üçin kitaphanalarda ähli şertleriň döredilendigini öz çykyşlarynda nygtadylar. Soňra bu toý dabarasyna gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
BERKARARLYK MUKAMY – GARAŞSYZLYK AÝDYMY

Kitaphanalar

11.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Berkararlyk mukamy – Garaşsyzlyk aýdymy» ady bilen Türkmen halysynyň milli muzeýinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde, şanly Garaşsyzlygymyz–bagtyýarlygymyzyň gözbaşy, ruhy dünýämiziň goşa ganaty, bu günki gün Garaşsyzlygyň beren eşretine guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz üçin mukaddes Watanymyzyň, eziz Arkadagymyzyň ady dillerde sena bolup ýaňlanýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk halkymyza asuda asmany, parahat durmuşy we bagtyýar geljegi peşgeş berendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Aşgabat döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY WE MEDENI-YNSANPERWER ULGAMLAR

Täzelikler

11.09.2025

Ýurdumyzyň Halk maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada ähli ýerlerde wagyz – nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty we medeni-ynsanperwer ulgamlar» atly maslahaty geçirildi. Bu çärä okuwymyzyň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Maslahaty alyp baran Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa. Maslahatyň başynda ilkinji bolup Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýew, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Altynjemal Hydyrowa, Saz mugallymçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow özleriniň joşgunly sözleri bilen çykyş etdiler. Her ýyl Garaşsyzlygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Onda taryhy işler durmuşa geçirilýär, döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän bu işler esasy maksady halkyň bähbidine gönükdirilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynda döwlet Senasyny ýerine ýetirmegi, sungat wekilleriniň şa serpaýlara mynasyp bolmagy biz üçin buýsançlydygy barada maslahatda çykyş edenler özleriniň ýürek joşgunlary bilen belläp geçdiler. Ogulnur SULTANOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-DURMUŞYŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

11.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-durmuşyň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Çagalar bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
KITAPHANALAR PÄHIM–PAÝHASYŇ ÇEŞMESIDIR

Kitaphanalar

10.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitaphanalar pähim–paýhasyň çeşmesidir» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kitaphanalar ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, hormatly Prezidentimiziň saýasynda kitaphana işiniň has-da kämilleşdirilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulmagy, olarda bitewi elektron kitaplar bilen üpjün edilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana işi, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝOL HEREKETIŇ HOWPSUZLYGY–ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

10.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda döwlet derejesindäki umumy çäre hökmünde giň gerim bilen geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» atly duşuşyk geçirdi. Ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny we howpsuz hereket etmeklerini gazanmak, köçelerde, şaýollarda, jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz, medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek häzirki döwrüň möhüm talabydyr. Çagalar bilen bagly ýol hadysalarynyň öňüni almak, mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpçin etmek babatda kanunçylygyň talaplaryny hormatlamagy we berjaý etmegi öwretmek bilen bagly kitaphana hünärmenleriniň döwletimizde çap bolup çykan degişli kitaplardan geçiren wagyz-nesihat işleri okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar baky bagtyýar diýarymyzda ýollaryň asudalygy, illeriň bagtyýarlygy üçin beýik işleri amal edýän Hormatly Prezidentimizde alkyşlaryny beýan etdiler.