logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
PARAHATÇYLYK ÝÖRELGELER ROWAÇLANÝAR

Täzelikler

13.09.2025

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan çuňňur içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyzda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Sentýabr aýynyň 13-ne Aşgabat şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynda «Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI» maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň hoşniýetli, dostlukly, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň maksatlaryna kybap gelýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Daşary ýurtly watandaşlarymyz bilen alnyp barylýan gatnaşyklaryň mazmuny we ugurlary ýyl-ýyldan artýar. Türkmen halkynyň milli medeniýetini, däp-dessuryny dünýäniň ýüzünde wagyz etmekde we onuň taryhyny, dilini öwrenmekde birleşigiň daşary ýurtly agzalary öz ýaşaýan ýurtlarynda dürli çäreleri yzygiderli guraýarlar. Maslahatyň çäginde Jemgyýetçilik guramasynyň merkezi eýwanynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň milli gymmatlyklary bolan şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk we amaly-haşam sungaty ugurlaryna degişli eserleriniň sergisi giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Serginiň gymmatlyklary türkmen halkynyň taryhyny, däp-dessuryny, häzirki döwürde ösüşiň täze derejesine çykan özboluşly sungatyny we ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri barada giňişleýin maglumat berýär. Bu döredijilik sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly ýörelgelere eýerip, dünýäde ýaşaýan türkmen doganlarymyz bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Tawus GARAJAÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Ylym bölüminiň uly ylmy işgäri

No image
HALK MASLAHATY – GARAŞSYZLYGYMYZYŇ BINÝADY

Täzelikler

13.09.2025

Ýakynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýazgy jaýynda «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýip yglan edilmegi hem-de Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna bagyşlanan «Saba turup, Watan, seni çaglar men» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň ösüş ýolunda taryhy, syýasy we jemgyýetçilik taýdan aýratyn ähmiýete eýe bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt ähmiýetli işlerinde kabul edilýän çözgütler halkymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmäge, milli döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendigi, şeýle hem, Halk Maslahaty öz many-mazmuny boýunça halkyň sesiniň beýgelýän münberi, syýasy durmuşymyzyň demokratiýalaşmagynyň nyşany we agzybirligimiziň berk binýatdygyny belläp geçdiler. Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreler yzygider geçirilip Bitaraplyk syýasaty, Türkmenistanyň ähli döwletler bilen deňhukukly, özara hormat goýmak we içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmagyna mümkinçilik berýär. Bu ýörelgeler, halkara gatnaşyklarynda durnuklylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmaga ýardam etmegi hakynda talyp ýaşlar öz çykyşlarynda aýdyp geçdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllyk baýramy dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýandygy barada, şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda «Saba turup, Watan, seni çaglar men» diýen goşgusynda Watanyna, dogduk mekanyna bolan çuňňur söýgüsini, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrýan çuňňur pikirler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň hem ruhy isleglerine laýyk gelýär. Hut şu ýörelgeler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny emele getirip, türkmen diplomatiýasynyň dowamatlylygynyň çeşmesi bolup dowam etdirilýär diýip söhbetdeşligiň dowamynda agzalyp geçildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda talyp ýaşlar ýurdumyzda döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Laçyn JÜMMIÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň ylym bölüminiň başlygy

No image
BALLADA SAZ ESERLERI

Edebiýat älemi

13.09.2025

Saz sungatynda duş gelýän ballada žanry türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň dürli döwürleriniň wekilleriniň ünsüni özüne çekipdir. Edebiýatda bu žanr taryhy, söýgi, maşgala we durmuşy mazmunly goşgy setirleriň üsti bilen bir zady gürrüň bermek ýaly özboluşlylyga eýedir. Kompozitorlaryň irginsiz gözlegleriniň netijesinde ballada žanry saz sungatynda hem mynasyp ornuny tapdy. Sazyň esasy iki — wokal we instrumental ugry boýunça ballada žanryna ýüzlenmeklik XIX asyrdan dowam edip gelýär. Türkmen kompozitorlary tarapyndan bu žanra ýüzlenip döredilen eserleriň ençemesi bar. Kompozitor Nury Halmämmedow bu žanra ussatlarça ýüzlenmegi başarypdyr. Şahyrlar G.Bäşiýewiň «Gahrymanlar hakynda ballada», G.Ezizowyň «Gyzyl otrýad hakynda ballada», H.Gurdowyň «Uruş we parahatçylyk hakynda ballada» ýaly goşgularyna döreden ajaýyp eserleri uly üstünlige eýedir. «Gahrymanlar hakynda ballada» eserini diňläniňde, onda Nury Halmämmedowyň ýiti zehini aýdyň duýulýar. Watan üçin başyny goýan şir ýürekli ýigitleriň edermenligini beýan edýän setirler kompozitoryň millilige ýugrulan saz dili bilen sazlaşykda ýaňlanýar. Güýçli basymlary aýdyň duýulýan 7/8 ölçeg, halk sazlarymyza mahsus kyrklar perdesi eseriň milli äheňini açyp görkezýär. Türkmen radiosynyň arhiwinde saklanýan Nury Halmämmedowyň bu meşhur eseri Saparmyrat Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky «Gökdepe mukamy» ady bilen belli bolan aýdym-saz toparynyň ýerine ýetirmeginde täsirli ýaňlanýar. Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrowyň G.Ezizowyň sözlerine «Oýlanma», «Sag bol, ene mekan» ýaly romanslary Türkmenistanyň at gazanan artisti Sapar Mommadowyň ýerine ýetirmeginde il arasynda adygan eserlere öwrüldi. «Oýlanma» eserinde özüniň ýoklugynda aý-günleri yzyna tirkäp gelýän pasyllaryň öňküsi deý aýlanyp, tebigatyň öňküsi ýaly ýaşamagyny dowam etdirjekdigine garamazdan, söwer ýarynyň geçirjek kyn günlerine göz ýetiren ýigidiň oýlanmasy beýan edilýär. Halypa kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň ballada žanrynda şahyr Annaberdi Agabaýewiň goşgusyna döreden «Ene elleri hakynda balladasy», Mylly aga bagyşlap döreden balladasy wokal aýdymçylarymyzyň döredijiligini bezän eserlerdir. Şirin owazly eserlerde gudratly ene elleriniň, Mylly aganyň dutarynyň jadylaýjy owazynyň waspy belentden ýaňlanýar. Eserleriň meşhurlyga eýe bolmagynda olaryň ilkinji ýerine ýetirijileriniň biri Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň mynasyp goşandy bardyr. Ballada žanry özbaşdak eser hökmünde türkmen kinofilmlerinde hem öz ornuny tapdy. «Aýgytly ädim» kinofilminde Aýnanyň balladasy muňa mysaldyr. Mähriban JUMAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy «Edebiýat we sungat» gazeti

No image
GÜÝZ «GALEREÝASY»

Edebiýat älemi

13.09.2025

Ýylyň her paslynyň öz gaýtalanmajak aýratynlygy bolýar. Gyşyň zeminiň üstüni örtýän ak mahmalyny, baharyň döredýän täsin simfoniýasyny, dürli naz-nygmatlary alyp gelýän tomsuň jomartlygyny deňäre zat tap-da tapybilseň. Ýöne men-ä güýzüň kalbyma edýän täsirini beýleki pasyllardan has-da ileri görýän. Esasanam, onuň «altyn şaý-seplerini» dakynyp gelşi üýtgeşik. Megerem, tebigat hut şu pasylda iň owadan lybaslaryna beslenýändir. Baglaryň ýapraklaryny kem-kem sargylt-gyzyl reňklere öwrüşi alawyň ýuwaş-ýuwaşdan tutaşyşyny ýadyňa salýar. Şeýle günlerde şäheriň seýilgählerine gezelenje gidip gördüňizmi? Ýok, beýle gezelenji: «Tebigat atly suratkeşiň sergisine baryp görmek» diýip atlandyrasym gelýär. Özüm-ä aňrujy mümkinçilik tapsam, tebigatyň şeýle «sergilerine» her ýyl bir däl, birnäçe gezek baryp görmäge çalyşýan. Tebigat atly suratkeş seniň sergä baranyňa begenýän ýaly, öňüňe ýapraklardan owadan haly düşemegi-de ýatdan çykarmaz. Ol halylary her gezek basanyňda çykýan täsinje «hyrtylda» gulak asyp, tebigatyň her gün bir görnüşe gelýän «kartinasyny» synlamagy, dogrusyny aýtsam, kalbymyň iň gowy melhemleriniň biri hasaplaýan. Sebäbi bu «sergä» ilkinji gezek enemiň yzyna düşüp gelipdim. Şol gün kakam bilen teatra gitmelidik. Ýöne kakamyň jaň edip, işde eglenmeli boljakdygyny aýtmagy bilen, teatrly gürrüň soň bir güne goýuldy. Elbetde, bu ýagdaý hemmeden beter maňa täsir edipdi. Sebäbi teatra gidýändigimizi mekdepdäki joralaryma-da aýdyp çykypdym. Teatrda oýun görjegimdenem beter, şolaryň ýanynda magtanyp, agyzlaryny suwartmak mümkinçiligi maňa has wajypdy. Indi, näme, olaryň gyjalatlaryny eşitmelimi? Şeýle pikirler bilen torsarylyp otyrkam, enemiň gelip başymy sypalamasyna özüme geldim. Onuň: «Gynanaýdyňmy, balam?» diýen sowalyna diňe baş atyp jogap berip bilipdim. Gözýaşlarymyň paýrap gaýtmagy üçin şo-da ýeterlik bolupdy. Enem başymy sypap, biraz oturansoň: — Men seni gowy ýere alyp gideýinmi? — diýdi. — Nirä? — Teatrdanam gyzykly ýere. Men oňa soragly nazarymy dikdim. — Çynyňmy? Beýle ýerem barmy? — Howwa bar, sen suratkeşleriň sergisine gidip gördüňmi? — Men başymy ýaýkadym. Enem meni bagryna basdy. — Onda sen tebigatyň çeken suratlarynam synlap gören dälsiň? — Men ýene başymy ýaýkadym. — Onda Gün ýaşaýmanka howlugaly — diýip, enem ýerinden turdy. Şol gün enemiň yzyna düşüp ertekiler dünýäsine aralaşan ýaly boldum. Şäher seýilgähiniň içinden öňem az geçen däldirin welin, şol gün girelgeden ätlän pursatymdan tebigatyň döreden gözelliginiň jadysy meniň çaga kalbymy tutuşlaýyn gurşap aldy. Esasanam, tebigatyň «güýz ulanýan» reňkleriniň ýaşyp barýan Günüň «yşyklandyryş ussatlygynyň» täsirinde gelýän görnüşi hakyky täsinlikdi. Enem bolsa şol gün «muzeý ýolbelediniň» wezipesini ýerine ýetiripdi. Onuň meniň çaga göwnümi galkyndyrjak bolup, töweregiň görküniň sähelçe bölejiginem ünsümden düşürmejek bolup jan edişi häli-häzirlerem gözümiň öňünden gidenok. «Tebigatyň döreden eseriniň» käbir ýerlerini görkezende, meniň haýran galmakdan ýaňa bökjekleýşime, ol mendenem beter begenýärdi. Garaz, şol gün tebigat atly suratkeşiň sergisine ilkinji gezek gidip gördüm. Şäher seýilgähindäki täsin tebigy «galereýa» soň-soňlaram kän bardym. Göýä, şol täsin görnüşleriň içine aralaşsam, tebigat atly suratkeş meniň elimden tutagada: «Ýör, eneňi görkezeýin» diýip, mähribanymy öňümden çykaraýjak ýaly, her gezek ol ýere tolguna-tolguna barýan. Ine, şu günem men tebigatyň ussatlygyndan dörän görnüşlerden mährimi gandyryp bilmän durun. Ýene-de şol täsin görnüşler. Çagalygymyň süýjüje ýatlamalaryndan orun alan ol görnüşleri synlap durşuma bir täsin pikir serime geldi. Asyl şol gün «tebigatyň surat sergisine» alyp gelen enem maňa iň wajyp zatlaryň birini — gözelligi görmegi başarmagy öwreden ekeni. Göwher NURYÝEWA, Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň mugallymy «Edebiýat we sungat» gazeti

No image
ÝAZYJY, ŞAHYR, DRAMATURG HEMRA ŞIROWYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 75 ÝYLLYGY

Kitaphanalar

13.09.2025

Ýaňy-ýakynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde «Çagalary söýýän şahyr» atly ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirowyň doglan gününiň 75 ýyllygy mynasybetli edebi duşuşyk geçirildi. Duşuşykda halypa şahyr Hemra Şirow okuwçylara edebiýat sapagy bilen bagly ýaňlytmaç goşgularyny, matematika sapagy bilen bagly hasap goşgularyny okap berip, çagalar bilen sorag-jogap görnüşli şowhunly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň «Aşgabat», «Türkmenistan» teleýaýlymy gatnaşyp geçirilen duşuşygy teleýaýlymda şöhlelendirdi. Duşuşygyň dowamynda mekdep okuwçylary çagalar şahyry Hemra Şirowyň goşgularyndan goşgy bentlerini labyzly edip aýdyp berdiler. Edebi duşuşygyň ahyrynda halypa şahyr Hemra Şirowy gül çemeni bilen gutladylar. Şahyr okuwçylara okuw ýylynda üstünlik, olara bäşlik bahalar bilen okamagy arzuw etdi. Çäräniň dowamynda «Çagalaryň ýakyn dosty» atly şahyr, ýazyjy Hemra Şirowyň kitaplaryndan sergi gurnaldy. Çäräniň soňunda taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegi we ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli zerur şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/w3ed%C3%A4ef.jpg)

No image
WATAN GORAGÇYLARY BARADAKY ALADA — DÖWLET SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRY

Täzelikler

13.09.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Harby gullukçylar Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, mukaddes serhetlerimizde ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolmak bilen, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaplary bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri, aýratyn-da, Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistan» gazeti

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

12.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
MUKADDES GARAŞSYZLYK – BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

12.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Mukaddes Garaşsyzlyk – baky bagtyň gözbaşy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýadygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Berkarar diýarymyzy, beýik ösüşlere, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

12.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäheriniň 7-nji çagalar bakja bagynyň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly çäre geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, şeýle hem dünýä tejribesine laýyklykda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmakda, ýurdumyzy gülletmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak giň gerimli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýär. Şeýle çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda çagalaryň gatnaşmagynda hem geçirildi. Bu çäre geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ýol hereketiniň kadalaryny dogry we doly berjaý etmeklerini gazanmak üçin aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çäräniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýarlykda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw aýtdylar.

No image
KITAP-RUHY HAZYNA

Kitaphanalar

12.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Kitap-ruhy hazyna» atly gezelenç geçirildi. Halkymyzyň owal-ahyrda iň ezizlän ruhy gymmatlyklarynyň biri kitap bolupdyr. Geçmişiň beýanyny, taryhyny, şu günüň habaryny, geljegiň bolsa umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Kitap döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly orny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Gezelenjiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.