logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
“Soňky jaň” dabarasy

Kitaphanalar

25.05.2026

Şu gün Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Bu nurana baýram soňky jaňyň kakylmagy bilen ýaş oglanlaryň we gyzlaryň on müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Uçurymlar üçin mekdep bilen hoşlaşmak tolgundyryjy pursatlara, joşgunly we şatlykly wakalara utgaşmak bilen birlikde, özbaşdak durmuşa gadam basylýandygyny, beýik ynamdan ruhlanyp, täze açyşlara giň ýol açylýandygyny alamatlandyrylýar. Okuw ýyllarynyň dowamynda ýaşlar ähli ugurlarda kämilleşmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjek köptaraply bilim aldylar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Arkadag şäheriniň uçurymlary kitaphananyň muzeýine, kitap sergilerine aýlanyp gezelenç etdiler. Gezelenjiň ahyrynda ýaş uçurymlar, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
Aşgabat – parahatçylygyň şäheri

Kitaphanalar

25.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Garadaşaýak medeniýet öýiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat – parahatçylygyň şäheri» ady bilen 137-nji orta mekdepde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzy gülletmekde, ýurdumyzda amatly ýaşaýyş – durmuş şertlerini döretmekde ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de “Merkezi Aziýanyň merjeni” diýen belent ada mynasyp bolan paýtagtymyz Aşgabat ýylyň – ýylyna täze, ajaýyp binalar bilen baýlaşýandygy, şol binalaryň iň köp şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi, her ýylyň 25-nji maýyny “Aşgabat şäheriniň güni” diýlip yglan edilmegi, gözel paýtagtymyz Aşgabady şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda döwletli işleriň durmuşa geçirilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Gündogar edebiýatynyň synmajak sütüni Magtymguly Pyragynyň «Berkarar döwlet islärin» diýen jümlesi bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde hasyl bolandygy barada uly buýsanç bilen bellediler. Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan, gözel paýtagtymyzy parahatçylygyň we dost-doganlygyň merkezi hökmünde dünýä tanadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Buýsanjymyz – ak şäherimiz Aşgabat!

Täzelikler

23.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, döredijilik işgärleriniň öndümli işlemegi üçin ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň, žurnalistlerimiziň berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän sungat eserlerini, makalalary, şygyrlary, hekaýalary döretmekleri örän buýsançlydyr. Şu ýylyň 20-nji maýynda Aşgabat şäher häkimliginiň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Buýsanjymyz – ak şäherimiz Aşgabat!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna «Türkmendemirýollary» agentliginiň Senagat demir ýol ulaglarynyň şahamçasynyň «Altyn menzil» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Läle Begnazarowa, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Göwher Muhammetgulyýewa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, aýdymçy Myrat Işangulyýew, «Türkmenistan» gazetiniň bölüm redaktory, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, halypa şahyr Akmyrat Hojanyýazow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň uly habarçysy, şahyr Kerimberdi Hakberdiýew dagy gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli welaýatlary bilen bilelikde Aziýanyň merjeni ak şäherimiz Aşgabadyň bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýandygyny, ähli ugurlarda göwün galkyndyryjy ösüşleriň gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Aşgabat – bagy-bossanlygyň we döwrebaplygyň ajaýyp şäheridir. Ak şäherimizde gurulýan durmuş maksatly binalardyr beýleki desgalar halkymyzyň ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün edýär. Paýtagtymyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly binalar gaýtalanmajak özboluşly sungat eseri hasaplanýar. Ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylaryna sowgat edilýän döwrebap ýaşaýyş jaýlary, paýtagtymyzyň raýatlarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda edilýän çäksiz aladanyň miwesidir. Ajaýyp binalar we gür bagly seýilgähler, Aşgabadyň görküne görk goşsa, gijeki täsin yşyklary ony has-da gözelleşdirýär. Ak mermerli jaýlaryň köplügi üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen Aşgabat şäherimiziň güni her ýylyň 25-nji maýynda giňden dabaraly bellenýär. Aşgabady söýmek Watany söýmek, Watany söýmek Aşgabady söýmek. Ak şäherimiz Aşgabat eziz Watanymyzyň ýüregidir - diýip nygtadylar. Häzirki wagtda Aşgabat şäherinde nusgalyk işler ýokary depginlerde amala aşyrylýar. Beýik, owadan binagärlik toplumlary, giň şaýollar, ýokary amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlary, gök zolakly seýilgähler, köp sanly suw çüwdürimleri bolan ak mermerli paýtagtymyz gysga döwrüň içinde Merkezi Aziýanyň merjenine öwrüldi. Şunda gurluşyk we binagärlik ulgamynda innowasion tehnologiýalary hem-de iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak işleri giň gerimli alnyp barylýar. Ýurdumyzda önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly örän köp desgalardyr binalar gurlup, ulanmaga berilýär. Aşgabat agzybirligiň, asudalygyň we abadançylygyň merkezine öwrülýär – diýip çykyş edenler bellediler. «Buýsanjymyz – ak şäherimiz Aşgabat!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň dowamynda döredijilik işgärleriniň okan goşgulary, ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazlar ady äleme ýaň salýan gözel Aşgabadymyzyň waspyny belentden ýetirdi. Duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi bedew batly ösüşlere besleýän, ak şäherimiz Aşgabady dünýäniň nusgalyk şäherine öwren, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Bagy bossan – jennet mekan Aşgabat

Kitaphanalar

22.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Atamyrat” seýilgähinde “Aşgabat” teleýaýlymynyň, “Ak şäherim Aşgabat” gepleşiginiň ýazgy etmeginde 25-nji maý Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlap “Bagy bossan – jennet mekan Aşgabat” atly söhbetdeşligi geçirdi. Aşgabat ata Watanymyzyň paýtagty hökmünde ýurdumyzyň ösüşini, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetimiziň medeni we ruhy durmuşynyň netijesini aň-paýhas mümkinçiliklerini özünde jemleýär. Gözel paýtagtymyzyň “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna goşulmagy, onuň köp sanly desgalarynyň Ginnesiň bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi we beýleki üstünlikleri dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýändigi babatynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar baş şäherimizi ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Türkmen halysy – gözelligiň nusgasy

Kitaphanalar

22.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäher häkimliginde “Türkmen halysy – gözelligiň nusgasy” atly türkmen halysynyň güni mynasybetli söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Däp bolşy ýaly, ýurdumyzda her ýyl maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär. Bu baýram hakykatdan-da, ählihalk baýramçylygy bolup, türkmen halkynyň ussatlary diýlip hasaplanýan halyçy zenanlara uly hormat goýul-ýandygyny äşgär edýär. Tutuş dünýäde ajaýyp haly önümlerine belent sarpa goýulýar we olara uly isleg bildirilýär. Milli sungatymyza uly gadyr goýýan we ony wagyz edýän Gahryman Arkadagymyz özüniň “Arşyň nepisligi”, “Janly rowaýat” atly kitaplarynda bu özboluşly amaly-haşam sungaty bolan halyçylyk sungatynyň gadymy ýörelgeleri barada inçelik bilen beýan edýär. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňleri berdiler. Dabaraly duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň şöhratly geçmişinde we şu gününde maddy medeni gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna, çeper döredijilige uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Dünýäň syry kitap bilen açylýar

Kitaphanalar

22.05.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Dünýäň syry kitap bilen açylýar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde halkymyzda ylmyň-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba aýratyn sarpa goýulýar. Ol tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydyr. Körpeje nesillere kitaby okamaga höwes döretmek, olaryň bilimli, kämil şahsyýetler bolmagy üçin giň mümkinçilikler bar. Körpelerde gowy gylyk – häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň, oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Çagalar kiçiliginden erteki diňlemäge höwesli bolýarlar. Ata – eneler, terbiýeçiler çaganyň bu islegini nazarda tutup, oňa terbiýe, öwüt – ündew beriji ertekileri okap bermelidirler. Olar entek köp zada düşünmese-de, ertekide beýan edilýän wakalary ýadynda saklaýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişiniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasy, höwesi artýar. Esasan-da, bilimi, edep-terbiýesi ýokarlanýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphananyň internet otagynda çagalaryň özlerine degişli bolan “Ekitap” programasyndan gyzykly türkmen halk ertekileriniň birnäçesiniň audio ýazgysyny diňlediler. Bu bolsa çagalarda has hem kitap okamaga bolan islegine uly ähmiýet berdi. Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Çagalaryň söýgüli ertekileri

Kitaphanalar

22.05.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda 86-njy çagalar bagynda «Çagalaryň söýgüli ertekileri» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde halkymyz gadymy döwürlerden bäri öz perzentlerini ertekileriň, rowaýatlaryň, hekaýalaryň üsti bilen terbiýeläp gelýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň çagalary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, pähim-paýhas, mertlik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýetiniň ulydygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, geljegimiz bolan çagalar hakynda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti mizemez hazyna

Kitaphanalar

22.05.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan ”Magtymguly Pyragynyň şygyrýeti mizemez hazyna” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi. Hormatly Prezidentimiz “Magtymguly–dünýäniň akyldary” atly kitabynda Magtymguly Pyraga uly baha berýär. “Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň” diýip belläp geçýär. Söhbetdeşlikde Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi hakynda türkmen dilinde arap elipbiýinde çap bolan birnäçe saýlanan eserler ýygyndylary kitap sergi hem giňden sergilendi. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Gurban baýramy - hoşniýetliligiň we päkligiň baýramy

Kitaphanalar

22.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gurban baýramy mynasybetli “Gurban baýramy - hoşniýetliligiň we päkligiň baýramy” atly söhbetdeşlik gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halky milli baýramlaryny uly ruhubelentlik, agzybirlik hem-de buýsanç bilen belleýär. Şeýle mukaddes baýramlaryň biri bolan Gurban baýramy hem ynsanperwerligi, päkligi, ýagşylygy we birek-birege hormat goýmagyň beýik nusgasyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzda her ýyl giňden, şatlyk –şowhun bilen bellenilýän bu baýramçylykda toý-sadakalary berlip, milli tagamlarymyz bişirilýär, naz-nygmatly desterhanlar giňden ýazylýar, ýaş neslimiz hiňňildik uçup, ýagşy arzuw niýetler edilýär. Bu bolsa däp-dessurlarymyzyň gadym döwürlerden bäri saklanyp gelinýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle baýramçylyklarymyzy dünýä derejesinde bellemäge giň mümkinçilikleri açyp beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
Medeni miras – gymmatly hazyna

Kitaphanalar

22.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda hem “Medeni miras – gymmatly hazyna ” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide bölümde bar bolan neşirler ýerleşdirildi. Seýrek neşirler bölümiň hazynasynda ХVI asyra we ondan soňky döwürlere degişli örän seýrek gabat gelýän neşirler bolup, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, yzygiderli kitap sergileri gurnalýar. Şeýle-de, bölümiň hazynasynda taryhy, ylmy we medeni gymmaty bolan neşirleriň görnüşleri toplanandyr. Bu edebiýatlaryň ählisi türkmen kitabynyň taryhyny we ýadygärlikleri öwrenmek üçin ylmy taýdan örän gymmatly çeşmelerdir. Hazynamyzyň kitaplary diňe bir türkmen we rus dilinde bolman, eýsem-de Gündogar arap, pars, türki dillerinde we Gündogar iňlis, nemes, gadymy latyn, fransuz, italýan dillerindäki neşirler hem saklanýar. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.