logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÝAŞLAR DURNUKLY GELJEGI GURÝARLAR

Täzelikler

05.08.2025

Awazada Ýaşlar forumy geçirilýär 4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Ýaşlar forumy öz işine başlady. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň nyşanydyr. BMG-niň düzüm birlikleri we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmak üçin meýdança döretmek, DÇBÖBD-niň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde esasy taraplaryň biri hökmünde ýaşlaryň mümkinçiliklerini giňeltmek, bu döwletler üçin Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan tejribäni paýlaşmak, Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek hem-de milli, sebit, dünýä tejribesiniň esasynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin innowasion çözgütler we başlangyçlar, täze pikirler bilen tanyşdyrmak, şeýle hem BMG-ä agza döwletleriň wekilleri, BMG-niň düzüm birlikleri, raýat jemgyýetinden we hususy pudakdan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen ýaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak bu forumyň esasy maksatlarydyr. Inklýuziw ösüş üçin ýaşlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen bu giň möçberli foruma deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýaş wekilleri, Türkmenistanyň ugurdaş döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşýarlar. Ýaşlar häzirki zaman dünýäsinde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmakda aýratyn orun eýeleýärler. Bu maksatlar ugurlaryň giň toplumyny, şol sanda ýokary hilli bilim almagy üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we ykdysady ösüşe ýardam bermek ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

05.08.2025

4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Gahryman Arkadagymyz garşylady we dostlukly döwletiň Baştutanyna Türkmenistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. «Bu wekilçilikli maslahata gatnaşmak meniň üçin uly mertebedir» diýip, dostlukly ýurduň Lideri aýtdy we Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň üstünlikli ýerine ýetiriljekdigine ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, halkara forumyň gün tertibine häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen meseleler girizildi. Onuň netijeleri ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam eder. Bu bolsa dünýä döwletleriniň sazlaşykly ösmegine, halklaryň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge goldaw berer. Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, maslahatyň işine üstünlik arzuw etdi.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

05.08.2025

4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy. Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman asylly däbe laýyklykda, duz-çörek bilen garşylanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, ony türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýtdy. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we kuwwatly ykdysadyýeti bolan Türkmenistanda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi hem-de dünýä ähmiýetli foruma gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda işjeň ösdürilýär. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Duşuşygyň dowamynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň işiniň netijeli boljakdygyna, şeýle hem forumyň çäklerinde gazanyljak ylalaşyklaryň gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany maslahatyň çäklerinde garaljak meseleleriň özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerledilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

No image
DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMEGIŇ BÄHBIDINE BILELIKDÄKI TAGALLALAR

Täzelikler

05.08.2025

4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Raýat jemgyýetiniň forumy öz işine başlady. Giň möçberli çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasary, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy, halkara guramalaryň, raýat jemgyýetiniň, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Bu forum raýat jemgyýetine dünýä ýurtlarynyň hem-de BMG-niň ýokary wezipeli wekilleri we esasy gyzyklanma bildirýän taraplar bilen tejribe alyşmak, çözgütleri teklip etmek hem-de DÇBÖBD üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda durnukly ösüş ulgamynda gün tertibini kesgitlemek üçin mümkinçilik açýar. Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köptaraplaýyn çemeleşmäni talap edýär. Raýat jemgyýeti innowasion çözgütleri we pikirleri teklip etmek bilen, durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem raýat jemgyýeti maliýe, söwda, howanyň üýtgemegi ýaly meseleler boýunça ählumumy syýasy gün tertibinde DÇBÖBD-niň ileri tutulýan ugurlarynyň nazara alynmagyna ýardam berýär. Ýerli guramalardan başlap, halkara guramalara çenli raýat jemgyýetiniň subýektleri milli strategiýalary işläp taýýarlamakda we amala aşyrmakda esasy orunlaryň birini eýeleýärler. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy hem hökümetler we hususy pudak bilen bir hatarda, raýat jemgyýetiniň işjeň gatnaşmagyna bagly bolup durýar.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

05.08.2025

4-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhman türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanyldy. Dostlukly ýurduň Lideri mähirli kabul edilendigi üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany mübärekläp, Özbegistanyň Prezidentini gadymy türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Prezident Şawkat Mirziýoýew dünýä ähmiýetli meseleleri özünde jemleýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Awazada geçirilýän halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin belent mertebedigini nygtady. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini öz içine alýan bu forum täze taryhy eýýamyň wajyp wakalarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Munuň özi Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklar sazlaşykly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi yzygiderli artdyrylýar. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylýandygyny görkezýär. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde alnyp barylýan özara hereketleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we Gahryman Arkadagymyz birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine ynam bildirdiler. Şunda maslahatyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi. Onuň netijeleri gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam eder.

No image
AWAZA BELENT MERTEBELI MYHMANLARY GARŞYLAÝAR

Täzelikler

05.08.2025

4-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin goňşy ýurtlaryň Liderleri Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldiler. Munuň özi halkara foruma uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir. Bu maslahat täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyna öwrüler. Ählumumy meseleleriň ençemesini öz içine alýan iri forum dünýä bileleşiginiň bu waka uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili dürli ýurtlardan uçarlary yzly-yzyna kabul edýär. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna dünýä derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Foruma gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň düzümi giň möçberli halkara çäräniň taryhy ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Belent mertebeli myhmanlar deňiz ýakasyndaky şäheriň Halkara howa menzilinde mähirli garşylanylýar. Maslahata gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlary mukaddes toprakda türkmen halkynyň milli myhmansöýerlik däpleri esasynda garşylanýandyklary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan edýärler. Foruma gatnaşýanlaryň pikirine görä, onda kabul ediljek çözgütler dünýä ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine oňyn täsir eder. Halkara maslahata gatnaşyjylara ýokary hilli hyzmatlar hödürlenilýär, şeýle-de olar üçin ýörite medeni maksatnama taýýarlanyldy. Bu bolsa myhmanlarda türkmen topragy barada ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.

No image
HYZMATDAŞLYK GATNAŞYKLARYNYŇ HUKUK BINÝADYNY PUGTALANDYRMAK ÜÇIN NETIJELI MEÝDANÇA

Täzelikler

05.08.2025

4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribäni paýlaşmak, şeýle hem parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanun çykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp taýýarlamak hem-de paýlaşmak forumyň esasy maksady boldy. DÇBÖBD-niň parlamentleri bu döwletleriň geografik ýerleşişi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilen Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýärler. Kanun çykaryjy edaralar hökmünde parlamentler ulag infrastrukturasyny kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ykdysady durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň, syýasatlaryň kabul edilmegini hem-de ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler. Mundan başga-da, parlamentariler Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyňlygyny, hasabatlylygyny hem-de inklýuziwligini üpjün edip, hökümetiň, raýat jemgyýetiniň we halkara hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm köpri bolup çykyş edýärler. Olaryň işjeň gatnaşmagy milli we sebit derejelerinde serişdeleri çekmäge hem-de hereketleri utgaşdyrmaga ýardam berýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin zerur şert bolup durýar. Şeýle hem DÇBÖBD-niň parlamentleri maksatnamanyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde we baha bermekde esasy orunlaryň birini eýeleýärler. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda ýüze çykarmaga we strategik ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Parlamentariler özleriniň kanun çykaryjylyk we gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirmegiň netijesinde, maýa goýumlar hem-de innowasiýalar üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýärler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

05.08.2025

4-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçýän bu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbidine 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen Hereketleriň täze maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýene-de Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Myhman türkmen tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik, özara hormat goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň çemeleşýändigine ýokary baha berip, parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini toplan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtady. Şeýle hem belent mertebeli myhman ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere hem-de bu ugurda Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we munuň üçin döwlet Baştutanymyza BMG-niň ähli wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň giň gerimli maslahatynyň ýokary guramaçylykly geçmegi üçin türkmen tarapynyň mundan beýläk-de ähli tagallalary etjekdigini belläp, forumyň şowly geçmegini arzuw etdi.

No image
PARAHATDYR WATANYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

04.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de giňden wagyz etmek, şeýle-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi tarapyndan Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalardan öňdebarjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylary ýüze çykarmak maksady bilen yglan eden «Parahatdyr Watanym, eziz Türkmenistanym» ady bilen hünär bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşige Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamyndan 7 sany kitaphana hünärmenleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertleri öňünden taýýarlanyp elektron we taýýar nusgalary eminler tarapyndan seljerildi. Bäsleşige gatnaşýan kitaphana hünärmenleri şertleri esasynda ussatlyk bilen çykyş edip, öz alyp barýan işlerini çeper beýan etdiler we öz hünärlerine ezberligini görkezdiler. Eminleriň gelen netijeleri boýunça ökde çykyş edip saýlanan hünärmenler 1-nji, 2-nji baýrakly orna mynasyp bolup, hormat hatlary gowşuryldy. Şeýle-de çykyş eden kitaphana hünärmenlerine höweslendiriji hormat hatlary we baýraklar gowşuryldy hem-de 1-nji, 2-nji orna mynasyp bolan kitaphana hünärmenleri bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MEDENI HYZMATDAŞLYK DOSTLUGUŇ NYŞANY

Kitaphanalar

04.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Aşgabat şäher Köpetdag etrap zenanlar bölümüniň bilelikde guramagynda 4-8-nji awgust aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyň geçirilmegi mynasybetli «Medeni hyzmatdaşlyk dostluguň nyşany» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň uly toý dabaralara beslenmegi, Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şeýle wakalaryň giň gerime eýe bolmagy, kalplardaky buýsanjyň has-da joşa gelmeginiň esasy sebäpleriniň biri bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty hem berkarar döwletimiziň dünýädäki at- abraýyny, şan-şöhratyny arşa göterjek taryhy wakalaryň biri boljakdygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda döwletimiziň gülläp ösmegi, il-ulusymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda uly tagallalary edýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.