logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
AMALY HAŞAM SUNGATYNYŇ AÝRATYNLYKLARY

Muzeýler

04.08.2025

Türkmen halkynyň milli buýsanjy, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmek we ösdürmekde, medeni mirasymyza hormat goýmak, ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýar. Her bir halkyň medeni-mirasy, däp-dessurlary, onuň milligini kesgitleýän, nesilden-nesle geçip gelýän gymmatlyklary bolup, ol halkyň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Amaly haşam sungatynyň aýratynlyklary» atly söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşlige muzeýiň hünärmenleri gatnaşdylar. Merdana türkmen halkymyz milliligimizi, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy uzak heňňamlaryň dowamynda pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap, şu güne çenli ýetirip, has-da kämilleşdirilýändigi dogrusynda söhbetdeşlikde bellediler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem çeper elli gyz-gelinlerimiz özleriniň döredýän bir-birinden ajaýyp hem nepis el işleri bilen döwrümiziň gözelligine gözellik goşýarlar.

No image
BMG-NIŇ MASLAHATYNYŇ ÇÄKLERINDE ÝAŞLAR FORUMY ÖZ IŞINE BAŞLADY

Halkara gatnaşyklary

04.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäginde geçirilýän Ýaşlar forumynyň açylyşy boldy. Forum BMG-a agza döwletleriň we BMG-niň guramalarynyň ýokary derejeli wekillerini, şeýle hem Ýaşlar geňeş toparynyň agzalaryny we beýleki ýaş aktiwistleri öz içine alýan ýaş wekilleri bir ýere jemleýär. Forumyň esasy maksatlary, ýaşlary LLDC üçin täze Hereket Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Durnukly Ösüş Maksatlaryna (SDG) ýetmek üçin tejribe alyşmak we deňsiz-taýsyz ýurtlaryň sosial-ykdysady ösüşine gönükdirilen çözgütleri we başlangyçlary işläp düzmekdir.

No image
GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ PUDAKLARY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Kitaphanalar

04.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklary ösüşlere beslenýär» atly söhbetdeşlik gurnady. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowlandyrmak, Garaşsyz Türkmen döwletimizi gülledip ösdürmek barada edýän yzygiderli aladalary netijesinde ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, gurluşyk we senagat toplumynyň pudaklarynda hem düýpli özgertmeleriň üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde bu ulgam milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi we onuň möhüm düzümi bolan senagat, gurluşyk ulgamy ýokary depginler bilen ösýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary hem ilatymyzy ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa senagat we gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär hem-de pudakda olaryň eksportyny artdyrmak ugrunda ähli zerur bolan işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň gurluşyk we senagat pudagyny has-da ösdürmäge hem-de ykdysady kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýänligi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerini hünär baýramyny gutlamak bilen, işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
IRKI DÖWÜRLERIŇ NEŞIRLERI

Kitaphanalar

04.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Irki döwürleriň neşirleri» atly kitap sergi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her ýylymyz mynasyp at bilen atlandyrylýar. 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda «Irki döwürleriň neşirleri» atly kitap sergi gurnaldy. Sergimizde bölümde has irki döwürdäki çykan neşirleriň sergisi gurnaldy. Seýrek neşirler bölümiň hazynasynda ХVI asyra we ondan soňky döwürlere degişli örän seýrek gabat gelýän neşirler bolup, olary geljekgi nesillere ýetirmek maksady bilen, yzygiderli kitap sergileri gurnalýar. Şeýle-de, bölümiň hazynasynda Türkmenistanyň milli baýlygy bolup durýan taryhy ylmy we medeni gymmaty bolan neşirleriň görnüşleri toplanandyr. Bu edebiýatlaryň ählisi türkmen kitabynyň taryhyny we Türkmenistanda neşirýat işiniň taryhyny şeýle-de, taryhy çeşmeleri edebi ýadygärlikleri öwrenmek üçin ylmy taýdan örän gymmatly çeşmelerdir. Hazynamyzyň kitaplary diňe bir türkmen we rus dilinde bolman, eýsem-de Gündogar arap, pars, türki dillerinde we Gündogar iňlis, nemes, gadymy latyn, fransuz, italýan dillerindäki neşirler hem saklanýar. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
«AWAZA» MILLI SYÝAHATÇYLYK ZOLAGYNDA BMG-nyň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN DÖWLETLER BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNYŇ ÇÄKLERINDE PARLAMENT FORUMY GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

04.08.2025

2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we onuň wekilleri gatnaşdy. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasy häzirki wagtda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli halk parlamentarizminiň düýp mazmuny we häsiýeti barada aýdylanda, möhüm, ykbal çözüji çözgütleri kabul etmek üçin iň mynasyp, parasatly, döwleti dolandyrmakda tejribesi bolan, jogapkärli, öňdengörüji adamlary saýlamagyň halkymyzda asyrlaryň dowamynda ýörelge bolup gelýändigini bellemeli. Halk wekilçiliginiň öňden gelýän baý mirasyna daýanyp, ýurdumyzda häzirki zaman şertlerinde bu tejribäniň dowam etdirilmegi üpjün edilýär. Häzirki wagtda Mejlis häkimiýetiň diňe bir kanun çykaryjy şahasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, asyrlaryň dowamynda synagdan geçen taryhy däpleriň hem mynasyp dowam etdirijisidir. Onuň netijeli işi döwlet gurluşynyň berkararlygynyň, syýasy ulgamyň kämilleşdirilmeginiň, sazlaşykly jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy sütünleriniň biri bolup durýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/01.jpg) Soňky döwürde milli parlamentiň alyp barýan işi hil taýdan täze derejä çykaryldy. Kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy berkitmäge, özara düşünişmäge, dürli milletden bolan adamlaryň arasynda deňhukuklylyga hem-de hormata esaslanýan dialogy ýola goýmaga, medeniýetleriň arasynda aragatnaşyk köprülerini gurmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de uly ähmiýet berilýär. Parahatçylyk döredijilikli strategiýa laýyklykda, dostlukly ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň iş gurallaryny işläp düzmek we kämilleşdirmek ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenendir. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işi dürli ugurlardaky, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Parlamentara Birleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy ýaly iri halkara institutlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri öz içine alýar. Garaşsyz Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýyşlary ýurtlaryň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara hormata esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda dünýä giňişliginde BMG-niň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermekde jemlenýär. Şu nukdaýnazardan, dünýäniň birnäçe döwletleriniň parlament ýolbaşçylarynyň, ugurdaş halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçirilýän köptaraply duşuşyk ägirt uly ähmiýete eýe boldy. Sebäbi Türkmenistan dürli syýasy ulgamly we garaýyşly ýurtlaryň açyk, netijeli gepleşikleri geçirip biljek ählumumy parlament meýdançasy bolup çykyş edýär. Garaşylyşy ýaly, parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň dowamynda häzirki zaman parlamentarizmini ösdürmek barada pikir alyşmalar geçirildi. Olarda halklaryň we döwletleriň, olaryň ykdysady, durmuş-medeni ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de bilelikde işleşmek üçin anyk ugurlar kesgitlenildi. Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, Türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň göz ýetirýärler. Umuman, parlament ýolbaşçylarynyň Awaza duşuşygy parlamentara hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini, onuň ösüşiniň geriminiň giňdigini we dürlülige baýdygyny görkezmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, bu forum kanun çykaryjylygyň iň gowy tejribelerini we parlament işiniň usullaryny alyşmakda abraýly meýdançalaryň biri bolýar.

No image
GÜL WATANYMYZYŇ ŞADYÝAN ÇAGALARY

Kitaphanalar

04.08.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki «Nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezide «Gül Watanymyzyň şadyýan çagalary» atly kitap sergisi, gürrüňdeşlik geçirildi. Tomus möwsüminde ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiz baradaky edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde bina edilen çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri çagalaryň dynç alýan esasy mesgenine öwrüldi. Bu dynç alyş zolaklary çagalaryň gülküsi bilen hakyky bagtly çagalygyň mekanyna öwrülýär. Ähli amatlyklary bolan bu merkezlerde dynç alýan çagalar üçin dürli maksatnamalaýyn çäreleriň guralmagy olaryň gözýetimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Şeýle hem bu dynç alyş merkezlerinde çagalaryň öz ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmegi üçin birnäçe gurnaklar geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we wagtlaryny gyzykly geçirmeklerini guramak maksady bilen kitaphanamyzyň çuň manyly eserleri bilen göçme kitap sergisini gurnadylar, şeýle hem bu ýerdäki çagalar bilen sorag–jogap işini alyp bardylar. Çäräniň dowamynda kitaphanaçylar «Türkmen halk ertekileri» atly kitabyndan birnäçe ertekileri okap berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan höwesini hasda artdyrdy. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň medeniýetli dynç almagy ugrunda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KÄMILLIGIŇ GÖZBAŞY KITAP

Kitaphanalar

04.08.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam, edýän günlerinde, «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan ýaş nesilleriň arasynda «Kämilligiň gözbaşy kitap» ady bilen duşuşyk geçirdi. Kitaphana hünärmenleriniň kitap okamaklygyň adamzat durmuşynda tutýan orny we boş wagtlaryňda gyzykly kitaplardan peýdalanmaklygyň ähmiýeti dogrusyndaky beren gürrüňlerini dynç alyşyny sapaly geçirýän ýaş nesiller uly höwes bilen diňlediler. Göçme kitap sergimizdäki neşir önümleri ýaşlarda kitap okamaklyga höwes döretdi. Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar adamzadyň köňül nagşyna deňeýän kitaplary döwrebap usullarda neşir edip, okyjylar köpçüligine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly |Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
HAZARYŇ TÜRKMEN KENARY-GIŇ MÖÇBERLI HALKARA FORUMYŇ GEÇIRILÝÄN MERKEZI

Täzelikler

04.08.2025

3-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Baýdak galdyrmak dabarasy möhüm çäräniň başlanýandygyny aňlatmak bilen, adatça, çäräni kabul edýän ýurduň hem-de BMG-niň baýdaklarynyň galdyrylmagyny öz içine alýar. Şu gezekki dabara Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň ählumumy abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlaryna ygrarlydygyny hem-de bu ugurda tagallalary birleşdirmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna beslenýän şu ýylda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmegi wajyp ähmiýete eýedir. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygynyň aýdyň beýanydyr. Giň gerimli foruma ençeme döwletleriň Baştutanlarynyň, abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyryp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli çäreleriň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigini alamatlandyrýar. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahat Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açar. Onuň giň gerimli maksatnamasy ösüş üçin zerur bolan wezipeleri çözmäge, uzak möhletleýin geljek üçin hyzmatdaşlygyň täze, möhüm ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek subut eder.

No image
TÜRKMENISTAN-BMG: HYZMATDAŞLYGYŇ TARYHYNDA TÄZE TAPGYR

Täzelikler

04.08.2025

3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi. Möhüm halkara forum Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Belent mertebeli myhman Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde mähirli garşylanyldy. Asylly däbe görä, oňa gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretary bilen mähirli salamlaşyp, ony mukaddes türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany howa menzilinde mähirli garşylap, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde “BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki abraýynyň belende galýandygyny görkezýän çözgüde öwrülendigini aýtdy. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilýän tutuş adamzat ähmiýetli halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtady. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini öz içine alýan maslahatyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň jemleri boýunça gazanyljak ylalaşyklaryň dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň ösüşine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi. Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň geljekki ösüşi boýunça oňyn meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň we degişli çözgütleri kabul etmegiň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz BMG-niň howandarlygyndaky ýokary derejeli forumy guramagyň Türkmenistana bildirilýän ählumumy ynam hökmünde kabul edilýändigini belledi. Bu forum deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, söwda-ykdysady ulgamda sebitara we halkara gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer. Şeýle hem onuň çäklerinde ugurdaş çäreleriň, degişli düzümleriň arasynda duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilendigi aýdyldy. Aýratyn-da, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagyň 30 ýyllygynyň, BMG-niň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda geçirilmeginde çuňňur manynyň bardygyna üns çekildi. Bu forum Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ýurtlaryň hyzmatdaşlyk strategiýasynyň işjeňleşdirilmegini üpjün eder.

No image
SPORT–SAGDYNLYGYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

31.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Çeşme» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde dynç alýan dürli ýaşly çagalaryň arasynda «Sport–sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda sporty ösdürmek, adam saglygy berkitmek ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýandygy barada aýtdylar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara we dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge giň ýol açylandygy, munuň özi ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek meselesine örän uly ähmiýet berilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygyny, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülendigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda sporty ösdürmekde beýik işeri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.