logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ak şäherim Aşgabat

Kitaphanalar

21.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirildi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda durmuşymyzyň her bir pursady Aşgabat şäheriniň gülläp ösmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ajaýyp şäherimiz dünýäde deňi-taýy bolmadyk şöhratly bedewleriň, nepisligiň gaýtalanmajak nusgasy bolup dünýä dolan türkmen halylarynyň we ýene-de köp täsinlikleriň jemlenen ýeridir. Joşgunly ylhama ganat berýän gözel şäherimiziň taryhy Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da şöhratlanýar, dünýä ýüzüne ýaň salýar. Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçirilen söhbetdeşlikde kitaphanaçylar şular dogrusynda çykyş etdiler we şular ýaly ajaýyp zamanany peşgeş beren we ony parasatly dolandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Päk ahlakly – ýaş nesiller ýetişýär

Kitaphanalar

21.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonement bölüminiň işgärleri çagalar bakja-bagynda “Päk ahlakly – ýaş nesiller ýetişýär” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp gyzykly duşuşyk geçirildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş geçirildi. Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinde giňişleýin gürrüň berildi. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy. Kitaphana işgärleri tarapyndan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Bilim derejesindäki ösüşler

Kitaphanalar

21.05.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz gün günden uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara we şanly senelere beslenýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Bilim derejesindäki ösüşler” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ýurdumyzda bilim ulgamynda alnyp barylýan işler dogrusynda we ýaş nesillerimize berilýän ylym-bilim ulgamynda uly derejelere ýetilýändigi barada söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il ýurt we adamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BILDIRIŞ

Muzeýler

20.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 21-nji maýynda sagat 10:00-da Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli “Arzuwlaryň ak şäheri” atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLERI – 2026

Täzelikler

20.05.2026

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda okaýan talyplaryň arasynda ýerine ýetirijilik, dirižýorlyk etmek, sazşynaslyk we kompozisiýa ugurlary boýunça “Konserwatoriýanyň zehinleri – 2026” atly bäsleşik geçirildi. Geçirilen bu bäsleşigiň esasy maksady ýurdumyzyň saz sungatyna höwesli, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary saz sungatynyň dürli ugurlary boýunça döredijilige höweslendirmek hem-de zehinli sazandalaryň professional derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Bäsleşigiň açylyş dabarasy bije çekmeklik arkaly badalga berildi. Çekeleşikli geçen bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat boldy. Eminler toparynyň netijesi esasynda 1-nji tapgyrda saýlanan talyplar 2-nji tapgyra gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar we olaryň içinden iň ökdeleri “KONSERWATORIÝANYŇ ZEHINLERI – 2026” atly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi. Bäsleşige jemi 278 talyp gatnaşyp, olardan I orna 12 sany, II orna 18 sany, III orna 23 sany, hormat hatyna 32 sany zehinli talyplar mynasyp boldular. Bäsleşik ýeňijilere diplomlar, hormat hatlar hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylmagy bilen jemlendi. Bäsleşige gatnaşyjylar öz zehinlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen döredilip berilýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Türkmen halkynyň hak howandarlary Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçly ýollarda rowana bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Aýna ÇARYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
BILDIRIŞ

Teatr we kino dünýäsi

20.05.2026

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki maý aýynyň 24-ne sagat 18:00-da Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! Biziň sirk.gov.tm resmi sahypasynda petekleri «online» görnüşinde hem alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34

No image
Hindi ýazyjysy we şahyry

Kitaphanalar

20.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda görnükli hindi ýazyjysy we şahyry Rabindranat Tagoryň doglan güniniň 165 ýyllygyna bagyşlap Magtymguly Pyragy medeni seýilgäh toplumynda “Hindi ýazyjysy we şahyry” atly söhbetdeşlik geçirdi. Rabindranat Tagor 1913-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyny alan ilkinji Aziýaly şahyrdyr. Onuň döredijiligi parahatçylyk, ynsanperwerlik we halklaryň dostlugy baradaky pikirleri öz içine alýar. Tagor diňe bir hindi halkynyň şahyry däl, eýsem tutuş adamzadyň şahyry. Tagoryň döredijiligi örän giň gerimlidir. Ol iki müňden gowrak goşgy, birnäçe roman, hekaýa we drama eserlerini döredipdir. Onuň döredijiligi häzirki wagtda hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär. 60 ýaşyndan soň Tagor surat çekip başlapdyr. Onuň suratlary häzirki wagtda dünýäniň dürli muzeýlerinde görkezilýär. Mundan başga-da, Tagor bilim ulgamyna uly goşant goşupdyr. Ol 1921-nji ýylda Wiswa Bharati uniweristeti atly bilim ojagyny esaslandyrypdyr. Bu okuw mekdebiniň maksady dürli medeniýetleriň arasynda dostlygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek bolupdyr. Tagor dünýä medeniýetine uly täsir eden beýik şahsyýetdir. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu medeni seýilgäh toplumynda Tagoryň heýkeliniň ýerleşmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu heýkel diňe bir ýadygärlik däl, eýsem, ol halklaryň arasynda dostlugyň, medeni hyzmatdaşlygyň we ruhy bitewiligiň nyşanydyr. Şeýle hem, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny, dost-doganlyk ýörelgeleriniň ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle beýik şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmek arkaly ýaş nesilleri ýokary maksatlara, giň dünýägaraýşa we parahatçylyk söýüjilige ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdyldy. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.

No image
Türkmen halk ertekilerine syýahat

Kitaphanalar

20.05.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 75-nji çagalar bagynda “Türkmen halk ertekilerine syýahat” atly sesli okaýyş geçirdi. Kitaphananyň hünärmeni ertekiler barada çagalara gyzykly gürrüňleri berdi. Söhbetdeşligiň dowamynda körpelere erteki gahrymanlary, olary tanamak boýunça gürrüň berdiler. Şeýle-hem söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy we erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara, durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, çagalar bagynda we ähli ýerlerde birek–birege kömek etmelidigini düşündirdiler.

No image
Durmuş ýoly-kitap bilen başlanýar

Kitaphanalar

20.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanyp “Durmuş ýoly-kitap bilen başlanýar ” atly edebiýat agşamy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda Ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanyp “Durmuş ýoly-kitap bilen başlanýar ” atly edebiýat agşamy geçirildi. Edebiýat agşamyna ýazyjy şahyrlar hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Edebiýat agşamynda çykyş edenler ýazyjynyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Geljegiň aýdyň ýoly mermer şäher Aşgabat

Kitaphanalar

20.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Geljegiň aýdyň ýoly mermer şäher Aşgabat” ady bilen kitap sergisi gurnaldy. Sergide Merkezi Aziýanyň merjen şäheri “Aşgabat” barada kitaplar ýerleşdirildi. Aşgabat şäheri – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtydyr. 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda 2013-nji ýyldan başlap 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip başlandy. Ak şäherimiz Aşgabady dünýä ýüzüne tanatmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň peder ýolyny üstünlikli dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny il- ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.