logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI

Täzelikler

08.12.2025

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, 12-nji dekabrda uly baýramyň-Halkara Bitaraplyk gününiň bellenilip geçiljekdigini aýtdy hem-de ýygnananlary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris. Olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri geçirip durýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Soňra Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berildi. Ol iş kesilen adamlaryň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, asylly däbe eýerip, iş kesilen 231 raýatyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi hem-de toparyň ýolbaşçysyna hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagy arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün 2025-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemleriniň jemlenjekdigini, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň we geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. “Bu işlerde Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan hem-de “Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ähli işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, abadançylyk, döwlet we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol döwletimiziň daşary syýasatyna, halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirýändigi üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň adyndan hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

06.12.2025

5-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on bir aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylygy kämilleşdirmek, täze kanunlary işläp taýýarlamak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, şu ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 27-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”, “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda”, “Wirtual aktiwler hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hakynda”, “Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda”, “1993-nji ýylyň 22-nji ýanwaryndaky Raýat, maşgala we jenaýat işleri boýunça hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakyndaky Teswirnamany tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Şunuň bilen birlikde, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, ýerine ýetiriş, maşgala, zähmet gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, aragatnaşyk, migrasiýa, içeri işler edaralary, gümrük meseleleri, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy bilen baglanyşykly hereket edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň 20-si kabul edildi. Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 10-syndan ynanç hatlary kabul edildi. Dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 56-sy geçirildi. Olaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 106-syna gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 44-si guraldy. Şunuň bilen birlikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, Türkmenistanyň Mejlisinde Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy geçirildi. __________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
BITARAP DIÝARYM–BAGTYŇ MEKANY

Kitaphanalar

05.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitarap diýarym–bagtyň mekany» bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk türkmeniň ruhunyň galkynmagyna, arzuw hyýallarynyň wysal tapmagyna, gadymdan gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk dost doganlyk, ýörelgelerine öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Hemişelik Bitaraplyk ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň bagtyýar durmuşymyzyň ygtybarly binýady bolup durýandygy barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda mähriban Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BITARAPLYK-PARAHATÇYLYGYŇ DAÝANJY

Kitaphanalar

05.12.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk-parahatçylygyň daýanjy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ata Watanymyzyň ýer ýüzündäki abraý-derejesi, şan-şöhraty barha artýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmak, asudalygy berkitmek, hemmetaraplaýyn ösüşi üpjün etmek, işjeň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna täzeçil itergi bermek babatda uly tagallalary edýändigi, barada çykyş etdiler. Şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň üçünji gezek kabul edilmegi ýurdumyzyň daşary syýasy ugurlarynyň halkara goldawa eýe bolandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli kitap sergisi gurnaldy we Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde baky Bitaraplygymyzy wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlandy we çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda dünýä nusgalyk işleri bitirýän, baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAP BILEN AÇALYŇ BIZ DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

05.12.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşi, Türkmenistanyň Inžener-Tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde gurnamagynda «Kitap bilen açalyň biz dünýäni» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlara kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriň üsti bilen Watançylyk duýgularyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly–bilimli bolmagy ugrunda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp, köp alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

05.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary gezelençde boldylar. Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek,okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp, ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli,döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYK, DOGANLYK-SAÝLAN AÝDYŇ ÝOLUMYZ

Kitaphanalar

05.12.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Bitaraplyk, doganlyk-saýlan aýdyň ýolumyz” ady bilen Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymlary hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda goýlan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen eşretli eýýamda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýan eýýamdygyny, täze taryhy zaman Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolýan zamanydygyny, türkmen halkynyň bu günki bagtyýar nesillerine Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurt binasy gaýym (berk) bolan berkarar döwletde, eşretli eýýamda ýaşamak, okamak, işlemek, gurmak, döretmek, päk zähmet bilen Watanymyza şan getirmek, oňa guwanmak we buýsanmak bagty nesip edenligi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ylym, bilim, medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler netijesinde kitaba, kitaphana berilýän üns has güýçlendirildi diýip, uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
USSAT TERJIMEÇILER ÝAŞ NESILLERIŇ ARASYNDA

Kitaphanalar

05.12.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 82-nji orta mekdepde ýaş nesilleriň arasynda ussatlyk sapagyny geçirdi. Duşuşygymyza halypamyz, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medalynyň eýesi Hemra Şirow we “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň “Çagalar edebiýaty” bölümüniň redaktory Merjen Ýazyýewa myhman bolup gatnaşdylar. Çagalaryň söýgüli ýazyjysy Hemra Şirow ýaş nesillere terjimeçilik işi bilen meşhurlanandygyny hem-de Lermontowyň, Eduard Uspenskiniň, Andreý Usaçowyň eserlerini türkmen diline terjime edendigini aýdyp berdi. Iňlis halk balladalaryny hem türkmen diline geçirmeklikde alyp baran işleri barada beren gürrüňlerini okuwçylar gyzyklanma bilen diňlediler. Şeýle-de Merjen Ýazowanyň rus, iňlis, nemes, fransuz dillerinden türkmen diline çagalar edebiýatyna degişli terjime eden işleri hakynda beren gürrüňleri hem höwes bilen diňlediler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlarda kitaba bolan söýgüni döretmek, olary ylmy-döredijilik, terjimeçilik işlerine höweslendirmek maksady bilen ýazyjylaryň, terjimeçileriň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklaryny ýola goýmaklykda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Arkadagly |Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
BIRLEŞEN ÜFLENIP WE KAKYLYP ÇALYNÝAN SAZ GURALLARY ORKESTRINIŇ KONSERTI GEÇIRILDI

Konsertler

05.12.2025

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Baky Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli Birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň konserti geçirildi. Konsert Röwşen Nepesowyň “Bitaraplyk simfoniýasy” III bölüm birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmegi bilen dabaraly açyldy. Konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurt aýdymlary ýaňlandy.Olardan: Orkestriň ýerine ýetirmeginde Daňatar Hydyrow “Elwan güller”, “A.Silwestre “The Avangers”, P.Makkartni “Can’t buy me love”, A.Zasepin “Есть только миг”, RTemperton “Thriller”, Lalo Şifrin “Mission Impossible”, Türkmeniň “Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşyýewiň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde Çary Nurymowyň sazyna, Ata Esadowyň sözlerine “Çapyksuwaryň aýdymy”, Söhbet Ergeşowyň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde H.Simmer “Kung fu panda”, Munisa Hudaýbergenowanyň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde I. Sumak “Goomba Boomba” Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde Wangelis “Conquest of Paradise”, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewanyň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde A.Zasepin “Ищу тебя”, Sarwan Sabirowyň we Söhbet Ergeşowyň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde Özbek halk tansy täzeden işlän O. Taşmatow “Andižan polka”, Babaguly Goşaýewiň wa Döwran Gylyjowyň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde A.Pýasolla “Libertango”, Begenç Moşşyýewiň we Munisa Hudaýbergenowanyň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde D.farina “Ricci E Poveri”, Hijran Jorakulyýewiň, Söhbet Ergeşowyň ýerine ýetirmeginde, orkestriň sazandarlyk etmeginde “Palow tansy” ýerine ýetirdiler. Konsert Merdan Annamyradowyň sazyna, Güljemal Taýlyýewanyň sözlerine döredilen “Arkadag aýdymy” bilen jemlendi. Bu aýdymy orkestriň sazandarlyk etmeginde Güljemal Taýlyýewa, Pälwanmyrat Bakyýew, Munisa Hudaýbergenowa, Begenç Moşşiýew dagylar ýerine ýetirdiler . Bu konsert özüniň täsirliligi bilen diňleýjilere ruhy lezzet ýerdi. Pursatdan peýdalanyp şular ýaly konsertlerde çykyş edip, zehinli ýaşlaryň tanalmagynda uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sag bolsunlarymyzy aýdýarys. __________________ Gülnar Ataýewa Maỳa Kulyỳewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriỳasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby

No image
BITARAPLYK–PARAHATLYK MUKAMY

Konsertler

05.12.2025

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak” ỳyly we Baky Bitaraplygyň 30 ỳyllygy mynasybetli Türkmenistan döwletimiziň ähli ýerlerinde Döwlet derejesinde uly çäreler geçirilỳär. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saỳasynda türkmen medeniỳeti we sungaty gün-günden gülläp ösỳär. Şunyň bilen bagly biziň geljegimiz bolan ỳaşlarymyzyň aỳdym-saz bilimini ösdürmekde uly işler alnyp barylỳar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ỳyllygy mynasybetli Maỳä Kulyỳewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriỳasynyň hem-de ýurdumyzyň ýörite sazçylyk we sungat mekdepleriniň talyplaryndan we okuwçylaryndan düzülen birleşen üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň “BITARAPLYK–PARAHATLYK MUKAMY” atly konserti Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda gurnalyp, konsertde bir ỳere jemlenip, dost-doganlygy, agzybirligi dünỳä ỳaỳỳarlar. Konsertde türkmen we daşary ỳurt kompozitorlary has takygy, Hytaỳ, Amerika, Italiỳa, Gresiỳa, Beỳik Britaniỳa, Russiỳa, Özbekstan, Germaniỳa ỳaly doganlyk ỳurtlaryň aỳdym-sazlary ỳaňlandy. Dabaraly konsert türkmen kompozitory Röwşen Nepesowyň “Bitaraplyk” simfoniỳasynyň 3-nji bölümi bilen başlandy. Konsertde halypa kompozitor Daňatar Hydyrowyň “Elwan güller” sazy, kompozitor Çary Nurymowyň “Çapyksuwaryň aydymy” ỳaňlandy. Mundan başga-da Günorta Amerikanyň Peru respublikasynyň Billy Maỳ diýen kompozitorynyň aỳdymçysy Imy Sumak üçin ỳörite ỳazylan “Goomba Boomba” aỳdymyny Munisa Hudaỳbergenowa ỳerine ỳetirdi. Soňra özbek kompozitory O. Taşmatowyň täzeden işlän “Andijan polka” tansy ýaňlandy. Bu eserde orkestr bilen “Üflenip we kakylyp çalynỳan saz gurallary” kafedrasynyň mugallymy Sabirow Sarwar, talyby Ergeşow Söhbet ýerine ýetirdiler. Grek kompozitory Wangelisiň ỳörite kinofilm üçin döreden “Conquest of Paradise” (Завоевание рая) eserinde hor bilen orkestriň sazlaşykly döreden gözelligi kalplarda ornaşdy. Onda baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halky üçin edỳän aladalaryna sag bolsun aỳdyp, hor topary bilen orkesriň dabaraly çalmagynda şatlyk şowhunly, ör turup, aỳdyma goşuluşyp elçarpyşmalar bilen konsert tamamlandy. Aýratyn bellemeli zat dabaranyň domamynda ýaňlanan ähli eserlere mugallym Şirhan Batyrow dirižýorlyk etdi. Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyỳewa, Babaguly Goşaỳew, Begenç Moşyỳew, Döwran Gylyjow, Güljemal Taỳlyỳewa ỳekelikde ỳerine ỳetirijiler hökmünde ỳokary derejede çykyş etdiler. Bir ỳere jemlenip saz çalyp, aỳdym aỳdyp dost-doganlygy dünỳä ỳaỳmak, türkmen milletimiziň erkana-asuda durmuşuny beỳan edỳär. Baýramçylyk ruhunda geçirilýän çäreler bolsa, ỳaşlarymyzyň watanymyza bolan söỳgüsini, dünỳä garaỳyşlaryny, bütin dünỳä halklary bilen dost-doganlygy pugtalandyrmakda uly ähmiỳete eỳedir. Baýramçylyk konsertine taýýarlyk döwründe welaỳatlarymyzdan gelen talyplar bilen “Üflenip we kakylyp çalynỳan saz gurallary” kafedrasynda zähmet çekỳan uly mugallymlar dosent Berdinýaz Rejepmedow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Muhammetçary Annamyradow, Ýazguly Babanyỳazow hem uly mugallym Dürjemal Çaňlyỳewanyň bagtyýar talyplar bilen utgaşykly ussatlyk sapaklaryny geçmekleri ỳaş sazandalaryň geljekde öz hünärini has-da içgin owrenmeklerine, sazy bütin kalby bilen duỳup çalmaklaryna, aỳdym-saza bolan höweslerini has-da artyrmakda uly goşant boldy. Baky Bitaraplygymyzyň 30 ỳyllyk ýubileýi bilen Hormatly Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem jebis halkymyzy tüỳs ỳurekden gutlaỳarys. __________________ Dürjemal Çaňlyỳewa Maỳa Kulyỳewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriỳasynyň “Üflenip we kakylyp çalynỳan saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy