logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
KITAP-YNSANYŇ GÖWÜN GANATY

Kitaphanalar

29.11.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher ýörite orta hünär mugallymçylyk mekdebi, Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap-Ynsanyň göwün ganaty” atly söhbetdeşlik geçirildi. Gadym döwürlerden bäri türkmen halky kitaba uly hormat goýupdyr. Muňa mysal edip asyrlardan-asyrlara, nesilden nesile geçen Magtymguly Pyragynyň günimize gelip ýeten ajaýyp eserlerini bellemek bolar.Ýaş nesilleri Watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde, olaryň kitaba bolan söýgisini, okamak höwesini artdyrmagyň örän uly ähmiýeti bardyr. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan kitaplary bu günki gün her bir türkmen ojagyna ýol-ýörelge mekdep bolup durýar, diýip gürrüňdeşlikde giňden belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda biz ýaşlara bagtyýar durmuşda işlemäge, döretmäge, ýaşamaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

Täzelikler

29.11.2025

28-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek, milli kanunçylygy döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Şeýle hem milli parlamentiň şu ýylyň 22-nji noýabrynda geçirilen on birinji maslahatynyň netijeleri barada aýdyldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň baş maliýe resminamasyna we dürli ugurlara degişli kanunlaryň taslamalaryna garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy hormatly Prezidentimize “Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekip berendigi üçin hoşallyk bildirdi. Häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň dürli ugurlarynyň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegine gönükdirilen işler dowam etdirilýär. Iri halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan işler barada-da aýdyldy. Mejlisiň wekilleri BMG-niň Çagalar gaznasynyň, Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanalary tarapyndan guralan maslahatlara, Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 23-nji güýzki mejlisine, Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylarynyň dialogynyň 2025-nji ýyl üçin jemleýji çäresine gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň kanunlaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow “Karz edaralary we bank işi hakynda”, “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, halkara standartlar esasynda, ýurdumyzyň bank edaralarynda ýyllyk maliýe hasabatlaryna audit barlaglaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, dünýäniň abraýly halkara auditor kompaniýalarynyň sanawyna girýän we tejribeli daşary ýurt auditor kompaniýalaryny saýlap almak maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky, Döwlet daşary ykdysady iş banky, “Daýhanbank”, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklary, “Türkmenbaşy”, “Halkbank”, “Senagat”, Türkmen-türk paýdarlar täjirçilik banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär. Munuň özi banklarda maliýe hasabatlarynyň takyklygyny seljermäge hem-de bank işiniň ugurlaryna baha bermäge mümkinçilik döreder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. ______________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ÜSTÜNLIKLI GEÇIRILEN HALKARA ÇÄRELER

Halkara gatnaşyklary

28.11.2025

28-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik Geňeşiniň nobatdaky 42-nji mejlisi we geçirilen çäreleri jemlemek dabarasy hem-de türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda, 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen, Aktau şäherinde halkara çäreleri üstünlikli geçirildi. Şol çärelere türkmenistanly medeniýet, sungat ussatlary hem işjeň gatnaşdylar. Türki dilli doganlyk halklary medeniýetleriniň we dilleriniň ýakynlygy, däp-dessurlarynyň meňzeşligi has-da ysnyşdyrýar. Bu halklaryň taryhyň synagyndan geçen dost-doganlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze öwüşginlere eýe bolýar. Munuň şeýledigine medeniýet babatdaky gatnaşyklar doly şaýatlyk edýär. Medeniýet we sungat–dünýä döwletleriniň we abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkidýän dostluk köprüsidir. Biziň halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetlilige, dost-doganlyga esaslanýan dostluk köprüsiniň binýady berkdir. Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen açylyş dabarasy we onuň çäklerinde guralan, «Türki äheňlerde tanslar» atly halkara tans bäsleşigi, şeýle hem, III Halkara teatr festiwaly ýaly birnäçe çäreler üstünlikli geçrildi. Bularyň ählisi özara bähbitli, deňhukukly gatnaşyklarymyzyň hem-de agzybirligimiziň alamatydyr. Şu ýylda TÜRKSOÝ tarapyndan Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen «Türki dünýäsiniň zenanlarynyň älemi» atly sergisi, Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen 3-nji «Türki dünýäsiniň talyplar spektakllarynyň teatr festiwaly», Türkiýe Respublikasynyň Trabzon şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-yň Hemişelik Geňeşiniň wekilleri derejesindäki maslahaty hem türki halklaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy berkitmekde örän netijeli boldy. Türki dilli döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda bilelikdäki medeni çäreleriň, konsertleriň yzygiderli guralmagy, biziň halklarymyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürýär. Bularyň ählisi medeniýet we sungat ugurlaryndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge, döredijilik babatda özara tejribeleri alyşmaga uly ýardam berýär-diýip belledi. Şeýle hem, türkmen we gazak halklarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan, türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Hormatly Prezidentlerine tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdy hem-de Olara berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/t-4.jpg)

No image
URALYŇ HOR TOPARY AŞGABATDA: DOSTLUK KÖPRÜSI WE MEDENIÝETLERIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIK

Konsertler

28.11.2025

Ural döwlet akademiki rus halk hory 26–27-nji noýabrda Aşgabatdaky Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda konsert çykyşyny geçirdi. Bu giň gerimli halk taslamasynyň maksady rus diliniň, aýdym-sazynyň we däp-dessurlarynyň gözelligini goramak we dünýä bilen paýlaşmak bolup durýar. Konsert agşamlary Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak we netijeli taryhynda ýene-de bir aýdyň sahypa goşdy. Ýurtlarymyz birek-birege ynam, umumy gymmatlyklar, medeniýet we däp-dessurlar esasynda döredilen ýakyn taryhy gatnaşyklary paýlaşýarlar. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, ençeme ýyl bäri synagdan geçen ynam we biziň hormat goýýan hormatymyzdyr. Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin konsertiň başynda gutlag sözi bilen çykyş edip, horuň taryhy gelip çykyşy barada gürrüň berdi. Diplomat horuň 1943-nji ýylyň iýul aýynda Swerdlowsk filarmoniýasynda Kursk söweşinde döredilendigini belläp geçdi. Sowet halkynyň gahrymançylygynyň hatyrasyna hormat goýulýan Türkmen topragynda Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygy mynasybetli ansamblyň çykyşynyň simwolizmine ünsi çekdi. Sungatyň çägi ýok. Ol göni ýürekden çykýar we sözlerden, uzak aralykdan hem beýikdir. Bu konsertiň dowamynda biz medeniýetleriň hakyky gepleşiklerine şaýat bolduk, bu ýerde her bir milli halk aýdym-sazy halklaryň arasynda köpri bolýar. Halk döredijiligi diňe bir sungat däl, ol halklaryň janly taryhy, nesilleri baglanyşdyrýan göze görünmeýän güýç. Onda ata-babalaryň paýhasy, däp-dessurlaryň gözelligi we asyrlardan bäri dowam edip gelýän duýgularyň çuňlugy bar. Ural döwlet akademiki rus halk horunyň medeni ýolbaşçysy we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiň Medeniýet geňeşiniň agzasy Nikolaý Zaýtsew. Horuň ýerine ýetirijileriniň Russiýanyň dürli sebitleriniň aýdym-saz däplerini görkezýän rus halk aýdymlary we wokal-horeografiki kompozisiýalaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşy alyndy. Konsertde dünýäde söýülip diňlenýän halk aýdym-sazlary «Катюша» («Katýuşa»), «Подмосковные вечера» («Moskwa gijeleri»), «Матушка Россия» («Ene Russiýa»), «На горе, на гороньке» («Dagda, dagda»), «Ах, поле, поле, поле» («Aý, meýdan, meýdan, meýdan»), «У ворот жениха» («Ýigidiň derwezesinde»), «За околицей» («Daşardan aňyrda») we beýleki kompozisiýalary ýaňlandy. Olar özleriniň sungat çykyşlary arkaly bize gündogar we günbataryň serhetleşýän, dürli halklaryň asyrlar boýy sazlaşykly ýaşan ýeri bolan Uralyň ruhunyň bir bölegini berdiler. Bu duşuşyk medeniýetlerimiziň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi. Milli däp-dessur sazly agşamy mähirli we dostlukly ýagdaýda geçdi. Şatlyk-şowhun bilen tomaşaçylar, Russiýa döwletiniň baý medeni mirasynyň ruhuny açyp görkezen ýerine ýetirijileriň ýokary hünär derejesini bellediler. Gurnaýjylar Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryň içinde etnograf Sergeý Glebuşkiniň ýygyndysyndan milli halk egin-eşikleriniň sergisini görkezdiler. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işleri alyp barýan we şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys. _______________ Ahmet Jumakulyýew Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
BITARAPLYK-BAKY BAGTYMYZ

Kitaphanalar

28.11.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk-baky bagtymyz» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her bir güni toý-baýrama beslenýän ýurdumyzda mizemez gymmatlygymyz hemişelik Bitaraplygymyz halkymyzy ýagty geljege alyp barýandygyny, Bitaraplyk türkmen halkynyň milli däp-dessurlarynyň, dünýägaraýşynyň, hoşniýetliginiň, beýanydygyny, parahat söýjülik, birek-birege sylag hormat goýmak hem-de ynsanperwerlik ýörelgeleri ata-babalarymyzdan ruhy mirasdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň mugallymlary we talyplaryň ata–Watanymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymlary we sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň berkararlygy ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATÇYLYGYŇ WASPÇYLARY GUJURLY ÝAŞLAR

Täzelikler

28.11.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gadymyýetden gözbaşyny alyp gaýdýan milli medeniýetimiz, baý sungatymyz giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Arkadagymyzyň belleýişi ýaly: “Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň, edebiýatynyň ösüş aýratynlyklarynyň çuňňur öwrenilmegi, olaryň has-da kämilleşmegi, şeýle hem täze, has belent derejelere ýetirilmegi döwrüň biziň öňümizde goýan möhüm wezipesidir” diýmek bilen, Watanymyzyň sungatyny, medeniýetini öwrenip, olaryň dünýä ýaýmaklyga uly goşant goşan döredijilik adamlaryna buýsanmalydyrys. Olaryň gyzykly döredijilik mirasyny öwrenmelidiris. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda 1-nji dekabrynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy üstünlikleri” atly gujurly ýaşlaryň bäsleşikli döredijilik sergisi açylýar. Sergide nakgaşlyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, animasiýa, zergärçilik, halyçylyk, külalçylyk we sungaty öwreniş ugurlary boýunça ajaýyp eserleriň birnäçesi görkeziler. Şeýle-de bu sergä şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça bilim alýan talyplary muzeý we şahsy ýygyndylarynda saklanylýan eksponatlary, fotosuratlary we söhbetdeşlik arkaly toplan täze maglumatlary jemlemek bilen, türkmen şekillendiriş sungatyny çeperçilik taýdan öwrenip, özleriniň ýerine ýetiren kitaplary we senenamalary bilen gatnaşýarlar. Olardan Amangül Goçmyradowanyň “Reňkleriň simfoniýasy”, Ogulsona Öwezmyradowanyň “Arkadag şäheriniň arhitekturasy” we “2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, "Gülşen Berdiýewanyň “Hazar deňziniň gözel keşbi”, Şemşat Kadyrowanyň “Sungat dost-doganlygyň köprüsi”, Leýli Allakuliýewanyň “Türkmen bedewi - 2025” ýaly sungaty öwrenijilik işleri, Döwran Akgaýewiň “Gündogar ýurtlarynyň şekillendiriş sungatynda bürgütleriň keşbi” atly senenamasy we beýleki eserleri şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny şöhlelendirer. Umuman, “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymlaryň ýolbaşçylygynda döredilýän eserler türkmen şekillendiriş sungatynyň özboluşlylygyny ylmy taýdan seljermäge, ýaşlara geljekde hem türkmen sungatyny wagyz etmäge yhlas bilen zähmet çekmeklerini arzuw edýäris. Ajaýyp zamanamyzda milli şekillendiriş sungatymyzy öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. ___________ Mahym Meredowa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 5-nji ýyl talyby

No image
TÜRKMEN BITARAPLYGYNYŇ ŞÖHRATLY MENZILLERI

Kitaphanalar

28.11.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda “Türkmen Bitaraplygynyň şöhratly menzilleri” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik. Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölüminiň guramagynda ”Türkmen Bitaraplygynyň şöhratly menzilleri” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi “Altyn asyr” teleýaýlymynyň redaktory Nowruz Güýjow alyp bardy. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti “Türkmen dünýäsi” gazetiniň jogapkär kätibi D.Agalyýew, Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary A.Şirliýewa we E.Hüseýinowa çykyş edip, Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda beýik ösüşleriň täze tapgyrlary, ýetilen sepgitler, durmuşyň dürli ugurlarynda gazanylan we gazanylýan üstünlikler barada gürrüň etdiler. Şeýle-de dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ygtybarly ýola goýulmagyna oňyn täsir edýändigini buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler döwletimiziň halkara abraýyny ösdürmek, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ugrunda alyp barýan beýik işlerinde Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklary arzuw etdiler.

No image
BITARAPLYGYMYZYŇ ŞANLY 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN KONSERT

Konsertler

28.11.2025

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her bir günümiz toýdur-baýramlara, şanly senelere beslenýär. Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan konsertler ýurdumyzyň çar künjeginde uly dabara bilen geçilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň bilelikde gurnan joşgunly konserti munuň aýdyň subutnamasy boldy. Konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Döwletmämmet Ökdirowyň dirižorluk etmeginde zehinli türkmen kompozitory Rejep Rejepowyň Tans kinofilminden “Конец ночного вора” sazy bilen açyldy. Konsertiň dowamynda türkmen we daşary ýurt aýdymdyr sazlary uly joşgun bilen ýerine ýetirildi. Olardan: Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetirmeginde Анна Герман “Кажется”, O. Berdiýewiň sazyna, T. Söhbetowyň sözüne Kadyr Esenowyň ýerine ýetirmeginde “Ýatla meni”, Munisa Gudaýberebowanyň ýerine ýetirmeginde Indila “Love story”, “Keremli söz” kinofilminden Mergen Janmyradowyň ýerine ýetireginde Keremiň aýdymy “Daglar”, orkestriň ýerine ýetirmeginde L.W. Bethoweiň “Für Elise Jam”, Çynar Gutlyýewanyň ýerine ýetirmeginde Nansy Ajramyň “Inta Eýh” eseri, Nazar Garaýewiň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň goşgusyna “Iki agaç”, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşşiýewiň ýerine ýetirmeginde R. Musumarra “ Luna Tu”, Begenç Moşşiýew bilen Güljemal Taýlyýewanyň bilelikde ýerine ýetirmeginde Aleksandro Safina “Suraý Kui”, Myrat Mämmetmyradowyň ýerine ýetirmeginde T. Artykowyň sazyna we sözlerine “Ýüregim sende”, Humaý Kakaýewanyň ýerine ýetirmeginde Azerbaýjan halk aýdymy “Sary gelin”, kamera orkestriniň ýerine Karl Jenkinsiň “Palladio” eserleri ýaňlady. Dabaraly geçen konsert Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde Alkyşnama bilen jemleni. Bu Alkyşnama talyp ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarynyň nyşany bolup ýaňlandy. Aýläle Gulmuradowa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Kompozisiýa” hünäriniň II ýyl talyby

No image
«BITARAP TÜRKMENISTAN–PARAHATDYR BU MEKAN» ATLY AÝDYM-SAZLY KONSERTI

Konsertler

28.11.2025

Söhbediňe diň salýar bar halaýyk, Aýdany, aýdymy göwne ylaýyk. Bilmezmiň Beýigňi gudrat saýyp, Şudur Bitaraplyk, eziz Watanym! *** Bitaraplyk taglymaty–dünýä döwletleri bilen ylalaşykly ýaşamak diýmekdir. Bitaraplyk ýaş türkmen döwletiniň gülläp ösmegi üçin badalga boldy. Parahatçylygy we durnuklylygy saklaýan türkmen döwletimiz ykdysadyýet, medeniýet we beýleki ulgamlaryň ählisi boýunça çalt depginler bilen ösýär. Parahat we asuda ýurdumyzda şanly senelere bagyşlanan toý-dabaralary ähli ýokary okuw jaýlarynda-da giňden dabaralanýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” we Bitaraplygyň 30-ýyllygy mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy hem-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen bilelikde gurnamagynda kamera orkestriniň we aýdymçy talyplaryň “Bitarap Türkmenistan-parahatdyr bu mekan” atly aýdym-sazly konserti geçirildi. Konsertde bagtyýar talyp ýaşlaryň we zehinli mugallymlaryň ýerine ýetirmeginde daşary ýurt hem-de türkmen kompozitorlaryň meşhur eserleri ýaňlandy. Konserdiň başynda kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde Tans kinofilminden “Конец ночного вора”, Güljemal Taýlyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Кажется”, Kadyr Esenowyň ýerine ýetirmeginde “Ýatla meni”, Munisa Hudaýberenowanyň ýerine ýetirmeginde “Love story”, “Lose control”, kamera orkestriň ýerine ýetirmeginde “Für Elise Jam”, “Palladio”, Çynar Gutlyýewanyň ýerine ýetirmeginde “Inta Eýh”, “What a wonderful world”, Nazar Garaýewiň ýerine ýetirmeginde “Iki agaç”, Begenç Moşşiýewiň ýerine ýetirmeginde “Luna Tu”, Güljemal Taýlyýewanyň we Begenç Moşşiýewiň ýerine ýetirmeginde “Saraý Kui”, Myrat Mämmetmyradowyň ýerine ýetirmeginde “Ýüregim sende”, Humaý Kakaýewanyň ýerine ýetirmeginde Azerbeýjan halk aýdymy “Sary gelin” ýaly aýdymdyr-sazlar ýerine ýetirildi. Konsertiň ahyrynda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde “Alkyşnama” ýaňlandy. “Bitarap Türkmenistan-parahatdyr bu mekan” atly aýdym-sazly konsert örän şowhunly we täsirli geçdi. Şunuň ýaly konsertleri, aýdym-sazly dabaralary geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň geljegi üçin alyp barýan işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin. ______________ Aýnur Nuryýewa Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň “Sazşynaslyk” fakultetiniň IV ýyl talyby

No image
SYÝAHATÇYLYK ULGAMYNDA NETIJELI IŞLER

Syýahatçylyk

28.11.2025

Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” syýahatçylyk forumy öz işini dowam edýär. Bu syýahatçylyk forumy Özbegistanyň halkara syýahatçylyk hepdeliginiň çäginde geçirilýär. Halkara forum Merkezi Aziýa döwletleriniň we Ýewropa Bileleşiginiň bilelikde tejribelerini paýlaşmaklaryna we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige gönükdirilendir. Şeýle-de forumyň çäklerinde Daşkendiň sebitdäki iň uly syýahatçylyk sergilerinden biri bolan TITF (Daşkent halkara syýahatçylyk ýarmarkasy) geçirilýär. Bu sergä “Aýan”, “DnTours”, “Trawelco”, “Syýahatçy”, “Hazar Travel”, “Gadymy Miras”, “Dekor Türkmenistan” we beýleki pudak wekilleri ýaly öňdebaryjy türkmen syýahatçylyk kompaniýalary hem gatnaşýar. Sergä gelýän myhmanlar Türkmenistanyň baý medeni mirasy, özboluşly tebigy we taryhy ýadygärlikleri bilen içgin tanyşýarlar. Geçirilýän halkara ähmiýetli çäreler halkara gatnaşyklarynyň has-da berkemeginde we hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm ädimleriň biridir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/wew.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/%C3%BDaw.jpg)