logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Paýhas – hazynasy

Kitaphanalar

05.05.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag teleýaýlymyň taýýarlamagynda “Paýhas – hazynasy” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eseriniň ähmiýeti barada, ata-babalarymyzdan şu günümize gelip ýeten milli däp-dessurlarymyzyň gymmatyny nesillerimize ýetirmekde, ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň gelejegi üçin edilýän işler barada giňişleýin söhbet edildi. Asuda asman, Parahat Zemin üstünde döretmäge, gurmaga şu ajaýyp şäherde zähmet çekmäge uly mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak bolsun!

No image
Ýatdan çykmajak sungat dabaralary

Halkara gatnaşyklary

04.05.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 2-nji maýynda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde kompozitorçylyk sungatymyzyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Weli Muhadowyň doglan gününiň 110 ýyllygy mynasybetli opera konserti geçirildi. Türkmenistanyň we doganlyk döwletleriň ussat aýdymçy-sazandalaryny bir ýere jemlän bu sungat çäresi aýratyn täsirli, ajaýyp wakalaryň biri boldy. Ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine mynasyp goşant goşup, uly hyzmatlary bitiren ussat halypalaryň döredijilik ýoluna, bitiren işlerine belent hormat-sarpa goýulýandygyny aýdyň açyp görkezdi. Aýdym-saz dabarasyna medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de türki döwletlerden gelen myhmanlar ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Dabara Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde, Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Meniň Watanym» atly simfoniki poema bilen açyldy. Soňra uly wokal eserlerine orun berlip, kompozitoryň «Zöhre we Tahyr» operasyndan «Pyýala» ariýasy ýaňlandy. Konsertiň dowamynda doganlyk ýurtlardan gelen zehinli sungat işgärleri hem, Weli Muhadowyň eserlerini ussatlyk bilen diňleýjilere ýetirdiler. «Zöhre-Tahyr» operasyndan Mahymyň aýdymyny Türkiýe Respublikasyndan, Tahyryň aýdymyny Gazagystan Respublikasyndan, Zöhräniň aýdymyny bolsa Azerbaýjandan gelen sungat ussatlarymyz ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitgulyýewanyň bilelikde ýerine ýetirmeginde «Kemine we kazy» operasyndan Ogulbeg bilen Daňataryň, «Ganly saka» operasyndan bolsa Aýlar bilen Çaryýaryň aýdyşygyny hem diňlediler. Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Ilki söýgim, nirde sen?», «Söýgülim gelýär», «Jan Türkmenistan!» ýaly aýdymlar ýurdumyzyň hem-de doganlyk döwletleriň sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanyp, dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsertiň ikinji bölüminde sahnadaky simfoniki orkestre Özbegistan Respublikasynyň at gazanan artisti, ussat dirižýor Alibek Kabdurahmanow dirižýorlyk etdi. Konsert örän täsirli pursatlar bilen jemlendi. Weli Muhadowyň sazyna, Atadurdy Gurbanowyň sözlerine, hemmeleriň söýgüli eserine öwrülen «Aşyklaryň şäheri» atly aýdymy, ähli ussatlar hem-de konserte gatnaşyjylar bilelikde ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar artistleriň bu jemleýji çykyşyny, dowamly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. Konsertiň dowamynda türki döwletleriň milli aýdym-saz, opera sungatynyň eserleri hem ýerine ýetirildi. Munuň özi doganlyk halklaryň arasynda sungat köprüsiniň has-da berkeýändigini aýdyň görkezdi. Şeýle hem, 3-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, TÜRKSOÝ-yň opera günleri mynasybetli geçirilen konsert hem ýatdan çykmajak täsirlere beslendi. Bu opera günleri mynasybetli geçirilen konsert türki dilli doganlyk halklaryň sungat ussatlaryny bir ýere jemledi. Konserte Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyz, Türkiýe, Azerbaýjan Respublikalaryndan gelen belli opera aýdymçylary gatnaşdylar.

No image
Halypa kompozitoryň 115 ýyllyk ýubileýi

Kitaphanalar

04.05.2026

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň her bir güni toý- baýramlara, şanly senelere beslenýär. Türkmen sungatynda yz galdyran halypalaryň we sungat ussatlarynyň sarpasy has-da belentde tutulýar. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda türkmen kompozitorçylyk mekdebiniň düýbüni tutyjylaryň biri ussat kompozitor Dañatar Öwezowyň doglan güniniň 115 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçirildi. Dabaraly çäre "Kompozisiýa we gurallama" kafedrasynyň müdiri, kompozitor Kerimguly Garowowyň çykyşy bilen başlandy. Ol öz çykyşynda halypa kompozitoryň türkmen saz sungatynyň kemala gelmeginde bitiren işleri, onuň eserleriniň many-mazmuny we çeperçilik aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň berdi. K.Garowowyň täsirli gürrüňleri konserte gatnaşyjylarda kompozitoryň döredijilik dünýäsine bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Konsert Dañatar Öwezowyň dürli žanrlardaky nusgawy eserleri bilen dowam etdi. Türkmenistanyñ Prezidentiniñ yglan eden "Türkmeniñ Altyn asyry" atly bäsleşiginiñ ýeňijileri Arzygül Gylyjowanyň we Maýa Orazberdiýewanyň ýerine ýetiren "Şasenem-Garyp" operasyndan parçalary, Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýewiň we Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýna Seýitkulyýewanyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren dueti, "Aýdym sungaty" hünäriniň 4-nji ýyl talyby Hoşgeldi Hudaýkulyýewiň ýerine ýetiren "Leýli-Mežnun" operasyndan ariýasy, diňleýjiler köpçüligi üçin has-da täsirli boldy. Türkmenistanyñ Prezidentiniñ yglan eden "Türkmeniñ Altyn asyry" atly bäsleşiginiñ ýeňijisi Begenç Gaýypowyň konserwatoriýanyň hory bilen bilelikde ýerine ýetiren "Leýli-Mejnun" operasyndan "Güneşli gün" eseri şeýle-de, "Dutaryň owazy" atly eseri milli sazlarymyzyň kompozitorçylyk döredijiligindäki ähmiýetini ýene bir gezek subut etdi. Dabaraly geçen konserte halypa mugallymlar, talyp ýaşlar bilen birlikde myhman bolup ussat kompozitoryň nesilleriň, gyzlarynyň we agtyklarynyň gatnaşmagy ýatda galyjy pursatlary döretdi. Halypanyň gyzlary Aýna we Aýlar Öwezowalaryň öz kakalarynyň durmuş ýoly we sungata bolan çäksiz söýgüsi barada gürrüň bermekleri bu ýere ýygnananlar üçin iň bir täsirli pursatlary döretdi. Bu çäre türkmen sazynyň düýbüni tutan beýik şahsyýetlerimiziň ýatlanylmagynyň we olaryň mirasynyň ebediliginiñ nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ajaýyp aýdym-sazlar bilen bezelen bu döredijilik konsert diňleýjileriň kalbynda öçmejek yz galdyrdy. Türkmen professional saz sungatynyň düýbüni tutujy Daňatar Öwezowyň miras galdyran eserleri diňe bir geçmişiň gymmatlygy däl, eýsem şu günüň we geljegiň hem egsilmez ruhy hazynasydyr. Saz sungatynyň taryhynda öçmejek yz goýan Daňatar Öwezowyň döredijilik ýoly häzirki günde ýaş nesiller üçin hakyky ussatlyk mekdebi bolup durýar. Dabaraly geçen konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, milli mirasymyzy dikeltmekde hem-de ony geljekki nesillere ýetirmekde uly aladalar edýän hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler we Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler. Göwher AGAGELDIÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň II ýyl talyby

No image
Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady

Kitaphanalar

04.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli Türkmen döwlet maliýe institutynda “Milli miras – bedew batly ösüşleriň binýady” atly göçme kitap sergisini gurnady. Gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan dürli dillerde neşir edilen ajaýyp eserleri, ýazyjy-şahyrlaryň neşir önümleri, şeýle-de bölüme täze gelen edebiýatlardan ýerleşdirildi. Türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde, taryhynda we medeniýetinde türkmen ahalteke bedewiniň tutýan orny iňňän uludyr. Müňýyllyklaryň dowamynda milli buýsanjyň, şöhratyň we ruhuň diri nyşanydyr. 2026-njy ýylyň “Garaşsyz,baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagy bolsa, bu miras baradaky buýsanjyň täze bir belentlige galdyrylandygynyň nyşanydyr. Sergide ýerleşdirilen kitaplar talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Çünki, bu gymmatly kitaplarda, baý taryhymyza, milli mirasymyza degişli gymmatly maglumatlar ýerleşdirilendir. Göçme kitap sergisiniň çäginde “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Ahalteke bedewleri – müňýyllyklaryň mirasy” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw jaýlarynda okap, bilimlerini artdyrmaklary üçin giň ýollary açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.

No image
«Bahar ylhamy» atly aýdym-sazly konsert

Täzelikler

04.05.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän kafedralaryň hepdeligi geçirilýär. Hepdelikde ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, konsertler, bäsleşikler we döredijilik duşuşyklary gurnalýar. “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň çäginde “Bahar ylhamy” atly türkmen kompozitorlarynyň aýdym-saz eserlerinden düzülen konsert geçirildi. Konsertiň başynda I.Güseýinowanyň ýolbaşçylyk edýän “Saz mugallymy” kafedrasynyň hor toparynyň ýerine ýetirmeginde kompozitor K.Garowowyň D.Annamyradowyň sözlerine döreden “Beýik ykbal Pyragy” eseri dabaraly ýaňlandy. Soňra G.Sähetliýewa M.Amanowanyň sazandarlyk etmeginde Türkmenistanyň halk artisti, tanymal kompozitor D.Hydyrowyň G.Daňatarowyň sözlerine döreden “Bagyş et maňa”; “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi A.Gylyjowa J.Ataýewanyň sazandarlyk etmeginde tanymal kompozitor D.Hydyrowyň şahyr G.Şagulyýewanyň sözlerine döreden “Dillerde dessanym, gel”; “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi G.Taýlyýewa J.Reýimowanyň “Ykbal” wokal toplumyndan “Ýagyşly säher”, “Sen gelersiň”, Ý.Aşyrowyň “Men seni ýatlamda” ýaly aýdymlary ýerine ýetirdiler. K.Garowowyň kompozitor N.Halmämmedowa bagyşlap döreden “Taplanyş ýoly” atly skripka, wiolonçel, fortepiano üçin eserini B.Abdyýewa (skripka), S.Rozyýewa (wiolonçel), G.Bäşimowa (fortepiano) ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Konsertde T.Jumaýewanyň sazandarlyk etmeginde, Aşgabat şäheriniň 4-nji çagalar sungat mekdebiniň “Paýtagt” skripkaçylar topary K.Garowowyň “Eziz Türkmenistanym” we “Mähriban siz eneler”, “Joşgun” akapella toparynyň solistleri bolsa K.Jumagulyýewiň “Türkmen bedewi” eserini hyjuwly ýerine ýetirdiler. “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi K.Hudaýberdiýewiň (balaman), Ş.Kamilowyň (fortepiano) ýerine ýetirmeginde tanymal kompozitor S. Tüýliýewiň “Ezizim” eseri ýaňlandy. Şeýle hem S.Tüýliýewiň iň soňky döreden saksofon, skripka, fortepiano üçin “Ogulbeg” eserini K.Hudaýberdiýew (saksofonda), Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi S.Atanyýazow (skripkada), Ş.Kamiljanow (fortepianoda) joşgunly ýerine ýetirdiler. Kompozitor S.Tüýliýew özüniň döreden “Ogulbeg” atly ajaýyp sazynyň 1-nji bölüminde “Ogulbeg” halk aýdymynyň, 2-nji bölüminde özüniň döreden “Pendi nagmalary” toplumynyň “Uzuklaryň girişi”, 3-nji bölüminde bolsa “Nejoldy” sazynyň elementlerini ulanypdyr. Bu saz diňleýjiler tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy. Türkmenistanyň halk artisti D.Hydyrowyň skripka we fortepiano üçin “Ýumoresko” eseri konsertiň jemleýji eseri boldy. Bu eseri G.Meredowa (skripkada), B.Joraýew (fortepianoda) ajaýyp ýerine ýetirdiler. Ussat halypa kompozitorlaryň döredijiliginden düzülen konsertler kompozisiýa, şeýle hem saz sungaty ugrundan bilim alýan talyp ýaşlar üçin has-da peýdalydyr. Bu diňe bir aýdym-sazly konsert bolman, eýsem, ýaş nesilleriň şeýle halypalaryň döredijiliginden ylham almagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Biz ýaş nesillere halypa kompozitorlaryň döredijiligini, olaryň döreden eserlerini öwrenmekde döredilýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin! Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy

Kitaphanalar

04.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşigi tarapyndan “Ýazyjy-şahyrlaryň eserlerinde watançylyk temasy” ady bilen söhbetdeşlik ýazgy edildi. Türkmen edebiýatynda watançylyk temasy aýratyn orun tutup, ol gadymy döwürlerden bäri ýazyjy-şahyrlaryň döredijiliginiň özeni bolup durýar. Bu tema halkyň agzybirligini, topraga bolan söýgüni, gahrymançylygy we parahatçylygy wasp edýär. Magtymguly Pyragy, Kemine, Mollanepes ýaly nusgawy şahyrlar Watany goramagy, halkyň agzybirligini özleriniň goşgularynda baş tema edipdirler. Şeýle eserleriň üsti bilen ýaş nesillerimiz “Watan” sözüniň mukaddesdigine ýene bir ýola göz ýetirýärler. Ata Watanymyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri elmydama rowaç bolsun.

No image
Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly

Täzelikler

04.05.2026

Gahrymanlary ýatlamak däbi hemişe-de türkmen jemgyýetiniň mizemez sütünleriniň biridir. Şolaryň arasynda Beýik Watançylyk urşunyň ýowuz söweşlerine gatnaşanlar aýratyn sarpalanylýar. Häzirki döwürde Ýeňiş güni aýratyn dabara bilen bellenilip, ol nesilleriň özara baglanyşygyny, halkymyzyň parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ynsanperwerlik, döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Şeýlelikde, 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 81 ýyllygy hem-de hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanyp «Beýik gahrymanlarymyzyň edermenlik ýoly» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Her bölümçede mugallymlar, beýleki ýokary okuw mekdeplerinden gatnaşan mugallymlar we talyplar dürli temalar boýunça çykyşlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýlelikde ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşi dabaraly ýagdaýda bellenilýär we häzirki nesilleriň parahat ýaşamaklary üçin, olaryň bagtyýar geljegi ugrunda janyny gurban eden ata-babalarymyzyň öňünde baş egýäris diýip çykyşlarda bellenildi. Maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Beýik Ýeňşimizi şöhlelendirýän döredijilik eserleriniň sergisine mugallymlaryň we talyplaryň gezelenç syýahaty edildi. Asuda, parahat durmuşymyzy wasp edýän eserlerde ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikleri, halkymyzyň agzybirligi, parahatçylyk söýüjiligi we geljege bolan ynamyny alamatlandyrýan döredijilik eserlerine syn edildi. Şeýlelikde, ýaş nesillerimizde gaýduwsyzlygy, edermenligi, ynsanperwerligi terbiýeleýän şanly sene ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenilip geçilýär.

No image
Hyjuwly sazlaryň ýaş kompozitory

Täzelikler

04.05.2026

2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany’’ ýylynyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň hepdeliginiň dowam edýän günlerinde ýaş kompozitor “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň uçurymy Saparmyrat Baýlyýewiň eserlerinden düzülen “Ömrümiň Nury...” atly konsert geçirildi. Konsertiň başynda fortepiano üçin “Prelýudiýa” we “Tema we wariýasiýalar” awtoryň ýerine ýetirmeginde diňlenildi. Soňra “Hyjuw” skripka we fortepiano üçin eseri D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň “Kirişli saz gurallary” bölüminiň I-nji ýyl talyby, “Bagyşlama” we “Sözsüz aýdym” fleýta we fortepiano üçin eseri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I-nji ýyl talyby Hurma Goşjanowa ýerine ýetirdi. “Wals” we “Gözel Diýarym” kanon we fortepiano üçin eserleri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby, “Ýaşlyk joşguny” bäsleşiginiň ýeňijisi Nurana Şöhradowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Konsertde diňe bir instrumental žanrlar däl-de, eýsem wokal žanrynda döredilen eserler hem ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi Begenç Moşiýew “Seni gözläp”, “Ejeme”, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän “Ýaňlan diýarym 2014!” telebäsleşiginiň ýeňijisi Azat Bazarow “Türgeniň söýgüsi”, “Bu gün” ýaly aýdymlary ezberlik bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň has-da tolgundyryjy pursatlarynyň biri “Ömrümiň nury” kamera orkestri üçin eseri D.Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň kamera orkestriniň ýolbaşçysy Perman Miriýewiň dirižýorlyk etmeginde ilkinji gezek ýaňlandy. Konsertiň jemleýji pursatlarynda “Türkmenistan” we “Türkmenistanym” solist we simfoniki orkestri üçin waspnama D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy Mergen Ataýew, Azat Bazarow we D.Öwezow adyndaky TDÝSM-niň hor topary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda “Kompozisiýa we gurallama” kafedrasynyň müdiri Kerimguly Garowow we Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýew öz çykyşlarynda ýaş kompozitora mundan beýläk hem Watanymyzy, sungatymyzy wasp etýan aýdymlaryň has-da köp bolmagyny, ýerine ýetiren talyplara, mugallymlara üstünlik arzuw etdiler. Biz ýaşlara şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýdyldy. Aýna ÇARYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň I ýyl talyby

No image
Gözelleriň paýhasy bar jemlenen, daraklar kakylyp saza hiňlener

Kitaphanalar

04.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Gözelleriň paýhasy bar jemlenen, daraklar kakylyp saza hiňlener” atly göçme kitap sergisini gurnady. Bu göçme sergi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan haly sungaty bilen bagly ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen baýlaşdyryldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asyrlar aşyp gelen gadymy sungatyny, gymmatlyklaryny, şöhratly taryhyny, milli medeni mirasyny öwrenmeklige, olary dünýä ýaýmaklyga uly üns berilýär. Il-günüň kalbyna deňelýän, nepis we owadan halylarymyz medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşýär. Haly türkmen medeniýetiniň iň gymmatly hem kämil mirasydyr. Türkmen halylary ussat gelin-gyzlarymyzyň köp asyrlyk döredijilikli zähmetiniň miwesidir. Gadymy we müdimi haly sungatymyzy dünýä ýaýmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň edýän sahawatly işleri hemişe rowaç alsyn.

No image
Şahyr Mämmet Seýidowyň ömri we döredijiligi hakynda söhbet

Kitaphanalar

04.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda kitaphana işgärleri bilen “Miras” teleýaýlymynyň “Edebiýat dünýäsinden” atly gepleşigi tarapyndan XX asyr türkmen poeziýasynyň ösüşinde möhüm orny eýeleýän şahyr, terjimeçi Mämmet Seýidowyň ömri we döredijiligi hakynda watançylyk, zähmet, ynsanperwerlik temalary bilen baglanyşykly ýazan eserleri dogrusynda giňişleýin söhbet edildi. Şahyryň birnäçe goşgulary labyzly okaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edebiýat äleminde yz goýan ýazyjy-şahyrlaryň sarpasyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun.