logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ýaşlary terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti

Kitaphanalar

06.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde “Ýaşlary terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, täze taryhy eýýamda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýaş nesle halkara derejede bilim-terbiýe bermek boýunça maksatnamalaýyn işleriň giň gerimde durmuşa geçirilýändigi hakynda gürrüň etdiler. Mundan başga-da kitabyň adamlaryň durmuşynda, ylaýta-da ýaşlaryň bilimlerini çuňlaşdyrmaklarynda tutýan ornunyň uludygyny belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

No image
Kitaphana – rowaçlyklara badalga

Kitaphanalar

06.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi tarapyndan “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly gurnakda “Katalogdan hem-de elektron katalogdan erkin gözlemek” atly sapagy geçirildi. “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly gurnaga Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Gurnakda okyjynyň özüni gyzyklandyrýan maglumatlary elipbiý katalogyndan gözlemek üçin kitabyň ýa-da haýsydyr bir eseriň ady boýunça elipbiý tertibinde gözlemek işi geçirildi. Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölüminiň kitaphanaçylary talyp ýaşlar bilen bilelikde geçirilen okuw tejribesinde ýaşlaryň kitaphana işine bolan höwesleriniň ýokary derejede ösmegine uly täsirini ýetirdi. Soňra bolsa gurnaga gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary aýawly saklamakda we ýaş nesle ýetirmekde birnäçe aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Bagtyýar nesilleriň nagmalary

Kitaphanalar

06.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 42-nji çagalar bakja-bagynda “Bagtyýar nesilleriň nagmalary” atly körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş geçirdiler. Bakja–bagyndaky çagalar okap berlen ertekileri ünsli diňläp, özlerinde täsir galdyran gahrymanlary barada gyzyklanma bilen sorag-jogap alyşdylar. Çeper okaýyşda çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana işgärleri ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler, bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgüni has-da artdyrdy. Şeýle-de, çeper okaýyşyň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy. Kitap sergisi ýaş nesliň her birinde kitaba bolan düşünjäni artdyrdy. Kitap okan çaganyň jemgyýetde öz ornuny tapmagy, kämil şahsyýet bolup ýetişmegi üçin ýol-ýörelgedigi hakynda giňden maglumatlar berildi. Bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge uly mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Watan, gahrymanlaryny unutmaýar

Kitaphanalar

06.05.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň “Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary wagyz edýän” bölümi “Watan, gahrymanlaryny unutmaýar” atly kitap sergisini gurady. Bu sergä Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky içerki goşunlarynyň 1002 harby bölüminiň 16-njy atyjylyk rotasynyň esgerleri gatnaşdylar. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan “Döwlet guşy” romanyndan, “Mertler Watany beýgeldýär” eserinden parçalar okaldy.

No image
Döredijilik duşuşygy geçirildi

Kitaphanalar

06.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramaklarynda, halypa şahyrlar Halyl Kulyýewiň doglan gününiň 90 ýyllygy, Çary Ýegenmyradowyň doglan gününiň 60 ýyllygy mynasybetli döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş eden döredijilik işgärleri halypa şahyrlar Halyl Kulyýewiň, Çary Ýegenmyradowyň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu ussat şahyrlaryň kitaplarynyň şu günki döredijilik işgärlerimize gollanma bolup hyzmat edýändigini bellediler. Şeýle hem, söz sungatynyň hiç wagt könelmeýändigini, ýaş nesillerimiziň halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini uly höwes bilen okaýandyklaryny çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar türkmen medeniýetine, sungatyna we edebiýatyna uly hormat goýýan, ýazyjy-şahyrlarymyzy sarpalaýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Bildiriş

Teatr we kino dünýäsi

05.05.2026

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki maý aýynyň 10-na sagat 18:00-da, Sizi sirk tomaşasyny görmäge çagyrýar. Çykyşlarymyzyň dowamynda dürli sirk oýunlary, artistleriň täzeden-täze şowhunly çykyşlary, dünýäniň dürli haýwanlarynyň çykyşlary, esasan hem “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we “Türkmen jigitleri” toparynyň çykyşlary hem-de “Gündogar ýyldyzlary” milli sirk oýunlar toparynyň ýaş zehinleriniň çykyşlary görkeziler. Hormatly Ildeşler Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hoş gördük!!! Biziň sirk.gov.tm resmi sahypasynda petekleri «online» görnüşinde hem alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95; 36-10-34;

No image
Bildiriş

Muzeýler

05.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 6-njy maýynda sagat 10:00-da Ýeňiş güni mynasybetli “Hakyda ýazylan ýatlamalar” atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
Beýik ýeňşiň baýramy

Kitaphanalar

05.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 81 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Beýik ýeňşiň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Watan üçin şirin janyny orta goýan gerçekler barada, şeýle-de tylda zähmet edermenligini görkezen gyz-gelinler, ýetginjekler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de söweş ýyllarynyň hem-de Beýik Ýeňşiň aýdymlary, şol ýyllaryň wakalaryny beýan edýän teatr hem-de kino sahnalary, olarda beýan edilýän türkmen halkynyň Watan söýgüsi, mertligi, edermenligi, gaýduwsyzlygy barada buýsançly gürrüňler edildi. Mekdebiň okuwçylary Beýik Ýeňşe bagyşlanan gysgaça sahna oýunlary, aýdymdyr sazlary, täsirli tanslary, ajaýyp şygyrlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan üçin, il-halk üçin edermenlik görkezen gahrymanlary hormatlaýan, sarpalaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Ýeňişli ýollaryň senasy

Muzeýler

05.05.2026

Dünýä taryhyndaky iň gazaply we gandöküşikli uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş gününden bäri 81 ýyl geçdi. Bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere sebäp bolup, millionlarça adamyň gurban bolmagyna getirdi. Doganlyk halklar gazaply howpuň garşysyna jebisleşip, söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezdiler. Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş umumy gymmatlyk bolup durýar. Türkmen halky hem Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy.Ýeňişden soňra geçen 81 ýylyň dowamynda şol ýyllaryň gahrymançylykly ýatlamalary biziň kalplarymyzda saklanýar, watandaşlarymyzda belent buýsanç duýgusyny artdyrýar. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli “Ýeňişli ýollaryň senasy” atly sergi gurnaldy. Bu sergä Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, ýaşuly nesliniň wekilleri we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar. Muzeý gymmatlyklaryndan gurnalan bu sergide surat eserleri, nakgaş eserleri, zergärçilik sungatyna degişli şaý-sepler sergilenen. Gazaply uruş ýyllarynda tylda tutanýerli zähmet çeken ildeşlerimiziň edermenligi hem hiç wagt ýatdan çykarylmaz. Olar janyny aýaman kärhanalarda, ekin meýdanlarynda zähmet çekip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler we ýygnadylar. Gahryman Arkadagymyzyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow ýetginjekkä, 1944-nji ýylda “Köp ekeliň dänäni!” atly goşgusyny ýazypdyr. Bu täsirli setirlerde hakyky watançylyk, Ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmak üçin tagallalar öz beýanyny tapýar. Ähli halk işine türkmen zenanlary-da uly goşant goşdular. Olar urşa giden gerçekleriň ýerine halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tutanýerlilik bilen zähmet çekdiler. Goranmak gaznasyna 7400 kilograma golaý altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrdylar. Türkmenistanyň ýaşaýjylary uçar we tank öndürmek üçin 243 million rubl we 7,392 kg kümüş we altyn ýygnadylar. Gyzyl Goşunyň esgerleri üçin sowgatly 202 otly fronta iberildi. 2 million ýyly eşik we 20,386 tonna galyndy metal iberildi. Biz edermenlik üçin türkmenistanlylaryň 104-siniň “Sowet Soýuzynyň Gahrymany” diýen belent ada mynasyp bolandygyna, 19 frontçynyň bolsa “Şöhrat” ordeniniň doly eýeleri bolandygyna çäksiz buýsanýarys. Ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň orden-medallar bilen sylaglanyldy. Olaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Häzirki wagtda Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly ýurdumyzyň ýaşlary üçin watançylygyň, belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär. Ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew fronta meýletinlik bilen gidip, uruşdan agyr ýaralanyp geldi hem-de mugallymçylyk işini dowam etdi. Ol SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Permany esasynda “Hormat nyşany” ordeni bilen sylaglanyldy. 2018-nji ýylyň iýunynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — “Edermenligi üçin” diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Berdimuhamet Annaýewiň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy aýratyn buýsançly ýagdaýdyr. Gahryman esgeriň durmuş ýoly Watanymyza we halkymyza gulluk etmegiň ajaýyp nusgasydyr.

No image
Kitap iň ýakyn dostuň seniň

Kitaphanalar

05.05.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda “Kitap iň ýakyn dostuň seniň” atly çeper okaýyş geçirdi. Çeper okaýyşa gatnaşan höwesjeň okuwçylar öz söýgüli çagalar ýazyjylarynyň ýazan ençeme goşgularyny labyzly okap berdiler. Özara sorag-jogap alyşdylar. Ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan aýdyp berdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergi hem höwesjeň çagalarda uly täsir galdyrdy. Çeper okaýyşyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.