logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ekologiýa abadançylygy- adamzadyň bagtyýarlygy

Muzeýler

10.06.2026

Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda her ýylyň 5-nji iýunynda giň gerimli ylmy-amaly maslahatlar we ekologik çäreler geçirilýär. Bu forumlaryň esasy maksady tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, topragy we suw serişdelerini goramak hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ýaly milli strategiýalaryň wagyz edilmegine gönükdirilendir. Tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hasaplanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda» we beýleki degişli kanunlar durmuşa geçirilýär. Milli Lideriň we Prezidentiň başlangyçlary bilen «Daşky gurşawy goramak» boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu gün Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni mynasybetli "Ekologiýa abadançylygy- adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat geçirildi. Bu maslahata Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we mugallymlary gatnaşdylar we olar ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hem halkara ekologik talaplaryna laýyk gelýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabatda, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde we welaýatlarymyzda gurlup ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalardyr desgalary, döwrebap seýilgähleri görkezmek bolar. Bu asylly işler daşky gurşawy goramak, ekologiýany abadanlaşdyrmak işleriniň döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen ekologik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
2026-njy ýylyň 12-14-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Teatr we kino dünýäsi

10.06.2026

#### Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ##### * 13.06.2026ý. «Sen söýseň meni» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Syrly sandyk» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ##### * 13.06.2026ý. «Medeniýet we sungat işgärleriniň güni mynasybetli hem-de Magtymguly Pyragy – halkymyzyň şam çyragy» atly baýramçylyk konserti 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Sawçy hem sallahlar» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ##### * 13.06.2026ý. «Magnitafon» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Oýun bir maza iki» atly sahna oýny 19:00 #### A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ##### * 12.06.2026ý. «Arşyn mal alan» atly sahna oýny 19:00 ##### * 13.06.2026ý. «Hudaýberdiniň başdan geçirenleri» atly sahna oýny 12:00 ##### * 13.06.2026ý. «Ýelden ýyndam» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Alladin we jadyly çyra» atly sahna oýny 11:00 ##### * 14.06.2026ý. «Alladin we jadyly çyra» atly sahna oýny 13:00 ##### * 14.06.2026ý. «Hindi söýgüsi» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry ##### * 13.06.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Süýji durmuşyň gapysy» atly sahna oýny 19:00 #### Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ##### * 13.06.2026ý. «Gumly gelin» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Zor aýakdan tebip bolan» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmen döwlet gurjak teatry ##### * 13.06.2026ý. «Maşa we aýy» atly sahna oýny 17:00 ##### * 13.06.2026ý. «Çagaly öý bazar» atly sahna oýny 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Balykçy we balyjak» atly sahna oýny 12:00 ##### * 14.06.2026ý. «Balykçy we balyjak» atly sahna oýny 17:00 ##### * 14.06.2026ý. «Arşyn mal alan» atly sahna oýny 19:00 #### Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry ##### * 13.06.2026ý. «Daş myhman» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Bir günüň aladasy» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 13.06.2026ý. «Synag» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Seýis» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 13.06.2026ý. «Çyn aşyk» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «At-myrat» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry ##### * 13.06.2026ý. «Dowamat» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 14.06.2026ý. «Körpe gelin» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
Döwletmämmet Azadynyň we Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat

Kitaphanalar

10.06.2026

2026-njy ýylyň 6-njy iýunynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri mynasybetli “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Döwletmämmet Azadynyň we XIX asyr Azerbaýjan şahyry we akyldary Seýid Azim Şirwanynyň döredijiligine bagyşlanan” ylmy maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Kitaplar-giň dünýäniň gapysy” atly dostluk sergisi gurnaldy. Bu sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri hem-de Döwletmämmet Azadynyň, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem döwürdeşleriniň gymmatly eserleri, Azerbaýjan Respublikasynyň sungatyny, medeniýetini we edebiýatyny tanyşdyrýan neşirleriň hem birnäçesi ýerleşdirildi. Halkara hyzmatdaşlygy we dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň kitaphanalarynda, bilim ojaklarynda, edaralarynda, edebi döredijilik çäreleri ýurdumyzda parahatçylygy, goňşuçylyk gatnaşyklaryny we medeni mirasymyzy wagyz etmäge gönükdirilendir. Berkarar Diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

No image
Garaşsyzlyk-türkmeniň mukaddes ýoly

Kitaphanalar

10.06.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynda bu medeni ojagyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda “Garaşsyzlyk-türkmeniň mukaddes ýoly” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Garaşsyzlyk baýramy özygtyýarly türkmen döwletiniň dörändigini, pederlerimiziň erkinlik, garaşsyz Watan, mähriban topragymyzyň gülläp ösmegi, öz ýurduň hakyky eýesi bolmak, parahatçylyk we asuda durmuş hakynda edilen arzuwlaryň amala aşandygyny, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny alamatlandyrýandyklary barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar giňişleýin kitap sergisine syn etdiler. Bitaraplyk ýörelgesini baýdak edinip, Garaşsyzlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Merdana halkyna işlemäne,ýaşamana ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kitap – ynsan kalbynyň genji-hazynasy

Kitaphanalar

09.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy “Kitap – ynsan kalbynyň genji-hazynasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler kitaphana işi ýurdumyzyň bilim, medeniýet we jemgyýetçilik ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup, häzirki wagtda ýurdumyzda kitaphanalaryň we kitaphana işiniň ilerlemeginde, bu ulgamyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ilata ýetirilýän hyzmatlary kämilleşdirmek, şol sanda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphanalar taryhy we medeni gymmatlyklara, häzirki döwürde dürli ugurlarda durmuşa geçirilýän özgertmelere degişli maglumatlary özünde jemleýändigi barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
MOSKWADA ÝAŇLANAN DOSTLUK OWAZLARY

Halkara gatnaşyklary

09.06.2026

#### Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri Iýun aýynyň ilkinji günlerinde Moskwada ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň, şol sanda meşhur artistleriň, opera ýerine ýetirijileriň, estrada aýdymçylarynyň, meşhur saz we tans toparlarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri ähmiýeti uly wakalara, täsirli pursatlara baý boldy. Ol «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň halkara derejede hem many-mazmun taýdan baýlaşýandygyny alamatlandyrdy. Iki halkyň arasyndaky dostluk köprülerini has-da berkiden medeni çäreler türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlarda, şol sanda medeni-ynsanperwer ulgamlarda-da üstünlikli ösdürilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Medeniýet günleriniň 4-nji iýunda Moskwanyň «Rus aýdymy» döwlet akademiki teatrynda geçirilen açylyş dabarasy şatlyk-şowhunly pursatlara beslendi. Onda çykyş edenler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Şunda şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegine döwlet derejesinde goldaw berilýändigi üçin iki ýurduň ýolbaşçylaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi. Açylyş dabarasynyň başynda «Türkmen ilinden salam» atly edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. «Gel Türkmenistana!», «Parahatçylyk sazy», «Mirasyň dürdäneleri», «Çapyksuwaryň aýdymy», «Dutaryň owazy», «Toý bu gün» ýaly hoş owazly mukamlar russiýaly tomaşaçylarda bedew batly ösüşlere beslenýän güneşli Türkmenistana gaýybana syýahat eden ýaly duýgy döretdi. Türkmenistanyň Döwlet tans toparynyň çykyşlary, şol sanda «Küştdepdi» tansynyň şowhunly ýerine ýetirilmegi medeni çärä aýratyn öwüşgin berdi. Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde ýerine ýetirilen milli aýdym-sazlarymyz, şeýle-de ýurdumyzyň ussat artistleriniň rus dilindäki çykyşlary tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, iki ýurduň işewür düzümleriniň wekilleriniň, dostlukly döwletiň medeni edaralarynyň jogapkär işgärleriniň, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ylym, sungat adamlarynyň, žurnalistleriň, talyplaryň we ýurduň sebitlerindäki türkmen diasporalarynyň wekilleriniň hormatly myhman hökmünde gatnaşmaklary çäräniň ähmiýetini artdyryp, derejesini has-da belende göterdi. Konsertiň dowamynda agzybirligi, milli gymmatlyklary wasp edýän aýdym-sazlaryň belentden ýaňlanmagy türkmen hem-de rus halklarynyň dostlukly gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Zehinli artistlerimiz, sungat ussatlarymyz sazyň, aýdymyň we tansyň bitewi sazlaşygy arkaly russiýaly tomaşaçylaryň türkmen halkynyň milli döredijilik ruhy, ýürek joşguny we hoşniýetli däpleri bilen has ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döretdiler. Moskwada medeni forumyň çäklerinde guralan sergi köp adamly boldy. Onda ýurdumyzyň häzirki zaman ösüşi, däp-dessurlary şöhlelendirilip, türkmen halkynyň milli bezeg şaý-sepleri, muzeý gymmatlyklary, amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleri görkezildi. Munuň özi dostlukly ýurtda geçirilen Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň köptaraply häsiýete eýedigini görkezdi. Forumyň esasy çäreleriniň biri bolan sergide görkezilen gymmatlyklar oňa gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Aýratyn-da, çeper bezegli milli zenan lybaslary, türkmen şaý-sepleri, el keşdeleriniň we haly önümleriniň nusgalary sergä gelen myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Russiýanyň paýtagtynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň rektorlarynyň, iki ýurduň bu ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň duşuşygy hem geçirildi. Onuň dowamynda medeniýet we sungat ugry boýunça özara tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerine garalyp, gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça ösdürmegiň meseleleri babatda pikir alyşmalar boldy. Şunda özara tejribe alyşmak bilen bir hatarda, bilelikdäki konsertleri guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy ähmiýetli wakalar we medeni çäreler bilen utgaşdy. Moskwanyň M.I.Rudomino adyndaky daşary ýurt edebiýaty Bütinrussiýa döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda kitaphana ulgamynda özara tejribe alyşmagyň we gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy. Ýeri gelende aýtsak, dünýä belli akyldarlaryň we edebiýatçylaryň ençemesiniň jemlenip, döwre gurap oturan künjegini ýada salýan bu kitaphananyň öňündäki meýdançada 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň heýkeli hem mynasyp orun alypdy. Forumyň ýapylyş dabarasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Belent ruha beslenen aýdym-sazlaryň, joşgunly tanslaryň degişli wideoşekiller bilen utgaşmagy has-da täsirli boldy. Milli Liderimiziň sözlerine döredilen «Ak güllerim saňa» atly ajaýyp aýdym bolsa konserte gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary ýurdumyzyň aýdymçy-sazandalarynyň ussatlyk derejesine berlen ýokary baha hökmünde kabul edildi. — Bu günki gün Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Medeniýet günleri, çeperçilik sergileri, konsertler hem-de döredijilik duşuşyklary dowamly geçirilýär. Iki ýurduň bilim edaralarynyň, muzeýleriniň, kitaphanalarynyň we ylmy merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň gerimi giňeldilýär. Şunda aýdym-saz sungaty bilen bagly gatnaşyklaryň hem barha ýygjamlaşýandygyny bellemek gerek. Türkmen we rus kompozitorlarynyň eserleri konsertlerde ýokary baha mynasyp bolýar. Olaryň bilelikde döreden sazlary bolsa biziň ýurtlarymyzyň medeni gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna ýardam edýär. Russiýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejä eýediginiň, medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň aýdyň güwäsidir. Bu medeni forum russiýalylara türkmen halkynyň baý taryhy mirasy, özboluşly däp-dessurlary, milli sungaty, şol sanda saz eserleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýene bir ýola giň mümkinçilikleri döretdi. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen medeniýeti köptaraplylygy we özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Ony hemmetaraplaýyn açyp görkezmek maksady bilen, Medeniýet günleriniň çäklerinde Russiýada geçirilen konsertiň meýilnamasyna halk döredijiliginiň eserlerini, milli saz sungatymyzyň nusgalaryny, nusgawy we estrada sazlarymyzy girizdik. Şeýle çäreler dostlukly hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni gatnaşyklary has-da berkitmäge hem-de giňeltmäge mümkinçilik berýär - diýip, türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk eden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Resul Amangeldiýew aýdýar. Mahlasy, baýramçylyk ruhunda geçen Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleri iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Onuň çäklerindäki köpöwüşginli çärelere gatnaşan watandaşlarymyz, şol sanda ýurdumyzyň sungat ussatlary türkmen medeniýetini we sungatyny dünýäde dabaralandyrmak ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi hem-de bu babatda şeýle giň mümkinçilikleriň döredilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarlar. ## Orazmyrat MYRADOW, žurnalist.

No image
Waspyň dillerimizde sena Aşgabat

Kitaphanalar

09.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Aşgabat” seýilgähinde “Waspyň dillerimizde sena Aşgabat” atly söhbetdeşlik geçirdi. Seýilbaglar, meýdançalar we seýilgähler türkmen paýtagtynyň özboluşly keşbini emele getirýär. Oňa ýaşyl öwüşgün berýär we açyk landşaftlary janlandyrýar. Şeýle ýaşyl infrastruktranyň bolmagy türkmen paýtagtyndaky haýsy seýilgähe baranyňda hem aýdyň görünýär. Şäherde mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, ýokary amatlyklary bolan ýaşaşyş jaýlarynyň sport hem-de durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň gurluşygy işjeň dowam edýär. Paýtagtymyzyň häzirkizaman keşbiniň kemala gelmeginde ýerleriň abadançylygyna we bag ekilişine aýratyn üns berilýär. Ine söhbetdeşligiň dowamynda şular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda gözel paýtagtymyzy ylalaşdyryjy merkez hökmünde at-abraýyny has-da artdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

No image
Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy

Kitaphanalar

09.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Milli mirasymyzda Magtymguly Pyragynyň waspy”- atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligine bagyşlanan kitaplara uly orun berildi. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Magtymguly–dünýäniň akyldary” atly kitabynda Magtymguly Pyraga uly baha berilýär: “Magtymguly bir ummandyr, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmersiň. Magtymguly bir asmandyr, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmersiň” diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär. Bu sergi akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden açyp görkezmekde hem ähmiýetlidir. Dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
Kalplary ýakynlaşdyran medeni baýramçylyk

Halkara gatnaşyklary

08.06.2026

5-7-nji iýuny aralygynda ýurdumyzda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri iki doganlyk halky birek-birege has-da ýakynlaşdyrmakda möhüm ädime öwrüldi. Bu medeni baýramçylygyň çäginde Aşgabatda hem-de Arkadag şäherinde geçirilen çäreler ruhy gymmatlyklaryň hem-de edebi mirasyň dabaralanmasyna öwrüldi. 6-njy iýunda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda halkymyzyň beýik akyldary Döwletmämmet Azadynyň hem-de XIX asyr Azerbaýjan edebiýatynyň görnükli wekili Seýit Azim Şirwanynyň döredijilik mirasyna bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahat ylmyň we edebiýatyň edebi dostluk köprüsiniň has-da berkeýändigini aýan etdi. Myhmanlar türkmen myhmansöýerligine gör-ä, duz-çörekli garşylandy. Medeniýet, sungat işgärleriniň joşgunly çykyşlary hakyky baýramçylyk şowhunyny döretdi. Dabara gatnaşyjylar kitaphananyň eýwanynda guralan «Kitaplar — giň dünýäniň gapysy» atly bilelikdäki kitap sergisi, medeni gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Sergide gadymy neşirler, sungat eserleri, milli saz gurallary, nepis halylar, amaly-haşam sungaty eserleriniň seýrek nusgalary görkezildi. Kitaphananyň mejlisler zalynda geçirilen ylmy maslahatyň dowamynda iki doganlyk ýurduň medeniýet we ylym edaralarynyň wekilleri, edebiýatçy alymlar, ýazyjylar, kitaphanaçylar çykyş etdiler. Çykyş edenler Döwletmämmet Azadynyň ynsanperwerlik pelsepesi we Seýit Azim Şirwanynyň aň-bilim, terbiýeçilik garaýyşlary nesiller üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy mekdepdir. Alymlar Azadynyň meşhur «Wagzy-azat» eserindäki ahlak kadalarynyň, kämil döwlet dolandyryşy hem-de jemgyýetçilik adalatlylygy baradaky nesihatlarynyň Şirwanynyň şahyrana dünýäsindäki pedagogik garaýyşlar bilen ajaýyp sazlaşygy döredýändigini nygtadylar. Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde dowam eden «Azerbaýjan — obýektiwden taryha tarap» atly fotosergi dostlukly ýurduň baý geçmişini, medeniýetini aýdyň açyp görkezdi. Onda azerbaýjan fotosuratçylarynyň döredijilik dünýäsine uly orun berildi. Gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döreden fotosergi doganlyk halkyň medeniýeti bilen ýakyndan tanyşdyrdy. Azerbaýjanyň Medeniýet günleriniň çäreleriniň Arkadag şäherinde hem geçirilmegi, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde azerbaýjan mukamlarynyň ýaňlanmagy mizemez dost-doganlygyň aýdyň nyşany bolup, dostluk owazlary belentden ýaňlandy Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde geçirilen Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti joşgunly owazlara beslendi. Iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň, köp sanly tomaşaçylaryň gatnaşmagynda geçirilen bu dabarada ýerine ýetirilen aýdymlar dostlugyň ebedilik mukamlary bolup ýaňlandy. Dabaranyň başynda «Başym gurban bolsun Arkadagyma, başym gurban Arkadagly Serdara!» atly watançylyk aýdymyny Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowa we «Dokmaçylar » folklor tans topary belent joşgun, uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti Suhanberdi Orazberdiýewiň aýtmagynda meşhur «Mukamyň syry» kinofilminden «Döwranyň aýdymy», Türkmenistanyň halk artisti Guwanç Ýazmämmedowyň «Meleguş» atly aýdymy tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Şeýle hem, Maýa Orazberdiýewanyň we «Meňli» tans toparynyň ýerine ýetiren «Ýürekdäki owazlarym» atly çykyşy, «Galkynyş» tans toparynyň ýerine ýetiren «Nergiz» tansy bu dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Sözleri we sazy Gahryman Arkadagymyza degişli bolan «Leýlisaç barada rowaýat» aýdymyny bolsa, Türkmenistanyň Gahrymany Jemal Saparowa hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowa bilelikde ýerine ýetirip, iki halkyň aýdym-saz sungatynyň, şirin mukamlarynyň bitewüligini hem-de ýakynlygyny görkezdiler. Azerbaýjanyň Döwlet tans toparynyň ajaýyp sazlaşykly çykyşlary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Topar giň maksatnamaly bu medeni forumda azerbaýjanyň milli medeniýetini, gadymy däp-dessurlaryny özünde jemleýän tanslary ýerine ýetirdiler. Ussatlyk hem ezberlik bilen ýerine ýetirilen çykyşlary tomaşaçylar gyzgyn garşyladylar. Konsertiň ahyrynda Gülýanak Mamedowanyň we Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewiň bilelikde ýerine ýetiren «Doganlyk aýdymy, dostluk mukamy» atly aýdymy dabaranyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Azerbaýjanyň Medeniýet günleri düýn gözel paýtagtymyzda dowam etdi. Ir bilen «Aşgabat» kinoteatrynda azerbaýjan çeper filmleriniň görkezilişi boldy. Kino muşdaklaryna «Arşyn mal alan», «Ene toprak» çeper filmleri görkezildi. Şeýle hem düýn myhmanlar Aşgabadyň medeni we taryhy merkezlerine gezelenç etdiler. Ilki bilen, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde bolup, halkymyzyň şöhratly geçmişi, medeni gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Soňra myhmanlar Türkmen halysynyň milli muzeýine aýlandylar. Olar bu ýerde dünýä meşhur türkmen halylarynyň taryhy, olaryň gölleriniň many-mazmuny hem-de nepis dokalan haly önümlerini synladylar. Bu gymmatlyklar myhmanlara ýatdan çykmajak täsirleri bagyşlady. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hem-de azerbaýjan şahyry Molla Panah Wagifiň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen ylmy maslahat edebi gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Myhmanlar kitaphananyň girelgesinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuňňur mazmunly eserlerine, neşir önümlerine bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar. Döwlet kitaphanasyna azerbaýjan edebiýatyny, taryhyny, medeniýetini giňişleýin açyp görkezýän gymmatly neşirler sowgat berildi. Döwlet kitaphanasynyň adyndan bolsa Azerbaýjandan gelen hormatly myhmanlara Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary sowgat berildi. Bu ýerde geçirilen ylmy maslahatda Magtymguly Pyragynyň we Molla Panah Wagifiň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň taryhyndaky orny, olaryň ynsanperwerlik hem-de gözellik garaýyşlary barada pikir alşyldy. Maslahatyň dowamynda azerbaýjanly Hüseýinaga Aslanowyň labyzly okamagynda Magtymguly Pyragynyň hem-de Molla Panah Wagifiň goşgulary diňlenildi. Düýn agşam Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen şowhunly konsert bilen jemlendi. Doganlyk ýurtdan gelen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlarynda azerbaýjanlylaryň halk we häzirki zaman sungatynyň baýlygy, özboluşlylygy hem-de köpöwüşginliligi, täze döwrüň ýörelgeleri bilen sazlaşykda däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy. Myhmanlar bu ajaýyp medeniýet baýramçylygynyň sungatyň birleşdiriji, döredijilikli güýjüni aýdyň şöhlelendirendigini belläp, çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegi babatda döredilen giň mümkinçilikler üçin iki ýurduň Baştutanlaryna hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

No image
Akyldar şahyrlar Magtymguly Pyragynyň hem-de Molla Panah Wagifiň döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahat

Kitaphanalar

08.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, goňşy Azerbaýjan Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşyklary täze derejä çykarylýar. Ýurdumyzda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi tarapyndan 150 sany sowgatlyk kitaplaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Azerbaýjan döwletiniň taryhyny, medeniýetini we sungatyny açyp görkezýän kitaplar, şeýle hem ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri, kitaphana gaznasyny has-da baýlaşdyrar we iki döwletiň ruhy baýlygyny, medeni mirasyny içgin öwrenmeklige, ony halk köpçüligine giňden ýetirmeklige uly mümkinçilikleri döreder. Kitap gowşurylyş dabarasyndan soňra geçirilen “Türkmen halkynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň hem-de Azerbaýjan şahyry we akyldary Molla Panah Wagifiň” döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahata Azerbaýjan döwletinden gelen ýazyjylaryň, medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de ýurdumyzyň görnükli alymlarynyň, ýazyjy-şahyrlarynyň, kitaphanaçylaryň gatnaşmaklary iki halkyň edebiýatyny, görnükli şahyrlaryny çuňňur öwrenmeklige uly itergi berdi. Maslahatda türkmen halkynyň şahyry Magtymguly Pyragynyň we Azerbaýjan şahyry Molla Panah Wagifiň ömri döredijiligi hakynda ikitaraplaýyn giňişleýin söhbet edildi. Şahyrlaryň goşgularyndan labyzly okap berdiler. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar dost-doganlyk köprüsini berkitmekde, dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda alyp barýan beýik işleri üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.