logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Ylym paýhas çyragy

Kitaphanalar

08.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda her ýyl ýurdumyzda bellenilýän 12-nji iýun Ylymlar güni mynasybetli “Ylym paýhas çyragy” atly söhbetdeşligi geçirdi. Islendik döwletiň ösüşi we kuwwaty onuň medeni-ykdysady ösüşi, oýlap tapyjylygyň, ylmyň ösmegi bilen kesgitlenilýär. Kitaphanalar medeniýet ojagy bolmak bilen çäklenmän, olar ylmy-habar beriş merkezi, ýagny halkyň diňe bir ruhy, medeni we taryhy mirasyny däl, eýsem bütindünýä ylmyna degişli edebiýatlary toplamakda, saklamakda we olary okyjylara ýetirmekde uly işleri alyp barýar. Türkmenistanda ylym we kitaphana ulgamy bütewi elektron ulgama geçip, maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýan gymmatly bilim hazynasy hökmünde ösdürilýär. Bu ugurda döwlet maksatnamalary kabul edilýär we işjeň ornaşdyrylýar. Ine şular dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ylmyň, innowasiýalaryň soňky gazananlary esasynda kitaphanalaryň işiniň döwrebap ösmegine uly üns berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Tebigat biziň öýümiz

Kitaphanalar

06.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Gökderäniň “Demirýolçy” çagalar sagaldyş merkezinde, tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän ýaş nesilleriň arasynda “Tebigat biziň öýümiz” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Türkmenistanyň tebigaty – baý we özboluşly. Häzirki wagtda ýurduň çäginde biodürlüligiň, esasan hem, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň sanyny dikeltmek boýunça işleri amala aşyrýan döwlet tebigy goraghanalary bar. Türkmenistan döwleti BMG-niň daşky gurşawy goramak, ekologiýa meseleleri boýunça dünýä möçberindäki kepilnamalary bolup durýan tebigaty goramak baradaky konwensiýalara ilkinjileriň biri bolup goşuldy. Ine, şular dogrusynda kitaphana hünärmenleri körpeje kitapsöýüjilere täsirli gürrüňleri berdiler. Duşuşygyň ahyrynda salkyn saýaly jülgelerde dynç alyşyny sapaly geçirýän ýaş nesiller Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary edýän etdiler.

No image
Seul halkara syýahatçylyk sergisi

Syýahatçylyk

06.06.2026

2026-njy ýylyň 4-7-nji iýuny aralygynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde COEX atly Sergi merkezinde, Seul halkara syýahatçylyk sergisi geçirilýär. Bu Aziýa sebitinde uly halkara syýahatçylyk sergisi dünýäniň ençeme ýurtlaryndan syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalary, awiakompaniýalary, işewür we saglyk syýahatçylygy boýunça hünärmenleri giň meýdançada jemledi. Serginiň esasy mowzuklary halkara we içerki syýahatçylyk, lukmançylyk we saglyk syýahatçylygy, ekosyýahatçylyk we syýahatçylykda innowasiuýalar, tehnologiýalar bolup durýar. Ýurdumyzyň syýahatçylyk kärhanalary bolan «Eşretli syýahat», «Gadymy mirasa syýahat» hem-de başga-da birnäçe syýahatçylyk kärhanalary, bu iri syýahatçylyk sergisine öz mahabat önümleri bilen gatnaşyp, ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini sergä gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlara mahabatlandyrýarlar.

No image
«Azerbaýjan medeniýetiniň dürdäneleri» ýurdumyzda Azerbaýjan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär

Halkara gatnaşyklary

06.06.2026

5-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda üstünlikli ösdürilmegine uly üns berýändikleri üçin iki ýurduň Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Geçen ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş saparyna aýratyn üns çekildi. Şonda Gahryman Arkadagymyz Medeniýet günlerini, teatr çykyşlaryny, dürli sergileri, kino günlerini geçirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigini belläp, ýurtlarymyzyň bu ugurda gazanan tejribesini dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Şu gezekki Medeniýet günleri hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň medeniýet ulgamynda alnyp barylýan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyna aýdyň subutnamadyr. Çykyşlarda Milli Liderimiziň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran şol saparynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan Fizuli şäherinde azerbaýjan halkyna sowgat hökmünde gurulýan metjidiň düýbüniň tutulyş dabarasynyň bolandygy we häzirki wagtda onuň gurluşyk işleriniň depginli alnyp barylýandygy nygtaldy. Munuň üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi. Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi. «Dostluk kompozisiýasy» atly çykyş iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň çeper beýany boldy. Tomaşaçylar Fikret Amirow adyndaky Azerbaýjanyň Döwlet milli saz gurallary orkestriniň, Gara Garaýew adyndaky Döwlet kamera orkestriniň çykyşyny, ýurduň Döwlet tans toparynyň deprekçileriniň tansyny, halk artistleriň hem-de beýleki aýdymçylaryň we döredijilik toparlarynyň çykyşlaryny uly şowhun bilen garşyladylar. «Galkynyş» toparynyň «Küştdepdi» tansy azerbaýjanly sungat ussadynyň çykyşy bilen ajaýyp sazlaşygy döredip, konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. Konsertiň dowamynda sazandalar, aýdymçylar we tansçylar sazyň, aýdymyň hem-de tansyň umumylygy arkaly tomaşaçylara milli medeniýetleriň meňzeşligini, özboluşlylygyny hem-de dürdänelerini açyp görkezdiler. Çykyşlar tomaşaçylarda ýakymly duýgulary döretdi. Şeýle ajaýyp pursatlar Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we sazyna döredilen «Leýlisaç barada rowaýat» atly aýdym ýerine ýetirilende has-da aýdyň ýüze çykdy. Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Gülýanak Mamedowanyň hem-de ýurdumyzyň «Näzli» tans toparynyň tansçy gyzlarynyň ýerine ýetiren bu çykyşyny tomaşaçylar şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/halkara-azer.jpg) Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär. Gözel paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda Azerbaýjanyň çeper filmleriniň görkezilişi hem boldy.

No image
«Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly sergisi

Muzeýler

06.06.2026

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Azerbaýjanyň milli mirasynyň merjeni» atly serginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide Azerbaýjanyň Milli haly muzeýiniň ýygyndysyndan çitme hem-de kakma usulynda ýerine ýetirilen dokma önümleri, metaldan ýasalan bezeg önümleri, keşdeler, başgaplar, dürli görnüşli nagyşlaryň nusgalary görkezilýär. Sergide halylar bilen birlikde gündelik durmuşda giňden ulanylýan horjun we çuwal ýaly önümler hem görkezilýär. Bu eserleriň bezegine öwrülen nagyşlar many-mazmuny we reňk taýdan baýlygy bilen tapawutlanýar. Misden kakma we oýma usuly bilen ýerine ýetirilen gaplary, hammam sandyklary, serpuş, satyl ýaly metal önümleri pähim-paýhasly sözler, kalligrafik ýazgylar bilen bezelipdir. Şeýle-de bu ýerde azerbaýjan milli egin-eşikleriniň tanyşdyryş dabarasy hem boldy. Azerbaýjan milli egin-eşikleriniň döwrebap nusgalarynda taýýarlanan görnüşleri tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

No image
Sagdyn durmuş – ynsan bezegidir

Kitaphanalar

05.06.2026

Parahat ýurdumyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri, köpçülikleýin sport çäreleri, söhbetdeşlikler giňden gurnalýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi hem “Bütindünýä welosiped güni” mynasybetli “Sagdyn durmuş–ynsan bezegidir” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamynda hem ägirt uly işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýänligi, ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini ösdürmek, köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni has-da rowaçlandyrmak boýunça asylly işler durmuşa geçirilýändigi hakynda nygtadylar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe- sagaldyş hereketini ösdürmek, sagdyn bedenli ýaş nesilleri taýýarlamak bilen baglanşykly işler amala aşyrylýar diýip, çykyş edenler uly buýsanç bilen söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
«Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly ylmy maslahaty

Täzelikler

05.06.2026

2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda «Garaşsyz Türkmenistanyň milli mirasyny çuňlaşdyryp öwrenmekligiň ylmy ähmiýeti» atly mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat çeperçilik akademiýasynyň dört bölümçesinde dowam etdi. Maslahatda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy H.Gurbannazarowyň «Ylymlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy A.Hajyýewanyň «Reňk atlarynyň grammatik klassifisirlenmegi», Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy M.Beknazarowanyň «Ylym – ösüşleriň hereketlendiriji güýji», Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallym-öwrenijisi Ç.Gylyjowanyň «Türkmenistanyň ykdysady ösüşinde innowasion tehnologiýalaryň orny» ýaly çykyşlar ýerine ýetirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim we zehin babatda kämilleşmegi, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler ýaşlaryň zehinini kämilleşdirmäge, ukyp-başarnyklaryny doly derejede açmaga ýardam edýär. Maslahata gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylmyň gazananlarynyň durmuşyň ähli ugurlaryna ornaşdyrylmagyna giň mümkinçilik döredýändigi barada çykyşlarda bellenildi.

No image
Daşky gurşawyň goraglylygy- abadan ýaşaýşyň kepili

Muzeýler

05.06.2026

Tebigatda Watanymyzyň keşbi bar. Tebigaty söýmegiň Watany söýmegi aňladýandygy bolsa biziň her birimize mälimdir. Adamyň amala aşyrýan işleriniň tebigata edýän täsiri hem ylmy tarapdan öwrenilmegini talap edýär. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr. Tebigat biziň ýaşaýşymyzyň, ruhubelentligimiziň çeşmesidir, ömrümiziň kepilidir, rahatlygydyr. Adamzadyň tebigy baýlyklardan barha köp möçberde peýdalanmagy tebigatyň deňagramlylygyna öz täsirini ýetirýär. Munuň özi ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge düýpli çemeleşmegi, bu babatda täzeçe çözgütleri kabul etmegi we olary durmuşa geçirmegi talap edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetligi hökmünde ykrar edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni ekologiýa senenamasynda iň esasy baýram hasap edilipdir, bu baýram dünýäniň birnäçe ýurdunda bellenilýär. Biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Karary bilen 2008-nji ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni milli baýram diýlip yglan edildi. Ýurdumyzda tebigaty goramak we onuň bilen baglanyşykly kanunçylyk tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýörelgelerine esaslanýar. “Tebigaty goramak hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda”, “Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda” we birnäçe suw, ýer, tokaý hakyndaky kanunlary mysal getirmek bolar. Türkmenistanda tebigaty goramak baradaky döwlet syýasaty jemgyýetiň ekologik bähbitleriniň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir, şunda hojalyk işiniň we beýleki işleriň ösdürilmegi tebigata, onuň baýlygyna aýawly goramak, tebigy resurslary rejeli peýdalanmak bilen, adamyň sagdyn we ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşaw baradaky hukuklarynyň goralmagyny kepillendirýär. Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ,,Ekologiýa abadançylygy-adamzadyň bagtyýarlygy” atly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy, umumyadamzat ähmiýetli wezipelerdigi, bagy-bossan diýarymyzda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan daşky gurşawyň abadançylygyny goramaga gönükdirilen beýik işleriň mynasyp dowam etdirilýändigi dogrusynda täsirli hem-de buýsançly söhbetlere giň gerim berildi. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar baýramçylyk mynasybetli ,,Daşky gurşawyň goraglylygy-abadan ýaşaýşyň kepili” atly muzeýde gurnalan sergä uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Olar sergide ýerleşdirilen muzeý gaznasynda saklanýan muzeý gymmatlyklary, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ,,Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy eseriniň birnäçe tomlary hem-de suratkeşleriň surat eserleri, dermanlyk häsiýetli ösümlikleriň görnüşleri we olar hakyndaky maglumatlar bilen ýakyndan tanyşdylar. Dabaraly geçen maslahatyň hem-de serginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bagy-bossan ýurdymyza ekologiýa we daşky gurşawyň abadançylygyny, gözel tebigatymyzyň täsinliklerini gorap saklamaga ähli mümkinçilikleri, şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
Ekologiýa abadançylygy – sagdyn durmuşyň kepili

Kitaphanalar

05.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlap “Atamyrat” seýilgähinde “Ekologiýa abadançylygy – sagdyn durmuşyň kepili” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada we bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ylmy-amaly maslahatlar we ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilýändigini uly buýsanç bilen bellediler. Ýurdumyzda ekologiýa gününiň giňden bellenilmegi daşky gurşawy goramak meselesine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýändigini hem-de halkymyzda, aýratyn-da ösüp gelýän ýaş nesillerde gözel tebigatymyza bolan söýgüni artdyrmakda ähmiýeti barada hem täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, Watanymyzy bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik, haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak hem-de tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Ekologiýa abadançylygy – halkyň bagtyýarlygy

Kitaphanalar

05.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlap“Atamyrat” seýilgähinde “Ekologiýa abadançylygy – halkyň bagtyýarlygy” atly söhbetdeşlik geçirdi. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygyny üpjün etmek bilen bagly wezipeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri we bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde maslahatlar we ilatyň arasynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan ösümlik dünýäsini has-da baýlaşdyrmakdan, özboluşly gaýtalanmajak gözel tebigatymyzy aýawly saklap, ony geljek nesillerimize has-da gözel görnüşe ýetirmekden ybarat. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.