logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Şan-şöhratly ahalteke bedewleri

Halkara gatnaşyklary

02.06.2026

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen esaslandyrylan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Türkiýe Respublikasynyň Istanbul şäherinde geçirilen 8-nji Etnosport medeniýeti festiwalyna gatnaşdy. Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan etnofestiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan köp sanly wekiller gatnaşdy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň giň möçberli halkara festiwala gatnaşmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýurdumyz üçin taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Mälim bolşy ýaly, bu topar dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän abraýly halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar hem-de meşhur toparyň, ahalteke bedewleriniň abraýyny artdyrýar. Festiwalyň çäklerinde dürli ýurtlardan gelen milli medeni toparlar däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny, sportuň milli görnüşlerini görkezdiler. Etnosport medeniýeti festiwalynda «Galkynyş» toparynyň çykyşlary örän täsirli boldy. Toparyň ýerine ýetiren çylşyrymly tilsimleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan dabaranyň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Toparyň agzalarynyň ahalteke bedewleri bilen sazlaşykly hereketleri myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Bu festiwal halklaryň birek-birege ýakynlaşmagy, milli däp-dessurlaryň giňden wagyz edilmegi, özara tejribe alyşmak üçin uly ähmiýetlidir. Etnosport medeniýeti festiwalynyň jemleýji güni ýatda galyjy pursatlara beslendi. Onda festiwala gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezen toparlar sylaglanyldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna festiwalyň ýapylyş dabarasynda hem uly orun berildi. Toparyň festiwalyň ýokary derejeli baýragyna mynasyp bolmagy, at üstündäki oýunlar boýunça ýokary ussatlyga ýetendiginiň, toparyň agzalarynyň çykyşlarynyň halkara derejede ýokary baha mynasyp bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Dünýäde uly abraýa eýe bolan bu topara gowşurylan baýraklar onuň halkara medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşýandygynyň ykrarnamasydyr.

No image
Durmuşyň güli, ömrüň dowamy

Muzeýler

02.06.2026

Dünýä halklarynyň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýe bolup, her ýylyň 1-nji iýunynda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara gününiň ýurdumyzda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslenmegi, ýaş nesil hakynda edilýän aladalaryň aýdyň beýanydyr. Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli guralan “Durmuşyň güli, ömrüň dowamy” atly baýramçylyk sergisinde ýerleşdirilen eserler, ýurdumyzda çagalaryň bagtyýar durmuşy barada ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýdyň açyp görkezdi. Sergä gatnaşyjylar, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli ynsanperwer başlangyçlaryň ýurdumyzyň ýaş nesilleriniň röwşen ýoluny şöhlelendirýändigini buýsançly bellediler. Ýatdan çykmajak pursatlara baý bolan bu sergide, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: “Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly baýlygymyzdyr” diýip, parasatlylyk bilen belleýşi ýaly, eziz Diýarymyzda durmuşyň güli, ömrüň dowamy bolan mähriban çagalaryň şatlykly gülküleriniň hemişe belentde ýaňlanyp durmagy arzuw edildi.

No image
Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr

Kitaphanalar

02.06.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde Arkaç–söwda dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Çagalaryň gülkisi iň ajaýyp senadyr” atly baýramçylyk çäresini geçirdi. BMG-niň çagalaryň hukuklary we bähbitleri baradaky esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny hem-de ýaş nesil barada içgin alada edýändigini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde resmi tertipde 1-nji iýunda ýurdymyz tutuş dünýä bileleşigi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara günini belleýär. Gelejegimiz bolan ýaş nesillerimiziň beden we aň-bilim, ruhy-ahlak durmuş taýdan hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmek diýarymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda giňişleýin gürrüňler edildi. Kitaphana hünärmeniniň “Ertekiniň dowamy” atly kitapdan körpeje okyjylara okap beren goşgularyny, ertekilerini gyzyklanma bilen diňlediler. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzy çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
Çagalar şahyry

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäherinde ýerleşýän Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebinde çagalar şahyry Hemra Şirowyň neo-poeziýa, ýagny şekilli şygyrlarynyň sergisi gurnaldy. Bu sergä Aşgabat şäheriniň birnäçe kitaphanalaryndan, şeýle hem, Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Ýazyjy, şahyr, dramaturg Hemra Şirow türkmen poeziýasynda şekilli şygryýetiň esasyny goýujy, şygryýet äleminiň bu ugruny täze many-mazmun bilen baýlaşdyran çagalar şahyrlarynyň ilkinjisidir. Bu žanryň adaty bolmadyk tebigaty many taýdan şekile düzülýän şygyrdaky ýa-da onuň, başgaça atlandyrylyşy ýaly, belli bir görnüşe eýe bolýan goşgudaky sözleriň ýerleşişi bilen goşgynyň düýp mazmunyny beýan edýän şekiliniň emele getirilmegidir. Şeýle täsirli şekilli şygyrlary mekdep okuwçylary, myhmanlar haýran galmaklyk bilen ellerine alyp, synlap, höwes bilen okap gördüler. Şygyrlar özboluşly täsinlige eýe bolupdyr, gyzykly, çagalar dünýäsi bilen bagly düzülipdir. Serginiň dowamynda şahyr ýaşajyk okyjylar bilen sorag-jogap alyşdy. Halypa şahyr kitaplary köpräk okamagy, diňe kitap bilen dostlaşanyňda köp zady öwrenip boljakdygyny, wagty bisarpa tutmazlygy okuwçylara öwüt-ündew etdi. Geçirilen çärede şahyryň birnäçe tomdan ybarat bolan kitaplaryndan we irki döwürlerde neşir edilen eserlerinden goýlan nusgalar kitap sergisini bezedi we okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Gurnalan çäräniň ahyrynda bagtly çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Bagtyýar zamananyň bagtyýar balalary

Kitaphanalar

02.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bagynyň bilelikde guramagynda “Bagtyýar zamananyň bagtyýar balalary” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz kitaba aýratyn sarpa goýupdyr. Türkmenler tarapyndan gurlan kitaphanalar öz döwründe dünýä alymlary üçin arzyly mekan bolupdyr. Kitap okamak diňe bir uly adamlar üçin däl, eýsem, çagalar üçinem örän möhümdir. Kiçilikden kitap okamagy endik edinmek adama örän köp peýda getirýär. Bilermenleriň bellemegine görä, çagalar üçin niýetlenen edebiýatda duş gelýän seýrek ulanylýan sözleriň möçberi uly adamlaryň gündelik gepleşikde peýdalanýan jümlelerinden 50 göterim köpdür. Şonuň üçinem çagalara kiçiliginden kitap okap bermek, olaryň söz baýlygynyň artmagyna uly goşant goşýar. Şeýle hem çagalaryň köp sözleri gepleşik arkaly däl-de, hut kitaplardaky ertekileriň ýa-da multifilmleriň üsti bilen öwrenýändikleri barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda bagtyýar körpeler özleriniň öwrenen ajaýyp goşgularyny aýdyp berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Diýarymyzda körpe nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.

No image
Çaga durmuşyň bezegi

Kitaphanalar

02.06.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja bagynyň bilelikde guramagynda “Çaga durmuşyň bezegi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çaganyň terbiýeli bolup ýetişmegine has irki ýaşlardan üns bermek möhümdir. Körpelerde gowy gylyk-häsiýetleriň kemala gelmeginde kitaplaryň, oýunlaryň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Çagalar kiçiliginden erteki diňlemäge höwesli bolýarlar. Ata-eneler, terbiýeçiler çaganyň bu islegini nazarda tutup, oňa terbiýe, öwüt-ündew beriji ertekileri okap bermelidir. Olar entek köp zada düşünmesede, ertekide beýan edilýän wakalary ýadynda saklaýarlar. Çagalar üçin kitap saýlanyp alnanda, olaryň suratlar bilen bezelişiniň aýratyn ähmiýeti bar, sebäbi çaga eline kitap alanda, ilki bilen, onuň içindäki suratlara seredýär. Şol şekiller çaganyň ünsüni özüne çekýär we kitaby okamaga bolan gyzyklanmasy, höwesi artýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp alkyşlar aýdyldy.

No image
Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany

Muzeýler

01.06.2026

Her ýylyň 1-nji iýunynda dünýä jemgyýetçiligi bilen bir hatarda ýurdumyzda hem Çagalary goramagyň halkara güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk ýaş nesle goýulýan beýik hormatyň, çäksiz aladanyň we söýginiň aýdyň nyşanydyr. Şu baýram mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Türkmenistan — bagtyýar çagalaryň mekany” atly sergi guraldy. Sergide muzeýiň gaznasynda çagalaryň çeken ajaýyp eserleri bilen birlikde, Bäşim Nuraly adyndaky sungat mekdebiniň hem-de 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň ýaş suratkeşleriniň döreden eserleri hem sergilenýär. Ýaşajyk suratkeşleriň döredijilik işleriniň sergä gatnaşdyrylmagy olaryň sungata bolan höwesini artdyrmaga, döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de geljekde has-da uly üstünliklere ruhlandyrmaga ýardam berýär. Çagalaryň döredijilik ukyplaryny açyp görkezmek, olaryň zehinini goldamak döwletimiziň medeni syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, ýurt abadançylygyny, il agzybirligini we ýaş nesliň nurana geljegini baş maksat edinýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumlary rowaçlyklara beslensin! Parahat, asuda Watanymyzda çaga gülküsi hemişe belentden ýaňlanyp dursun!

No image
Goý, ýurdumyzda çaga gülküsi belentden ýaňlansyn

Muzeýler

01.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar baradaky alada döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan çagalaryň durmuşda ylymly-bilimli, sagdyn, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesiller bolup ýetişmegi, olaryň durmuşda maksadaokgunly, ruhubelent, döredijilikli döwrebap pikirlenip bilmegi we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Çagany altyn aşyga meňzedýän ata-babalarymyz “Çagaly öý bazar” diýip ýöne ýere aýtmaýarlar. Olar adamzadyň durmuşynda iň bir zerur zadynyň biri bolup, nesil dowamatydyr. Çaga-durmuşyň güli, mukaddes ojaklaryň bezegi. Her ýyl 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara gününi uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Türkmenistan-bagtyýar çagalaryň mekany” atly wagtlaýyn sergi we baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabaranyň çäginde muzeýimize gezelenç gurnaldy. Ýaş neslimiz ýurdumyzyň taryhy, baý medeni mirasy, gözel tebigaty bilen tanyşdylar. Geljegimize ynam döredýän, döwrümize ganat bagladýan eziz çagalaryň gözleri şatlykdan, ýüzleri gülkiden doly. Goý, mundan beýläk hem her bir türkmeniň mukaddes ojagynda bagtyýar çagalaryň gülki sesleri mydama ýaňlanyp dursun. Bizi şeýle ajaýyplyklara ýetiren, ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun. Il bähbitli, ýurt ähmiýetli tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin.

No image
Teatryň halkara üstünligi

Teatr we kino dünýäsi

01.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, milli teatr sungatymyz halkara ülňülerine laýyklykda ösýär, kämilligiň täze belentliklerine ýetýär. Sahna oýunlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere galkyndyrýan kuwwatly güýji dabaralandyrylýar. Şonuň bilen birlikde, milli teatr sahnalarymyzda dünýäniň nusgawy drama eserlerini sahnalaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlarymyzy beýik watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge, milli baýlyklarymyza, şöhratly pederlerimiziň nurana ruhlaryna ygrarly bolup ýetişmeklerine uly ýardam edýär. Teatr sahnalarynda umumadamzat gymmatlyklarynyň göwher gaşyna öwrülen milli baýlyklarymyz çeper sungatyň üsti bilen dünýä ýaýylýar hem-de milli teatr sungatymyzyň, teatr sungatynyň wekilleriniň abraý-mertebesi dünýä dolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen, 2026-njy ýylyň maý aýynyň 22-31-i aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa oblastynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi tarapyndan Moskwa şäherinde belli rus ýazyjysy we dramaturgy A.P.Çehowyň döredijiligine bagyşlanyp geçirilen «Melihowanyň bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry hem gatnaşdy. Teatryň döredijilik topary ýaş režissýor B.Garajaýewiň sahnalaşdyran «Çehowyň degişmeleri» («Чеховские водевили») sahna oýny bilen gatnaşdylar. Sahna oýnunyň pýesasy belli rus ýazyjysynyň ýaşlaryň watanperwerlik, adamçylyk terbiýesine täsir edýän inçe psihologik oýlanmalaryna ulaşýan degişmelerini özünde jemleýär. Sahna oýny başdan-aýak janly saz bilen bezelýär. Oýnuň sahna bezegindäki çeperçilik çözgütleri ynsanyň ýaşaýşa bolan söýgüsini joşdurýar, nesilme-nesil aşyp gelýän maşgala mukaddesliklerini dabaralandyrýar. Türkmen teatrynyň halkara sungat baýramyna işjeň gatnaşmagy milli sahna sungatymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilik berdi. Türkmen sahna ussatlarynyň rus dilinde oýnan bu sahna oýny tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Esasan hem, sahna oýnunyň režissýorlyk kämilligi aýratyn baha eýe boldy. Bu halkara festiwalyna 10-dan gowrak döwletden 27 sahna oýny gatnaşdy. Türkmen teatr artistleri mundan başga-da, festiwalyň çäginde beýleki döwletleriň sahna oýunlaryna tomaşa etdiler. Sahna oýunlarynyň ara alnyp maslahatlaşmalaryna, aktýorlaryň, režissýorlaryň ussatlyk-tejribe alyş sapaklaryna gatnaşdylar. Döredijilik duşuşyklarynda türkmen hünärmenleri hem çykyş edip, ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýylynyň dowamynda, şeýle hem, häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen teatrlarymyzda hem-de sirklerimizde goýulýan sahna oýunlarynyň, sirk tomaşalarynyň mazmuny, halkara festiwallarynda gazanýan abraýly ýeňişleri barada çykyş edip wideoşekilli görnüşleri görkezdiler. Geçirilen bu döredijilik duşuşyklaryna dünýäniň belli teatr we kino sungatynyň wekilleri hem-de medeniýet we sungat işgärleri, dramaturglar, edebiýatçylar, taryhçylar, medeniýeti öwrenijiler, şahyrlar we belli döredijilik işgärleri gatnaşyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli sungatymyzy ösdürmekde, berýän yzygiderli goldaw-hemaýatlarynyň, dünýä döwletleri bilen häzirki zaman medeni gatnaşyklarynyň barha berkemeginde alyp barýan işleriniň nusgalyk ýörelge bolup durýandygy bellenildi. Moskwada geçirilen bu sungat baýramynyň netijeleri boýunça A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynyň Kubogyna mynasyp boldy. Daşary ýurtlarda geçirilýän halkara teatr festiwallaryna gatnaşmaga, sungat we medeniýet işgärleri bilen tejribe alyşmaga, milli medeniýetimizi daşary döwletlerde wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň binýadynyň has-da berkemegi, halkymyzyň ýagty geljegi, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleri hemişe uly rowaçlyklara beslensin.

No image
Aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary

Täzelikler

01.06.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çäksiz goldaw-hemaýatlary netijesinde, döredijilik işgärleriniň döredijilikli işlemegi üçin ähli şertler, giň mümkinçilikler döredilýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, medeniýet we sungat işgärleriniň, ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň many-mazmunyny giňden beýan edýän ajaýyp sungat eserleri, makalalary, şygyrlary, hekaýalary döretmekleri örän buýsançlydyr. Şu ýylyň 26-njy maýynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Balkan welaýat häkimliginiň bilelikde guramaklarynda, ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrap medeniýet merkezinde «Bedew batly öňe barýar Garaşsyz Türkmenistan!» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Aşyrmyrat Gurbanow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Watan» gazetiniň bölüm redaktory, şahyr Ogultäç Oraztaganowa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Türkmenistanyň Döwlet hory, ýokary derejeli horuň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Hanow dagy gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, häzirki döwürde ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriň ak ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny, göwünleri galkyndyrýan ösüşleriň gazanylýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynyň döredijilikleriniň kämilleşmeginde, täze eserleriň döremeginde gymmatly hazyna, nusgalyk ýol-ýörelge bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bedewiniň dünýädäki şan-şöhraty barha belende göterilýär. Agzybir halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen ahalteke atlary halkara atçylyk sport ýaryşlarynyň we ählihalk dabaralarynyň bezegi. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, ýurdumyzda atçylyk sportuna uly üns berilmegi, at üstünde ýerine ýetirilýän milli oýunlaryň yzygiderli kämilleşdirilmegi bu ulgamyň has-da ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmeniň ýelden ýüwrük dal bedewleriniň waspy indi ençeme asyrlar bäri dilleriň senasyna öwrüldi. Nusgawy edebiýatymyzda, halk döredijiligimizde, aýdym-saz sungatymyzda tarypy ýetirilen bedewler tomaşaly toýlarymyzyň bezegi bolmak bilen, seýkin basyp ýöreýşi, eýesine wepaly häsiýetleri arkaly indi ençeme asyrlar bäri dünýä halklaryny haýran galdyrýar. «Aty baryň — ganaty bar» diýen pähimden ugur alýan türkmen halky bedew atyny özüniň iň wepaly dosty hasaplapdyr. Merdana pederlerimiziň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri irki döwürlerden bäri ýigidiň belent maksadyna ýetmeginde uçar ganaty bolupdyr. Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarymyzda gurlan döwrebap atçylyk sport toplumlarynda, halkymyzyň gadymy atçylyk däplerini we atşynaslyk sungatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen iri möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Halkara ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary diňe bir atçylygy ösdürmän, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň jemgyýetimize pugta ornaşdyrylmagyna oňyn şertleri döredýär. Milli gymmatlyklarymyzy sarpalan pederlerimizden miras galan bedewlerimiz dabaraly toýlarymyzyň bezegi, halkymyzyň ruhy syrdaşy. Häzirki döwürde behişdi bedewlerimiziň baş sanyny artdyrmak, atçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmek, milli atçylyk sportunyň gadymy däplerini üstünlikli dowam etmek babatda alnyp barylýan işler örän netijelidir. Ýurdumyzyň atşynaslarynyň, seýisleriniň, çapyksuwarlarynyň netijeli zähmet çekmekleri, atçylyk pudagyny ösdürmekleri üçin ähli şertler döredilýär – diýip, çykyş edenler bellediler. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda berkarar döwlet, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegler ör-boýuna galýar. Akyldar şahyryň parahatçylyk, agzybirlik taglymaty bu günki gün tutuş adamzady daşyna jemleýär. Şahyryň watanperwerlik, döwlet berkararlygy, il agzybirligi ýaly taglymatlary esasynda nesiller terbiýelenip, ynsan kalbynda orun alan pelsepewi pikirli şygyrlary halkymyzyň ruhy dünýäsinde nakyl we akyl bolup ýaşaýar. Söz ussadynyň pähim-paýhasa ýugrulan şygyrlarynyň adamzadyň ruhuny tämizläp, barlygyň gözelligine, durmuşa bolan söýgini has-da ösdürýändigi baradaky pikirler hem çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şeýle hem, häzirki döwürde dünýäniň döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegi netijesinde, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýan döwlet hökmünde halkara abraýyny belende göterýär. Döwletleriň ynanyşmak arkaly gatnaşyklaryny pugtalandyrmaklary, Ýer ýüzünde parahatçylygyň dabaralanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Dünýäde ynamly gatnaşyklaryň dabaralanmagy bolsa parahatçylygyň kepiline öwrülýär - diýip nygtadylar. Döredijilik duşuşygy soňra Balkan welaýat kitaphanasynda dowam etdi. Duşuşyklaryň dowamynda döredijilik işgärleriniň okan goşgularynda, sungat ussatlarymyzyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdym-sazlarynda döwrümiziň bedew batly ösüşleri wasp edildi. Duşuşyga gatnaşanlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi ösüşlere besleýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.