logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Talyplar kitaphana hyzmatlary bilen tanyşdylar

Kitaphanalar

03.06.2026

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyplary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda bolup, okyjylara döwrebap hyzmat edilişi bilen tanyşdylar. Talyp ýaşlar özlerini gyzyklandyrýan sowallara hem jogap tapdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Talyp ýaşlar döredilýän giň mümkinçilikler, ajaýyp şertler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Suwly ýer gül

Kitaphanalar

03.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Suwly ýer gül” ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da suw bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Halypamdy – hazynamdy

Kitaphanalar

03.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň “Sungat” bölüminiň guramagynda “Halypamdy–hazynamdy” atly Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi türkmen medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine hem-de kämilleşmegine öz mynasyp goşantlaryny goşan ussat halypalar barada Döwlet kitaphanasynyň hazynasynda saklanýan dürli döwürleýin neşirlerde, kitaplarda çap edilen makalalary bir ýere jemläp, okyjylara ýetirmek maksady bilen “Sungat äleminde” ady bilen tapgyrlaýyn usuly-gollanma taýýarlaýar. Şolaryň biri-de “Käri boýunça artist, ylham joşguny boýunça şahyr, uly guramaçy, ajaýyp ýoldaş” diýlip atlandyrylyp, 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 70 ýaşy bellenilýän, Türkmenistanyň at gazanan artisti, öz döredijilik ýoluna Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky sazly-drama teatrynda başlan merhum Kadyrberdi Atabaýewiň ömri we döredijiligine bagyşlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan halypa-şägirtlik ýoly täze keşbe eýe bolýar, döwrebap ýörelgeler bilen baýlaşdyrylýar. Ine şu gün Döwlet kitaphanasynyň işgärleri döwrebap ýörelgelerden ugur alyp geçirýän Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna bagyşlap “Halypamdy – hazynamdy” atly döredijilik agşamyna birnäçe myhmanlary çagyrdylar. Çäräniň başynda söýgüli artistimiz, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýew hakyndaky filmden bölege seretdiler. Il arasynda ölmez-ýitmez eserleri, keşpleri, sahnalary ýadygär goýup giden halypamyz, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kadyrberdi Atabaýewdir. Kadyrberdi Atabaýew biziň her birimiziň ýüregimizde ýaşaýar. Şular ýaly ussat halypalary ýatlamaga, olaryň döredijiligini nesilden-nesle geçirmäge uly mümkinçilikleri döredýän, halklaryň arasynda dostluk köprüsini çekýän türkmen medeniýetiniň binýadynyň berk bolup, dünýä ýaýylmagy, gülläp ösmegi barada uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
Berkarar Watan - bagtyýar nesil!

Kitaphanalar

03.06.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Çagalary goramagyň Halkara güni mynasybetli geçirilen dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Berkarar Watan- bagtyýar nesil!” atly göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara görelde mekdebi bolan eserleri, bagtyýar ýaşlarymyzyň gazanan üstünliklerini beýan edýän kitaplar, çeper eserler we körpe nesiller üçin niýetlenen türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Bu gurnalan kitap sergisi parahat ýurdumyzda sagdyn ösüp kemala gelýän ýaşlarymyzda, körpeje çagajyklarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzy bagtyýar çagalaryň mekanyna öwüren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il – ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

No image
2026-njy ýylyň 5-7-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Teatr we kino dünýäsi

03.06.2026

#### Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ##### * 06.06.2026ý. «Är we aýal» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Mukaddeslige tagzym» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ##### * 06.06.2026ý. «Atdyr ýigidiň myrady» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Talyp söýgüsi» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ##### * 06.06.2026ý. «Mähriban dideler» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Gyzyl alma» atly sahna oýny 19:00 #### A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ##### * 05.06.2026ý. «Arzuwlary hasyl ediji» atly sahna oýny 19:00 ##### * 06.06.2026ý. «Böwenjik» atly sahna oýny 12:00 ##### * 06.06.2026ý. «Pamela üçin ýanýoldaş» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Çal möjek» atly sahna oýny 11:00 ##### * 07.06.2026ý. «Çal möjek» atly sahna oýny 13:00 ##### * 07.06.2026ý. «Möjekler we goýunlar» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry ##### * 06.06.2026ý. «Sakawyň soňuna seret» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Oýun bir maza iki» atly sahna oýny 19:00 #### Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ##### * 06.06.2026ý. «Ýagyş ýagan gijesi» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmen döwlet gurjak teatry ##### * 06.06.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny 17:00 ##### * 06.06.2026ý. «Ýartygulak» atly sahna oýny 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Bir towşanjyk bar ekeni» atly sahna oýny 12:00 ##### * 07.06.2026ý. «Bir towşanjyk bar ekeni» atly sahna oýny 17:00 ##### * 07.06.2026ý. «Söýgi bizi halas eder» atly sahna oýny 19:00 #### Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry ##### * 06.06.2026ý. «Söýgi sarpasy» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Söýgi sarpasy» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 06.06.2026ý. «Şyrak» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Saňa ýetermi owazym» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 06.06.2026ý. «Goňşular» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Gelinler» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry ##### * 06.06.2026ý. «Ýegşerme goja ýegşerme» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 07.06.2026ý. «Söýgüniň ýolunda» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
Çagalaryň hoş owazy – durmuşyň bagt sazy

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda 146-njy çagalar bagynda «Çagalaryň hoş owazy – durmuşyň bagt sazy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Çagalary goramagyň halkara güni ýokary ruhubelentlikde baýram edilip bellenilýändigi, muňa Gahryman Arkadagymyzyň: “Çagalara aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň kämilleşip gelen ruhy gymmatlygydyr” diýen parasatly sözleri, körpeler baradaky aladalaryň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, döwrümiziň talabyna görä bilim-terbiýe almaklary üçin uly işler amala aşyrylýandygy dogrusynda beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküsiniň ýaňlanyp durmagy, olaryň ylymly-bilimli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 2-nji çagalar bagynda «Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde 1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda şeýle hem gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem baýramçylyk çäreleri şatlyk-şowhuna beslenip, giňden bellenilip geçirilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Güneşli tomus paslynyň ilkinji günlerinde bu halkara baýramyň şanyna geçirilýän aýdym-sazly dabaralar, medeni-jemgyýetçilik çäreler türkmen halkymyzyň durmuşyna bagt nuruny çaýýan şadyýan körpelerimiziň kalbynda Garaşsyz Diýarymyzda gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç döreýär diýip nygtap geçdiler. Gürrüňdeşligiň dowamynda körpeje nesillerimize birnäçe ertekili kitaplardan çeper okap berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýyly» mynasybetli «Milli miras - bedew batly ösüşleriň binýady» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany ýyly» çuňňur many-mazmuna eýedigi, çünki bu ýyl şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň toýlanýandygy, şeýle-de ýelden ýüwrük ahalteke bedewleri Watanymyzyň döredijilik kuwwatynyň, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadamlarynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň nyşanyna öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Türkmen halkynyň milli buýsanjyny, gadymy gymmatlyklaryny çuňňur öwrenmekde we ösdürmekde, medeni mirasymyzy gorap saklamak ýaşlaryň arasynda ýaýbaňlandyrylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Gurnalan göçme kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, şeýle hem many-mazmuna ýugrulan birnäçe kitaplar ýerleşdirildi bu bolsa, çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Watanymyzy bedew bady bilen beýik ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar çagalar – röwşen geljegimizdir

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda 164-nji çagalar bagynda «Bagtyýar çagalar – röwşen geljegimizdir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara güniniň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýändigi, çünki ýurduň bagtyýarlygy erteki günüň aýdyňlygy, ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladalardan gözbaş alýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalaryň ruhubelent, şadyýan gülki sesleriniň hemişe ýaňlanyp durmagy üçin, olary milli ruhda terbiýelemekde, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin bimöçber aladalaryň edilýändigi barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar nesillerimiziň geljegi ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bagtyýar çagalar – köňülleriň buýsanjy

Kitaphanalar

02.06.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 2-nji “Bagtly nesil” çagalar bagynda «Bagtyýar çagalar – köňülleriň buýsanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylymyzda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý – baýramlara beslenýändigini, bagtyýar körpeleriň ajaýyp baýramy - Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli çäreleriň guralýandygy, Watanymyzda ýaşlar, esasan hem ýaş nesiller babatda ägirt uly aladalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalarymyzyň, rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly–bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep–terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda çagalaryň söýgüli ertekileri, tapmaçalary we matallary esasynda sowal-jogap bäsleşiginiň guralmagy çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik we dostluk ruhunda terbiýelenmegi babatda yzygiderli atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.