ÜLKÄME TOÝ BOLUP, GELEN ÝAZLARYM
Kitaphanalar
16.03.2026Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Ülkäme toý bolup, gelen ýazlarym» ady bilen 112-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Nowruz baýramy halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolup, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde bu baýram bilen bagly däp-dessurlaryň giňden ýaýbaňlandyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz diňe gözelligiň, päkligiň baýramy bolman, eýsem dost-doganlygyň, birek-birege mähribanlygyň, agzybirligiň baýramydygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.