logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
NOWRUZ GELSE ILIME – GÜLLER AÇÝAR DIÝARYM

Kitaphanalar

13.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy, Halkara Nowruz güni mynasybetli «Nowruz gelse ilime – güller açýar Diýarym» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen halkynyň Milli bahar baýramy bolan Nowruz güni birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň, dost-doganlygyň, asuda hem-de parahat durmuşyň nyşany, parahatçylygy we ynanyşmagy alamatlandyrýan, ata-babalarymyzdan we pederlerimizden miras galan gadymy baýramdygy barada söhbet etdiler. Şeýle-de galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz baýramynyň gadymy däplerini, edebi eserlerini, halk oýunlaryny, toý tagamlaryny geljek nesiller üçin gorap saklamak, umumadamzat bähbitli ynsanperwer wezipedigi hakynda hem belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň ak ertirlerini ak bagta besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
HOŞ GELDIŇ NOWRUZYM BAGTYÝAR ILE

Kitaphanalar

13.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi, 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Hoş geldiň Nowruzym bagtyýar ile» ady bilen Bagtyýarlyk Medeniýet köşgünde kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan, parahatçylyk, dostluk, ynsanperwerlik we hoşniýetli goňşuçylyk däplerini, umumadamzat ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramlaryň biri gadymy Nowruz baýramydygy, bu baýramyň gelmegi bilen tebigat janlanýandygy, adamyň ruhy dünýäsini galkyndyrýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de milli bahar baýramy-ýaşaýşyň, döredijiligiň, durmuşyň, gözelligiň, hem-de şatlygyň, ata-babalarymyzyň, asylly ýörelgelerine, milli däp-dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
KITAPHANALAR – HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ ÇEŞMESI

Kitaphanalar

13.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy esasynda «Kitaphanalar – halkyň ruhy baýlygynyň çeşmesi» ady bilen Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her bir güni egsilmez joşguna, rowaçlyklara beslenýän eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler, kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzyň kitaphanalarynda ylmyň dürli pudaklarynda işleýän alymlara, dürli kärdäki hünärmenlere, dürli ýaşly okyjylara gerek bolan kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň elýeterliliginiň üpjün edilýändigini hem-de ähli ugurlarda degişli ylmy we çeper edebiýatlary elektron görnüşde geçirmek işleriniň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HALK MIRASY - HALKYŇ RUHY HAZYNASY

Medeni miras

13.03.2026

Ýurdumyzyň Lebap welaýatyna ylmy-etnografik ekspedisiýa guraldy Türkmen halkynyň gadymy medeni mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň dowamynda has-da baýlaşyp, kämilleşip biziň günlerimize gelip ýetdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan milli-ruhy we medeni mirasyny öwrenmek, olar baradaky gymmatly maglumatlary halk arasyndan toplamak, gadymy nusgalaryny ýüze çykarmak, hasaba almak we geljekki nesillere ýetirmek babatynda möhüm işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan welaýatlara ylmy-etnografik ekspedisiýalary guramaklyk meýilleşdirildi we medeniýet işgärlerinden, alymlardan, žurnalistlerden hem-de talyplardan ybarat bolan ýörite ylmy-döredijilik topary döredildi. 2026-njy ýylyň 10-12-nji marty aralygynda bu topar Lebap welaýaty boýunça öz işine başlady. Toparyň agzalary Lebap welaýatynyň etraplarynda, obadyr şäherlerinde bolup, türkmen halkynyň haly-palas senetçiligi, amaly-haşam we keşdeçilik sungaty, folklor-tans sungaty, dutar we tüýdük ussaçylygy, milli tagamlary taýýarlamagyň tejribesi, maşgala we toý däpleri, milli lybaslary taýýarlamagyň milli tejribesi, alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmegiň milli tejribesi, toý aýdymlary, halk döredijiliginiň hüwdüler ýaly görnüşleri barada gyzykly maglumatlary topladylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/maddy-dal-g%C3%B6k-fon.jpg) Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy döreden we halkyň arasynda saklanyp galan ruhy mirasy hem-de beýleki etnografik gymmatlyklary halkyň baý mirasynyň ajaýyp nusgalarydyr. Ekspedisiýanyň dowamynda halk mirasynyň dürdäneleri barada gymmatly maglumatlary köp bilýän dilewar, ýatkeş ene-mamalarymyz, ýaşulularymyz bilen söhbetdeş bolundy. Olar bilen gürrüňdeş bolmak geçmişe gaýybana syýahat etmekdir. Halk mirasy halkyň hakydasynda ýaşaýan gymmatlyklardyr. Olary toplamak, öwrenmek we nesillere ýetirmek mukaddes borjumyzdyr. OGULTÄÇ HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
NOWRUZ - TEBIGATYŇ GÖZELLIGI REŇKLERDE

Muzeýler

13.03.2026

Bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy köp milletleriň, şol sanda türkmen halkynyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny özünde jemleýär. Halkara Nowruz baýramy diýarymyzyň dürli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilýär. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan «Nowruz - tebigatyň gözelligi reňklerde» atly sergi bahar paslynyň gözelligini sungatyň dili bilen beýan edýär. Serginiň dowamynda muzeý hünärmenleri «Miras» hem-de «Aşgabat» teleýaýlymlarynda özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Türkmen halkyna eşretli zamany peşgeş eden milli gymmatlyklarymyzy, gadymy däp-dessurlarymyzy dünýä halklaryna ýaýmakda bitirýän ajaýyp hem-de beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlary aýdarys, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy hem-de mähriban halkymyzy Milli bahar baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

No image
«ITB BERLIN – 2026» HALKARA SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ SYÝAHATÇYLYK MÜMKINÇILIKLERI BILEN TANYŞDYRYLDY

Syýahatçylyk

13.03.2026

Ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 3-5-nji marty aralygynda, Germaniýanyň paýtagtynda geçirilen «ITB Berlin – 2026» halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdylar. «ITB Berlin» – dünýädäki iň iri sergi bolup, oňa her ýyl ýüzlerçe ýurtlardan 10000 golaý adam gatnaşýar. Bu sergi syýahatçylyk pudagynyň soňky gazananlaryny, tehnologiýalaryny we hyzmatlaryny görkezmek, şeýle hem işewürlik duşuşyklaryny geçirmek, syýahatçylyk pudagynda täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin meýdança hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda häzirki döwürde syýahatçylyk işini döwrebaplaşdyrmaga we kämilleşdirmäge uly ähmiýet berlip, geljegi uly pudak hökmünde ösdürilýär. Türkmenistanyň gözel ýerleri, milli we medeni-taryhy gymmatlyklary özünde jemleýän muzeýleri, taryhy ýadygärlikleri özboluşlylygy hem-de milliligi bilen dünýä ýüzünde giňden meşhurdyr. Bular halkara derejesinde geçirilýän çärelerde giňden mahabatlandyrylýar.

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

13.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 16-njy martynda sagat 15:00-da Milli bahar baýramy mynasybetli «Gelse Nowruz Äleme» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
ŞATLYK PAÝLAP, NOWRUZ GELDI ÄLEME

Kitaphanalar

13.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Şatlyk paýlap, Nowruz geldi äleme» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, bir saçagyň başyna jemlenip, agzybirligi, ýurt abadançylygyny, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny özara düşünişmegini üpjün edýän ähmiýetli baýramdygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz galkynyşyň, gülleýişiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen, halklaryň arasynda parahatçylygy, agzybirligi, ynanyşmagy kemala getirýändigi barada çykyş etdi. Çäräniň dowamynda şahyrlaryň okap beren ajaýyp şygyrlary, höwesjeň okuwçylaryň milli bahar baýramyna bagyşlap taýýarlan goşgulary, aýdym-sazly çykyşlary çärä gatnaşýanlara ruhy lezzet paýlady. Çäräniň ahyrynda tebigatyň älemlere ýaýan nowruz şatlygyny döwrümiziň berekedi bilen goşalandyran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy.

No image
KITAPHANA IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK

Kitaphanalar

12.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has takygy, Ýurdumyzda bellenip geçilýän 2026-njy ýyly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylýan ýylymyzda dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bu günki günde taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklady. Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda «Kitaphana işini kämilleşdirmek» atly iş tejribe alşyldy. Kitaphana gelýän okyjylara ýokary derejede hyzmat etmek we sanly ulgamlardan peýdalanmak barada iş tejribe alşyldy. Kitaphanaçy hünärmenler öz çykyşlarynda kitaphana ulgamynda sanly ulgam boýunça has giňişleýin gürrüň berdiler. Kitaphananyň baý gaznasyndan «Kitaphana-paýhas ummany» atly kitap sergi hem gurnaldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
TARYHY GYMMATLYKLARYMYZ KAPITOLIÝ MUZEÝINDE

Halkara gatnaşyklary

12.03.2026

Italiýanyň Rim şäheriniň meşhur Kapitoliý muzeýinde açylan Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi häzirki wagtda öz işini üstünlikli dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň oktýabrynda açylan bu sergi türkmen we italýan arheologlarynyň köp ýyllaryň dowamyndaky bilelikdäki zähmetiniň netijesini dünýä jemgyýetçiligine tanatmakda uly ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk netijeli häsiýetde ösdürilýär. Şunda medeni gatnaşyklar aýratyn orun eýeleýär. Bu ugurda toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler gatnaşyklary ilerletmäge, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär. Arheologiýa ylmynda alnyp barylýan bilelikdäki tagallalar hem munuň aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda başlanan bu gatnaşyklar häzirki wagtda üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde gadymy medeni gymmatlyklaryň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi. Ençeme ýyllardan bäri Karlo Lippolis, Barbara Çerazetti ýaly görnükli italýan alymlary türkmen kärdeşleri bilen ýurdumyzyň gadymy ýadygärliklerinde gazuw agtaryş işlerini alyp barýarlar. Ýeri gelende bellesek, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen olaryň ähmiýeti mynasyp bahalandyrylyp, ýurdumyzda birnäçe döwlet sylaglaryna mynasyp boldular. Medeni gymmatlyklarymyzyň Rimdäki sergisi iki halkyň arasyndaky özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostana gatnaşyklaryň we medeni alyşmalaryň ýokary derejesiniň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň Italiýa Respublikasyna bolan saparynyň çäklerinde bu serginiň açylmagy, türkmen medeniýetiniň dünýä derejesindäki ornuny has-da berkitdi. Şeýle hem, serginiň açylyş dabarasynyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Italiýanyň Kapitoliý medeni miras müdirliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bellärliklidir. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir taryhy gymmatlyklary ýüze çykarmak bilen çäklenmän, eýsem, olary gorap saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde hem örän netijelidir. Serginiň esasyny düzýän gymmatlyklaryň aglabasy Nusaý we Marguş taryhy ýadygärlikleriniň tapyndylarydyr. Parfiýa patyşalygynyň meşhur paýtagty bolan, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Nusaýdan tapylan ritonlar, mermer heýkeller we beýleki tapyndylar Parfiýa medeniýetiniň antik dünýä bilen nähili baglanyşykda bolandygyny görkezýär. Nusaýyň arheologik tapyndylary özüniň nepisligi we ýasalyş aýratynlygy bilen göreni haýran galdyrýar. Murgap oazisinde ýerleşýän Marguş siwilizasiýasy dünýäniň bäşinji gadymy medeni ojagy hasaplanýar. Sergide ýerleşdirilen Togalakdepeden tapylan tapyndylar biziň eýýamymyzdan öňki döwürlere degişli bolup, olar irki ekerançylyk we hünärmentçilik medeniýetiniň ýokary derejesini subut edýär. Bu gymmatlyklar Marguşuň diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň taryhynda möhüm orun eýeländigini ýene bir gezek tassyklady. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylymyzyň aprel aýyna çenli dowam etjek bu sergi diňe bir taryhy tapyndylaryň özboluşly jemlenmesi bolman, eýsem, parahatçylygy, dost-doganlygy berkidýän medeni diplomatiýanyň hem dabaralanmasydyr. Türkmen medeniýetini we şöhratly taryhyny dünýä tanatmakda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Kakajan HANOW, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň orunbasary