logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TOMAŞA JAÝLARYNDAKY TÄSIRLI ÇYKYŞLAR

Teatr we kino dünýäsi

19.09.2025

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belent ruhunda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar üçin medeni çäreleriň baý maksatnamasy taýýarlanyldy. Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar 17-nji sentýabrda Baş akademiki drama teatrynda «Mukaddeslige tagzym» atly sahna oýnuna tomaşa etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly gymmatly eseri esasynda sahnalaşdyrylan bu oýun tomaşaçylar-da ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Eserde enä bolan söýgi Watana bolan söýgi bilen sazlaşyklylykda beýan edilýär. Teatrlarymyzyň döredijilik toparlarynyň her bir baýramçylyga sowgatly gelmek ýaly asylly däbi bar. Bellemeli zatlaryň ýene biri, olar edebiýatymyzda, sungatymyzda mynasyp yz goýan şahsyýetlerimizi mertebeläp, olar hakda sahna eserlerini döredýärler. Mundan öň olar kompozitor Nury Halmämmedow hem-de meşhur sahna ussady Sabyr Ataýewa hakdaky eserler bilen tomaşaçylary begendirdiler. Golaýda bolsa, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda şahyr Gurbannazar Ezizowa bagyşlanan «Gurbannazar Ezizow» atly sahna oýnuny taýýarladylar. Döwletli geňeşe gatnaşyjylar bu sahna oýnuna hem tomaşa etdiler. Medeni çäreleriň arasynda Türkmenistanyň Döwlet sirkinde guralan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de sirk artistleriniň şowhunly çykyşlary hem bu ýere ýygnananlara ruhy lezzet paýlady. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/s%C3%A7%C3%BD.jpg)

No image
PAÝTAGTYMYZDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

Täzelikler

19.09.2025

18-nji sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer özgertmeleri şöhlelendirýän bu forum her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden gelen wekiller, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýerde sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren çykyşlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda mizemez türkmen döwletiniň berkararlygynyň-mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk döwrüniň içinde gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine açyp görkezmek maksadyndan ugur alnyp geçirilýän bu serginiň uly üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirip, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde ýetilen sepgitleriň we gazanylan üstünlikleriň geljegiň röwşen ýollaryny gurmagyň mizemez binýadydygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, bu ýörelgeden ugur alnyp, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de durnukly ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan iri senagat toplumlary döredilýär, ähli pudaklary döwrebaplaşdyrmak hem-de sanly ulgama geçirmek ugrundaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar, ilki bilen, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini, durmuşa geçirilen özgertmeleri, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alnyp barylýan işleri şöhlelendirýän wideoşekillere tomaşa etdiler. Soňra myhmanlar sergi bilen tanyşdylar. Sergide Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimlikleriniň diwarlyklary ýaýbaňlandyrylypdyr. Her pawilýon diňe bir sergi meýdançasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Watanymyzyň şäherleriniň we sebitleriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýanydyr. Olarda ýerleşdirilen monitorlarda sebitleriň özboluşly aýratynlyklaryny, senagat kuwwatyny, dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini, medeni durmuşyny şöhlelendirýän şekiller görkezilýär. Hususan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň nyşanyna öwrülen Arkadag şäheriniň diwarlygy myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Häzirki wagtda «akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyry batly depginde dowam edýär. Diwarlykda ýerleşdirilen monitorda şäheriň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde amala aşyrylan işler barada gürrüň berilýär. «Türkmenistan gazeti»

No image
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 34 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI

Täzelikler

18.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bedew bady bilen ösýän asuda, abadan ýurdumyzyň guwandyryjy ösüşleriniň we şan-şöhratynyň dünýä dolýan döwrüdir. Bagtyýar halkymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň milli we halkara ähmiýetli wakalaryny özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet ýeňişleri bilen barýar. Gahryman Arkadagymyz: Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gymmaty hakynda «Garaşsyzlygymyz–barlygymyz. Garaşsyzlygymyz–bagtymyz» diýip belleýär. Şu jähetden, Garaşsyzlyk–biziň eziz Watanymyza söýgümizi we sarpamyzy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan, halkymyzyň berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, özbaşdaklyk, hemişelik Bitaraplyk barada telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolan mukaddes gymmatlygymyzdyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/sss20.jpg) Häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara beslenýär. 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň naýbaşy eserleri hem görkezildi. Sungat ojagymyzyň Amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, külalçylyk, halyçylyk, binagärlik we dizaýn ugurlary boýunça döredilen eserler, ýaş zehinleriň pikirlerini, arzuwlaryny we duýgularyny giňişleýin beýan edýär. Ýurdumyzyň belent sepgitlerini, aýdyň geljege gönükdirilen ynamly maksatlaryny, asuda, parahat durmuşymyzyň ýyl saýyn özgerýän keşbini wasp edýän sungat eserleri sergä baran myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ussat mugallymlarymyz we ýaş zehinli talyplarymyz bu serginiň ähmiýeti dogrusynda özleriniň ýürek buýsançlaryny wagyz işlerinde beýan etdiler. Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelen baý medeni mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny, milli sungatyny gorap saklamak, kämilleşdirmek, giňden wagyz etmek ugrunda ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüregimizden buýsanjymyzy beýan edýäris. ______________________ Oguljan ANNAMÄMEDOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby

No image
WATANYM–BAGTYM, GARAŞSYZLYK–GANATYM

Kitaphanalar

18.09.2025

WATANYM–BAGTYM, GARAŞSYZLYK–GANATYM Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 132-nji daşary ýurt dillerini ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Watanym–bagtym, Garaşsyzlyk–ganatym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler mähriban halkymyz Garaşsyzlyk gününe bagtyýarlygyň, berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýandygy, Garaşsyzlyk ýurdumyzy taryhy özgerişlere besläp, parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzy ajaýyp döwre, bagtyýar durmuşa ýetirendigi barada bellediler. Şeýle hem Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen parahatçylygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýän wakalar halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň 132-nji daşary ýurt dillerini ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy. Aýdym-sazly wagyz-nesihat çärä gatnaşanlar eşretli eýýamyň gujagynda azat-erkin ýaşap, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, durmuşa geçirýän beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/20258.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNA GATNAŞYJYLARYŇ MUZEÝE GEZELENJI

Muzeýler

18.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz hemişelik Bitarap Diýarymyzyň Garaşsyzlyk toýuny uly zähmet üstünliklerine besläp, buýsanç bilen garşy alýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň bellenilýän günleriniň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Bu iri jemgyýetçilik-syýasy çärä gatnaşyjylar 18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine geldiler we muzeýiň ekspozisiýalaryna aýlanyp gördüler. Döwlet muzeýiniň işgärleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga gelen myhmanlary ýokary derejede garşyladylar. Myhmanlara Döwlet muzeýiniň ekspozisiýalarynda görkezilýän gymmatlyklar barada muzeýiň hünärmenleri giňişleýin ekskursiýalary berdiler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşmaga gelen myhmanlar Döwlet muzeýiniň her bir bölümlerinde görkezilýän gymmatlyklary gyzyklanma bilen synladylar.

No image
TÄZE OBA-ÝURDUMYZYŇ YKDYSADY KUWWATYNYŇ NYŞANY

Täzelikler

18.09.2025

17-nji sentýabrda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýeriň “Bagtly zamana” diýlip atlandyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar. Garaşsyz Diýarymyzda täze, döwrebap şäherleri, şäherçeleri we obalary gurup ulanmaga bermek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň sebitlerinde ilaty döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek boýunça işler batly depginde dowam edýär, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary, obalardyr şäherçeler bina edilýär. Olarda ilata durmuş taýdan hyzmat edýän dürli maksatly desgalar gurulýar, abadan durmuş, netijeli zähmet çekmek, göwnejaý dynç almak üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda Bagtly zamana obasynyň açylmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Ir bilen Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ýygnandylar. Dabaranyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren joşgunly çykyşlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda bellenilişi ýaly, türkmen topragynyň dürli künjeklerinde döwrebap durmuş-ykdysady düzümleriň döredilmegi, ähli pudaklara ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, innowasiýalary ornaşdyrmaga gönükdirilýän ägirt uly maýa goýum serişdeleri ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna we ykdysadyýetiniň sazlaşykly ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Paýtagtymyzy, beýleki şäherlerimizi bezeýän ajaýyp binagärlik toplumlary, önümçilik kärhanalary, saglygy goraýyş, medeni, sport desgalary, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň täze binalary soňky ýyllarda batly depginler bilen öňe barýan Watanymyzyň artýan ykdysady kuwwatyna şaýatlyk edip, döwletimizde adam baradaky aladanyň ileri tutulýandygyny görkezýär. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň Gutlagyny şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar. «Türkmenistan gazeti»

No image
SUNGAT ÄLEMINIŇ USSATLARY

Täzelikler

17.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen sungaty we medeniýeti taryhy ösüşiň täze basgançaklaryna göterildi. Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň alynmagy netijesinde ýaş sungat we döredijilik işgärleri halkyň durmuşynda we aňyýetinde watançylyk duýgularyny oýarmaklyk bilen öz döredijiliklerinde has erkin işläp başlaýarlar. Ýurdumyzda bilimli-ylymly ýaşlary kemala getirmek ugrunda öňe sürülýän esasy maksatlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ussat halypalar, mugallymlar, talyp ýaşlar bilen yzygiderli okuw maslahatlaryny, tegelek sollaryny gurnap gyzykly duşuşyklary geçirýärler. Bu gün hem Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýew we nakgaşçylyk kafedrasynyň uly mugallymy Polat Garryýewiň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada talyplaryň arasynda sowal-jogaply brifing duşuşygy geçirildi. Bu duşuşygyň dowamynda talyp ýaşlar ussat halypalara biri-birinden gyzykly döredijilik we sungat ýoly dogrusynda sowallary berdiler. Ussatlarymyz bolsa öz döredijilikleri we sungat ýolunyň inçe syrlary barada talyp ýaşlara gyzykly gürrüňleri berdiler. Brifingde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahaty, ondaky ara alnyp maslahatlaşylýan halk bähbitli, ýurt ähmiýetli meseleler, ýurdumyzda şol esasynda alnyp barylýan syýasatlar, syýasy-ykdysady, medeni-durmuş, ylym-bilim, sungat we medeniýet ugurlarynda ägirt uly ösüşleri, öňegidişikleri gazanylýanlygy barada köp sanly mysallary getirip, talyp ýaşlara biri-birinden täsirli maglumatlary berdiler. Ussat halypalar Saragt Babaýew we Polat Garryýew ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri, ýetilýän sepgitleri ýüreklerini has-da joşduryp, täze sungat eserleriniň döremegine itergi berýändiklerini, talyp ýaşlara bolsa öz saýlap alan ugurlarynda üstünlik arzuw etdiler. Bu duşuşyk ussat halypalar we talyp ýaşlar üçin täsirli we ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. __________________ Amangül GOÇMYRADOWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby

No image
ARKADAG ŞÄHERI GELJEGIŇ ŞÄHERI

Kitaphanalar

17.09.2025

Binýady berkden gurlan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň eşretini görüp ýaşaýan halkymyzyň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Biziň ajaýyp baýramlarymyz goşa-goşadan gelýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň öňi syrasynda Arkadag şäherimizde täze jaýlaryň birnäçesi açylyp ulanmana berildi. Täze jaýa göçen ildeşlerimiziň ýürek buýsançlary joşgunlary gözlerinden okalýar. Bize şeýle bagtly durmuşda ýaşamana ajaýyp şertler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, bolmagyny, döwletli işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw edýäris.

No image
GARAŞSYZLYK-PEDERLERIMIZIŇ HASYL BOLAN ARZUWY

Kitaphanalar

17.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk-pederlerimiziň hasyl bolan arzuwy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary ýogy 34 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe boldy. Şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlaryň dowamyndaky arzuwy bolan Garaşsyzlyk bu gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Garaşsyzlyk döwletimiziň binýadyny berkidip, eziz Watanymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy asuda awadan, parahat ýurtda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNA AGZA DÖWLETLERINIŇ MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI

Halkara gatnaşyklary

17.09.2025

2025-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Medeniýet ministri wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Duşenbe şäherinde geçirilen Medeni hyzmatdaşlyk boýunça nobatdaky 40-njy geňeşiniň mejlisinde bu döwletleriň arasynda alnyp barlan we geljekde meýilleşdirilýän medeniýet babatdaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu Gurama agza döwletleriň Gumanitar ugurda hyzmatdaşlyk boýunça geňeşi 2019-njy ýylda Aşgabat şäherinde geçirildi. Şonuň ýaly hem, Mary şäheri 2012-nji ýylda, Daşoguz şäheri bolsa 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi we şol ýyllarda ýurdumyzda agza döwletleriň medeniýet ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda ençeme medeni çäreler geçirilendigini bellemek gerek. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/bhuj.jpg) Ýurdumyzyň medeniýet, sungat, döredijilik wekilleri Gurama agza döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyklaryň çäklerinde birek-biregiňkide geçirilýän medeni çärelere işjeň gatnaşýarlar. Mejlisiň işine wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan Türkmenistanyň Medeniýet ministri hem öz gezeginde Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda medeniýet babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna hem uly ähmiýet berilýändigi barada belläp geçdi. Şeýle hem ol Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriniň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça nobatdaky 40-njy geňeşiniň mejlisiniň gün tertibinde seredilen meseleleri Türkmen tarapynyň goldaýandygy, geljekde bu dostlukly döwletler bilen medeniýet babatdaky hyzmatdaşlygy işjeň ýagdaýda dowam etdiriljekdigi barada aýtdy we mejlisiň işine gatnaşanlara işlerinde üstünlik arzuw etdi.