logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BILDIRIŞ !

Teatr we kino dünýäsi

17.09.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň «Aba Annaýew» adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy we Türkmenistanyň Döwlet sirkleri bilen bilelikde «Görogly» eposyndan, Göroglynyň döreýşi barada sahnalaşdyrylan täze sirk çykyşyny Size hödürleýär. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler. Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda «online» görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95. Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz.

No image
AGZYBIRLIK BAGTYÝARLYGYŇ ÖZENI

Kitaphanalar

17.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda «Aşgabat» seýilgähinde «Aşgabat» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde «Agzybirlik bagtyýarlygyň özeni» atly söhbetdeşlik geçirdi. Häzirki wagtda halkymyzyň ruhy ýörelgelerinden ugur alynyp geçirilýän Türkmenistanyň halk Maslahaty asyrlaryň dowamynda asylly ýörelgeleri, pähim-paýhasy bilen halkymyzyň görelde mekdebi bolup gelýän halkyň ygtybarly wekillerine sarpa goýmagyň, agzybirligiň we jebisligiň subutnamasydyr. Döwletli maslahatda ýurduň jemgyýetçilik durmuşyna degişli meselelere garalýar. Ýurdumyzyň ösüşi ugryndaky esasy wezipeler bilen halkymyz giňden tanyşdyrlyp, olary ýerine ýetirmegiň anyk ýollary kesgitlenilýär. Şeýle edilmegi bilen, bu gün türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda agzybirlikde, maslahatly kabul edilýän çözgütler bilen abadan durmuşuň berkararlygyny, täze ösüşleriň binýadyny goýýan. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda buýsançly gürrüňler edildi. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz Watanymyzy bir supranyň başynda jem edip parasatly başlangyçlary öňe sürýär Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlary beýan etdiler.

No image
2025-nji ýylyň 17-21-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlarynyň

Teatr we kino dünýäsi

17.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 17.09.2025ý. «Mukaddeslige tagzym» sagat 19:00 20.09.2025ý. «Hoşlaşasym gelenok» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Yşgyň gämisi» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 17.09.2025ý. «Gurbannazar Ezizow» sagat 19:00 20.09.2025ý. «Pursat» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Talyp söýgüsi» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 21.09.2025ý. «Söweşe garşy söweş» sagat 19:00 A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 20.09.2025ý. «Juwan kalbym joşanda» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Aşyk erkek» sagat 19:00 TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 20.09.2025ý. «Amanat giýew» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Söýgi» sagat 19:00 ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 20.09.2025ý. «Pederleriň ýoly» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Gumly gelin» sagat 19:00 TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 20.09.2025ý. «Maşa we aýy» sagat 17:00 20.09.2025ý. «Juwan kalbym joşanda» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Bir towşanjyk bar eken» sagat 17:00 21.09.2025ý. «Mährem ene» sagat 19:00 BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 20.09.2025ý. «Gülki sowgady» sagat 19:00 DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 20.09.2025ý. «Gaýduwsyz serkerde» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Ejekejan» sagat 19:00 LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 21.09.2025ý. «Syrak hakda rowaýat» sagat 19:00 MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 20.09.2025ý. «Biz öýlenmäge taýýar» sagat 19:00 21.09.2025ý. «Talyp söýgüsi» sagat 19:00

No image
«DÜNÝÄ GÖZELLIKLERINI ZENANLAR WASP EDENDE» ATLY KERAMIKAÇY GELIN-GYZLARYŇ DÖREDIJILIK SERGISI

Täzelikler

17.09.2025

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanmagynyň 34 ýyllygy ýurdumyz üçin aýratyn taryhy we syýasy ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli ugurlarda ösüşleri üstünlikli dowam edýär. Her ýylyň sentýabry türkmen halky üçin aýratyn bir buýsançly pursatlara bagyşlanýar. Çünki Garaşsyzlyk–diňe bir taryhy wakanyň senesi däl, eýsem halkyň erkinliginiň, döwletimiziň ösüş ýolunyň, bagtyýar ýaşaýşymyzyň hem iň beýik gymmatlygydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şanly çäreler geçirilýär. Uludan toýlanýan mukaddes Garaşsyzlyk baýramymyzyň öňüsyrasynda, 2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynyň mugallymy Gülara Babaýewanyň we onuň şägirtleri Laçyn Toýlyýewanyň, Jemal Batyrowanyň, Maýa Tejenowanyň, Ogulbahar Annamuhammedowanyň, Patmagözel Atabaýewanyň «Dünýä gözelliklerini zenanlar wasp edende» atly keramikaçy gelin-gyzlaryň döredijilik sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/5.jpg) Keramika bu milli sungatymyza aýratyn öwüşgin berýän bezeg önümleriniň esaslarynyň biridir. Bu sungat örän gadymdan bäri adamzat jemgyýetiniň durmuşynda onuň ýaşaýşynyň ähli pudaklarynda giňden ulanylyp gelýär. Keramikaçylar döredijilik eserleriniň saldamly we nepis bolmagy üçin tebigatyň ösümlik, haýwanat, asman jisimleri we adam keşpleri bilen baýlaşdyrýarlar. Nagyşlaryň çylşyrymlaşmagy, olara tebigat şekilleriniň, adam keşpleriniň, haýwanlaryň çekilmegi, bir işiň ýüzünde kompozision äheňli keşpler toplumynyň ýerleşdirilmegi ýaly usullar häzirki wagtda keramikada has köp ulanylýan usullaryň biridir. Mugallym Gülara Babaýewa hem öz şägirtlerine keramika sungatyny ussatlyk bilen öwredip, eserleriniň ähmiýetini döredijilik sergisinde beýan edýär. Onuň şägirtleriniň ýiti zehininden dörän sungat eserleri halkymyzyň el senediniň özboluşly beýany bolup, ilimiziň ýürek töründe orun aldy. Türkmeniň milli halypa-şägirtlik mekdebiniň mynasyp dowam edýändigini görkezýän amaly-haşam sungatynyň sergisi ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli, ilhalar hünärmenler bolup ýetişmeginde bu ýörelgäniň gymmatynyň bardygyny bellemek bolar. ________________________ Oguljan DAÝYÝEWA, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň Sungaty öwreniş kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby

No image
GYRGYZ RESPUBLIKASYNDA HALKARA SYÝAHATÇYLYK FORUMY GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

17.09.2025

2025-nji ýylyň 15-16-nji sentýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Jalal-Abad şäherinde Türk döwletleriniň Guramasynyň Halkara Syýahatçylyk forumy geçirildi. Forumda durnukly syýahatçylygy ösdürmäge, türk ýurtlarynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge we öňdebaryjy tejribe alyşmaga bagyşlandy. Foruma döwlet edaralary, syýahatçylyk kärhanalary, halkara guramalary we Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň 150-den gowrak wekili gatnaşdy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/25.jpg)

No image
MUKADDES GARAŞSYZLYK–BAKY BAGTYŇ BAÝRAMY

Kitaphanalar

16.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Mukaddes Garaşsyzlyk–baky bagtyň baýramy» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyz biziň milli buýsanjymyzdygyny, berkarar döwletimiziň mizemezliginiň il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýady bolup, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ajaýyp miweleri döwletimiziň taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halkymyz Garaşsyzlyga, hemişelik Bitaraplyga bagtyýarlygyň, berkararlygyň gözbaşy höküminde aýratyn sarpa goýýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Berkarar Diýarymyzy gurmagyň we döretmegiň röwşen ýoly bilen ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BAŞ BAÝRAMYMYZA TEATRLARYŇ SOWGADY

Teatr we kino dünýäsi

16.09.2025

Bagtyýar watandaşlarymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň milli we halkara ähmiýetli wakalaryny özünde jemleýän Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet ýeňişleri bilen barýar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly:«Garaşsyzlygymyz – barlygymyz. Garaşsyzlygymyz–bagtymyz». Şu jähetden, Garaşsyzlyk – biziň eziz Watanymyza söýgimizi we sarpamyzy Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan, halkymyzyň berkarar döwlet gurmak, agzybirlik, özbaşdaklyk, hemişelik Bitaraplyk barada telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolan mukaddes gymmatlygymyzdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVI maslahatyna gatnaşyjylara Gutlagynda «Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimiziň hem-de buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biz Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik işlere galkyndyrýan güýji, watansöýüjiligimiz, döredijilik hyjuwymyz, zähmet joşgunymyz bilen ajaýyp geljegimizi gurýarys»-diýip biziň geljekki işlerimizde mukaddes Garaşlygymyzyň hem hemişelik Bitaraplygymyzyň uly ruhy güýç bolup durýandygyny nygtaýar. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň medeniýet, sungat hem-de döredijilik işgärleri baş baýramymyza döredijilik sowgatlary bilen gelmekleri asylly däbe öwrüldi. Şanly ýylymyzyň baş baýramyna ýurdumyzyň teatrlary hem-de sirkleri mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan beýik zähmet üstünliklerini hem-de syýasy we durmuş we jemgyýetçilik durmuşynyň şanly wakalaryny wasp edýän, türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna, watansöýüjiligine, şöhratly pederlerimiziň hem-de belli şahsyýetleriň döredijilik we ömür ýollaryna bagyşlanan täze oýunlaryň we sirk tomaşalarynyň ençemesini sahnalaşdyryp geldiler. Bagtyýar watandaşlarymyz şanly ýylymyzyň 17-si–28-zi aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda hem-de sirklerinde täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişlerine tomaşa edip bilerler. Baş baýramçylyga Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry dramaturg G.Daňatarowyň «Tumar şa» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan spektakl bilen geldiler. Sahna oýnunda massagetleriň şa zenany Tumaryň Watan goramakdaky edermenlikleri dabaralandyrylýar. Gadymy grek akyldar taryhçysy Gredotyň «Dünýä taryhy» atly köp jiltlik eserinde beýan edilen Kir şadan üstün çykan Tumarisiň başdan gahrymançylykly geçirmeleri baradaky rowaýata öwrülip gelen wakalar bu sahna eseriniň süňňüni düzýär. Spektaklda merdana pederlerimiziň watanperwerlik hem-de dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmakdaky tagallalary giňden açylyp görkezilýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýazyjylar Hydyr hem-de Ylýas Amangeldiýewleriň taýýarlan pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Gurbannazar Ezizow» atly täze sahna oýny bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenýär. Ussat şahyryň ynsan kalplarynyň nagşyna öwrülen şygyrlary esasynda döredilen aýdym-saz eserleri bilen utgaşyp gidýän wakalaryň jümmüşinde Gurbannazar Ezizowyň atasy, kakasy, maşgalasy hem ömür döredijilik äleminiň syrlaryny çeper sahna wakalarynyň üsti bilen beýan edilýär. Bu sahna eserinde sungat muşdaklary türkmen sahnasynda ilkinji gezek söz ussadynyň janly keşbini synlap bilerler. Spektaklyň dowamynda şahyryň eziz Watanymyza, onuň tebigatyna aşyklygy, halkyň agzybirligine bolan pelsepewi garaýyşlary çeper şöhlelendirilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg) Türkmenistanyň milli Alp Arslan adyndaky drama teatry sungat muşdaklaryny dünýä nusgawy edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri, belli gyrgyz dramaturgy Çingiz Aytmatowyň «Söweşe garşy söweş» atly sahna oýny ilkinji görkezilişini guraýar. Bu spektaklda Zeminiň parahatçylygynyň, halklaryň arasyndaky agzybirligiň tutuş ynsan köňülleriniň arzuwydygy dabaralandyrylýar. Parahatçylyk nagmasy ykbal, durmuş, döwür bilen ýüzbe-ýüz durýan ynsanyň gursagyndan syzlyp, yklyma ýaň salýar, asudalyk aýdymy bolup köňüllere müdimilik dolýar. Sahnada Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserlerinde ynsanyýete ýüzlenip aýdylýan parahatlyk söýüjilik öwüt-ündewleri eriş-argaç bolup geçýär. Arkadag şäheriniň A.Gulmämedow adyndaky döwlet drama teatry Türkmen halkynyň Milli Lideri gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romany esasynda «Pederler ýoly» atly täze sahna eserini teatr muşdaklaryna sowgat getirdi. Spektaklda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän romanynda beýan edýän gyzykly wakalar janlandyrylyp, onda tomaşaçylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän romanyndaky gahrymanlar Ýazly yzçynyň, Mämiş seýisiň, Kuwwat pälwanyň sada türkmen obasynda nesillere nusgalyk bitiren işleriniň gözli şaýatlary bolarlar. Sahna oýnunda parasatly ata – babalarymyzyň şöhratly ýoly yzarlanyp, geçmişe syýahat edilýär. Sahnadaky wakalar hakyky durmuşdan asla üzňe däldigi diýseň täsir galdyrar. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry şanly baýramçylyk mynasybetli belli şahyr, akademik A.Kekilowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Söýgi» atly sahna oýnuny ýaşlara sowgat edýär. Spektaklda Watan öňündäki borjyňa, söwer ýaryňa beren ähdiňe, ar-namysy goldan bermän wepaly bolmak ýaly asylly milli terbiýeçilik häsiýetleri dabaralanýar. Sahna eseri ýaşlary parahatçylyk söýüjilige, agzybirlige, mertlige, gaýratlylyga, merdanalyga çagyrýar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/63.jpg) Türkmen döwlet gurjak teatry baýramçylyk günlerinde bagtyýar çagalar üçin sahnalaşdyrylan «Mährem ene» atly sahna oýny bilen gapylaryny giňden açar. Spektaklda täsin gurjaklaryň ynsan nesliniň ene mukaddesligine goýýan gadyr-gymmaty janlandyrylýar. Köp çagaly türkmen maşgalasynda çaga bagtyýarlygy dabaralandyrylyp, ezi Watanymyzda eneleriň hem-de çagalaryň goragy üçin döwlet tarapyndan edilýän goldaw-hemaýatlar, tükeniksiz aladalar wasp edilýär. Enäniň mähremliginiň her hili kynçylygy ýeňip geçmekde çagalar üçin egsilmez güýçdigi spektaklda dabaralandyrylýar. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry B.Mämmedowyň «Juwan kalbym joşanda» atly sahna oýny bilen tomaşaçylary garşy alar. Spektaklda kalby watanperwerlik söýgüsine pürepür bagtyýar ýaşlaryň durmuşy, Sebitde ilkinji akylly şäher-Arkadag şäheriniň gurluşygynda zähmet çekýän ýaş ýigit Serdar bilen, ussat tansçy Maralyň arasyndaky päk söýgi gatnaşyklary janlandyrylýar. Sahna eseri ýaşlaryň bagt toýy, şirin aýdym-saz, ýaşlaryň joşgunly tanslary bilen jemlenýär. Mukaddes Garaşsyzlyk baýramy welaýatlarymyzyň teatrlarynyň sahnalarynda hem giňden dabaralanyp, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ruhy joşguny döreder. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Dramaturg G.Daňatarowyň «Watan jandan eziz», atly sahna oýny atly sahna oýny balkanly watandaşlarymyza görkeziler. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Gaýduwsyz serkerde», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Watan gerçegi», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ««Biz öýlenmäge taýýar» atly sahna oýunlary teatr muşdaklaryna ilkinji gezek görkezerler. Mukaddes garaşsyz baýramy mynasybetli sirklerinde täze tomaşalar taýýarlanyň sirk sungatynyň täsinliklerini söýüjileri begendirdi. Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Behişti bedewler – şöhrat-şanymyz», sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bolsa «Galkynyşyň röwşeni siz, ýelden ýyndam bedewler» atly ýörite sirk tomaşasy bilen sungat täsinliklerini söýýän muşdaklaryna hyzmat eder. Mundan başga-da, teatrlaryň hem-de sirkleriň ajaýyp sahnalarynda ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlanar. Wäşileriň baýramçylyk gutlaglary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. Ýurdumyzyň teatrlary we sirkleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli eziz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, belli şahsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny wagyz edýän sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri bilen tomaşaçylary begendirerler. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza teatr we sirk sungatynyň işgärleri milli sungatymyzy ösdürmek hem-de dünýäde ýaýmak üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri, goldaw-hemaýatlary üçin soňsuz alkyşlar aýdýarlar. _____________ Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy.

No image
AWAZADAKY DOSTLUK

Edebiýat älemi

16.09.2025

(HEKAÝA) Şäherde ýaşaýan daýylaryndan dolanyp gelen Şöhradyň ýüzi şadyýandy. Ony şähere Nury daýysynyň özi alyp gidipdi. Daýysynyň Şöhrady şähere alyp gitmeginiň sebäbi ýok däldi. Ogly Pälwan bilen ýakyndan tanyşdyryp, dostlaşdyrmak isledi. Daýysynyň ogly Pälwan bilen Şöhradyň sözi alyşdy. Şöhrat bilen Pälwany Nury aga şäheriň gözel seýilgählerine aýlady. Seýilgählerdäki çagalar meýdançalaryndaky ähli zatlar Şöhradyň göwnüne ýarady. Ol okan ertekilerindäki gahrymanlar bilenem ýüzbe-ýüz boldy. Paýtagtda bolan günleri onda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Iki hepdeläp daýylarynda bolup gelen Şöhradyň dostlary daşyna üýşdiler. Olar “”Aşgabat” seýilgähini gördüňmi?!”, “Buzly köşge-de” bardyňmy?!, “Çagalar dünýäsi dükanlaryna-da aýlanansyň-ai?! - diýip, sowal yzyna sowal suňşurdylar. Şöhrat dostlaryna şäheriň täsin gözel ýerleri barada gürrüň berdi. -Esasy zat men täze dostlary tapyndym. Daýym bilen daýzam Pälwan ikimizi “Awaza’ milli syýahatçylyk zolagyna alyp gitdiler. “Awazaň” owadanlygyna haýran galaýmaly. Ata-eneleri bilen dynç almaga gelen çagalar köp eken. Olar bilen dostlaşdyk. Deňziň kenaryndaky çägede biz üýşüp surat çekdik. Nämäň suratydyr öýdýäňiz?! Hany, biljek boluň?! -Aman pikirlenmezden ak kepderiň suratymy! – diýip jogap berdi. -Hawa, bildiň Aman. -Ganatlaryny giňden ýaýyp duran ak kepderiň suratyny çekdik. Üýşüp çeksegem surat owadan boldy. Uly adamlaram gelip görüp, gowy çekendigimizi aýtdylar. Men, Rahym, Ahmet üçümiz herimiz ak kagyzdan gämem ýasadyk. Ýasan gämimizi deňze akdyryp goýberdik. Deňiz tolkunlary sähel salymda gämileri bizden daşlaşdyrdy. Has uzaklaşansoň biz ýasan gämilerimizi görüp bilmedik. Belkem, biziň dostlugymyzyň nyşany bolan, şol gämilerimiz henizem deňizde ýüzüp ýörendir. Awazada owadan myhmanhanalar diýseň köp. Şol gün deňziň ýodly howasyndan dem alalyň diýip–daň agarmanka kenara bardyk. Daýym säher çagynda deňiz howasyndan dem almagyň örän peýdalydygyny ýanjap-ýanjap aýtdy. Mawy deňziň daňdanky owadanlygy meni aňk etdi. Günüň dogup gelşi, tolkunlaň owazy kalbymy heýjana getirip joşdurdy. Daýym bilen daýzamam bu görnüşleri maýyl bolup synladylar. Daýym: -Parahat ýurdumyzda deňziň kenarynda erkana dynç alýarys. Hemme şertler bar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, agzybir halkymyz parahatçylyga uly sarpa goýýar. Dost-doganlyk gatnaşyklary, şöhratly işler arkaly parahatçylygymyz berkidilýär. Goý dünýäde hemişe parahatçylyk bolsun diýdi. Daýym bu sözleri ýürekden aýtdy. Daşary ala-garaňkam bolsa deňziň kenarynda adam köpdi. Kenardan ýöräp myhmanhanalaryň gözelligini synlap barşyma özüm deň-duş bir oglana duşdum. Ol hem men ýaly myhmanhanalaryň täsin gurluşyny synlap gelýäne meňzeýärdi. Men onuň daşary ýurtly myhmandygyny görenimden bildim. Ol ýylgyryp seretdi. Menem ýylgyrdym. Ol iňlis dilinde salam berdi. Menem iňlis dilinde salam diýdim. Iňlis dilini bilemsoň maňa onuň bilen gürleşmek kyn düşmedi. Men şonda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň öwredilýändigine diýseň begendim. Özümiň iňlis dilini bilýändigime buýsandym. Ol adynyň Riçerddigini, özüniň awstraliýalydygyny aýtdy. Awstraliýada internet arkaly Türkmenistan bilen tanyşdym. Owadan, döwrebap Arkadag, Aşgabat şäherleriňiz, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalar hakynda edýän aladalary, çagalara degişli dürli halkara sport ýaryşlarynyň, bäsleşikleriniň, dabaradyr çäreleriň ýygy-ýygydan çeçirilýändigi Türkmenistany dünýä tanadýar diýip - ýürek buýsanjyny paýlaşdy. Riçerd surat çekmäge ökde eken. Awazada bolan günlerindäki dürli pursatlary şekile geçiripdir. Ol ikimiziň tanyş bolan pursadymyzam çekjekdigini aýtdy. Halkymyzyň myhmansöýerliginiň, çagalara bolan egsilmez söýgüsiniň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny dilinden düşürmedi. Güneşli howa, Hazaryň şypaly suwy, dynç alýanlar üçin görkezilýän medeni çykyşlar ylham berip, türkmen kalbyny açýar diýdi. Riçerd goşgy düzmegem başarýan eken. Ol Awazaň gözelliklerinden täsirlenip döreden goşgusyny okap berdi. *** ``` Bu ýurt çagalaryň söýülýän ýurdy, Eşretiň hem bagtyň duýulýan ýurdy, Gözellik tükenmez nuruny saçyp, Beýik maksatlaryň ýaýylýan ýurdy. ``` *** Riçerd ýene iki günden öz ýurtlaryna ugraýandyklaryny, hoşlaşmaga hökman geljekdigine söz berdi. Sözünde-de tapyldy. Hoşlaşmaga gelende ikimiziň tanyş bolan pursatymyzdaky çeken suratyny ýadygärlik berdi. Ýany bilen dört eplenen kagyzam elime tutdurdy. Biz dostlarça mähirli hoşlaşdyk. Sanaýmalyja günüň içinde dostlugyň dörändigine begendim. Aman: - Riçerd hatynda näme ýazypdyr diýip, bilesigeliji sowal berdi: - Biziň ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ýurtdygyny, iň süýji tagamlaryň, gawun-garpyzlaryň, miweleriň ýurdudygyny ol hatynda köp gezek gaýtalapdyr. Çöregimiziň huruşdygyny, bu naz-nygmatlardan öýlerine-de alyp barýandygyny ýazypdyr. Awaza meni türkmen deň-duşlarym bilen dostlaşdyrdy. Türkmen dostlarymdan köp zatlary öwrendim. Watansöýüjilik, açykgöwünlilik, myhmansöýerlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna türkmen halky çyn ýürekden hormat goýýan eken. Meni türkmenleriň şu häsiýetleri juda özüne çekdi. Men özüm bilen Türkmenistandan iň ýakymly duýgulary, ýatlamalary alyp barýaryn. Şeýle gowy täsirleri dostlarym bilen paýlaşaryn - diýipdir. Riçerd bilen geçiren pursatlarymyz hiç ýadymdan çykanok. Awaza dost-doganlygyň mekany. Awazanyň kenarynda Riçerd ikimiziň dostlaşyşymyz ýaly, gör näçe adam dostlaşandyr. Eziz Watanymyz dost-doganlygyň gülläp ösýän ýurdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, ýurdumyz dost-doganlyga beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyny okanyňda, dostlukda mähribanlygy, parahatçylygy dörediji güýjüň bardygyna göz ýetirýärsiň. Parahatçylyk iň gymmatly baýlyk. Biziň arzuwlarymyzyň hasyl bolup, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyzyň aňyrsynda-da parahatçylygymyz bar. Şöhrat şeýle garaýyşlar bilen pikirini jemledi. Dostlary Şöhradyň gürrüňlerini ýatdan çykmajak täsirler bilen diňlediler. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNDY DIÝAR

Edebiýat älemi

16.09.2025

``` Türkmen başa täç edendir Watany, Ykballara ak daň bolup atany. Bedew batly ösüşlerde gadamy, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. **** Guşlar erkin ganat ýaýýar asmanda, Toý-baýramly ýurdum bagy-bossanda. Dost-doganlyk mähri Türkmenistanda, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. *** Zamanamyz haýran edýär dünýäni, Arkadagymyzyň ajap eýýamy. Gahryman Serdarmyz halkyň saýlany, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. *** Maksatlarmyz aýdyň dünýäň ýüzünde, Bagtdyr, ýurdy parahatlyk bezände. Bereket bar ülkämiň dag-düzünde, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. *** Ýaşulular eýe hormat, mertebä, Halkym milli dessur-däbine eýär. Baky Bitaraplyk dillerde sena, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. *** Milli Liderimiz Arkadagmyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza— Alkyş bolsun! Ýetirdi bagtymyza, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. ``` ______________________________ Allaberdi BEGMYRADOW

No image
ATAM ÖÝÜM

Edebiýat älemi

16.09.2025

``` Gök asmanly giň düzi bar, Ilersinde mahmal çölüm. Eziz obamda nur saçyp, Otyr meniň atam öýüm. ``` *** ``` Gaýrasynda ene ýaby, Tolkunlary dutar sazy, Geçiripdik ençe ýazy, Seň goýnuňda atam öýüm. ``` *** ``` Kyrk öýli Soltanyz nesli, Zähmetsöýer, halal asly, Bag-bakjasy Erem ysly, Jennet künji atam öýüm. ``` *** ``` Ýaşlygymyň ýazy sende, Ýüregimiň tary sende, Käte kalplar üzülende, Aram berýän atam öýüm. ``` *** ``` Ejemjanyň çöreklerniň, Ysy geler bir menzilden, Kakamjanyň ekinleri, Doldyr mellegi pazyldan. ``` *** ``` Gazanynda ballar gaýnan, Ojagmyzyň ýeri galdy. Ol ot ýakyp, palaw buglan, Ejemjany ýada saldy. ``` *** ``` Tomus pasly, asmandaky, Ýedigeni sanaşardyk, Ene ýabyň köprüsinden, Dikligne suwa aşardyk. ``` *** ``` Ilkinji torlan işimi, Ene ýaba akdyrypdym, Agalarmyň balalarny, Ellerimde bökdüripdim. ``` *** ``` Gizlenpeçek oýnalardy, Ýabyň suwy boýlanardy, Çagalaryň şatlygyna, Ene ýabam towlanardy. ``` *** ``` Bakjalar bar beren wagty, Adamlaryň keýpi çagdy, Ondan bäri günler ötüp, Ençe ýyllar arka agdy. ``` *** ``` Doganlarym üýşen çagy, Öýmüz bolardy sapaly, Oturlardy söhbet edip, Çaýam bolardy şypaly. ``` *** ``` Ojakda ot ýakylardy, Tamdyrda bişerdi çörek, Şol günleri ýatlap käte, Sanjyp gidýär ynjyk ýürek. ``` *** ``` Aladasyz çagalygym, Sende galdy atam öýüm. Käte baryp, dolansakda, Sende mydam oyum-küýüm. ``` Ogultäç HOJANAZAROWA