logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BERKARARLYK MUKAMY – GARAŞSYZLYK AÝDYMY

Kitaphanalar

11.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Berkararlyk mukamy – Garaşsyzlyk aýdymy» ady bilen Türkmen halysynyň milli muzeýinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde, şanly Garaşsyzlygymyz–bagtyýarlygymyzyň gözbaşy, ruhy dünýämiziň goşa ganaty, bu günki gün Garaşsyzlygyň beren eşretine guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz üçin mukaddes Watanymyzyň, eziz Arkadagymyzyň ady dillerde sena bolup ýaňlanýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Şeýle-de Garaşsyzlyk halkymyza asuda asmany, parahat durmuşy we bagtyýar geljegi peşgeş berendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Aşgabat döredijilik toparynyň ýerine ýetirmeginde şanly Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY WE MEDENI-YNSANPERWER ULGAMLAR

Täzelikler

11.09.2025

Ýurdumyzyň Halk maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada ähli ýerlerde wagyz – nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty we medeni-ynsanperwer ulgamlar» atly maslahaty geçirildi. Bu çärä okuwymyzyň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Maslahaty alyp baran Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa. Maslahatyň başynda ilkinji bolup Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew çykyş etdi. Maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Garýagdy Saryýew, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy Altynjemal Hydyrowa, Saz mugallymçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ýusup Ýazgylyjow özleriniň joşgunly sözleri bilen çykyş etdiler. Her ýyl Garaşsyzlygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirilýär. Onda taryhy işler durmuşa geçirilýär, döwlet ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän bu işler esasy maksady halkyň bähbidine gönükdirilýär. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynda döwlet Senasyny ýerine ýetirmegi, sungat wekilleriniň şa serpaýlara mynasyp bolmagy biz üçin buýsançlydygy barada maslahatda çykyş edenler özleriniň ýürek joşgunlary bilen belläp geçdiler. Ogulnur SULTANOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 4-nji ýyl talyby

No image
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-DURMUŞYŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

11.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Aşgabat şäheriniň 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-durmuşyň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz köçelerde ulaglaryň şeýle-de pyýadalaryň berjaý etmeli düzgünleri, ýerine ýetirmeli hereketleri barada bilesigeliji çagalara täsirli gürrüňler berdiler. Şeýle-de ýol yşygy we dürli ýol belgileri, olaryň aňladýan manylary barada düşündirdiler. Çagalar bilen ýol hereketiniň düzgünleri esasynda sorag-jogap alşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda asuda, parahat, abadan ýurdumyzda raýatlaryň rahatlygy we howpsuzlygy ugrunda uly işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
KITAPHANALAR PÄHIM–PAÝHASYŇ ÇEŞMESIDIR

Kitaphanalar

10.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Kitaphanalar pähim–paýhasyň çeşmesidir» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda kitaphanalar ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylýandygyny, hormatly Prezidentimiziň saýasynda kitaphana işiniň has-da kämilleşdirilip, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde täze kitaphanalaryň gurulmagy, olarda bitewi elektron kitaplar bilen üpjün edilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphana işi, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝOL HEREKETIŇ HOWPSUZLYGY–ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

10.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepde her ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda döwlet derejesindäki umumy çäre hökmünde giň gerim bilen geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy» atly duşuşyk geçirdi. Ýaşlaryň ýol hereketiniň howpsuzlygyna jogapkärli garamaklaryny we howpsuz hereket etmeklerini gazanmak, köçelerde, şaýollarda, jemgyýetçilik ulaglarynda çagalaryň özlerini howpsuz, medeniýetli alyp barmak endiklerini terbiýelemek häzirki döwrüň möhüm talabydyr. Çagalar bilen bagly ýol hadysalarynyň öňüni almak, mekdep okuwçylaryna ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpçin etmek babatda kanunçylygyň talaplaryny hormatlamagy we berjaý etmegi öwretmek bilen bagly kitaphana hünärmenleriniň döwletimizde çap bolup çykan degişli kitaplardan geçiren wagyz-nesihat işleri okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygymyzyň ahyrynda oňa gatnaşanlar baky bagtyýar diýarymyzda ýollaryň asudalygy, illeriň bagtyýarlygy üçin beýik işleri amal edýän Hormatly Prezidentimizde alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
SINANDALI KLASSYKY SAZ FESTIWALYNA TÜRKMEN ÝAŞLARYNYÑ GATNAŞMAGY

Konsertler

10.09.2025

2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Gruziýada klassyk sazy boýunça VII Sinandali festiwalynyñ açylyşy boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ «Orkestr saz gurallar» fakultetiniñ talyplary Ysmaýyl Sähetmyradow, Seýran Atanýazow, Ýunus Orazow, şeýle-de konserwatoriýanyň uçurymlary Döwran Gylyjow hem-de dirižýor Döwletgeldi Ökdirow dagylar gatnaşýarlar. Türkmen sazandalary Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Özbegistan, Türkiýe hem-de Ukraina ýaly ýurtlaryñ ýaş sazandalaryny birleşdirýän Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniñ düzüminde çykyş edýärler. Orkestre dirižýorlyk etmekde Italiýa döwletiniñ dirižýory Gianandreo Noseda we Şwesiýa döwletiniñ dirižýory Daniel Blendulf dagylaryň irginsiz zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Festiwalyň dowamynda meýilleşdirilen konsert çykyşlary 14-nji sentýabra çenli dowam edip, olardan dördüsi kamera orkestri, ýedisi bolsa simfoniki orkestr tarapyndan ýerine ýetirilýär. 9-njy sentýabrda bolsa, ady dünýä belli bolan meşhur türkmen kompozitory Nury Halmammedowyñ eserlerinden düzülen konsert meýilleşdirildi. Şeýle-de konsert çykyşlarynyň meýilnamasy dünýä saz medeniýetinde meşhurlyk gazanan ençeme kompozitorlaryň döredijiliginden iň görnükli eserleri öz içine alýar. Umuman, türkmen talyplarynyň Gruziýada geçirilýän Sinandali halkara festiwalyna gatnaşmagy diňe bir döredijilik duşuşygy bolan eýsem, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän, türkmen medeniýeti bilen beýleki halklaryň medeniýetiniň arasyndaky baglanyşyklary pugtalandyrýan möhüm taslamalaryň biri bolup durýar. Biz ýaşlary okamaga, döretmäge giñ mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden sag bolsun aýdýarys. Olaryň janlary sag, belent başlary dik, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Suraý ROZYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Orkestr saz gurallary» hünäriniň 4-nji ýyl talyby ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3335.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2225.jpg)

No image
DÖWLETLI MEKAN OBASY-WATANYMYZYŇ GARAŞSYZLYK BAÝRAMYNA SOWGAT

Täzelikler

10.09.2025

9-njy sentýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Ol Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 8-nji sentýabrda paýtagtymyzyň demirgazygyndaky senagat toplumynyň çäginde ýerleşýän çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän durmuş maksatly birnäçe iri desgalaryň açylmagyna ak pata berdi. Munuň özi Diýarymyzda baş baýramymyzy şanly wakalara, zähmet üstünliklerine besläp, uly ruhubelentlikde garşylamagyň asylly däbe öwrülendigine şaýatlyk edýär. Dabara ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň, welaýat we etrap halk maslahatlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny belende göterdi. Soňra döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginde täze, döwrebap Döwletli mekan obasynyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir raýaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň«Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň dowamy bolan «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen syýasatymyzyň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny öz durmuşynda görýär. Baýramçylyk günlerinde ulanmaga berilýän täze, döwrebap obalary, şäherçäni, durmuş maksatly binalary synlamaga göz gerek. Halkara ölçeglere laýyk gelýän şeýle gurluşyk taslamalarynyň türkmen gurluşykçylarynyň güýji bilen ýerine ýetirilýändigi aýratyn buýsandyryjydyr. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler täze obalaryň we şäherçeleriň döredilmeginiň häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtadylar. Şeýle hem olar döwrebap obanyň açylyp ulanmaga berilmeginiň welaýatyň ýaşaýjylary üçin ýatdan çykmajak waka öwrülendigini belläp, halkymyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Soňra dabara gatnaşyjylar täze Döwletli mekan obasynda döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

No image
BITARAPLYK-BAKY BAGTYŇ YKRARY

Kitaphanalar

09.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Bitaraplyk-baky bagtyň ykrary» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde hemişelik Bitaraplygyň gadyr-gymmaty bahasyzdyr, ol-ýyllar geçse-de ähmiýeti peselmeýän, hümmeti egsilmeýän gymmatlyk. Gaýta ýyl geçdigiçe, ýurduň ykbalyna nur bolup çaýylýan, ynsan kalbyny ýyladýan hemişelik Bitaraplygymyz aýdyň ertirlerimiziň, ýagty geljegimiziň çelgisine öwrüldi. Türkmeniň goşa ganatyna deňelýän hemişelik Bitaraplygyň 30 ýylynyň dowamynda ata Watanymyzyň ykbalyna ýetiren täsirleri, ösüşleri sanardan kän. Bu ýyllaryň içinde ýurdumyz parahatçylygyň, asudalygyň, dost-doganlygyň mekany hökmünde dünýä ýüzüne tanaldy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda we dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýan parahatçylyk, ynsanperwerlik ýörelgeleri bu gün hemmeleri haýrana goýýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylyk taglymatyny belentden dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de türkmen diplomatiýasyny ýeňişli menzillerde öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ÝAŞLAR WATANYŇ GELJEGI

Kitaphanalar

09.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýaşlar Watanyň geljegi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar nesilleri ylymly-bilimli, berk bedenli, halkyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny hem-de milli ýörelgelere eýerýän ýaş nesillerimizi kemala getirmek bilen bagly möhüm wezipeler amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaşlarda watansöýüjilik duýgusyny we milli buýsanjy terbiýelemekde, hünär saýlamaga ugrukdyrmak işlerini has-da döwrebap guramak ugrynda uly işleriň alnyp barylýandygy barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň berkararlygy, il-günümiziň bagtyýarlygy ugrynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ HEM-DE MILLI LIDERIMIZIŇ MILLILIK TAGLYMATLARY

Täzelikler

09.09.2025

2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini tele-radioýaýlymlarda wagyz-nesihat etmek boýunça Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda mugallymlaryň gatnaşmaklarynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiziň millilik taglymatlary» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik «Aşgabat» teleýaýlymynda ýazgy edildi.