logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
WATAN GORAGÇYLARY BARADAKY ALADA — DÖWLET SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRY

Täzelikler

13.09.2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Harby gullukçylar Watanymyzy goramak boýunça öz borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, mukaddes serhetlerimizde ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolmak bilen, merdana ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Gahryman Arkadagymyzyň «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Watan goragy mukaddesdir», «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitaplary bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri, aýratyn-da, Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistan» gazeti

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

12.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2025-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygy mynasybetli «Watanymyzyň Garaşsyzlygy – halkymyzyň bagtyýarlygy» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy. Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
MUKADDES GARAŞSYZLYK – BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

12.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Mukaddes Garaşsyzlyk – baky bagtyň gözbaşy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem parahatçylyk mukamy bolup ýaňlanýandygyny, türkmen ruhunyň we mertebesiniň täzeden dabaralandyrylýadygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şanly Garaşsyzlyk ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji, Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmesi, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Berkarar diýarymyzy, beýik ösüşlere, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝOL HEREKETINIŇ HOWPSUZLYGY-ÖMRÜMIZIŇ RAHATLYGY

Kitaphanalar

12.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň polisiýa müdirliginiň, Arkadag şäheriniň 7-nji çagalar bakja bagynyň bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy-ömrümiziň rahatlygy» atly çäre geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza, şeýle hem dünýä tejribesine laýyklykda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini hasda gowulandyrmakda, ýurdumyzy gülletmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak giň gerimli çäreler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýär. Şeýle çäre Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda çagalaryň gatnaşmagynda hem geçirildi. Bu çäre geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ýol hereketiniň kadalaryny dogry we doly berjaý etmeklerini gazanmak üçin aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çäräniň ahyrynda asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde bagtyýarlykda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin diýip ýagşy arzuw aýtdylar.

No image
KITAP-RUHY HAZYNA

Kitaphanalar

12.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Kitap-ruhy hazyna» atly gezelenç geçirildi. Halkymyzyň owal-ahyrda iň ezizlän ruhy gymmatlyklarynyň biri kitap bolupdyr. Geçmişiň beýanyny, taryhyny, şu günüň habaryny, geljegiň bolsa umytlaryny we maksatlaryny kitap gatlaryndan tapyp bilýäris. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Kitap asyrlardan asyrlara, nesillere bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmaýan baýlygy ýetirýän gymmatlykdyr. Kitap döwürleriň synagyndan geçen, hiç haçan könelmeýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýaşlaryň terbiýesinde kitabyň uly orny bar. Çünki paýhasly jümleler, ylmy garaýyşlar diňe kitaplaryň sahypasynda jemlenendir. Gezelenjiň ahyrynda ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
BRIFING WAGYZ NESIHAT DUŞUŞYGY

Muzeýler

12.09.2025

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň guramagynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleriniň çäklerinde Halk Maslahatynyň many-mazmunyny halk köpçüligine ýetirmek maksady bilen «Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň we dostlugyň mekany» atly brifing duşuşyk geçirildi. Gepleşige «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we gurnaýjysy Guwanç Çaryýarow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bölüm müdiri Hoşgeldi Annageldiýew, Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Osman Aşyrow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgäri Nurgözel Saparowa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Suraý Güljanowa dagylar gatnaşdylar.

No image
ÄHLUMUMY PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ ÝOLUNDA MÖHÜM BAŞLANGYÇLAR

Täzelikler

12.09.2025

Parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň esasyny düzýär. Bitarap ýurdumyz öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. 2024-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama hem Türkmenistanyň başyny başlan parahatçylyk döredijilikli gün tertibiniň logiki dowamy bolup durýar. Bu resminama diňe bir 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek bilen çäklenmän, eýsem, halkara derejede parahatçylyk söýüjilik, öňüni alyş diplomatiýasy taglymatynyň yzygiderli tarapdary hökmünde Türkmenistanyň başlangyçly ornuny has-da berkidýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen ozalky resminamalar bu taglymatyň konseptual binýadyny goýan bolsa, täze Kararnama olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara forum agzalan Kararnamanyň çäklerinde guraljak esasy çäre bolar.

No image
GALLA EKIŞI

Muzeýler

11.09.2025

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen 3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzki bugdaý ekilişine başlandy. Bedew bady bilen öňe barýan diýarymyzda beýleki pudaklarda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem oňyn netijeler gazanylýar. Döwletimiz ekerançylaryň türkmen topragynda oba hojalygyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýär. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribaryň geljek tomusda ak bugdaýyň bereketli bol hasylyny eçilmegini dileg edip, her bir dänäniň müň bolsun diýip, ekişe ak pata berdiler. Bu buýsançly dabara gatnaşyjy ýaşulular, ýaşlar we öňde baryjy mehonizatorlar Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenje geldiler. Ak bugdaýyň mekany bolan şu mukaddes topragymyzyň taryhy hakynda, ata-babalarymyzyň ekerançylykda bitiren hyzmatlary we muzeýimizde bar bolan gadymy zähmet gurallary bilen garyşdyrylyp, olar barada ylmy maglumatlar berildi. Zähmetsöýer daýhanlaryň ruhubelent zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýdýarlar!

No image
MUZEÝE GETIRILEN GYMMATLYK

Muzeýler

11.09.2025

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Medeniýet ulgamynyň görnükli şahalarynyň biri bolan muzeý işini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Olar bolsa, taryhymyzy içgin öwrenmekde, milli gymmatlyklarymyza çuňňur söýgi döretmekde uly ähmiýete eýedir. Biz hem muzeýiň ylmy işgärleri hökmünde ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp gymmatlyklarymyzyň sanyny artdyrmak üçin halkyň arasyna gidip, wagyz nesihat işlerini geçirýäris. Bir gün köpçülige baran ýerimde enelerimizden galan gadymy zatlar bar bolsa muzeýe alýandygymyzy, tabşyrylan zatlaryň muzeýde hemişelik durýandygyny aýdyp otyrdym. Şol wagt köpçüligiň içinden: «Gyzym meni bir diňle!» diýip, Soltanjemal daýza maňa ýüzlendi: -Kakam pahyryň maňa tikip beren gelin köwşi bar. Men şony gözümiň göreji ýaly görýän. Şony muzeýe tabşyrsam nähili bolarka? Tabşyrylsa gowy boljakdygyny, gelejekde agtyk-çowluklaryň hem görüp biljekdigini aýtdym. Aradan köp wagt geçmänkä, men Soltanjemal daýzadan gelin köwşi alyp gaýtdym. Ony muzeýimize kabul etdik hem-de bir görnüşli pasport düzüp, muzeýiň gaznasyna kabul edip aldyk. Muzeýiň ylmy işgärleri köwşüň gowy saklanandygyny belläp Soltanjemal daýza sagbolsun aýtdylar. Gelin köwşi deriden bolup, onuň ähli ýerleri elde tikilipdir. Sünnälenip tikilişini synlap, kakanyň öz perzendine bolan söýgüsiniň uly bolandygyna göz ýetirýärsiň. Häzirki wagtda Soltanjemal daýza 85 ýaşynda üstünden şonça ýyllar geçse-de kakasynyň sowgat beren köwşüni aýawly saklapdyr. Ol bolsa onuň öz kakasyna bolan sylag-hormatynyň uludygyny subut edýär. Ata-babalarymyz zenanlarymyzyň gözel bolmagy, olaryň hiç bir zatlarynyň kem bolmazlygy üçin elinde baryny edipdirler. Olaryň ellerinden çykan her bir zady alyp görsek, kemçiliksiz ýerine ýetirilendigine göz ýetirmek bolýar. Bu ajaýyp gymmatlyklar bolsa, ýaş nesillerimize geçmişimizi öwrenmäge uly gollanma bolýar. ###### Şeker MEREDOWA Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNYŇ 130 ÝYLLYGY

Kitaphanalar

11.09.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Kitaphananyň döredilmeginiň 130 ýyllygyna bagyşlanyp baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynda çykyş eden halypa kitaphanaçylar we medeniýet sungat işgärleri Döwlet kitaphanasynyň Şöhratly ýoly geçen, taryhy hakynda, şeýle hem ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasynyň ojagy bolan kitaphanalaryň, şu günlerde döwrebap ösdürilişi barada söhbet etdiler. Şeýle hem kitabyň ynsan durmuşynyň iň ýakyn hemrasydygyny, türkmen halkymyzyň mydama kitaby çörek ýaly mukaddes saýýandyklaryny nygtamak bilen, türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitap hakynda, okamaklyk hakynda aýdan pähim-paýhaslaryny öz çykyşlarynda beýan etdiler. Dabara gatnaşyjylar häzirki wagtda, biziň ýaş nesillerimiziň, talyplarymyzyň okamaklary, ylym-bilim alkamlary üçin kitaphanalarda ähli şertleriň döredilendigini öz çykyşlarynda nygtadylar. Soňra bu toý dabarasyna gatnaşyjylar dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz alkyşlaryny aýtdylar.