logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRK DÜNÝÄSINDE TEATR SUNGATYNA GOŞAN GOŞANDY ÚÇIN SUNGAT USSATLARYNY SYLAGLAMAK MAKSADY BILEN DABARA GEÇIRILDI

Halkara gatnaşyklary

11.02.2026

2026-njy ýylyň fewral aýynyň 9-na Ystambul şäherinde TÚRKSOÝ guramasynyň we Anadolu gazetiniň guramagynda Türk dünýäsinde teatr sungatyna goşan goşandy úçin sungat ussatlaryny sylaglamak maksady bilen dabara geçirildi. Dabarada Türksoýa agza ýurtlardan saýlanan sungat işgärlerine öz ugurlarynda üstünlikli işleri üçin baýraklar gowşuryldy. Bu dabarada biziň ýurdumyzdan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş Akademiki drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Batyr Çaryýew «Iň gowy aktýor» ugry boýunça baýraga mynasyp boldy. TÜRKSOÝ-yň baş sekratarynyň kömekçisi Seýit Ýusuf oňa ýadygärlik nyşan gowşurdy. Bu dabarada Batyr Çaryýew sungatymyzyň hak Howandary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza döredip berýän mümkinçiliklerini bilen türkmen teatrynyň üstünligi barada aýdyp, ata Watanymyz barada şygyr okap çykyş etdi. Bu bolsa ol ýere gatnaşanlaryň gyzgyn el çarpyşmalary bilen utgaşdy.

No image
KITAPHANAMYZA TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

10.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyplary bilen gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Gadymýetiň baý taryhyny sahypalarynda saklaýan kitaplaryň kitaphanalarda aýawly saklanyp ýaş okyjylarymyza ýetirýändikleri üçin kitaphana işgärlerine minnetdarlyk bildirmek bilen çäklenmän eýsem kitaphana bilen ýakyndan aragatnaşyk saklajakdyklaryny talyp ýaşlarymyz uly buýsanç bilen bellediler.Gezelenje gatnaşan talyplar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, ýaşlara okamaga we döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTAN ABADANÇYLYGYŇ WE ASUDALYGYŇ MEKANY

Kitaphanalar

10.02.2026

Lebap welaýat kitaphanasynda orta mekdepleriň okuwçylarynyň gatnaşmaklarynda “Türkmenistan abadançylygyň we asudalygyň mekany” ady bilen sergi guraldy. Bu ýerde esasanam Garaşsyz Watanymyzyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikler, her ýylyň mynasyp şygara beslenmegi, durmuşa geçirilýän wakalaryň mazmunynda uly orun eýeleýändigi, bu bolsa bagtyýar ýaşlaryň döwlet ösüşiniň ähli ugurlarynda amala aşyrýan işleriniň netijesi bilen aýrylmaz baglanşyklydygy barada kitaphana işgärleri tarapyndan giň gürrüňler berildi. Gatnaşyjylar giňişleýin kitap sergisine syn edip ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin döredilýän mümkinçiliklerine Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
BARLAGHANA USULLARY WE ÝERINDÄKI SELJERMELER

Halkara gatnaşyklary

10.02.2026

Häzirki wagtda maksatnama laýyklykda gozgalýan we gozgalmaýan medeni mirasy goramak we dikeltmek, öňüni alyş işlerini, materiallaryň seljermesi, sanly resminama we barlaghana esasly gözlegler boýunça Türki döwletleriň arasynda ylmy tejribe alşylýar. 10-njy fewralda – Ankara şäherinde geçirilýän maslahatda «Barlaghana usullary we ýerindäki seljermeler» barada içgin tanyşlyk bilen dowam etdirildi. Şeýlelik-de dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalaryna, muzeýleriň gorap saklaýyş bölümlerine we miras ýerlerine meýdan saparlary, türkiýeli hünärmenler bilen duşuşyklar we Türki dünýäsiniň dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalarynyň torunyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek we umumy ylmy we amaly ülňelerini döretmek üçin niýetlenen tehniki seminarlar geçirildi. Olaryň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy.

No image
ASUDALYK WE PARAHATÇYLYK WATANY

Täzelikler

10.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynda türkmen medeniýetine, sungatyna, ylma we bilimdäki ösüşlere aýratyn ähmiýet berilýär. Döredijilik – diňe bir şahsy zehin däl, eýsem halk ruhunyň, milli mirasynyň dowamaty bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýylyň şygary bilen bagly birnäçe döredijilik duşuşyklary, teleýaýlym ýazgylary, gepleşikler we ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Ýakynda hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen “Şan goşar sen, ýyllaň şanyna bedew” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymlary Otuzowa G,Hojamämmedowa A,Ýagşyýewa A,Ylmy bölüminiň başlygy Jümiýewa L, Ýaşlar guramanyň başlygy Amannazarow T hem-de 2-nji ýyl talyp Mätiýewa S. çykyş etdiler. Mugallymlar ylmy-amaly maslahatda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanmyzda dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe boldy. Milli saz sungaty – bu biziň ruhy mirasymyzdyr. Ýaşlarymyzyň bu mirasa bolan gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň diňe bir hünärmen däl, eýsem ýokary medeniýetli şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam eder diýip aýdyp geçdiler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at–myradyň mekany” atly ýylynda ýurdumyz toýdur baýramlara beslenýär. Çykyşyň soňunda maslahata gatnaşyjylar türkmen medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! _________________________ Aýjemal HOJAÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi ylmy işgäri ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2-t%C3%A4ze-fon.jpg)

No image
ÝYLYMYZYŇ ŞYGARY-DÖWRÜMIZIŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

10.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk Medeniýet köşgi hem-de 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli «Ýylymyzyň şygary-döwrümiziň çyragy» ady bilen Medeniýet köşgünde kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ajaýyp däbe öwrülip, ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi, raýatlaryň watançylyk ruhuny belende götermäge, olar ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga, höwesini artdyrmaga ýardam edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmäge, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary, beýleki hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge aýratyn üns berilýändigi, ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO–nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu ugurdaky döwlet syýasatynyň möhüm üstünligi boldy diýip çärede çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» ATLY KITABYNDAN

Kitaphanalar

10.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, günsaýyn ösýän-özgerýän diýarymyzda halkymyz tarapyndan uly söýgi bilen okalýan Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly eseri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüşine, halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna we milli mirasa bagyşlanyp, bu kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň şöhratly taryhyny sarpalaýan, ýurdumyzyň geljegini ösüşli menzillere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
2026-NJY ÝYLYŇ 13-15-NJI FEWRALY ARALYGYNDA ÝURDUMYZYŇ TEATRLARYNDA GÖRKEZILJEK SAHNA OÝUNLARYNYŇ TERTIBI

Teatr we kino dünýäsi

10.02.2026

TÜRKMENISTANYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY BAŞ AKADEMIKI DRAMA TEATRYNDA 14.02.2026ý. «Gelin gelýä...» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Mukaddeslige tagzym» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY DRAMA TEATRYNDA 13.02.2026ý. «Aýdym-sazly gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 14.02.2026ý. «Super gaýyn ene» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Toýmyza gel, toýmyza» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 13.02.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny sagat 11:00 13.02.2026ý. «Gumly gelin» atly sahna oýny sagat 19:00 14.02.2026ý. «Magnitafon» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Sabyr Ataýewa» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA 13.02.2026ý. «Исполнитель желаний» atly sahna oýny sagat 19:00 14.02.2026ý. «Красная шапочка» atly sahna oýny sagat 12:00 14.02.2026ý. «Пять вечеров» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Три поросенка и серый волк» atly sahna oýny sagat 11:00, 13:00 15.02.2026ý. «Шикарный мужчина» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRY 14.02.2026ý. «Sakawyň soňuna seret» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 _______________________________ ARKADAG ŞÄHERINIŇ AMAN GULMÄMMEDOW ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 14.02.2026ý. «Gumly gelin» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Arzyly kenar» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRY 14.02.2026ý. «Janly gurjaklar» atly sahna oýny sagat 17:00 14.02.2026ý. «Şadyýan sazandalar» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Bir towşanjyk bar ekeni» atly sahna oýny sagat 12:00, 15:00 15.02.2026ý. «Wah bu söýgi-dä» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ BALKAN WELAÝATYNYŇ BEÝIK SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 13.02.2026ý. «Hyýalymdaky şazadam» atly sahna oýny sagat 17:00 14.02.2026ý. «Ýeke-täk söýgi» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Yşkymyň ykrary sen» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ DAŞOGUZ WELAÝATYNYŇ N.ANDALYP ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 14.02.2026ý. «Çynymy aýtsam» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Dostlugyň güýji» atly sahna oýny sagat 19:00 _______________________________ LEBAP WELAÝATYNYŇ SEÝITNAZAR SEÝDI ADYNDAKY DÖWLET SAZLY DRAMA TEATRY 14.02.2026ý. «Çyn aşyk» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Aýdym-sazly gülki agşamy» atly teatrlaşdyrylan, aýdym-sazly tomaşa sagat 19:00 _______________________________ MARY WELAÝATYNYŇ KEMINE ADYNDAKY DÖWLET DRAMA TEATRY 14.02.2026ý. «Müneçjim» atly sahna oýny sagat 19:00 15.02.2026ý. «Maşgalam baş galam» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
BEDEW BATLY WATANYM

Täzelikler

10.02.2026

2026-njy ýyl «Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly atly şygarymyz bilen ýurdumyzda medeniýet we sungat ulgamy gün-günden bedew batly ösüşlere eýe bolýar. Ýylyň şygaryna esaslanyp, biziň ýokary okuw jaýymyzyň sergiler jaýynda «Bedew batly Watanym» atly Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasyndaky uçurymlaryň we talyp ýaşlaryň eserlerine bagyşlanyp ajaýyp sergi açyldy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasynda saklanylýan uçurymlaryň eserleri milli sungatyň ösüş ýoluny, ýaş zehinleriň döredijilik gözleglerini we döwür bilen baglanyşykly çeper pikirlenmäni aýdyň görkezýän gymmatly çeşmedir. Serginiň aýratynlygy diňe bir uçurym ýaşlaryň däl, eýsem häzirki wagtda bilim alyp ýören talyplaryň hem tapawutlanan eserleriniň görkezilmegidir. Bu ýagdaý biziň ýokary okuw jaýymyzda döredijilik işiniň yzygiderli dowam edýändigini, ýaş zehinleriň okuw döwründen başlap sungat meýdançasynda öz sözlerini aýdyp bilýändiklerini görkezýär. Sergide görkezilýän eserlerde türkmen topragynyň gözelligi, bedew atyň mukaddes keşbi, halkyň ruhy kuwwaty we ata Watana bolan söýgi esasy tema hökmünde öňe çykýar. Bedew at bu ýerde diňe bir haýwan däl-de, eýsem erkinligiň, güýç-kuwwatyň we milli buýsanjyň nyşany hökmünde beýan edilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/11-2.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/22-i.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/33--.jpg) Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Altyn gaznasyna girizilen bu eserler ýokary hünär derejesini aýdyň subutnamasydyr. Uçurym we talyp ýaşlaryň akademiki bilimini döredijilik erkinligi bilen utgaşdyryp bilmegi, olaryň geljekde sungat ýolunda uly mümkinçiliklere eýedigini görkezýär. “Bedew batly Watanym” atly sergi tomaşaçyny ata Watanymyzyň taryhy, häzirki döwri we geljegi barada oýlanmaga iterýär. Bu sergi arkaly sungat diňe bir estetik lezzet bermän, eýsem watançylyk duýgusyny pugtalandyrýan, milli aňy terbiýeleýän güýçli ruhy çeşme hökmünde çykyş edýär. Sergi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň döredijilik mekdebi hökmünde ähmiýetini, uçurym we talyp ýaşlaryň sungat arkaly Watana bolan söýgüsini hem-de milli çeperçilik däpleriniň häzirki zaman ruhunda dowam etdirilýändigini aýdyň subut edýär. Biz ýaşlara şeýle ajaýyp zamanada okamaga, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimizden köp sagbolsun aýdýarys. Olaryň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin. ________________________ Ogulmaral Çaryýarowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäriniň 3-nji ýyl talyby

No image
ANATOLIÝA MEDENIÝETLERI MUZEÝINDE MASLAHAT

Halkara gatnaşyklary

10.02.2026

«Türki dünýäsiniň dikeldiş we ulgamlaýyn barlaghanalarynyň toruny (TWRCLN)» döretmegiň çäklerinde, Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy we Türkiýäniň beýleki degişli edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2026-njy ýylyň 9-13-nji fewraly aralygynda Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasy» öz işine başlady. 9-njy fewralda–Ankara şäherinde Arheometriýa we muzeýşynaslyk ugry boýunça maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow gatnaşdy. Maslahatyň barşynda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen bagly işlenen taslamalaryň çäklerinde medeni gymmatlyklary rejelemek, olary dikeltmek, şeýle hem şol gymmatlyklaryň sanly tehnologiýalar arkaly nusgalaryny taýýarlamak barada çykyşlarda beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/20.jpg)