logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«ÇAGA HYÝALY–JADYLY GALAM» ATLY BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJISI

Kitaphanalar

10.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçiren “Çaga hyýaly–jadyly galam” atly döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolan Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdebiniň 4-nji “A” synp okuwçysy Alihan Kuwwatberdiýewi mekdebiň müdiri, mugallymlary hem-de okuwçylary dabaraly ýagdaýda gutladylar. Geljekde-de şeýle bäsleşiklere gatnaşyp ýeňiş gazanmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Hormat haty hem-de ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar. Dabaranyň ahyrynda ýaş nesilleriň döwrebap bilim alyp, ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmegine giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
TÜRKMEN HALK ERTEKILERINDE BEDEW ATYŇ KEŞBI

Kitaphanalar

10.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Türkmenistan” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Türkmen halk ertekilerinde bedew atyň keşbi” atly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmen halk ertekilerinde bedew atlarynyň şöhlelendirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bedew köplenç kuwwatlylyk, batyrlyk, ygtybarly dost hökmünde janlandyrylmak bilen gahrymanlaryny maksadyna ýetirmek ýaly gyzykly başdan geçirmeler görkezýär. Aýratyn hem “Görogly” şadessanynda Göroglynyň çagalykdan eýere imrinmegi Göroglynyň uly gahrymançylyk görkezmeginde onuň Gyratynyň bitirýän hyzmaty uly. Ol Göroglynyň ähli hereketlerine düşünýär. Ýyndam, dözümli, örän görmegeý bu at Görogly agyr ýagdaýa uçraýanda-da ony ýeke taşlap gitmeýär. Ine, şonuň üçin hem duşman Gyraty ogurlamak, Göroglyny elsiz-aýaksyz goýmak üçin elinde baryny edýär. Şeýlelikde “Görogly” şadessanynda hem bedewler eýesine wepadarlygyň kämil nusgalyk mekdebi bolup çykyş edýär. Söhbetdeşligiň dowamynda ine şular barada gyzykly gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda bedew batly öňe barýan diýarymyzda ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde uly tagallalary durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
«ARKADAG» FUTBOL TOPARY DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE

Täzelikler

10.02.2026

9-njy fewralda paýtagtymyzda «Arkadag» futbol topary-türkmen futbolynyň buýsanjy we geljegi» atly metbugat maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Olimpiýa şäherçesiniň Halkara ýaýlyma beriş merkezinde geçirilen forum türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky beýany boldy. Häzirki wagtda Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýe we Olimpiýa hereketini höweslendirmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ugrunda giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap sport merkezleri, iri sport toplumlary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan sport mümkinçiliklerini parahatçylygyň hem-de dostlugyň bähbidine gönükdirip, halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, sportuň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda, Türkmenistanda futboly ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň futbolda gazanýan üstünlikleriniň, hususan-da, «Arkadag» futbol toparynyň ýeňişleriniň möhüm ähmiýeti bellenildi. Mälim bolşy ýaly, bu futbol topary Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen 2023-nji ýylda döredildi. Toparyň esaslandyrylan ýylynda Türkmenistanyň çempionatynyň duşuşyklarynda we Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edip, ajaýyp ýeňişleri gazanmagy onuň geljeginiň uludygyny aýdyň görkezdi. 2025-nji ýylda «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bolsa türkmen sportunyň abraýyny has-da dabaralandyrdy. Daşary ýurtly žurnalistler toparyň gazanýan üstünlikleriniň Türkmenistanda professional sporty ösdürmek ugrunda döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň aýdyň netijesidigini bellediler hem-de «Arkadag» futbol toparynyň gysga wagtyň içinde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdiler. Şunuň bilen bir hatarda, bu futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasyna gatnaşmagynyň toparyň halkara sport giňişliginde täze belentliklere ýetmegi üçin berk binýat bolup hyzmat etjekdigini aýratyn nygtadylar. Şeýle hem Arkadag şäheriniň döwrebap infrastrukturasynyň islendik derejedäki ýaryşlary geçirmäge mümkinçilik berýändigi we ýurdumyzy Aziýanyň möhüm sport merkezine öwürýändigi bellenildi. Pikir alyşmalar «Arkadag» futbol toparynyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystany Patyşalygynyň «Al-Nassr» topary bilen geçirjek duşuşygynyň ähmiýeti baradaky gürrüňler bilen dowam etdi. Bilermenler bu duşuşygy dünýäde millionlarça tomaşaçyny özüne çekjek iri sport wakasy hökmünde häsiýetlendirdiler, dünýä derejesindäki ýyldyzlaryň çykyş edýän toparyna garşy oýnamagyň diňe bir türkmen futbolçylary üçin ussatlyk synagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, türkmen futbolyny tutuş yklyma tanyşdyrmak üçin hem uly mümkinçilikdigini nygtadylar. Şeýle hem foruma gatnaşyjylar sporty ösdürmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ornuny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Türkmenistanda geçirilýän sport çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini belläp, bu çäreleri ýaýlyma bermekde hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem olar dünýä metbugatynda «Arkadag» futbol toparynyň üstünlikleriniň giňden beýan edilmeginiň halkara sport jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrjakdygyny nygtadylar. Maslahatyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goldawlary bilen Türkmenistanda sportuň yzygiderli ösdürilýändigi, ýurdumyzyň parahatçylygyň ilçisi hökmünde sportuň ornuny berkitmäge aýratyn üns berýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly myhmanlar netijeli dialog üçin döredilen şertlere tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň sport diplomatiýasynyň halklaryň we yklymlaryň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat edýändigini nygtadylar. ____________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI

Täzelikler

10.02.2026

9-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek hem-de topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär. Pagtaçy babadaýhanlary ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek üçin gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu işler bilen bir hatarda, azyklyk ekinleriň ekiljek ýerlerini sürmek we tekizlemek hem-de bu ekinleriň tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerinde, hususan-da, bugdaýa ideg etmek, meýdanlary ekişe taýýarlamak işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, şeýle hem pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny we ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň zerur ähmiýetini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. ______________________ «Türkmenistan» gazeti

No image
ITALÝAN DIZAÝNYNDA AÝNA ÖNÜMLERINIŇ GÖZELLIKLERI

Täzelikler

09.02.2026

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda bellenilen “Italýan dizaýn” günleri öz işini gyzgalaňly alyp barmaga başlady. “Italýan dizaýn” günleriniň çäginde Italiýa Respublikasynyň meşhur “IDOJI” kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formentini we italiýaly binagär Serjo Ferrandini ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňünde täsirli okuw sapagyny geçdiler. Sapagyň dowamynda Italiýanyň häzirki zaman dizaýn we binagärlik sungatynyň arabaglanyşykdaky ösüşi, taryhy ýoly we dizaýnyň adamlara täsiri hem-de dünýä belli bu kompaniýanyň alyp barýan işleri barada tanyşyp, sapak gyzykly söhbetdeşlikler we pikir alyşmalar bilen öz işini dowam etdi. “IDOJI”-Italiýanyň Wenesiýa şäheriniň ştap kwartirasynyň dizaýn kompaniýasy bolup, Wenesiýanyň çeper aýnalaryny ýöriteleşdirilen taslamalar boýunça haýran galdyryjy görnüşlerde taýýarlamak işi bilen meşgullanýar. “Göwrümli bolmadyk” lýustralardan başga-da metal önümleri bilen kristal aýnalaryň çeper sazlaşygy esasynda döredilen nahar iýilýän stollary, çyralary, aýna çüwdürimleri, germewleri, diwarlyklary gadymy nusgawy ugurlara daýanyp täzeçe görnüşlerde buýrujynyň islegine görä ýerine ýetirilýändigine sapagyň dowamynda göz ýetirildi. Kompaniýada tehniki bilimi bolan dizaýnerler, binagärler we ökde hünärli hünärmenleriň toparlary zähmet çekýär. Olaryň döreden işleriniň döwürleýin taslamalary buýrujynyň islegi boýunça goldalynylyp, dünýäniň birnäçe döwletlerinde durmuşa geçirilýär hem-de olary gurnamak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu kompaniýa altmyş ýyldan gowrak wagt bäri özboluşly nepis işleri Angliýada, Müsürde, Russiýada we dünýäniň beýleki ýurtlarynda meşhur bolup, ol 1968-nji ýylda Wenesiýada prezident Domenika Kaminitiniň ejesi Françesko Makor Kaminiti tarapyndan uly bolmadyk kärhana görnüşinde esaslandyrylýar. Kärhana Wenesiýanyň çeperçilik aýnasyny işläp bejerme işlerine ýöriteleşen, gymmat bahaly aýna önümlerini elde öndürmekden özüniň taryhy ýoluna başlaýar. Hanym Françeska we onuň ýanýoldaşy Antoniýo özleriniň täze söwda kärhanalaryny kiçijik çagalary Domeniko we Juzeppa bagyşlaýarlar. Şeýlelikde olaryň atlarynyň ilkinji iki haryny alyp, Doji diýen ady döredýärler. Şeýle hem bu Doji diýen at Wenesiýa respublikasyny 697-nji ýyldan 1797-nji ýyllra çenli asuda dolandyran, gadymy döwlet baştutanlarynyň atlarynyň baş harpyndan başlamak göz öňüne tutulýar. Şeýdip 1968-nji ýyldan başlap Françeska Makor Kaminitiniň döredijiligi üstünlikli ýola düşýär we ol yzygiderli Wenesiýanyň “Hil we mylaýymlylyk” diýen sylaglaryna mynasyp bolup başlaýar. Şol ýyldan başlap Françesko bilen Antoniýo özleriniň haryt belgilerini IDOJI diýen at bilen goramagy maslahatlaşýyp, ilkinji gezek Rimdäki haryt belgileri hem-de Italiýanyň patent edarasynda bellikden geçirmegi maksat edinýärler. 2012-nji ýyldan başlap “Idoji” kompaniýasy “Pauly & C-Compagnia Venezia Murano” we “MVM Cappellin” ýaly birnäçe taryhy obýektleriň, çeper kolleksiýalaryň brendlerine mynasyp bolup gelýärler. Umuman, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen bu günki italýan dizaýny baradaky geçilen sapak örän gyzykly we täsirli boldy. Şeýle duşuşyklar dünýäniň tanymal işewür sungat kompaniýalarynyň hem-de olaryň wekilleriniň döredýän taslamalary, ajaýyp eserleri we alyp barýan işleri biziň ýaşlarymyz üçin wajypdyr. Şeýle täsirli döredijilik duşuşyklary, sapaklary ýaşlarymyzyň sungat bilimleriniň artmagyna giňden ýardam berýär. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylynda talyp ýaşlarymyza okamaga, döretmäge döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde alyp barýan işleri mundanam beýläk rowaçlyklara beslensin! ___________________ Göwher Saparmyradowa Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.

No image
TÜRKMEN BEDEWI–BEDEW BATLY ÜSTÜNLIKLERIŇ NYŞANY

Muzeýler

09.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli gymmatlyklary täzeçe many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: ”Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr”. Bu jümleler türkmen bedewiniň halkymyzyň ykbalyndaky ornuny doly açyp görkezýär. Şoňa görä-de, “At–myrat” diýen ýörelgäni döreden halkymyz özüniň iň nurana arzuwlaryny we beýik maksatlaryny hemişe ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bedewler türkmen halkynyň ýaşaýyş ýörelgesiniň, medeniýetiniň we ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgeleri we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galyp, bütin dünýäde dabaralanýar Behişdi bedewlerimiziň at-owazasy halkymyzyň çüwen bagtynyň nyşany,toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup, äleme ýaň salýar. Bu günki gün ahalteke bedewlerimiziň gözelligi, ajaýyp başarnyklary dünýä derejesinde hem ykrar edilýär. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly-at myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyna abraý goşýan ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä Sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli halkymyzy guwandyrdy.Bu abraýly baýraklar Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara Sirk sungaty festiwalyň çäklerinde gowşuryldy.Ýaňy ýakynda bolsa taryhy ýylymyzyň 4-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä Sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary hem-de nepislik bilen ýasalan at eýelerini gowşurmagy bu toparyň agzalaryny hem-de ýurdumyzyň ähli ýaşlaryny begendirdi. Mahlasy. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly-myradyň mekany” ýyly- türkmen milli atçylyk sungatynyň halkara abraýynyň dolmagy bolup, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna özboluşly toý buşlugy bolup hemmeleriň göwün guşuny al asmana göterdi. Şu taryhy göwün joşduryjy wakalar mynasybetli hem-de ýurdumyzda ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpa, watanymyzyň bedew batly ösüşleri dogrusynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hem-de muzeýiň bilelikde gurnamagynda ,,Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.Baý many-mazmunly çykyşlary özünde jemlän söhbetdeşlik çäresinde täsirli söhbetler edildi. Olaryň her biri watanymyzy bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan, behişdi bedewlerimize çäksiz sarpa goýýan eşretli zamanada ýaşamaga, milli gymmatlyklarymyzy halkymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny, çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler. ____________________________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
KEŞDEÇILIK SUNGATY-UMUMADAMZAT MIRASY

Kitaphanalar

09.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde «Keşdeçilik sungaty-umumadamzat mirasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen milli däp-dessurlarymyzy, ýol-ýörelgelerimizi, ene-mamalarymyzdan gelýän inçe hem nepis sungatymyzyň öz ähmiýetini ýitirmän, döwrebap görnüşde we gadymy nusgalarda dowam etdirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmeniň keşdeçilik sungaty ussat gelin-gyzlarymyzyň çeper gözlegleri bilen has-da baýlaşdyrylýandygy, owadan nagyşlar bilen bejerilen milli egin-eşikler köýnekler, kürteler, çyrpylar, gyňaçlar, düýpli gyňaçlar, tahýalar häzirki günlerde-de halkyň arasynda giňden ýaýrandygy barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, nepis el-işlerimizi sungat derejesine ýetirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝAZYJY-ŞAHYRLARYŇ DÖREDIJILIGI, ÝAŞ NESILLERE TERBIÝE MEKDEBI

Kitaphanalar

09.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda120-nji orta mekdepde «Ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligi, ýaş nesillere terbiýe mekdebi» ady bilen täze gelen kitaplara gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň görnükli ýazyjy şahyrlaryň döredijiligi, halkyň jemgyýetçilik, ahlak we ruhy taýdan kemala gelmeginde möhüm ornunyň bardygyny, bu bolsa ýazyjy-şahyrlaryň eserleri halkyň duýgularyny, düşünjelerini we öňe sürýän pikirlerini beýan etmek bilen, ýaşlaryň terbiýelenmegine, jemgyýetde has kämil nesiller bolup ýetişmegine giň ýol açýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda ýazyjy şahyrlaryň eserleri - bu halkyň ruhy dünýäsiniň, ýaşaýyş durmuşynyň, arzuw-islegleriniň hem-de taryhy tejribesiniň aýnasy bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ASMANYMYZ PARAHAT, DÜNÝÄ DOLSUN OWAZA, BEDEW ATYŇ BADYNA ÝOL UZASYN DOWAMA

Kitaphanalar

09.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda «Asmanymyz parahat, dünýä dolsun owaza, bedew atyň badyna ýol uzasyn dowama» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybir, zähmetsöýer halkymyzyň ýagşy arzuwlar bilen garşy alan täze 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bedew batly ösüşleriň, belent maksatlaryň myrat tapjak, taryhy ýeňişlere beslenjek, düşümli ýyl boljakdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri hakyndaky gymmatly kitaplary, türkmen bedewlerine döredilen atalar sözleriniň we nakyllarynyň many-mazmuny hakynda hem giňişleýin beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MILLI MIRASYMYZYŇ SARPALANÝAN MEKANY

Muzeýler

09.02.2026

Bäş müň ýyllyk taryhy özünde jemleýän milli mirasymyz diňe bir halk senetçiliginiň gymmatly ýadygärligi, milletiň maddy hazynasy, ruhy täji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda halkymyzyň taryhyny öwrenmekde-de egsilmez çeşmedir. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzasy bolup durýar. Bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda mynasyp orun tapýar. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan--bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda geçirilýän çäreler, milli gymmatlyklarymyz ýaýbaňlandyrylyp giňişleýin gurnalýan sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary müň dürli öwüşgünleri özünde jemleýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly gurnalýan söhbetdeşlikler, dabaraly çäreleriň üstüni ýetirýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/963.jpg) Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeýiň gaznasynda saklanylýan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen milli mirasymyzy şöhlelendirýän ,,Milli egin-eşigim, görküm, geleşigim” atly wagtlaýyn sergisi gurnaldy. Giňişleýin sergide milli mirasymyzyň köpöwüşgünli millilikleri, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi beýan edýän milli gymmatlyklarymyz görkezildi. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy, mähir hem-de yhlas siňdirilip bejerlen tahýalarymyzy, türkmen tebigatynyň ajaýyp reňkleri siňen keşdelerimizi we keçelerimizi içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň hem-de milli gymmatlyklarymyzyň, sarpalanýan mekanynda mirasymyza goýulýan sarpanyň juda uludygyna guwanýarsyň. Munuň özi Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde baý ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere miras galdyrmak üçin döredilýän uly mümkinçilikleriniň we şertleriň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen, milli gymmatlyklarymyzy, baý medeni mirasymyzy halkymyzyň arasynda giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! _______________________ Gülnur Pygamowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri