logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
ÝAŞLARYŇ DÖREDIJILIGINDE MILLI ÖWÜŞGINLER

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hyzmat ediş bölümi “Ýaşlaryň döredijiliginde milli öwüşginler” ady bilen ýazyjy şahyrlaryň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzda dünýä ülňülerine laýyk gelýän kitaphanalarda ýaş nesilleriň kitaba bolan söýgüsi barada we olara ylym-bilim almak üçin döredilýän mümkinçilikler barada, islendik şertlerde kitaplary okap bilmekleri üçin, internet ulgamynda täze sahypalaryň döredilmegi, edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr diýip belläp geçdiler. Döredijilik duşuşygynda täsirli edilen çykyşlar çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Döredijilik duşuşygyna gatnaşanlar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

No image
TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETINIŇ TALYPLARYNYŇ DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENJI

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
SERGIDE SAKLANAN SARPA...

Täzelikler

09.04.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň halk suratkeşi Gurbangeldi Gurbanowyň şahsy döredijilik sergisi açyldy. Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gurbangeldi Gurbanowyň «Meniň doglan günüm», «Ýüpek ýol», «Ýaz», «Güýz», «Gyş», «Tomus», «Kese ýapda ýagyş», «Üç gözel», «Näme sen», «Kese ýabyň säheri», «Kosmos», «Düýeler», «Merwe gezelenç», «Kerwen», «Ak gämi» ýaly eserleri bellenmäge mynasypdyr. Gurbangeldi Gurbanow 1951-nji ýylda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda dogulýar. Ol Çingiz Aýtmatowyň eserlerinden aýratyn hem «Ak gämi» powestinden täsirlenip döreden nakgaşlyk we grafika eserleri bilen tanalýar. Gurbangeldi Gurbanow tanymal erkin suratkeşdir. Halypa suratkeşiň grafika eserleri hem mazmunlary boýunça düýpli ýazylan işler hasaplanýar. Nakgaşçylyk işleri taslama we reňk çözgütleri taýdan aýratyn tapawutlanýar. Gurbangeldi Gurbanowyň işleri ynsan dünýäsine inçe täsir edýän eserlerdir. Suratkeşiň edebiýat sungatyna goýýan sarpasy onuň grafika, nakgaş eserlerinde aýdyň ýüze çykýar. Onuň eserlerinde türkmen dünýäsiniň keşbi, owadan pursatlar, durmuşyň lezzeti aýratyn pelsepewi pikirler bilen baýlaşdyrylyp çeper beýan edilýär. Şahsy döredijilik sergisi 10 gün dowam eder. Taýýarlan Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Bedew batly ösüşleriň mekany” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli gymmatlygymyz bolan ahalteke atlarymyzyň sarpasynyň belentde tutulyp, bedewlerimize goýulýan hormatyň has-da artýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke-bedewi biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly eserlerinde bedewlerimiziň şan-şöhratyny, atçylygyň taryhy, seýisçilik sungaty barada maglumatlardyr, rowaýatlar hakynda çykyş etdiler. Söhbetleriniň soňunda ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ BEDEW BATLY ÖSÜŞLERI

Kitaphanalar

09.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşleri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda eziz diýarymyzyň her bir güni ajaýyp üstünliklere beslenýändigi, şeýle hem Watanymyzyň ösüşleri halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin şöhratly taryhymyza altyn harplar bilen ýazylýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşleri barada gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
DOST-DOGANLYK MUKAMLARY ÝAŇLANDY!

Kitaphanalar

09.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Watanymyz bu gün dünýä döwletleri bilen dostlukly, ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýýar. Aýdym-saz sungaty hem dost-doganlyk ýoluny pugtalandyrmakda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýaňy-ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Estrada sungaty” kafedrasynyň müdiri M.Mämmetjumaýewanyň ýolbaşçylygynda okuw jaýynyň estrada orkestriniň we talyplarynyň çykyş etmeginde “Dost-doganlyk mukamlary” atly aýdym-sazly konsert geçirildi. Konsertiň dowamynda türkmen aýdym-sazlary bilen bilelikde, goňşy döwletleriň söýlüp diňlenilýän aýdymlary ýaňlandy. “Estrada sungaty” kafedrasynyň göreldeli talyplarynyň ýerine ýetiren aýdymlary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy. Konsertiň açylyşynda ussat kompozitor Ç.Nurymowyň “Çapyksuwaryň aýdymy” ýaňlandy. Aýdym-sazly konsertiň dowamynda dünýä meşhur bolan “Mimino”, “Tansor Disko” kinofilmleriniň sazy, azerbaýjan, özbek halk aýdymlary, Ibragim Tatlysesiň “Ýalla” toparynyň, Ýuriý Şatunowyň repertuarlaryndan aýdymlar ýerine ýetirildi. Orkestriň we talyplaryň konsertdäki her bir çykyşy biziň ýaşlarymyzyň dünýä sazyna, sungatyna goşýan goşandynyň egsilmezdigine şaýatlyk edýär. Çünki, dost-doganlyk mukamlary bu günki gün dünýä ýüzüne ýaň salýar. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlara görelde mekdebi bolýarlar. Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlarymyzyň dünýä döwletleriniň sungatyna, sazyna mynasyp goşant goşmagyna, döwrebap bilim almaklaryna giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, başlarynyň elmydama belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Gülzada MEREDOWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary” bölüminiň “Goboý” hünäriniň I ýyl talyby

No image
DÖWLET KITAPHANASYNA GEZELENÇ

Kitaphanalar

09.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň işgärleri kitaphana gelen ýaş okyjylara bölüm hakynda giňişleýin gürrüň berip, hazynadaky kitaplary gorap saklamagyň düzgünlerini, okyjylara hyzmat etmegiň tertipleri bilen tanyşdyrdylar. Gezelenjiň dowamynda bölümiň işgärleri okyjylar bilen söhbetdeşlik geçirip, kitaphanamyza gelip gowuşýan kitaplaryň, gazet-žurnallaryň döwrümiziň toýdur-baýramly günleri barada giňişleýin maglumat berip, okyjynyň ünsini özüne çekmek bilen ýaş okyjylarda uly täsir galdyrdy. Kitaphana gezelenje gatnaşyjylar şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar.

No image
KITAPHANA IŞI KÄMILLEŞÝÄR

Kitaphanalar

09.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy «Kitaphana işi kämilleşýär» atly alnyp barylýan kitaphana gurnagyna gatnaýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda kitaphana işi hakynda birnäçe maglumatlar berildi. Gurnagyň esasy maksady ýaş nesillerimizi bagtyýarlyk ruhunda terbiýelemekde, olarda sadalyk, päklik, mähribanlyk, sahawatlylyk, sowatlylyk, hoşniýetlilik, ýurdumyzyň saýlap alan ösüş ýoluna wepalylyk duýgularyny oýarmakda, döwletimiziň ylym, bilim, medeniýet ulgamynda alnyp barylýan syýasaty durmuşa geçirmäge gatnaşmakda kitaphanalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gurnaga gatnaşýan okyjylaryň arasynda öwrenen maglumatlaryny özleşdirmek maksady bilen birnäçe sorag-jogaplar alşyldy. Gurnagyň ahyrynda eziz diýarymyzda ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
«SAZA SIŇEN ÖMÜR» ATLY ÝATLAMA DUŞUŞYGY

Täzelikler

09.04.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl ýokary okuw mekdebimizde hereket edýän kafedralaryň hepdeligi geçirilýär. Hepdelikde ylmy-amaly maslahatlar, konferensiýalar, konsertler, bäsleşikler, aýdym-sazly we döredijilik duşuşyklary gurnalýar. “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň hepdeliginde şol kafedranyň uly mugallymy M.Saparmyradowanyň gurnamagynda D.Öwezowyň 115 ýaş ýubileýine bagyşlanan “Saza siňen ömür” atly ýatlama duşuşygy geçirildi. “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby A.Abalakowa Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Öwezowyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin gürrüň berdi. M.Öwlýakulowanyň sazandarlyk etmeginde “Saz mugallymy” kafedrasynyň uly mugallymy R.Baýramow D.Öwezowyň “Hally gözel” eserini ýerine ýetirdi. Soňra “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy G.Ýazmämmedowa “D.Öwezowyň aýdym-saz mirasy”, “Sazyň nazaryýeti” kafedrasynyň uly mugallymy M.Saparmyradowa “D.Öwezow – türkmen klassiki operalarynyň düýbüni tutujy”, “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby M.Mediýewa “D.Öwezowyň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden hor eserleri” atly temada çykyş edip, many-mazmunly we gyzykly maglumat berdiler. M.Beýmanowanyň sazandarlyk etmeginde “Ýekelikde aýdym aýtmak” hünäriniň IV ýyl talyby Ý.Ataýew D.Öwezowyň Ý.Meýtus bilen bilelikde döreden “Leýli-Mejnun” operasynyň II aktyndan “Köriň aýdymyny” keşbi janlandyryp ýerine ýetirmegi başardy. Şeýle hem D.Öwezowyň hor üçin döreden “Baglar, heý” eseri diňlenildi. Beýik kompozitorlaryň hatyrasyna geçirilýän şeýle çäreler, talyplar üçin uly nusga alarlyk mekdepdir. Bu ýatlama duşuşygy diňe bir taryhy ýatlama bolman, eýsem, ýaş nesilleriň beýik ussatlaryň döredijiliginden ylham almagynda möhüm ähmiýete eýe boldy. “Saza siňen ömür” atly ýatlama duşuşygynda çykyş eden talyplara we mugallymlara aýdym-saz, sungat we döredijilik äleminde uly-uly üstünlikleri arzuw edýäris. Ogulbeg ÝEGENOWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
PARIŽDÄKI DABARALAR

Halkara gatnaşyklary

08.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralyp, aýawly saklanylýar. Olaryň iň görnükli nusgalaryny ÝUNESСO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizmekde uly işler alnyp barylýar. Owganystan, Azerbaýjan, Hindistan, Eýran Yslam Respublikasy, Yrak, Gazagystan, Gyrgyzystan, Özbegistan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe, Mongoliýa döwletler topary tarapyndan hödürlenen Nowruz baýramynyň ajaýyp däp-dessurlarynyň ÝUNESСO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi muňa aýdyň subutnamadyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz bu gün halklaryň arasyndaky agzybirligi, dost-doganlygy berkitmekde möhüm orna eýedir. Şoňa laýyklykda, 21-nji mart Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda, Halkara Nowruz güni diýlip yglan edildi. Halkara Nowruz güni Türkmenistan döwletimizde dabaraly bellenýär. Türki halklaryň ählisinde diýen ýaly giňden bellenýän Nowruz baýramy ynsanlaryň birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşygyny, agzybirligini, halklaryň medeni hyzmatdaşlygyny we özara düşünişmegini üpjün edýän baýramdyr. Ruhy medeniýetiň ýitip gitmezliginde hem Nowruz baýramynyň orny uludyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpghalkaraa.jpg) Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 7-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýän ÝUNESСO-nyň Baş edarasynda Nowruz baýramçylygy mynasybetli Guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen «Nowruz» köpmilletli hödürnamasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ÝUNESСO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanalary tarapyndan kabul edişlik çäresi guraldy. 13 döwletiň gatnaşmagynda geçirilen çärede türkmen milli tagamlarymyzyň hem-de milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy. Şeýle hem, medeniýet we sungat ussatlarymyz şowhunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Türkmeniň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň, gargy hem dilli tüýdügiň, gopuzyň şirin owazlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Dabarada guralan milli tagamlarymyzyň we gymmatlyklarymyzyň sergisi örän köp adamly boldy. Elde keşdelenen ak gaýma hem gül tahýalarymyz we beýleki gymmatlyklarymyz dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyryp, nepis el işlerimiziň aýratynlyklary bilen gyzyklandylar. Taýýarlan: Ogulgurban Gaşlakowa, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni