logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BIR OJAGA JEM BOLUP

Kitaphanalar

28.01.2026

Garabekewül etrap medeniýet merkezinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp etrap merkezi kitaphanasynyň gurnamagynda “Bir ojaga jem bolup” ady bilen duşuşyk geçirildi. Etrabymyzyň tanymal şahyr zenany Ogulbeg Jumaýewanyň, kümüş saçly enelerimiziň, dürli pudakda zähmet çekýän gelin gyzlarymyzyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşykda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinlerinden syzylyp çykan eserli ýaş nesli Watançylyk ruhynda terbiýelemekde uly gollanma bolup durýar diýip buýsanç bilen bellediler. Kitaphana hünärmenleri tarapyndan “Älem syry kitap bilen açylýar” atly guralan kitap sergisi bolsa, gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
ÖNÜMÇILIK IŞ TEJRIBELERI KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Kitaphanalar

28.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda Türkmen Döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň “Çagalar okaýyşyny guramak” hünäriniň talyplary hünär tejribeliligini geçdiler. Kitaphana hünärmeni talyp ýaşlara kitaphananyň sorag-jogap bibliografiki serişdesi bolan pudaklaýyn katalog we ondan okyjylara peýdalanmaklygyň düzgünleri hakynda maglumatlary berdi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hazynasyna gelip gowuşýan her bir kitaba degişli katalogyň ýazylyşy we pudaga bölüniş aýratynlygy boýunça ýerbe-ýer goýulyş usullary barada berilen gürrüňleri gyzyklanma bilen diňlediler. Kitaphana we kitap işini döwrebap kämilleşdirmeklikde Döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar beýan edildi.

No image
KITAPHANALAR PÄHIM-PAÝHASYŇ ÇEŞMESIDIR

Kitaphanalar

27.01.2026

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Kitaphanalar pähim-paýhasyň çeşmesidir» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Kitaphana işi jemgyýetiň bilim derejesini ýokarlandyrmakda, şahsyýetiň kämilleşmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Kitaphana işiniň döwrebap maksatlary bolup, kitaphanalar diňe bir kitaplary okyjylara ýetirmek bilen çäklenmän, eýsem, kämil maglumatlaryň dürli görnüşlerini özünde jemleýär. Elektron kitaphanalar we maglumat gorlary nesiller üçin bilim almagyň möhüm çeşmesidir. Kitaphanalar diňe bir bilim merkezi bolman, eýsem, medeni-mirasy özünde jemleýär. Döwrebap kitaphanalar, okamak medeniýetini ösdürmekde möhüm orun eýeleýänligi barada kitaphana gelen talyp ýaşlaryň arasynda giňişleýin gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işini kämilleşdirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANYDYR WATANYM

Kitaphanalar

27.01.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň «Syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlar bölümi» Türkmenabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Bedew batly at-myradyň mekanydyr Watanym» atly gürrüň geçirdi. Bu ýerde ýaş nesle Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň üsti bilen türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli aýratynlyklary bolan hoşniýetlilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik ýaly häsiýetleriň üstünde durulyp geçildi.

No image
«GÖKDEPE» MILLI MUZEÝINE SYÝAHAT

Muzeýler

27.01.2026

Hormatly Prezidentimiz muzeýler ulgamynyň ýaşlaryň dünýägaraýyşyny giňeltmekde esasy medeniýet ojagydygyny aýratyn belledi. Ýurdumyzyň her şäherlerinde, welaýatlarynda, etraplarynda täze muzeý dünýä ülňülerine laýyk gelýän binalarynyň gurulmagy türkmen halkynyň taryhynyň geljege ýaň salýandygyny subut edýär. «Berkarar döwletiň – täze eýýamynyň Galkynyşy» döwründe sagdyn we ruhubelent nesliň kemala gelmegi üçin edilýän işler örän köp. Gahryman Arkadagymyz «Gadyrly ýaşlar! Beýik Garaşsyzlygymyzy, baky Bitaraplygymyzy pugtalandyrmak, mizemez döwletimiziň belent abraýyny goramak we barha artdyrmak üçin siziň etmeli işleriňiz örän köpdür» - diýip, ýaşlara uly ynam baglaýar. Biziň «Gökdepe» milli muzeýimiz hem Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, 2009-njy ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkyna öz gapysyny giňden açdy. Muzeýiň binasy Gökdepe metjidi, sadaka berilýän jaýy bilen sazlaşyp mukaddes Gökdepe galanyň içinde ýerleşýär. Mukaddes toprakda salnan bu muzeý Gökdepe söweşiniň gahrymanlaryna bagyşlanýar. Bu gün «Gökdepe» milli muzeýinde Ahal welaýatynyň Gökdepe çagalar çeperçilik mekdebiniň we çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary gezelençde boldylar. Ýaş nesilleriň muzeýiň täsin gaznasyny, sergi bölümlerindäki ýüzlerçe esbaplaryny tolgunma bilen synlaýanlaryny göreniňde, Gahryman Arkadagymyzyň «Gökdepede dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze muzeýiň gurulmagy we bu ugurda edilýän beýleki tagallalar, biziň halk gahrymanlarymyza goýýan çäksiz hormatymyzdan, milletimiziň şöhratly taryhyny dikeltmäge gönükdirilen asylly işlerimizden aýdyň nyşandyr» diýen parasatly jümlesi seriňe dolýar. 2026-njy ýylda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu muzeýiň taryhy ähmiýetine has hem düýpli göz ýetirdik diýsek ýalňyş bolmaz, sebäbi hemişe asudalygy, parahatlygy maksat edinen eden merdana ata-babalarymyzyň arzuwynyň Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz Bitaraplyk syýasatynyň dabaralanýan döwründe wysal tapanlygyna aýdyň göz ýetirýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem peder ýoluny dowam etdirýär. Şonuň üçin bu günki mekdep okuwçylarynyň bu muzeýe gezelençleri olaryň erkana, asuda döwletde okap bilim alýandyklaryna buýsançlarynyň çäksizdigine olaryň şadyýan ýüzlerinden duýmak bolýar. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek syýasatyny ynamly dowam etdirip, türkmen halkynyň taryhyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek we wagyz etmek, onuň üsti bilen ýaş nesli terbiýelemek işinde janymyzy gaýgyrman işläris. Goý, halkymyzy asuda günleriň gujagynda bagtyýarlyga ýetiren Hormatly Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tutumly işleri rowaç bolsun!

No image
WATAN GORAGÇYLARYNYŇ EDERMENLIGI–HALKYMYZYŇ ASUDA DURMUŞYŇ KEPILI

Kitaphanalar

26.01.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda 76-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebinde Watan goragçylarynyň günine bagyşlap “Watan goragçylarynyň edermenligi–halkymyzyň asuda durmuşyň kepili” atly söhbetdeşlik duşuşygyny geçirdi. Çärämiziň hormatly myhmany Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň harby gullukçysy Kapitan, Maýor Aknur Rozyýewa ýaş nesillere, ýer-ýurduň abatlygyny baş wezipe edinen halkymyz, bereketli topragymyzyň her bir daban ýerini gözüniň göreji deýin gorap saklap, her bir gysym gumuna Watançylyk ruhyny siňdirenligi hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Gahryman Arkadagymyzyň “Älem içre at gezer”, “Döwlet guşy”, “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Mertler Watany beýgeldýär”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” ýaly Watançylyk we döwletlilik öwütlerine, ynsanperwerlik garaýyşlaryna, ýagşylyk we ynsaplylyk sargytlaryna, hoşniýetli ýörelgelerine ýugrulan eserleri ynsanlaryň ýakyn maslahatçysy, gollanmasy we häzirki nesilleriň merdanalyk mekdebi bolup hyzmat edýändigi barada kitaphana hünärmenleriniň beren gürrüňleri hem täsirli boldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar “Adamzadyň arzuwy abatlyga telwasdyr” diýip il-ulysymyzyň baky bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
ALAJA-NEPISLIGIŇ NUSGASY

Kitaphanalar

26.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda 95-nji orta mekdepde «Alaja-nepisligiň nusgasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe agzybirlikden kemal tapan türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklary asyrlardan-asyrlar aşyp, biziň şu günlerimize öz gymmatyny ýitirmän gelendigi hakynda belläp geçdiler. Şeýle-de ene-mamalarymyzdan miras galan el-işleri alaja işmek, jähek kakmak, haly dokamak, keçe basmak ýaly ähli el-işleri milli-mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda milli gymmatlyklarymyzy, nepis el-işlerimizi sungat derejesine ýetirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
MERTLER WATANY BEÝGELDÝÄR

Muzeýler

23.01.2026

Her ýyl milli senenamamyzda mynasyp orun eýeleýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçirilýän çäreler «Garaşsyz ,baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde gurnalýan gyzykly hem-de täsirli gezelençler bilen utgaşýar. Şu gün merdana Watan goragçylarymyzyň güni mynasybetli «Watan dillerimiziň, baky senasy» atly Lebap welaýat häkimliginiň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda harby we hukuk goraýjy işgärleriniň hem-de Türkmenistanyň döwlet serhet gullugynyň 2111 harby gullugynyň esgerleriniň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Olar muzeýde saklanylýan milli mirasymyzyň müň dürli öwüşgünlere baý bolan muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar, şeýlede olar ýurdumyzyň taryhy ýerleri baradaky gyzykly maglumatlary aldylar. Muzeýiň arheologiýa zalynda ýerleşýän gadymy galalar, ýadygärlikler baradaky maglumatlar myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Muzeýe gurnalan gezelenjiň dowamynda olar bedew batly ösüşler bilen eziz ata watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler. ________________________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň usulçysy

No image
KITAPHANALAR-AKYL PAÝHASYŇ HAZYNASY

Kitaphanalar

23.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 133-nji orta mekdebiň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar-akyl paýhasyň hazynasy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň karary bilen tassyklanan Maksatnama kitaphanalary hem-de kitaphana işini mundan beýläk hem kämilleşdirmekde düýpli resminama bolup, onuň meýilnamasynda 2025-2029-njy ýyllarda ýerine ýetirmeli işler, kitaphanaçylaryň öňünde durýan borçlar hakynda gürrüň berdiler. Şeýle-de kitaphanaçylar halkymyzyň ruhy baýlygyny ösdürmekde, sowatlylygyny we dünýägaraýşyny kämilleşdirmekde, ylmy gözleglerini kanagatlandyrmakda, boş wagtlaryny netijeli peýdalanmakda hem-de ýaşlarymyzy döredijilik dünýäsine ruhlandyrmakda we ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde birnäçe işleri alyp barýandyklary barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny eşretli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BEDEW BATLY, ŞAN-ŞÖHRATLY WATANYM

Kitaphanalar

23.01.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda «Bedew batly, şan-şöhratly Watanym» ady bilen Wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrülip, eziz diýarmyzyň taryhy tutumlary, halkymyzyň belent maksatlary, hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasaty bilen has-da şöhratlanýandygyny 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýilip atlandyrylmagynda uly many bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de döwrüň batly gadamlary bilen halkymyzyň milli-ruhy bitewüligi dünýäde giňden dabaralanýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda eziz Watanmyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşamagynyň bähbitlerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.