logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
GARAŞSYZLYK BAÝRAMY GIŇDEN TOÝLANÝAR

Konsertler

25.09.2025

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy bosagada dur. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz merdana türkmen halkynyň at-owazasyny äleme ýaýdy, milletiň mertebesini parahatçylyksöýüji, ynsanperwer halk hökmünde jümle-jahana ykrar etdi. Garaşsyzlyk halkyň Arşa ganat açmasy, milletiň geçmişe-geljege ýaň salýan erkinlik hem-de parahatlyk mukamy bolup durýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygy türkmen bagtynyň täze belentlige göterilmesidir, ruhunyň we mertebesiniň dabaralanmasydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlap Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri H.Muhammetgulyýewiň talyplarynyň konserti geçirildi. Konsertde türkmen kompozitorlary A.Ablyýewiň, N.Halmämmedowyň, B.Hudaýnazarowyň, A.Abdullaýewiň, G.Kulyýewiň we S.Mämiýewiň, daşary ýurt kompozitorlaryndan M.Buhwostowyň, G.Mitýewiň, I.S.Bahyň eserleri, H.Muhammetgulyýewiň akkordeon saz guraly üçin täzeden işlän türkmen halk sazy “Durdy bagşy” eserleri ýerine ýetirildi. Konsertiň başynda “Halk saz gurallary” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby A.Tagandurdyýewiň ýerine ýetirmeginde A.Ablyýewiň “Ussada” atly eseri ýaňlandy. Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri H.Muhammetgulyýewiň gürrüň bermegine görä, 1970-nji ýylda şahyr H.Allamyradow, S.Jepbarowyň 65 ýyllyk ýubileýine bagyşlap “Bagşydyň” atly şygryny döredipdir. Türkmenistanyň halk artisti A. Ablyýew hem şol goşga saz döredip, Sahy bagşynyň ýanyna baryp şol sazy diňledipdir. Halypa A. Ablyýewe “Men diri gezip ýörkäm, muny dutar saz guralynda A. Çaryýew saz edip çalaýsyn” diýipdir. Şonda Türkmenistanyň halk artisti A. Çaryýew bu sazyň üstünde birnäçe günläp zähmet çekip dutar saz guralynda ilkinji bolup ýerine ýetiripdir. Soňra bolsa maslahatlaşyp, bu sazyň adyna “Ussada” diýip at beripdirler. Eseri ussat dutarçy Akmyrat halypa 1970-nji ýylda S.Jepbarowyň 65ýyllyk ýubileýinde ilkinji gezek ýerine ýetiripdir. 1977-nji ýyldan soň aýdym görnüşini Türkmenistanyň halk artisti Oraznepes Döwletnazarow ilkinji bolup aýdypdyr. Soňra daşary ýurt kompozitory N.Buhwostowyň “Аккордеонные буги” eserini A.Tagandurdyýew “Durdy bagşy” türkmen halk sazyny, N.Rimskiý-Korsakowyň “Arynyň uçuşy”, I.S.Bahyň “Prelýudiýa we fuga” a-moll eserini talyp Ş.Babaýew G.Mitýewiň “Prelýudiýa we fuga”, N.Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” eserini, M.Hojyýew, B.Hudaýnazarowyň “Älemgoşar”, A.Abdullaýewiň “Bahar tansy” eserlerini, G.Kulyýewiň we S.Mämiýewiň türkmen temalaryna “Fantaziýa” eserini M.Nazarowanyň sazandarlyk etmeginde Y.Garaýew ýerine ýetirdi. Konsertde ýerine ýetirilen ajaýyp sazlar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn elçarpyşmalar arkaly garşy alyndy. Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, şeýle gyzgalaňly konsertleri geçirmäge uly-uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen aýdym-saz sungatyna uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmekliklerini tüýs ýürekden arzuw edýärin! Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güniniň şanly toýy bilen Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan mundan beýläk-de gülläp össün! _________________ Ogulbeg ÝEGENOWA., Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň “Sazşynaslyk” hünäriniň III ýyl talyby

No image
GARAŞSYZLYK AK BAGTYM, BITARAPLYK GANATYM

Kitaphanalar

25.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ähli ugurlar boýunça gazanylan beýik üstünlikleri, ýetilen belent sepgitleri, onuň türkmen halkyna beren baky bagtyny wagyz etmek maksady bilen Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde «Garaşsyzlyk–bagtymyz» atly kitabyndaky «Garaşsyzlyk ak bagtym, Bitaraplyk ganatym» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Kitaphana hünärmeni ýaş nesillere Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk –Bagtymyz» atly kitabynda «Garaşsyz diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk–barlygymyz, Garaşsyzlyk- bagtymyz» diýen jümleleriň türkmen halkyny has-da yhlasly zähmet çekmäge, okamaga ruhlandyrýandygyny uly buýsanç bilen belledi. Garaşsyzlyk–baýramy ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bagtyýar durmuşynyň aýdyň dabaralanmasydygy hakynda hem täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, Baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
YLYM HAZYNASY

Kitaphanalar

25.09.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenabat şäheriniň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 61-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň çagalary bilen bilelikde kitaphana syýahatyny geçirdiler. Bu ýerde çagalar kitaphananyň kitaplary bilen tanyşdylar we birnäçe ertekili kitaplary okadylar.

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GAHRYMAN ARKADAGYMYZ GARAŞSYZLYK GÜNÜNE GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

Täzelikler

25.09.2025

24-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Aşgabat atçylyk sport toplumyna bardy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak, olaryň dünýädäki şöhratyny belende götermek bilen bagly meseleler döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Bu bolsa toý-baýramlaryň bezegine öwrülen bedewleriň halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýändigini görkezýär. ...Häzirki wagtda Aşgabat atçylyk sport toplumynda Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyna taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Toplumyň döwrebaplaşdyrylmagy onuň keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy. Milli Liderimiz bu ýerde amala aşyrylan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmekde, at çapyşyklarynyň ýokary derejesini üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ünsi çekdi. Atçylyk sport toplumynyň tutuş çägi häzirki zaman talaplaryna we ýokary ekologik derejä laýyklykda döwrebaplaşdyryldy. Şeýlelikde, ol halkara görkezijilere gabat gelýän ýokary netijeli atçylyk sport toplumyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz toplumyň ekologik ýagdaýynyň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny, bu ýerde döredilýän gök zolaklaryň ugurdaş desgalar bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini belledi. Milli Liderimiz türkmen halkynyň “At agynan ýerde toý bolar” diýen paýhasly jümlesinden ugur alnyp, ahalteke bedewleriniň ýurdumyzda bellenilýän toý-baýramlaryň esasy bezegine öwrülendigini aýdyp, bu ýerde bedewlerdir çapyksuwarlar üçin bolşy ýaly, dabaralara gatnaşjak köp sanly myhmanlar, janköýerler üçin hem ähli zerur şertleriň döredilmelidigine ünsi çekdi. Şunda baýramçylyk çapyşyklarynyň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy at çapyşyklary mynasybetli guraljak dabaralaryň medeni maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn esasda taýýarlanylmalydygyny aýdyp, baýramçylyk günlerinde ýaýbaňlandyryljak çykyşlaryň halkymyzyň durmuşynda mäkäm orun alan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň özboluşly waspyna öwrülmelidigini nygtady. «Türkmenistan gazeti»

No image
MUZEÝ HÜNÄRMENLERI MUZEÝ IŞINI DÖWREBAP DEREJEDE GURNAMAKLYKDA DÜRLI IŞLERI ALYP BARÝARLAR

Muzeýler

24.09.2025

Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede gülläp ösýär. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow biziň ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleri bilen aýakdaş gitmegi üçin örän uly tagallalar edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda dünýäniň ösýän-özgerýän döwründe, biz muzeý işgärleri hem türkmen halkymyzyň taryhyny we taryhy ýadygärliklerini dünýä ýaýmakda arman–ýadaman zähmet çekýäris. Şol maksat bilen Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgärleri bellenen meýilnamalar esasynda, muzeýiň ekspozisiýa zallary barada täze maglumatlar öwrenýärler hem-de maslahat esasynda ekspozisýon zallarda ýörite ýygnanşyp edilýän maslahat arkaly täze maglumatlary ara alyp maslahatlaşýarlar. Esasan hem halypa hünärmenler ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Hawa hakykatdan hem ýaş nesilleriň ylmyny artdyrmakda Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde halypa-şägirtlik ýoly dowam etdirilýär. Türkmen halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini, medeniýetini, sungatyny, geçmiş-taryhyny has çuň we giň manyda hem-de ylmy taýdan öwrenmek we olar bardaky maglumatlary halka ýetirmek bolsa muzeý hünärmenleriniň esasy wezipesidir. Häzirki wagtda bolsa muzeýimiziň “Türkmen tebigaty” zalynda ýaş ylmy işgärleriň hünär derejesini has içgin berkitmek we çuňlaşdyrmak maksady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Muzeý hünärmenleri muzeý işini döwrebap derejede gurnamaklykda dürli işleri alyp barýarlar. Türkmeniň tebigatyny, medeniýetini, taryhyny has çuňňur öwrenip halka ýetirmekde, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň biz ýaşlara bildirýän ynamyny ödejekdigimizi ynandyrmak isleýärin. Türkmen halkyny beýik derejelere ýetirmekde uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli Döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn.

No image
GARAŞSYZLYK–DÖWLETLILIGIŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

24.09.2025

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy mynasybetli «Ylham» seýilgähinde «Garaşsyzlyk –döwletliligiň gözbaşy» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan gülläp ösüşiň, abadançylygyň mekanyna öwrülýändigi, mähriban Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere göterilip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolýandygy barada belläp geçdiler. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdymyzda köp sanly obadyr şäherçeler döredilendigi, önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr-desgalaryň ençemesi işe girizilendigi, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi şeýle hem ähli ösüşlerimiziň gözbaşynda duran mukaddes Garaşsyzlyk ýurdumyzyň we halkymyzyň taryhyna şan-şöhratly sene hökmünde altyn harplar bilen ýazylandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý-mertebesini tug deýin belentde göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. *

No image
EZIZ DIÝARYMYZ–PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

24.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň bilelikde gurnamagynda «Eziz Diýarymyz–Parahatçylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar halkymyz eziz watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk şanly toýuna barýandygyny şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllary içinde geçilen şöhratly ýola nazar aýlanyňda, ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, beýik ösüşleri ýüregiňe buýsanç duýgularyny eçilýändigi barada söhbet etdiler. Mundan başga-da Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz demokratik özgerişler ýoly bilen syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlaryny özünde jemleýändigini, diýarymyzyň parahatçylygyň we ösüşiň ýoly bilen okgunly öňe barýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
HALK MASLAHATY-TÜRKMENIŇ GADYMY ÝÖRELGESI

Kitaphanalar

24.09.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda welaýatyň Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk toýunyň öňi syrasynda geçirilen Halk maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda «Halk maslahaty-türkmeniň gadymy ýörelgesi» atly maslahat geçirildi. Maslahat-da çykyş edenler halk bähbitli çözgütler, döwletli tutumlar, anyk maksatlar, Watanymyzyň ýeten belent sepgitleri, gazanan üstünlikleri, türkmen halkynyň gadymy ýörelgeleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar «Türkmenistan–ata ýurdum Garaşsyzv» atly kitap sergisine tomaşa etdiler. Işlemäne, okamana döredip berýän şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsynlar aýdyp, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
KITAP-ÄLEM SYRYNYŇ AÇARY

Kitaphanalar

24.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda kitaphana gelýän okyjylaryň gatnaşmagynda «Kitap-älem syrynyň açary» atly gezelenç geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar talyplary älem syrlarynyň açarlaryny özünde jemleýän, ylym-bilimiň, döredijiligiň hazyna gory bolan kitaphanamyza yzygiderli gatnap, Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş berýän ajaýyp kitaplaryny hem-de ylym-bilimiň dürli pudaklaryna degişli bolan kitaplary uly höwes bilen okaýarlar. Kitap okamak talyplaryň bilimini artdyrmaga ýardam edýär. Çünki älem syrlarynyň açary mukaddes kitaplarda jemlenendir. Ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda hem giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR

Kitaphanalar

24.09.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Bagtyýar çagalar» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiz baradaky edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde çagalar üçin dürli maksatnamalaýyn çäreleriň guralmagy olaryň gözýetimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Çagalaryň öz ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmegi üçin birnäçe gurnaklar geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri hem çagalaryň okuwdan daşary şadyýan we wagtlaryny gyzykly geçirmeklerini guramak maksady bilen kitaphanamyzyň çuň manyly eserlerini okap gürrüň berýärler. Şeýle hem bu ýerdäki çagalar bilen sorag-jogap işini alyp barýarlar. Şeýle hem dürli reňkli kagyzlardan birnäçe zatlary ýasaýarlar. Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň okamagy, öwrenmegi ugrunda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.