logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
HALKYŇ SAGLYGY-DÖWLETIŇ BAÝLYGY

Muzeýler

02.04.2026

Bütindünýä Saglyk güni ynsan saglygyna, bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýän hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan halkara baýramdyr. Şonuň üçin her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz edýän dürli çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hem Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli «Halkyň saglygy — döwletiň baýlygy» atly sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýewgeniýa Adamowanyň «Donorçylar», Çary Amangeldiýewiň «Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň akademigi Boris Smirnow», Annadurdy Almämmedowyň «Futbolçylar», Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodowyň «Medisina ylymlarynyň doktory, professor Aýsoltan Mämmetgulyýewa», «Şepagat uýasy» ýaly ajaýyp nakgaş eserleri görkezilýär.

No image
GARAŞSYZLYK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

02.04.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde “Garaşsyzlyk ösüşleriň binýady” atly söhbetdeşlik geçirildi. Çykyşlarda ýurdumyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda bedew batly öňe barýan, ynamly, hyjuwly, ähliumumy abadançylyga goşant goşýan özboluşly ýoly bilen döwlet hökmünde tanalar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler, özgertmeler, Watanymyzda höküm sürýän parahatçylyk, abadançylyk dogrusynda söhbetler edildi. Şeýle-de kitaphana işgärleri tarapyndan “Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr” ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Ajaýyp döwrümizde ýaşamana döredilip berilýän ähli şertleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

02.04.2026

1-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda alyp baran işleriniň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. «Türkmenistan» gazeti

No image
MUZEÝE GEZELENÇ GURNALDY

Muzeýler

01.04.2026

Her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä guşlar güni mynasybetli talyp ýaşlaryň, mekdep okuwçylaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň gözel ýerlerine gyzykly gezelençler gurnalýar. Şu gün Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyp ýaşlary Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde gezelençde boldular. Muzeý hünärmenleriniň gyzykly hem-de täsirli gürrüňleri, ülkämiziň haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi welaýatymyzyň çägindäki goraghanalar, olarda ýaşaýan haýwanlar, ösümlikler hem-de tebigatymyzyň bezegi bolan guşlar hakyndaky gyzykly maglumat bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň nazaryýetde alan bilimlerini has-da berkidýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myratdyň mekany” ýylynda hem ekologiýa abadançylygyny gowulandyrmakda Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerde gözel tebigatymyza bolan söýgüni döretmekde hem-de daşky gurşawy goramakda netijeli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Çünki tebigata bolan söýgi Watana bolan söýgüdir. Talyplarda ýatdan çykmajak täsirli pursatlary galdyran gezelenç täsirliligi bilen tapawutlandy. Olar muzeýe gurnalan gyzykly gezelenjiň dowamynda halkymyzyň köpasyrlyk buýsançly taryhy we gözel tebigatynyň täsinliklerini giňişleýin öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan etdiler. Jennet MYRADOWA, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ekskursawody

No image
ÝAŞ NESILLERI TERBIÝELEMEKDE KITAPLARYŇ ÄHMIÝETI

Kitaphanalar

01.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Ýaşlyk säheri” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Ýaş nesilleri terbiýelemekde kitaplaryň ähmiýeti” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, olary watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, kitaba bolan söýgüsini artdyrmaklyk üçin türkmeniň ruhy baýlygynyň aýawly saklanylýan merkezi bolan kitaphanalarda ýaşlar bilen geçirilýän çeper okaýyşlar, okuw sapaklary, guralýan göçme kitap sergileri dogrusynda söhbet edildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar kitaba uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
DÖWLET KITAPHANASYNYŇ TARYHY WE ONUŇ BÖLÜMLERI BILEN TANYŞDYRMAK

Kitaphanalar

01.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda talyp ýaşlaryň kitaphana işini çuňňur öwrenmek, olaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen “Kitaphana-rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagy geçirildi. Gurnaga Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary gatnaşyp, “Döwlet kitaphanasynyň taryhy we onuň bölümleri bilen tanyşdyrmak” atly tejribe sapagy gurnaldy. Çykyş eden kitaphanaçylar Döwlet kitaphanasynyň taryhy, bölümleri we olaryň alyp barýan iş aýratynlyklary dogrusynda gürrüň berdiler. Mundan başga-da kitaphanalarda okyjylara döwrebap hyzmat etmekligiň dürli görnüşleri, olara medeni köpçülik işleriniň üsti bilen ýagny okyjylar maslahatlary, edebiýat we döredijilik duşuşyk agşamlary, dürli söhbetdeşlikler, şeýle hem kitaphana synlarynyň ähmiýeti hakynda, kitap sergisini guramaklygyň dürli görnüşleri: Hemişelik, wagtlaýyn we göçme sergileri guramaklygyň düzgünleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem gurnaga gatnaşan talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alşyldy. Tejribe sapagyna gatnaşan talyp ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
2026-njy ýylyň 3-5-nji apreli aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Teatr we kino dünýäsi

01.04.2026

#### Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda ##### * 04.04.2026ý. «Giýewleriň bäsleşigi» atly sahna oýny 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Hindi rowaýaty» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ##### * 04.04.2026ý. «Körpe gelin» atly sahna oýny 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Päk söýgüniň güýji» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda ##### * 03.04.2026ý. «Sakarja geçi» atly sahna oýny 11:00 ##### * 04.04.2026ý. «Oýun bir maza iki» atly sahna oýny 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Gumly gelin» atly sahna oýny 19:00 #### A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda ##### * 04.04.2026ý. «Alladiniň jadyly çyrasy» atly sahna oýny 12:00 ##### * 04.04.2026ý. «Alladiniň jadyly çyrasy» atly sahna oýny 14:00 ##### * 04.04.2026ý. «Hanym» atly sahna oýny 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Zoluşka» atly sahna oýny 11:00 ##### * 05.04.2026ý. «Zoluşka» atly sahna oýny 13:00 ##### * 05.04.2026ý. «Gurjak öý» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry ##### * 04.04.2026ý. «Hindi hekaýaty» atly sahna oýny 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny 19:00 #### Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry ##### * 04.04.2026ý. «Ýagyş ýagan gijesi» atly sahna oýny 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Älemgoşarly tomus» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmen döwlet gurjak teatry ##### * 04.04.2026ý. «Dostlar» atly sahna oýny 17:00 ##### * 04.04.2026ý. «Çagaly öý bazar» atly sahna oýny 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny 12:00 ##### * 05.04.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny 17:00 ##### * 05.04.2026ý. «Çagaly öý bazar» atly sahna oýny 19:00 #### Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry ##### * 04.04.2026ý. «Daş myhman» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Yşkyň ykrary sen» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 04.04.2026ý. «Ýaşlyk ýelgini» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Saňa ýalan maňa çyn» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry ##### * 04.04.2026ý. «Ak gämi» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Ene» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry ##### * 04.04.2026ý. «Söýgi ummanynda küreksiz» atly sahna oýny sagat 19:00 ##### * 05.04.2026ý. «Söýgi ummanynda küreksiz» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Muzeýler

01.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli medeni-mirasymyzy ösdürmek, türkmen ýaşlaryna taryhymyzy öwretmek, döredijilik işlerine ruhlandyrmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda bilim alýan talyp ýaşlar Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine gezelenje geldiler. Talyp ýaşlar muzeýde saklanylýan gymmatlyklar bilen içgin tanyşdylar, şeýle-de olary gyzyklandyrýan eserler barada muzeý hünärmenleri tarapyndan düşündirişli gezelenç gurnaldy. Bu hem ýurdumyzda ýaşlara okamaga, bilim almaga we döretmäge milli gymmatlyklarymyz bilen tanyşmaga uly mümkinçilikleriň döredilendiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza gezelenje gelen talyp ýaşlar tüýs ýüreklerinden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
YLYM-BILIM ÝOLUMYZYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

01.04.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Ylym-bilim ýolumyzyň çyragy” ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da ylym-bilim bilen bagly edebiýatlar, okuw gollanmalary ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
USSAT HALYÇY OGULGEREK HALYPAMYZ GÖRELDE MEKDEBIMIZDIR

Kitaphanalar

01.04.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Türkmenhaly» Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýinde “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” «Ussat halyçy Ogulgerek halypamyz görelde mekdebimizdir» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen halyçylyk sungatyny ösdürmäge, kämilleşdirmäge, ony geljekki nesillere ýetirmäge, Watanyň şan-şöhratyny ösüşlerini, çeper elleriniň, uz barmaklarynyň döredýän haly gölleridir, nagyşlarynyň üsti bilen dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşan ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň uzak ýyllaryň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe şäheriniň haly kärhanasynda birkemsiz zähmet çekip, halyçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini iş tejribesinde ulanyp, nusgawy gölli we suratly halylary dokamakda ussatlygyny görkezendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Ogulgerek Berdimuhamedowanyň eliniň çeperligi, zähmetsöýerligi bilen ýaşlara görüm-görelde görkezýän ussat halyçy höküminde uly abraýa eýe bolandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda, ösüp gelýän ýaş nesillerimize ýetirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.