logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
«MEŞREP MEN»

Edebiýat älemi

15.10.2025

«MEŞREP MEN» Kyblamyň telwasynda saýyl awara Meşrep men, Gözi ýaşly, kaddy elip, kalby set para Meşrep men. _________________________________________ Bolmasa-da köňlümde dünýäň zerre deý mähri, Sen diýip iki älemden geçip, ykmanda Meşrep men. _________________________________________ Ölüp gitsem, seniň derdiň soňra-da gitmegeý asla, Lahat içre pygan eýläp, özüm biçäre Meşrep men. _________________________________________ Eneden gaýly gün dogdum, seniň yşkyňda ah urdum, Muhabbet dagynda örtäp, özüm saýýara Meşrep men. _________________________________________ Muhabbet jamyndan meý berdiler, içmezlige çäräm ýok, Gözümden gan ýaşym dynman akar, hunhora Meşrep men. _________________________________________ Başyma müň bela gelse, dilär men wysalyň, sopy, Başym kesseň hossarym ýok diýen görgüli Meşrep men. _________________________________________ Halaýyklar ýaman diýp kowar her säher barsam, Märekeden ýekirilen bir saňsar-a, Meşrep men. _________________________________________ Özümiň halk içre ryswalygmy hiç kes bilmez, Jiger-janym pida eýläp, bir hilegär Meşrep men. _________________________________________ Men sergezdan Meşrebe muhabbeti beýan eýläň, Namaz-rozadan jyda bolan bir diwana Meşrep men. _________________________________________ «DÜNÝÄ GELIP BILMEZDEN MEN LAÝA BATA GALDYM...» Dünýä gelip bilmezden men laýa bata galdym, Mejalym ýok bolsa-da, agyz söz gata galdym. _________________________________________ Gördüm onuň duşmany ruhdur beden ekeni, Seslenip, iki gözüne men birdem baka galdym. _________________________________________ Girdim men bir meýhana, bilsem-de köýjegimi, Ýöne metjide girip, buz ýaly gatap galdym. _________________________________________ Ynan, men bir terkidünýä, a sende ybadat, Müň takwany bir käse men meýe sata galdym. _________________________________________ Ýekelik şerbetini gana-gana içdigim, Mansur kibi men dara başymy asa galdym. _________________________________________ Telbeligmiň şöhraty indi äleme doldy, Bir näzi üçin iki jahanda oda galdym. _________________________________________ Aýyplamaň bihuda men Meşrebi, ýaranlar, Neýleýin, bu aýralyk ýolundan öte galdym. _________________________________________ «EGER AŞYKLYGYMY AÝTSAM...» Eger aşyklygymy aýtsam, köýüp jan-u-jahan örtär, Bu yşk syryn beýan etsem, ýeke-täk hanyman örtär. _________________________________________ Bir kişä yşk odundan sähelçe ýetse bolar girýän, Bolup bisabyr-bitakat, ýürek-bagry ýakan örtär. _________________________________________ Yşka saldyň hanymanym, köýüp-ýandym pyragyňda, «Nigara» diýp adyň tutsam, lezzeti zyban örtär. _________________________________________ Eý, janym, juwan dil bilen seniň waspyň beýan etsem, Dilim laldyr, gözüm girýan, ganatlarym pynhan örtär. _________________________________________ Ne ýowuz gün eken, jana, wysalyňdan jyda bolmak, Meň ahymyň tütünine zemin hem-de asman örtär. _________________________________________ Bu dert bilen harap boldum, gelip halymy sormasaň, Gamyň başga, derdim başga, ýüregimi pygan örtär. _________________________________________ Bu Meşrebiň derdin janym, her kimiň başyna salma, Eger magşarda ah ursam, behişti jawydan örtär. _________________________________________ «BABARAHYM MEŞREP» (TERJIME EDEN A.REJEPOW)

No image
Bu köňül

Edebiýat älemi

14.10.2025

Meni şeýda eýleýen bu köňüldir, bu köňül, Har – u – ryswa eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Bagyşlaýyn jigerimi gara gaşlylar üçin, Ýa-da çäksiz eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ «Söýer» diýip ýazgarma, däldir meniň erkimde, Ol islegi eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Mahal-mahal işigne sary barma diýrler, nädeýin, Ony talap eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Saçlaň tary höwesinde bu garaňky gijede, Jany söwda eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Dost-duşmanyň arasynda meni hemişe gapyl, Bir biçäre eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Eý, Lutfi, özgelerden görme gözüň ýaşyny, Göýä derýa eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Meni şeýda eýleýen bu köňüldir, bu köňül, Har – u – ryswa eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Bagyşlaýyn jigerimi gara gaşlylar üçin, Ýa-da çäksiz eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ «Söýer» diýip ýazgarma, däldir meniň erkimde, Ol islegi eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Mahal-mahal işigne sary barma diýrler, nädeýin, Ony talap eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Saçlaň tary höwesinde bu garaňky gijede, Jany söwda eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Dost-duşmanyň arasynda meni hemişe gapyl, Bir biçäre eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ Eý, Lutfi, özgelerden görme gözüň ýaşyny, Göýä derýa eýleýen bu köňüldir, bu köňül. __________________ «HA YNAN, HA YNANMA» Sen-sen söýenim, ha ynan, ha ynanma, Gandyr jigerim, ha ynan, ha ynanma. __________________ Hijran gijesi çarhy pelege ýeter, eý mah, Nurly säherim, ha ynan, ha ynanma. __________________ Müň gowga düşse-de başyma, yşkyňdan Ýokdur giderim, ha ynan, ha ynanma. __________________ Gözleriň yşk kölüne käteler nazar salsam, Galmaz azarym, ha ynan, ha ynanma. __________________ Ýakup kimin köp ýygтanyň galmady sensiz, Nury didäm, ha ynan, ha ynanma. __________________ Aý ýüzüňe garasak özge kişiler bile, Düşer nazarym, ha ynan, ha ynanma. __________________ Yşk odunda Lutfiň ýüzi çyragyny gizledi, Eý dünýe barym, ha ynan, ha ynanma. __________________ Sen-sen söýenim, ha ynan, ha ynanma, Gandyr jigerim, ha ynan, ha ynanma. __________________ Hijran gijesi çarhy pelege ýeter, eý mah, Nurly säherim, ha ynan, ha ynanma. __________________ Müň gowga düşse-de başyma, yşkyňdan Ýokdur giderim, ha ynan, ha ynanma. __________________ Gözleriň yşk kölüne käteler nazar salsam, Galmaz azarym, ha ynan, ha ynanma. __________________ Ýakup kimin köp ýygтanyň galmady sensiz, Nury didäm, ha ynan, ha ynanma. __________________ Aý ýüzüňe garasak özge kişiler bile, Düşer nazarym, ha ynan, ha ynanma. __________________ Yşk odunda Lutfiň ýüzi çyragyny gizledi, Eý dünýe barym, ha ynan, ha ynanma. __________________ Möwlana Lutfi ___________________ (Terjime eden: A. Rejepow)

No image
EÝ, KUÝAŞ, ŞUGLA SAÇGYN...

Edebiýat älemi

10.10.2025

Eý, kuýaş, nuruň saçgyn, gam tününde zaryň men, Saba päk demin alan päkize säheriň men. ________________ Gözellik-görklilikde husny-mülkiň şasy sen, Melallykda, külpetde sadyk hyzmatkäriň men. ________________ Aýyp görme, seň yşkyňda ejiz bolsam eger-de, Garrylyk ýüki basan zary bimydaryň men. ________________ Özgeler deý hyzmat etmesem-de, bolmanda Şolaryň hatarynda bir umydygäriň men. _______________ Näçe ömrüm geçendir pyrkatdyr gam içinde, Ýygladym gije-gündiz zary - bikararyň men. ________________ Merhemet gözi bilen halyma nazar salgyn, Kalbyň içre ýer tutan bir dogaňa zaryň men. _______________ Islegim ýylynmakdyr seniň gyzgyn mähriňden, Çünki Agahi ýanan yşkyň içre haryň men. _______________ « EÝ, ŞOH, GÖZ – U GAŞYŇA ÄLEM GEDA, MEN HEM GEDA...» Eý, şoh, göz–u gaşyňa älem geda, men hem geda, Lagly lebi dür saçanda älem geda, men hem geda. ________________ Kä garagyň jan alar, käte gaşyň talaň salar, Beýle garagyň – gaşyňa älem geda, men hem geda. _______________ Kadd-u-lebiň äşgär, syrly, elden alar ygtyýary, Şeýle syryň-paşyňa älem geda, men hem geda. ________________ Başdan aýagyň jan bolar, janlar saňa gurban bolar, Jana, aýag – u – başyňa älem geda, men hem geda. _______________ Her näçe atsaň ok – u – daş, aýlap gazap äleme paş, Şol okdur daşyňa älem geda, men hem geda. ________________ Kalplarda keşbiň görki, gözlerde kamatyň nagşy, Suratgär – u – nakgaşyňa älem geda, men hem geda. _______________ On dörtden ýaşyň ötüp, husnuň äleme dolup, Bu husnuň – u – ýaşyňa älem geda, men hem geda. ________________ Abraý saňa hemra bolar, Perwerdigär ýaran bolar, Hemraňa hem ýaranyňa älem geda, men hem geda. _______________ Ah-u-nalaňa, Agahi, rehm etdi gözeller şasy, Ah-u-nalaň täsirine älem geda, men hem geda. _______________ «ÜSTÜNE» Galam gaşlaryň ýaýy ol çeşmi jellat üstüne, Amal üçin «nas» getirer «nun» eltip «sod» üstüne. ________________ Tomaşa kyl kamatyna, synla zyba jemalyny, Gör, gunçaň gül bolanny gol ýaýyp şemşat üstüne. ________________ Näz-u-kereşme, gamzasy öç alarlar hemişe, Wah, munça apat bolarmy bir adamzat üstüne. ________________ Men bir hassa, jan saklamak indi maňa müşgildir, Jellat gözi bidat eder her pursat bidat üstüne. ________________ Şol gül ýüzüň yşky bile şam-u-säher şeýda köňül, Bilbil dek saýrar ýüz nagma müň nagma perýat üstüne. ________________ Başyma ýagan gam daşynyň müňden biriçe bolmaz, Pelek eger müň Besütün ýagdyrsa Perhat üstüne. ________________ Eý, şah, keremli aýlarda deň tut ýaman-u-ýagşyny, Bil, mähir nury deň düşer weýran-u-abat üstüne. ________________ Haky tanaň, ahyrýetde iman bolar ýoldaşyň, Seýl et Süleýman dek, tagt gurup şemal üstünde. ________________ Agahi, mertlik bilen zybanyndan söz açar, Ýüz hili gam hüjüm eýlär gaýgy-apat üstüne. ________________ «ÝÜREK DERDIM OŇA DIÝDIM...» Ýürek derdim oňa diýdim, diýme ony maňa diýdi, Kim maňa aşyk bolsa, zerur bolar oňa diýdi. ________________ Ýüzüňde iki nerkesiň, wah, ne bela, gara, diýdim, Köňlüň – u – janyňy alan iki gara bela, diýdi. ________________ Lebleriň agzyma ýetir, jan tapaýyn oňa, diýdim, Näzli ýylgyryp bakyp, ölüm ýokmy saňa, diýdi. ________________ Inçe biliňden guçmak köňlümiň islegi diýdim, Ýokmy uýadyň, beýle söz diýere, baý-ba, diýdi. ________________ Nazar aýlaýyn husnuňa, men sary gara, diýdim, Ýaşyryban ýüzün, git, eý masgara, bihaýa, diýdi. ________________ Lebiňden posa alaýyn, aýla maňa nazar, diýdim, Gaş-u-garagny çytyp, goý, bu sözüň hata, diýdi. ________________ Hergiz sergezdan eýlemegil wepa maňa, diýdim, Äşgär ahyr, özüň haçan görkezipdiň wepa, diýdi. ________________ Hassa köňle otlar salan bormy munça jepa, diýdim, Jepa diýme, ol-a seniň derdiňe bor dowa, diýdi. ________________ Agahiýniň derdine görmediň sen rowa, diýdim, Gam taparmy janyň oňa kylmasa özün pida, diýdi. ______________________ MUHAMMET RYZA AGAHI (Terjime eden: A.Rejepow)

No image
GAZALLAR

Edebiýat älemi

08.10.2025

Ýar ýüzümi görüp derdi-gamym bilse gerek, Ýüz görüp derdi-gamym alajyn kylsa gerek. Eý, saba, jan-u-köňlüňi özüň üçin ýaratdy, Köňli bile diýer sen: jan üçin gelse gerek. *** Bir peri men telbäni husnuna maýyl edendir, Gözümde keşbi galyp, köňlümde menzil edendir, Köňlümize jebri çäksiz kyldy ol nämähriban, Janyma ýüz müň gamy-külpeti hasyl edendir. *** Kim bolar sen kibi älemde dildary onuň, Nirede azm eýlese bolar Hudaý ýary onuň. Köýüňde men azm eder men–galkynan dek hatyrym, Hatyrymy saklasa, Taňry howandary onuň. *** Telbe köňlüm seniň janyňdadyr, ýat eýlegil, Ezizläp, mähremlik bilen köňlümi şat eýlegil. Yşrat içre hergiz genji-kän bolsaň iliňe, Pyrkatyňda galan egri kamatym ýat eýlegil. *** Ne pikirdir, pikriň däldir – ol pikir bolar batyl, Ne ömürdir, öter sensiz – ol ömür bor bihasyl. Alla hergiz gyýa garamasyn, her haçan görsem, Kä köňlüm howsalada, kä aklymdan jyda men. *** Haýsy azaryn aýdaýyn janyma bigänäniň, Haýsy bir ynjydanny göwnümi ol dildaryň? Haýsy bir ýowuzlygny täleý ýalňyşlygynyň, Haýsy bir egriligni çarhyň aldaw-torunyň? __________ Alyşer Nowaýy (Terjime eden: A.Rejepow)

No image
EDEBI DOSTLUK–EBEDI DOSTLUK

Edebiýat älemi

01.10.2025

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Hormatly Prezidentleriniň bilelikdäki goldaw-hemaýatlary netijesinde häzirki döwürde türkmen we özbek halklarynyň arasynda köp asyrlaryň dowamynda däbe öwrülen goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklary barha ösdürilýär. Biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar medeni-ynsanperwer ulgamda hem işjeň häsiýetde ösdürilýär. Medeni ulgamyň hyzmatdaşlygynda toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etmäge, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär. Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäherinde «Daşkent» seýilgähi, Daşkent şäherinde «Aşgabat» seýilgähi guruldy. Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň paýtagtlary doganlaşan şäherler hökmünde dostlukly gatnaşyklaryny yzygiderli kämilleşdirýärler. Gündogaryň beýik akyldarlary we danalary Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşer Nowaýynyň paýhasly eserleri dünýä edebiýatynyň genji-hazynasynda orun aldy. Aşgabat we Daşkent şäherlerinde Magtymguly Pyragynyň hem-de Alyşer Nowaýynyň ýadygärlikleri guruldy. Türkmenistanda özbek ýazyjy-şahyrlarynyň, Özbegistanda hem türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri terjime edilip, yzygiderli neşir edilýär. Ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda özbek ýazyjy-şahyrlary Abdylla Aripowyň, Erkin Wahydowyň, Raul Parfiniň, Hurşyt Döwranyň, Hosiýat Rustamyň, Behzod Fazliddiniň, Zulfiýa Isroilowanyň, Ötgür Haşymowyň Nasyrjan Joraýewiň Tölepbergen Mätmyradowyň, Ybraýym Ýusubowyň, Rahima Şamansurowanyň, Mahfuza Imamowanyň eserleri, şeýle hem, Adyl Ýakubowyň «Ulugbegiň hazynasy» atly romany, Mirzaahmet Norbekowyň «Teýmirleňiň ömrüniň on iki güni» atly traktatlary we başga-da birnäçe eserler çap edildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda özbek halkynyň nusgawy we häzirkizaman şahyrlarynyň eserleriniň terjime edilmegi hem, türkmen we özbek halklarynyň dost-doganlygynyň aýdyň subutnamasydyr. _________________ Akymyrat REJEPOW Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri

No image
DOGANLARYM

Edebiýat älemi

25.09.2025

``` Kalbymyň ruhy çyragy, Doganlarym, doganlarym, Üzülmesin ýürek bagy, Doganlaryň, doganlaryň, *** Günlerim sizsiz geçmesin, Ýüzleriň nury öçmesin, Hiç haçan ara açmasyn, Doganlarym, doganlarym, *** Biri gözüm, biri gaşym, Birisi ýürek syrdaşym, Ählisi hem jan gardaşym, Doganlarym, doganlarym. *** Kyn günümde medet beren, Nusga bolup edep beren, Bir bakamda göwnüm bilen Doganlarym, doganlarym. *** Günler geçýär hatar-hatar, Olar kalba gussa gatar, Gynansakda ömür öter, Hiç ötmesin doganlarym. *** Dogan başy bozulmasyn, Ýüreklermiz ezilmesin, Başy gussa bogulmasyn Doganlaryň, doganlaryň. *** Siz bilen ýazdyr bu ömür, Szi bilen sazdyr bu döwür, Ykbalyma boluň höwür, Doganlarym, doganlar ``` ___________________ Ogultäç HOJANAZAROWA

No image
AWAZADAKY DOSTLUK

Edebiýat älemi

16.09.2025

(HEKAÝA) Şäherde ýaşaýan daýylaryndan dolanyp gelen Şöhradyň ýüzi şadyýandy. Ony şähere Nury daýysynyň özi alyp gidipdi. Daýysynyň Şöhrady şähere alyp gitmeginiň sebäbi ýok däldi. Ogly Pälwan bilen ýakyndan tanyşdyryp, dostlaşdyrmak isledi. Daýysynyň ogly Pälwan bilen Şöhradyň sözi alyşdy. Şöhrat bilen Pälwany Nury aga şäheriň gözel seýilgählerine aýlady. Seýilgählerdäki çagalar meýdançalaryndaky ähli zatlar Şöhradyň göwnüne ýarady. Ol okan ertekilerindäki gahrymanlar bilenem ýüzbe-ýüz boldy. Paýtagtda bolan günleri onda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Iki hepdeläp daýylarynda bolup gelen Şöhradyň dostlary daşyna üýşdiler. Olar “”Aşgabat” seýilgähini gördüňmi?!”, “Buzly köşge-de” bardyňmy?!, “Çagalar dünýäsi dükanlaryna-da aýlanansyň-ai?! - diýip, sowal yzyna sowal suňşurdylar. Şöhrat dostlaryna şäheriň täsin gözel ýerleri barada gürrüň berdi. -Esasy zat men täze dostlary tapyndym. Daýym bilen daýzam Pälwan ikimizi “Awaza’ milli syýahatçylyk zolagyna alyp gitdiler. “Awazaň” owadanlygyna haýran galaýmaly. Ata-eneleri bilen dynç almaga gelen çagalar köp eken. Olar bilen dostlaşdyk. Deňziň kenaryndaky çägede biz üýşüp surat çekdik. Nämäň suratydyr öýdýäňiz?! Hany, biljek boluň?! -Aman pikirlenmezden ak kepderiň suratymy! – diýip jogap berdi. -Hawa, bildiň Aman. -Ganatlaryny giňden ýaýyp duran ak kepderiň suratyny çekdik. Üýşüp çeksegem surat owadan boldy. Uly adamlaram gelip görüp, gowy çekendigimizi aýtdylar. Men, Rahym, Ahmet üçümiz herimiz ak kagyzdan gämem ýasadyk. Ýasan gämimizi deňze akdyryp goýberdik. Deňiz tolkunlary sähel salymda gämileri bizden daşlaşdyrdy. Has uzaklaşansoň biz ýasan gämilerimizi görüp bilmedik. Belkem, biziň dostlugymyzyň nyşany bolan, şol gämilerimiz henizem deňizde ýüzüp ýörendir. Awazada owadan myhmanhanalar diýseň köp. Şol gün deňziň ýodly howasyndan dem alalyň diýip–daň agarmanka kenara bardyk. Daýym säher çagynda deňiz howasyndan dem almagyň örän peýdalydygyny ýanjap-ýanjap aýtdy. Mawy deňziň daňdanky owadanlygy meni aňk etdi. Günüň dogup gelşi, tolkunlaň owazy kalbymy heýjana getirip joşdurdy. Daýym bilen daýzamam bu görnüşleri maýyl bolup synladylar. Daýym: -Parahat ýurdumyzda deňziň kenarynda erkana dynç alýarys. Hemme şertler bar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz, agzybir halkymyz parahatçylyga uly sarpa goýýar. Dost-doganlyk gatnaşyklary, şöhratly işler arkaly parahatçylygymyz berkidilýär. Goý dünýäde hemişe parahatçylyk bolsun diýdi. Daýym bu sözleri ýürekden aýtdy. Daşary ala-garaňkam bolsa deňziň kenarynda adam köpdi. Kenardan ýöräp myhmanhanalaryň gözelligini synlap barşyma özüm deň-duş bir oglana duşdum. Ol hem men ýaly myhmanhanalaryň täsin gurluşyny synlap gelýäne meňzeýärdi. Men onuň daşary ýurtly myhmandygyny görenimden bildim. Ol ýylgyryp seretdi. Menem ýylgyrdym. Ol iňlis dilinde salam berdi. Menem iňlis dilinde salam diýdim. Iňlis dilini bilemsoň maňa onuň bilen gürleşmek kyn düşmedi. Men şonda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň öwredilýändigine diýseň begendim. Özümiň iňlis dilini bilýändigime buýsandym. Ol adynyň Riçerddigini, özüniň awstraliýalydygyny aýtdy. Awstraliýada internet arkaly Türkmenistan bilen tanyşdym. Owadan, döwrebap Arkadag, Aşgabat şäherleriňiz, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň çagalar hakynda edýän aladalary, çagalara degişli dürli halkara sport ýaryşlarynyň, bäsleşikleriniň, dabaradyr çäreleriň ýygy-ýygydan çeçirilýändigi Türkmenistany dünýä tanadýar diýip - ýürek buýsanjyny paýlaşdy. Riçerd surat çekmäge ökde eken. Awazada bolan günlerindäki dürli pursatlary şekile geçiripdir. Ol ikimiziň tanyş bolan pursadymyzam çekjekdigini aýtdy. Halkymyzyň myhmansöýerliginiň, çagalara bolan egsilmez söýgüsiniň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny dilinden düşürmedi. Güneşli howa, Hazaryň şypaly suwy, dynç alýanlar üçin görkezilýän medeni çykyşlar ylham berip, türkmen kalbyny açýar diýdi. Riçerd goşgy düzmegem başarýan eken. Ol Awazaň gözelliklerinden täsirlenip döreden goşgusyny okap berdi. *** ``` Bu ýurt çagalaryň söýülýän ýurdy, Eşretiň hem bagtyň duýulýan ýurdy, Gözellik tükenmez nuruny saçyp, Beýik maksatlaryň ýaýylýan ýurdy. ``` *** Riçerd ýene iki günden öz ýurtlaryna ugraýandyklaryny, hoşlaşmaga hökman geljekdigine söz berdi. Sözünde-de tapyldy. Hoşlaşmaga gelende ikimiziň tanyş bolan pursatymyzdaky çeken suratyny ýadygärlik berdi. Ýany bilen dört eplenen kagyzam elime tutdurdy. Biz dostlarça mähirli hoşlaşdyk. Sanaýmalyja günüň içinde dostlugyň dörändigine begendim. Aman: - Riçerd hatynda näme ýazypdyr diýip, bilesigeliji sowal berdi: - Biziň ýurdumyzyň dünýä nusgalyk ýurtdygyny, iň süýji tagamlaryň, gawun-garpyzlaryň, miweleriň ýurdudygyny ol hatynda köp gezek gaýtalapdyr. Çöregimiziň huruşdygyny, bu naz-nygmatlardan öýlerine-de alyp barýandygyny ýazypdyr. Awaza meni türkmen deň-duşlarym bilen dostlaşdyrdy. Türkmen dostlarymdan köp zatlary öwrendim. Watansöýüjilik, açykgöwünlilik, myhmansöýerlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna türkmen halky çyn ýürekden hormat goýýan eken. Meni türkmenleriň şu häsiýetleri juda özüne çekdi. Men özüm bilen Türkmenistandan iň ýakymly duýgulary, ýatlamalary alyp barýaryn. Şeýle gowy täsirleri dostlarym bilen paýlaşaryn - diýipdir. Riçerd bilen geçiren pursatlarymyz hiç ýadymdan çykanok. Awaza dost-doganlygyň mekany. Awazanyň kenarynda Riçerd ikimiziň dostlaşyşymyz ýaly, gör näçe adam dostlaşandyr. Eziz Watanymyz dost-doganlygyň gülläp ösýän ýurdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda, ýurdumyz dost-doganlyga beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabyny okanyňda, dostlukda mähribanlygy, parahatçylygy dörediji güýjüň bardygyna göz ýetirýärsiň. Parahatçylyk iň gymmatly baýlyk. Biziň arzuwlarymyzyň hasyl bolup, bagtyýar durmuşda ýaşamagymyzyň aňyrsynda-da parahatçylygymyz bar. Şöhrat şeýle garaýyşlar bilen pikirini jemledi. Dostlary Şöhradyň gürrüňlerini ýatdan çykmajak täsirler bilen diňlediler. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.

No image
GARAŞSYZLYK BILEN GALKYNDY DIÝAR

Edebiýat älemi

16.09.2025

``` Türkmen başa täç edendir Watany, Ykballara ak daň bolup atany. Bedew batly ösüşlerde gadamy, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. **** Guşlar erkin ganat ýaýýar asmanda, Toý-baýramly ýurdum bagy-bossanda. Dost-doganlyk mähri Türkmenistanda, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. *** Zamanamyz haýran edýär dünýäni, Arkadagymyzyň ajap eýýamy. Gahryman Serdarmyz halkyň saýlany, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. *** Maksatlarmyz aýdyň dünýäň ýüzünde, Bagtdyr, ýurdy parahatlyk bezände. Bereket bar ülkämiň dag-düzünde, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. *** Ýaşulular eýe hormat, mertebä, Halkym milli dessur-däbine eýär. Baky Bitaraplyk dillerde sena, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. *** Milli Liderimiz Arkadagmyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza— Alkyş bolsun! Ýetirdi bagtymyza, Garaşsyzlyk bilen galkyndy Diýar. ``` ______________________________ Allaberdi BEGMYRADOW

No image
ATAM ÖÝÜM

Edebiýat älemi

16.09.2025

``` Gök asmanly giň düzi bar, Ilersinde mahmal çölüm. Eziz obamda nur saçyp, Otyr meniň atam öýüm. ``` *** ``` Gaýrasynda ene ýaby, Tolkunlary dutar sazy, Geçiripdik ençe ýazy, Seň goýnuňda atam öýüm. ``` *** ``` Kyrk öýli Soltanyz nesli, Zähmetsöýer, halal asly, Bag-bakjasy Erem ysly, Jennet künji atam öýüm. ``` *** ``` Ýaşlygymyň ýazy sende, Ýüregimiň tary sende, Käte kalplar üzülende, Aram berýän atam öýüm. ``` *** ``` Ejemjanyň çöreklerniň, Ysy geler bir menzilden, Kakamjanyň ekinleri, Doldyr mellegi pazyldan. ``` *** ``` Gazanynda ballar gaýnan, Ojagmyzyň ýeri galdy. Ol ot ýakyp, palaw buglan, Ejemjany ýada saldy. ``` *** ``` Tomus pasly, asmandaky, Ýedigeni sanaşardyk, Ene ýabyň köprüsinden, Dikligne suwa aşardyk. ``` *** ``` Ilkinji torlan işimi, Ene ýaba akdyrypdym, Agalarmyň balalarny, Ellerimde bökdüripdim. ``` *** ``` Gizlenpeçek oýnalardy, Ýabyň suwy boýlanardy, Çagalaryň şatlygyna, Ene ýabam towlanardy. ``` *** ``` Bakjalar bar beren wagty, Adamlaryň keýpi çagdy, Ondan bäri günler ötüp, Ençe ýyllar arka agdy. ``` *** ``` Doganlarym üýşen çagy, Öýmüz bolardy sapaly, Oturlardy söhbet edip, Çaýam bolardy şypaly. ``` *** ``` Ojakda ot ýakylardy, Tamdyrda bişerdi çörek, Şol günleri ýatlap käte, Sanjyp gidýär ynjyk ýürek. ``` *** ``` Aladasyz çagalygym, Sende galdy atam öýüm. Käte baryp, dolansakda, Sende mydam oyum-küýüm. ``` Ogultäç HOJANAZAROWA

No image
ÖMRÜŇ BIZE NUSGALYKDYR PYRAGY

Edebiýat älemi

15.09.2025

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylynda bellenilen meýilnama esasynda “Ömrüň bize nusgalykdyr Pyragy” ady bilen sergi we söhbetdeşlik geçirildi. Akyldar şahyrymyza bagyşlanyp gurnalan bu sergi oňa gatnaşan talyp-ýaşlarda has hem uly gyzylnama döretdi. Çäräniň başynda kitaphana hünärmenleri Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly-Dünýäniň akyldary” atly kitabyndaky: ” Magtymguly Pyragy-beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr. Asyrlar aýlanyp, ýyllar kerwen gurap geçse-de, biz türkmen danasy, dünýä akyldary Magtymguly Pyragydan daşlaşmaýarys. Arassa parasat, dury paýhas, üstünden eýýamlaryň geçendigine garamazdan, lagyl-göwher kimin şöhle saçyp durýar” diýen parasatly jümlelerini ýatlamak bilen başladylar. Hakykatdandan-da Magtymguly Pyragynyň goşgulary bize ýaşaýşyň manysyny hem-de ömrümiziň esasy wezipelerini kesgitlemäge kömek edýär. Şahyryň döredijiligi ynsan terbiýesinde uly ähmiýetli orna eýedir. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimyhamedow “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly pähim-paýhaslar kitabynda:”Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr” diýip belläýär. Çünki bu gün Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy-ynsan terbiýesiniň gözbaşy hökmünde çykyş edýär. Akyldaryň edebi mirasynyň ömürlere nusgalyk edilip öwrenilmeginiň baş maksady-şahyryň öňe sürýän pikirlerine dogry düşünip bilmekden hem-de ony durmuşda amal etmekden ybaratdyr. Ussat şahyryň eserlerinde saglygyň gadryny bilmek, maşgalanyň, iliň-günüň agzybirligi, milletiň bitewüligi hem-de döwletiň berkararlygy, ahlak gatnaşyklary hem-de bu barlyga akyl ýetirmek we ş.m ençeme meseleler baradaky, öwüt-nesihatlary görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda beýik şahyrymyzyň döredijiligini düýpli öwrenmek we ony ýörelge edinmek, geljekki nesillere ýetirmek barada köp tagallalar edilýär. Dünýäde watansöýüjilige, dostluga, edermenlige çagyrýan ajaýyp eserleri bilen belli bolan Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň gözel paýtagtymyz Aşgabatda goýulmagy, beýik Magtymgulynyň edebi mirasyny wagyz etmek, halkara gatnaşyklary we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmekde ähmiýetli orna eýe bolýandygy, ondan başga-da, daşary ýurtlarda hem dana Pyragynyň heýkeliniň goýulmagy ynsan terbiýesine täsir etmegiň çeşmesi hökmünde çykyş edýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi pedagogika ylmynda öňe çykýan meseleleri çözmekde hem uly ähmiýete eýedir. Adamlaryň oňat ýaşamaklary üçin şahyr niýetiň düzüw bolmalydygyny belleýär, şeýle-de “Myradym nesihat etmekdir halka” diýip, sözüni dowam etdirip, döwürdeşleriniň ahlak gatnaşyklarynyň manyly ömre gulluk etmegi üçin aladalanýar. Akyldar “Ýetmeýän galmaz” atly şygrynda “Yhlas bilen bir kämile gol bergen, Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz” -diýýär. Şahyr “Bolar sen” atly şygrynda ynsanyň ylym bilen taplanmagyny ündäp: Ýagşylar ýanynda ýörgül sen özüň, Dür bolsun daýyma sözlegen sözüň, Alymlara uýsaň, açylar gözüň, Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen! -diýýär. Oňat gylyklaryňa özüň gözegçilik etmek, ony jylawlap saklamak wajypdyr. Dana atamyz Magtymguly Pyragy bakylygyň şahyrydyr. Ýüzýyllyk geçensoň hem şahyrymyzyň her bir sözi, oý-pikiri, setirleri onuň içgi oý pikirlerini, ýüreginiň urgusyny, duýgusyny, onuň ýürek tolgunmalaryny biziň günlerimize alyp gelýär. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar. Maral NURYÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri