logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Dutarym

Edebiýat älemi

15.06.2026

Gözbaşyny alyp, çuň gadymyýetden, Ägirtleň elinde saýran dutarym. Kirişde gürledip, heňňamlaň syryn, Şahandaz kalplara ornan dutarym. --- Süňňüne siňdirip, sazlaň lemmerin, Aşyk Aýdyň Piriň, Baba Gammaryň. Taraşlap, suwlaryň lummur-lummuryn, Ýürekden-ýürege ýaýan dutarym. --- Garajaoglanyň söýgi kelamyn, Magtymgulyň mahbubyna sowalyn. Saýlap çäç, harpygyn, sazly ummanyň, Guwwaslaň tilinde sözlän dutarym. --- Gönübegiň ellerinde taplanyp, «Gökdepe mukamyn» taryha salyp. Şükür bagşyň ýeňşin owazlandyryp, Parahat ýaşaýşy ündän dutarym. --- Dessana heň berip, Pälwan elinde, Bilbile öwrülip, Sahy dilinde. Nagyş deý keşdelän, sazyn köňülde, Asyrdan-asyra rowan dutarym. --- Galkynyp, döwrebap oba-şährinden, Ylhamlanyp, bagtly Oguz ählinden. Pederleriň paýhasyndan,pähminden, Owazasy dünýä ýaýran dutarym. --- **Saz ojagy** --- Geçmişi şöhratly Oguz iliniň, Waspyny belentden söýleden sazda. Çöşläp syryn ymgyr sähra, çölüniň, Sessiz sonarlygy gürleden tarda. --- Ýere çuň kök uran daragt deýin, Getirdiň kemala sazanda nesliň. Heňe püre-pürläp süňňüni seriň, Jahana tanatdyň, şahandaz aslyň. --- Ençe ýyl geçse-de, şine uranyňa, Owazlaryň kimin kalbyň nowjuwan. Pasyl çalyşsa-da, göwnüň gojalman. Ümzügiň nurana geljege rowan. --- Goýnuňda gülledip, zehin daragtyn, Uçurymlaň düzdi, sungatyň sepin. Bezäp müdimilik taryhyň gatyn, Döwüre ses goşýar şägirt, halypaň. --- **Miwe BEKMYRADOWA, «Medeniýet we syýahat» žurnalynyň bölüm redaktory, şahyr.**

No image
Türkmen medeniýeti, sungaty, sazy

Edebiýat älemi

10.06.2026

**Waspyna söz ýetmez uçursyz umman, Türkmen medeniýeti, sungaty, sazy. Zybanda belentden söýlenýän mukam, Nusgalyk taryhy, dowamat ýoly.** --- **Ýüreklerde ruhanalyk oýarýan, Dür däneden düzülen solmajak çemen, Döwüre ses goşup deň gadam urýar, Manyly-maňyzly eserler bilen,** --- **Aşyk Aýdyň pirden, Baba Gammardan, Aslyn alan dutar heňi keremli. Goşa tary söhbet açyp heňňamdan, Göwün köşgün gurýar bagy Eremli.** --- **Ýagşy sözden gol ýaýradyp pudagy, Paýhas çeşmesinden nemleýär kalby. Şirin mukam, şygyr gülledip döwri, Bir supraň başyna jemleýär halky.** --- **Arkadag pähminden özgerdip durkun, Ümzügi ýeňişli ýollara sary. Saýylyp ol kalby merdana halkyň, Äleme ýaň salýar şöhraty-şany.** --- Miwe BEKMYRADOWA

No image
Halyça

Edebiýat älemi

03.06.2026

#### Hekaýa Jemal eje gaýynenesinden galan demir sandygy ýene-de açdy. Käte bir açylýan sandyk soňky günler, günde iki-üç gezek açylyp ýapylýardy. Ol her gezek sandykdaky halyçany çykaryp oýa batardy. Bir ýylgyrardy, bir gussa çümerdi. Halyçaň örän syk dokalan nepis nagyşlaryny sypap-sypabam ýene sandyga salardy. Jemal eje üçin halyça ömrüniň manysydy. Bir gezek durmuşa çykan gyzy Humaý öýlerine geldi. Onuň ýanynda ogly Ezizem bardy. Eziz törde duran köneräk sandygy geň görse-de, hiç kimden hiç zat soramady. Şol gün mamalaryna döwrebap mebeliň getirilmegi Eziziň köp zatlara gözüni açdy. Mebeli getiren iki adam: -Mebeliňizi haýsy otagyňyzda düzmeli-diýip, Almagül gelnejedir Humaýyň ýüzüne çiňerildiler. Mamasydyr ejesiniň jogabyna garaşman Eziz: -Köne sandyk gerekmejek zatlaryň saklanýan otagyna goýlup, onuň ýerine täzeje mebel goýulsa has gowy bolardy – diýende olar ör-gökden geldiler. Hasam Almagül gelneje janykdy: -Sandygy ýerinden gozgap bolmaz oglum! Gözüň eglener ýaly görki bolmasa-da şol sandygyň orny tördür. Sandygy eýläk-beýläk süýşürsek, mamaň göwnüne degeris. Bu sandyk mamaň iň gymmatly zadyny saklaýar ahyryn-diýip, Eziziň pikiri bilen ylalaşmady. Şondan soň Ezizde köne sandygyň syryny bilmek höwesi has artdy. Almagül gelneje täze mebeli çetki otagyň birine salmagy buýurdy. Mebel getirenler mebeli göz-açyp ýumasy salymda gurnadylar. Täzeliginden ýaňa ýalpyldaýan mebelden gözüňi aýrasyň gelmeýärdi. Almagül gelneje bilen Humaý ony owadan jäşler bilen bezediler. Şol wagtam daşardan Almagülüň gaýynenesi Jemal ejäň hasasynyň tyrkyldysy eşidildi. Täze mebeliň getirilendigini buşlamak maksady bilen Eziz daşaryk ylgady. -Mama täze mebel getirdiler. Ony gyraky otagdan gurnadylar. Men-ä otagyň törüni saklap duran köne läheň sandygyň ýerinde goýuň diýdim. Ýöne olar “köne sandygyň orny tördür süýşürip bolmaz” diýdiler. Hiç zada düşünmedim mama?! -Düşünersiň oglum, düşündirerin – diýdi-de Jemal eje agtygy bilen täze mebeli gözden geçirdi: -Tüweleme, tüweleme. Nepis zat eken. Gutly bolsun!-diýip sandykly otaga bardy. -Otur oglum. Saňa gülleri soluşan bu sandygyň näme üçin ornunyň tördendiginiň sebäbini özüm düşündireýin. Oglum sandyk köneräk, otagyň bir burçunda dursa-da gelişmän durmaz. Ýöne biziň öz ýol-ýörelgämiz bar. Käbir zatlar nesilden-nesle geçirilip miras goýulýar. Gymmatly miras harlansa ata-baba ýol-ýörelgeleriň harlandygy bolar. Maşgalanyň mukaddes zadyna törden orun bermek düşünjesi gözbaşyny şundan alyp gaýdýar. Bu sandyk maňa-da gaýnym pahyrdan galan miras. Içindäki halyçanam heniz asudalyk mahaly dokap başlapdyk. Halyçaň gyra nagyşlaryny gutaryp, “Göle düşdük, ýola düşdük” diýip bilimizi berk guşadyk. Şol günki ajy habar oba ýaýramanlygynda, sandygyň içindäki halyçanyň ykbaly başgaça bolardy. Ýöne “uruş turupdyr” diýen ajy nabar baran öýüne gussany goýdy, şatlygy alyp gitdi. Habar agyr bolansoň adamlar birek-biregiň göwnüni ynjytmajak bolýardy. Emma gara gözlere gussa-gubar inipdi. Ajy habar oýundan başga hiç zada baş galdyrmaýan çagalaryň hem keýplerine sogan dogrady. Olar bu habar gulaklaryna ilenden mazaly gyzyşan oýunlaryny taşlap kakalarynyň ýanyna ylgadylar. Ata mährinden mahrum boljakdyklaryny duýýan ýaly, olara gysmyljyraýardylar. Şonda “mert bol oglum! Iner ýigit çykypsyň. Maşgalaňa, ejeňedir doganlaryňa göz-gulak bolmaga ýarapsyň” diýilýän sözler çar-ýandan eşidilýärdi. Şol günki oýun hem olaryň iň soňky oýny boldy. Şondan soň olaryň oýna güýmenenini görmedik. “Uruş başlandy” diýen söz olaryň çagalyklaryny dem alym salymda ogurlap, uly adam çykardy. “Adam başy-daşdan gaty” diýleni. Her günde obadan ençeme adam urşa alyndy. Babaňam, “obaň men-men” diýen ýigitleri frontda. Watan üçin jan alnyp, jan berilýän söweşde. Menem şolaryň arasynda bolmaly. Nähili watansöýüji halkymyz bar. Urşa-da “toýa barýarys” diýip mertlik bilen ugraýarlar. Ýüregim syzýar. Il-günüň watansöýüjiliginiň soňy ýeňşe ýetirer. Ynha uruş gutarar. Biziňkiler hökman her bir ojakda dileg edilip garaşylýan beýik ýeňşi gazanarlar. “Il bilen gelen toýda baýram diýipdirler” diýdi-de, özi ilkinjileriň hatarynda meýletin urşa ugrady. Öýde gaýnym iki oglum, bir gyzym bolup galyberdik. Täze jaýly bolmak şol döwür maşgalamyzyň iň uly arzuwydy. Ýagşy arzuwy yza tesdirip durmaly diýip, babaň pahyr täze jaýyň düýbüni tutdy. Täze jaýyň ojakbaşysy bolsun diýip-dokap başlan halyçamyzam unudypdyrys şonda. Uruş gutaransoň dokarys diýen belli-külli netijä geldik. Uruş gutarmasa täze jaýyň dikelmejekdigine gözümiz ýetip durdy. Ol hakynda dilem ýarylmady. Urşa gidenlerimizden hat gelýärdi. Babaň bir hatynda “halyçany dokap gutardyňyzmy? Üýtgeşik bolar. Maşgalamyzyň ak arzuwlary siňen halyça öýüň töründen orun beriň. Ol nesilden nesle geçýän mirasa öwrüler” diýip ýazypdyr. Şol günden el çyranyň yşygyna halyçany dokap gutarmak üçin yhlas edip işledik. Ýagşy umytlar durmuş kynçylygyndan belentdigini subut etdi. Halyçadaky “1943-nji ýylyň 23-nji awgusty” diýlen ýazgy babaň urşa ugran güni. Şol günleri hiç unudyp bilemok. Urşuň gutaranyna 81 ýyl boldy. Umydyňy üzmäge wagt ýetdi. Emma henizem göwnüm umydygär. Halyçany kesen günümiz goňşy-golamlary hem çagyrdyk. Çaklaňja halyça elden ele geçdi. Ony öýüň törüne ýazyp babaňa garaşdym. Şol günem harby wekillikden gelen adam üç burç haty elime tutduryp, Ata Kulyýewiň öýüniň salgysyny alyp olara howlukdy. Ýüregim jigläp gitdi. Hatyň gatyny açyp hiç okasym gelmedi. Okamasamam ýüregim ynjalyk tapanok. Bu hat umyt-arzuwlarymyň tanapyny kesäýse näderin. Güýç berýän ýagşy umytlarymyň ganaty gyrylsa, durmuşyň manysy ýitmezmi?! Nätmeli? Haty okamalymy, okamaly däl? Kellämde at salýan sowallary nähili çözjegimi bilmän esli wagt ikiýana ýöredim. Haty okaman bir ýerde ýygşyrsam nähili bolarka?! Arzuw-umytlarymyň ganatynyň gyrylmazlygy üçin, özümi oda-suwa urmaga kaýyldym. Öz-özüme berýän sowalyma özümem jogap tapmadym. Pikire çümüp otyrkam bir ýerden gaýynenem geldi. -Gelin, ýüzüň näme aladaly diýip–halymy sorap başlady. Hiç zatdan habarsyz gaýyneneme näme jogap berjegimi bilmedim. Ellesem elime tok uraýjak ýaly hatyň golaýyna barasym gelmedi. Ahyry gaýynenemiň ýanyna baryp hat barada dil ýardym. Ol uludan demini alyp: -Gelin, her niçigem bolsa haty iru-giç açmaly bolar. Näme ýazylanyny bilmän oturyp bolmaz-a. Ol hatyň gatyny açdy. Meň-ä gözümem kütelişipdir. Özüň oka gelin. Hatdaky “mertlerçe wepat boldy” diýen söz ýüregime hanjar urlan ýaly etdi. Diňe gözüme güýjüm ýetip, hatdaky sözlere dilimiň aýlanman durşumdan gaýynenem rejäň geň däldigini aňdy. Gözýaşyny gyňajynyň ujy bilen zol-zol syldy. “Watan üçin wepat bolmak mertlikdir” diýdi. Sojap aglady. Iner ýaly oglunyň ýaş gidenine arman etdi. Doňan ýaly butnaman başyny dyzyna goýup oturdy. Şol pursat gaýynenemem, menem durmuşy dowam etmelidigimize düşündik. Ýüregimizdäki gam-gussany biri-birimize bildirmän çekdik. Babaň Nepesiň arzuwlaryny hasyl etmek üçin halyçany sandykda aýap sakladym. Sandygy törden süýşürmezlikleriniň sebäbi şoldur oglum-diýip, üstünden ýyllar aşdygyça öwüşgini artýan halyçany sypap-sypap synlady. Mamasynyň sandygy näme üçin goraglaýandygyna düşünen Eziz: -Bagyşlaň, mama diýip, henizem halyçany sypap oturan Jemal ejeden ötünç sorady. Jemal eje: -Ine basym çowlugym Nepes öýlenýär. Halyçany oňa sowgat etjek. Halyçaň nesilden nesle geçirilmegi babaň pahyryň arzuwydy. Kellesini ýaýkap oturşyna, ony ýene sandyga saldy. Jemal ejäniň çowlugy Nepesiň durmuş toýy ýetip geldi. Toý başlamazyndan iki gün öň agtygy Nurgeldi ony toýuň arzyly myhmany hökmünde almaga geldi. Jemal ejäň toýa sowgat etjek zatlaryny öýdeş gelni Almagül jemleşdirdi. -Gelin, agtyk-çowluklara ýygnap goýan kişdäm bilen garpyz çigidimem ýantorba salaweri, Çagalaň eý görýän höregidir. Süýji kökedir nogul-nabadam ýatdan çykaraýma, seçjek oýunjaklarymam – diýip, Jemal eje äkitmeli zatlaryny birin-birin sanady. Almagül ýerbe-ýer edip ähli zatlary ýantorba saldy. Arzyly halyçany welin Jemal ejäniň özi çykardy. Biline akja ýaglygy daňyp ýantorbanyň ýanynda goýdy. -Ene ýola düşmäge çen boldy. “Ýolagçy ýolda ýagşy”. Nurgeldi Jemal ejäň toý serpaýlaryny maşyna ýükledi. Jemal eje maşynda-da halyçany ýanyndan aýyrmady. Täze maşynyň ýanynda ýoluň müşgili ýok. Sähel salymda ak şäherimiz Aşgabada geldiler. Nurgeldiniň ulagy döwrebap ülňülerde gurlan kaşaň jaýyň deňinde saklandy. Jemal ejäň gelerine garaşyp duranlar köpdi. Olar mährem enäniň neberesidi. Olara gözi düşen ene tolgundy. “Birim-müňüm” diýleni. ”Bulary Nepes neresse görenliginde begenip iki bolup bilmezdi” diýip, gözlerine gubarlan ýaşy öýmesiniň ujy bilen syldy. Jemal ejäni maşyndan aýagyny ýere degirmän düşürdiler. Çowlugy Nepese gözi düşenden: “Saňa guwanýandyryn ogul. Sen Watanyny jandan söýen gerçegiň adyny göterýänsiň. Gerçekler Watany, il-güni üçin peýdaly işleri bitirmegiň aladasynda. Sen adyňa mynasyp ogul bolduň. Toýuňam gutly bolsun- diýip Nepesiň başyny sypady. Şatlyk bilen ak mermer jaýyň gapysyndan ätlendi. Otaglary giň jaý köşgi ýadyňa salyp durdy. Ähli zat täzeliginden lowurdaýardy. Täze jaýyň howasam üýtgeşik ýakymlydy. Sowgat-serpaýlaryny gowşuran Jemal eje düýrlengi halyçanyň biline daňlan ak ýaglygyň düwünlerini çözdi: -Nepes jan, şu gün borjuny ýerine ýetirmek isleýän. Garry ataň bu halyçanyň nesilden nesle geçmegini arzuw edipdi. Ajy habarada ynanman garry ataň ýoluna garaşdym. Nä pelek belki gelermikän öýtdim. Bu halyça bile guwanarys diýen umyt hiç ýüregimden aýrylmady. Ýöne näçe garaşsamam soň onuň didaryny görmek nesip etmedi. Halyçany nesillere gowşurmagyň müddeti geldi. Indi bu halyça siziňki bolsun. Ony aýaň, nesilden nesle aşyryň. Halyça maşgalamyzyň wepasy, watansöýüjiligi, ak arzuwlary siňendir. Oglum halyçany gelniň ikiňize gowşurjak diýip - Jemal eje maksadyny mälim etdi. Enäniň aýdanlary bilen hemmeler ylalaşdy. Toýa gelenleri gadyrly garşylap oturan Jemal ejäniň daşynyň adamy köpelmese azalanokdy. Tanyşdyr nätanşyňda süýji sözli enäň ýanyndan aýrylasy gelmedi. Onuň öwüt-ündewleri nesiller üçin mekdepdi. Toý öz gyzygy bilen dowam edip durdy. Gelnaljy güni hemmeler adatdakydan ir oýandy. Her kim gelnalyja gitmegiň aladasynda. Gelnalyjy maşynam kemsiz bezeldi. Toý lybasly, ýüzleri şatlyga beslenen adamlar täze jaýyň ýaraşygy. Jemal eje-de bu gün has ýaşaran ýaly. Ajaýyp zamananyň gözelliklerini synlap doýup bilmedi. Häzirki döwrümiz halkymyzyň owal-ahyr arzuwlarynyň wysaly. Göwnüňde ýagşy arzuwdyr maksat tutup amala aşyrybermeli. Hormatly Prezidentimiz adam sarpasyny belende göterdi. Oturan mermer jaýymyz aýdanlaryma subutnama. Agyr günleri görenem, eşidenem biz bolaly. Nesiller bagtly durmuşda ýaşasyn” diýip ýagşy dileg etdi. “Gelnalyjy gelýär, gelnalyjy gelýär” diýşip çagalar hümer bolup üýşdiler. Olaryň bir ýere üýşmekleri tötänden däldi. Öýlenýän ýigit bilen, täze gelni deň-duşlar bolup üýşüp synlamagyň lezzeti başgady. Ýaş çatynjalar owadan bezelen gelnalyjy maşyndan düşenden dürli oýnawaçlar, nogul-nabatlar seçilip başlandy. Göý-ä olar asmandan gaýyp düşýän ýaly köpdi. Şaňňyrdap al-gyzyl öwsüp gapydan gadam basan gelni Jemal eje ýüzüne syldy. “Alnyňyz, bagtyňyz açyk bolsun, balalarym” dýip Nepes bilen Maýagözel gelne halyçany gowşurdy. “Goý bu halyça indi täze maşgalanyň ojakbaşysy bolup, ak mermer jaýyň törüni bezesin – diýip, enelik borjuny berjaý etdi. Ojakbaşy töre ýazylyp üstünde täze gelin oturdyldy. Ogulgurban Gaşlakowa

No image
BEDEW — ŞAN-ŞÖHRATYŇ, GARAŞSYZ WATAN!

Edebiýat älemi

30.04.2026

Döwür uçdy, döwran uçdy, biz uçduk, Ykballaň ýagtylan ýalkymna duşduk. Bitaraplyk bilen dünýäni guçduk, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Gez şygary ýyllaryňa çaglaýyp, Ak ýollarda ýüzseň ganat baglaýyp. Men otursam guwanjymdan aglaýyp, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Watanyň gül görki hem durky başga, Diýýärin özüme: Sözi taraşla! Dogmundan don geýen Zürýatlar başda, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Mertler bilen döredýänsiň,gurýansyň, Eneleriň dileginde birýansyň. At deý ýyndamlykda öňe barýansyň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Guwanmakda, buýsanmakda ganatdyr, Erteki hem şu zeýilli halatdyr. Döwletli döwranyň goýny rahatdyr, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Günleriňde, ýyllaryňda täzelik, Durşuny binalaň ünüse gelip. Ykbalmyz ýalkandyr Danasyn berip, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Baryny bar eýläp bilýän beýikdir, Gül Diýarym toý donuny geýipdir. Eşret eýýam ykballara gelipdir, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Seni beren Gudrata tagzymym, Arkadagyň pendi ömre taglymym. Arkadagly Serdar — düri tarypyň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Ýylymyza ýalkym saçar şygaryň, Bady bilen dal bedewleň — Byragyň. Türkmenistan, ömür bize öz baryň, Bedew — şan-şöhratyň, Garaşsyz Watan! Gözel ŞAGULYÝEWA, Türkmenistanyň Gahrymany

No image
BEDEW BATLY EZIZ DIÝAR!

Edebiýat älemi

10.01.2026

Geljegi beýik döwletiň, At agynan düzleri bar. Gutaryp bolmaz söhbetin, Ýaz, tomus, gyş, güýzleri bar. Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Oram-oram obalary, Azym-azym şäherleri, Şypalydyr säherleri, Sahawatly illeri bar. Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Giň gujagy lälezardyr, Halkyň mydam keýpi çagdyr, Jennet diýdiren mekandyr, Bagta barýan ýollary bar. Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Ruhy bardyr Erenleriň, Mekany sen keremleriň, Ýurdy bagty gelenleriň, Şat, bagtyýar illeri bar. Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Nusgalykdyr, göreldesi, Dünýä doldy ýörelgesi, Gül açýandyr örelgesi, Zynat berýän gülleri bar. Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Arkasynda Arkadagy, Howandary Serdary bar, Ösüşleri ýar edinip, Diňe, öňe, öňe barýar, Bedew batly eziz DIÝAR! _______________________________ Ogultäç HOJANAZAROWA

No image
AK ARZUWLAR

Edebiýat älemi

30.12.2025

Ajaýyp ak arzuwlara, Dolup gelsin Täze ýylmyz, Şöhrat-şanly ýeňişlerni , Besläp gelsin Täze ýylmyz! _________________ Bedew batly ösüşleri, Döwrümize zyban bolsun, Medeniýet, sungatym gülläp, Göwünlere kelam bolsun! _________________ Her ojakda, şatlyk-gülki, Mähribanlyk dowam bolsun, Ulus-ile bagtyýarlyk , Iň gymmatly serpaý bolsun! _________________ Hoş owazly mukamlarmyz, Ýagşy günleň waspyn ýaýsyn, Ýer ýüzüne ösüşlermiz, Hemişelik nurun çaýsyn! _________________ Dost-doganly Diýarmyzda, Ak ýollarmyz rowan bolsun, Maksatlar myrada gowşup, Ädimlermiz dowam bolsun! ________________________________ Ogulgurban Gaşlakowa

No image
ABDULHAMYT ÇOLPON

Edebiýat älemi

24.10.2025

«GÜÝZ ÝAGŞY» Döküldi damjalar... Ýapragyň ýüzi Damja ogşadyp ezildi, Çukurjyga doldy... Damjany köpeldip Ýüzünde oýnatdy. Çukurjyk Jinnek ýaly kölçe, Damjalar – Gök asmanyň sözleri Baran ýerin gamçylar... «GÖZEL» Garaňky gijede göge göz dikip, Iň ýagty ýyldyzdan seni soraryn. Ol ýyldyz uýalyp, başyny bukup, Dillener: men ony düýşde görerin. Düýşümde görerin – şeýle bir gözel, Bizden-de gözeldir, Aýdan-da gözel! ________________________ Gözümi aýlaryn Aý dogan ýere, Başlaryn Aýdan-da seni sormaga. Ol hem aýdar: bir gyrmyzy ýaňaga Uçradym düýşümde, gömülen aga. Aga gömülen-de şeýle bir gözel, Menden-de gözeldir, Günden-de gözel! ________________________ Saba daň şemaly saçlaryn ýaýyp, Ýanymdan ötende sorap görerin. Aýdadyr: bir görüp, ýolumdan ozup, Dag-u-daşlar içre gözläp ýörerin! Bir gördüm men ony – şeýle bir gözel, Aýdan-da gözeldir, Günden-de gözel! ________________________ Ol gidip, Gün çykar nuruny saçyp, Ondan-da soraryn seniň gaşyňda. Ol-da öz odundan gizlenip, gaçyp Aýdadyr: bir gördüm, düýşde däl, aňda. Men aňda göremde şeýle bir gözel, Aýdan-da gözeldir, menden-de gözel! ________________________ Men biçäre, nädip ony söýüp men, Oň üçin ýanyp men, ýanyp-köýüp men, Başymy zor yşka berip goýup men, Men söýüp...men söýüp...kimi söýüp men? ________________________ Meň söýen magşugym şeýle bir gözel, Aýdan-da gözeldir, Günden-de gözel! ________________________ «BENEWŞE» Benewşe, bu senmi, benewşe–senmi, Ýol ugrunda nyrh kesilip satylan. Benewşe, bu menmi, benewşe menmi, Seniň söýgiň hem gaýgyňa gyýylan? Benewşe, nämüçin, parlap açylman, Şatlanmankaň pudagyňdan üzüldiň? Benewşe, nämüçin ysyň saçylman, Gunça wagtyň ýolunmaga dözüldiň? Benewşe, Aýt maňa, Kimlerkä olar, Iňňäni bagryňa dürtüp sançsalar? Benewşe, Bir sözle, O neneň gollar, Uzalyp gül-gunçalarňy ýolsalar? ________________________ Benewşe, şeýle bir ajap görküň bar, Uz ýylgyryp, açylyşyň gysga seň? Benewşe, şeýle bir hoşboý ysyň bar, Köňlüme nur berer ýeke ysgasam? ________________________ Benewşe, aglama, indi gel bäri, Gaýgylaryň gaýgylarma goşulsyn. Seniň üçin kükregim bor erk ýeri, Ol seni bu ýerden göge uçursyn. Benewşe, dertdeşim, neçüýn gelmez sen, Gussaň köpdür, meň derdimi bilmez sen, Neçüýn maňa bir ýylgyryp bakmaz sen? ________________________ ABDULHAMYT ÇOLPON (Terjime eden: A.Rejepow)

No image
MUHAMMET EMINHOJA MUKYMY

Edebiýat älemi

23.10.2025

«NOWBAHAR. AÇYLDY GÜLLER, ÝAŞYL DON GEÝDI BAGLAR...» Nowbahar. Açyldy güller, ýaşyl don geýdi baglar, Geliň, bir söhbet edeliň, dost-doganlar, gardaşlar. _______________________________ Bu söhbete-mejlise ýygnanyşyp dosty-ýarlar, Gülüp-oýnap tebigata seýle çykarlyk çaglar. _______________________________ Şatlanan gözüň syrly bolsa peri dek neýläýin, Aýrylyp akyl-huşundan telbe bolmagaý saglar. _______________________________ Haýp, ähli tämizlik bu mahal tiken eken, Gör, bilbiliň ornuna gelip gonupdyr zaglar. _______________________________ Hoş söz isläp kimseden, ýüregňi beýan eýleseň, Alaç tapmakdan geçen, üstüňe sürünerler. _______________________________ Haçana çen melamatda gezmeli mydam Mukym, Bir zaman göz ýumgul indi saňa bosun azarlar. _______________________________ «AŞYK BOLUP MEN, EÝ ÝARY JANYM...» Aşyk bolup saňa, eý söwer ýarym, Didaryňy gözläp, ýokdur mejalym. _______________________________ Bir-de gözlemez sen solan gülüňi, Dideleri jellat, näzik nahalym. _______________________________ Rehim eýle maňa, eý bagry girýan, Didäme dolan sen, eý şahy-zalym. _______________________________ Lebiň teşnelere aýla nazaryň, Kamaty şemşatdyr, gaşy hylalym. _______________________________ Köňlümi aldyň sen bir-iki sözläp, Diwana boldum men, toty tetellim. _______________________________ Her demde köýer men, ýadyma düşseň, Bir görmesem seni, ýokdur mejalym. _______________________________ Näçe zaman boldy, gözüň pynhandyr, Aşyk Mukymy diýr, eý hassa halym. _________________________ «KIM DIÝSIN» Ol biperwaý kişige haly harabym kim diýsin? Seýranda meniň gören beýle azabym, kim diýsin? _______________________________ Gündizler bir ýerde bir dem bolmaz aram-u-karar, Gijeler bir pursat ýokdur gözde ukym, kim diýsin? _______________________________ Öz islegi-arzuwyna hyýal eder her bir kişi, Bes, köýüp yşkynda çeken horlugym, kim diýsin? _______________________________ Köýmedik bolsa birew mähri muhabbediň oduna, Şamdan daňa çen örtän azaply tabym, kim diýsin? _______________________________ Uluglaryň agzybirlik binýadydyr hoşpälliler, Ýolunda jananymyň haýr-u-sogabym kim diýsin? _______________________________ Eger başyma hasrat inse-de, diýerin men rastym, Söz hak bolsa, sowalyma jogabym, kim diýsin? _______________________________ Dostlar, sorasaňyz derdin Mukymyň, erte-giç, Gyrmyzy şerap içsem, jiger kebabym, kim diýsin? _______________________ Muhammet Eminhoja Mukymy (Terjime eden: A.Rejepow)

No image
«ÇYN DOST»

Edebiýat älemi

21.10.2025

«ÇYN DOST» _____________________________ Iki adam bir-bire şeýle bir dostlaşdylar, Göýä olaň ýüregi deň urýan deý hamana. Bir gün makul bilip seýli-seýrana gitmegi, Sährany synlamaga boldy olar rowana. _____________________________ Ýolda derýadan geçmek dogry geldi dostlara, Oturyp bir gämide geçmekçi boldy olar. Bir zaman tolkun galyp gämini harap etdi, Birdenkä bu iki dost gämili gark boldular. _____________________________ Suw ýüzünde şol pursat agyp gidip barýarka, Olary halas etmäge geldi suwçular derhal. Dostlaryň birini tutanlarynda, ol diýdi: «Goý meni, ilki baryp dostumy eýläň halas». _____________________________ Suwçy baryp, çykarsa oň dostuny, Ol hem aýtdy: «ilki çykaryň ony». Gördüňizmi, eziz perzentlerimiz, Hakyky dostlugyň bu nyşanyny. _____________________________ «HOŞLAŞYK SÖZI» _____________________________ Doglup ösdüm bu Watanda, Watanym dek ýok jahanda! Topraklary ösümlikdir, Tebigaty gülzarlykdyr. _____________________________ Bir tarapda daglary bar, Miwesi bol baglary bar. Daglaryndan känler çykar, Ýerlerinden däne çykar. _____________________________ Suwlary bar şerbet-datly, Miwesi gandu-nabatly. Baglarynda şirin-şerbet, Injir, üzüm, enar, armyt. _____________________________ Daragtlary öser göge, Başyn götär asman sary. Howasy jana şypaly, Çölleri guba çägeli. _____________________________ Daşkent däldir, daşgant bolar, Kesekleri bägül bolar. Jepakeşe hazynadyr, Ýaltalara tiken bolar. _____________________________ Gije-gündiz zähmet çeken, Zähmetkeşiň gadry bilnen. Öter günler, öter zaman, Eý, Watanym, jyda bolma! _____________________________ Men gitsem-de, sen aman bol! Aman Watan, Watan aman! Abdulla AWLONIÝ (Terjime eden A. Rejepow)

No image
«GALDYMY»

Edebiýat älemi

16.10.2025

«GALDYMY» Çarhyň maňa bermedik jebir-jepasy galdymy?! Hassa köňlüm çekmedik derdi-belasy galdymy?! ________________ Meni şeýle horlukda goýdy alan terbiýäm, Pany jahanyň indi özge islegi galdymy?! ________________ Jepadyr-jebri bilen meni ýykdy ol pelek, Indi turuzmak üçin mähri-wepasy galdymy?! ________________ Aşyk bolan gördüm ony özüme, eý dostum, Bu älemde köňlümiň özge horlugy galdymy?! ________________ Eý, köňül, kylma aýp, Babyr ol älemi islär, Taňry üçin-de bu älemiň sapasy galdymy?! ________________ «TAPYLMAZ» Sen dek maňa şeýle bir ýar jepakär tapylmaz, Men dek saňa şeýle bir ýar wepadar tapylmaz. ________________ Bu görküň-görmegiň bilen hut hüýr-u-peri sen, Ynsyň-jynsyň arasynda başga mukdar tapylmaz. ________________ Bigänäleň göz alnynda ol ýar ýokdugy aýan, Bu gamgyn köňül içre indi gamhor tapylmaz. ________________ Eý, gül, meni zar etmegil husnuň çemeninde, Gözi ýumup-açynça indi gülzar tapylmaz. ________________ Babyr saňa şoň üçin ýar diýdi, ýary bolgun, Bu älemde kişige ýok eýsem, ýar tapylmaz. ________________ Zahyreddin Muhammet Babyr (Terjime eden A.Rejepow)