logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Bilim - bagtyň, ösüşleriň ganaty

Kitaphanalar

02.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bilim-bagtyň, ösüşleriň ganaty» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler başymyzyň täji, gözlerimiziň röwşeni eziz Watanymyzyň her bir gününiň üstünliklere we rowaçlyklara beslenýän ajaýyp döwründe, gursagy hyjuwdan doly bagtyýar ýaşlarymyzyň hem ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşantlaryny goşýandyklary barada giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem, ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň döwrebap bilim-terbiýe almagy we ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň, şertleriň döredilýändigi barada hem nygtadylar.

No image
Bilim dünýäsine batly gadamlar

Kitaphanalar

02.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 70-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Bilim dünýäsine batly gadamlar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Bilimler we talyp ýaşlar güni diňe bir täze okuw ýylynyň başlanmagy däl, eýsem täze maksatlaryň, beýik arzuwlaryň, ýokary sepgitleriň ýoly bilen täze döwrüň gapysynyň açylýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Bilim – ösüşiň, ösüş bolsa bagtyýarlygyň çeşmesidigi, Türkmenistanyň bilim strategiýasy ýaş nesilleri çuňňur bilimli, ýokary derejeli hünärmenler höküminde ýetişdirmäge gönükdirilýändigi, bilimli, başarnykly we döwrebap pikirlenýän ýaş nesiller – her bir döwlet üçin iň gymmatly baýlyk bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly ynam bildirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Garaşsyzlyk – beýik ösüşleriň şöhratly ýoly

Kitaphanalar

01.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk – beýik ösüşleriň şöhratly ýoly» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen baky bagtynyň täze taryhy döwrüň bedew batly ösüşlerinde beýanyny tapýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki ajaýyp döwrümizde türkmen milli halylarymyz, keşdeçilik sungatymyz, şaý-seplerimiz täzeçe öwüşgin bilen halkymyza ýetirilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň uly zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylanýandygy hakynda hem söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Kämil bilim – röwşen geljegiň açary

Kitaphanalar

01.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphananyň guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Kämil bilim – röwşen geljegiň açary» ady bilen talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde eziz Diýarymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri höküminde kesgitlenýän ylym-bilime aýratyn ähmiýet berilýändigini, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar - Watanyň daýanjy” atly kitabynda “Watanmyzyň ösüşleriniň binýady ylym-bilim bilen baglydyr” diýip belleýşi ýaly bilim ulgamyny ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hem-de döwrüň talabyna laýyklykda öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillerimizde watansöýüjilik duýgusyny we milli buýsanjy terbiýelemek, ýaşlary durmuşa taýýarlamak, hünär saýlamaga ugrukdyrmak işleri has-da döwrebap derejede gurnalýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Berkarar diýarymyzy beýik ösüşlere sary ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bilimli nesil - Watanyň geljegi

Kitaphanalar

01.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tarapyndan Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilen “Bilimli nesil - Watanyň geljegi” atly söhbetdeşlikde, ylym-bilime höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle hem, çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýurduň geljegi bolan ylym-bilimli ýaş nesilleriň Watanyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi üçin döredip berýän ähli şertleri, giň mümkinçilikleri hakynda uly buýsanç bilen bellediler. Birinji synpa gelen okuwçylara hormatly Prezidentimiziň kompýuter sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Bilimli ýaşlar – röwşen geljegiň şuglasy!

Kitaphanalar

01.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilimli ýaşlar – röwşen geljegiň şuglasy!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýändigini, bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Bilim ojaklarynda kakylan ilkinji jaňlar täze 2026-2027-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny buşlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýändigini, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolýandygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda geljekki ýaş-nesillere ylym-bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Bilim dünýäsine batly gadamlar

Kitaphanalar

01.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 51-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde Bilimler we talyp-ýaşlar güni mynasybetli “Bilim dünýäsine batly gadamlar” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ylym-bilime höwesli ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de gürrüňdeşlige gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň ýurduň geljegini ähli babatda ýaş nesillere bil baglaýandygy we olaryň ylymly-sowatly bolmagy üçin, bagtyýar ýaşap, Watanyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýänligi barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Täze birinji synpa gelen okuwçylara Hormatly Prezidentimiziň kompýuter sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
“Çagalar edebiýaty bilen tanyşlyk” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi

Kitaphanalar

31.08.2026

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi tarapyndan Aşgabat şäherinde ýerleşýän 27-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalar edebiýaty bilen tanyşlyk” atly çeper okaýyş we göçme kitap sergisi gurnaldy. Bu çeper okaýyşda we göçme kitap sergisinde çagalara türkmen ertekileri sesli okalyp berildi. Çagalaryň edep-ekramly bolmagynda kitap okamaklygyň uly ähmiýeti bardyr. Çärä gatnaşanlar halkymyzy ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
Kitaphana syny

Kitaphanalar

31.08.2026

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlar boýunça kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň baş ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri A.Nurmuhammedowyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli goýberlen kitabyň dilçi alymyň ylym hem-de durmuş ýoly bilen bagly maglumatlary öz içine alýandygyny nygtadylar. Kitabyň ylmy işgärlere, aspirantlara, mugallymlara, talyplara, şeýle hem, giň okyjylar köpçüligine niýetlenendigini mälim etdiler. Şeýle hem, kitaphana synyna gatnaşanlar A.Annamyradowyň “Tans sportunyň nazaryýeti we usulyýeti” atly ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw kitaby bilen tanyşdylar. Kitapda berk bedenli, ruhubelent, döwrebap ýaş nesli kemala getirmegiň ugurlary göz öňüne tutulyp, tans sporty we onuň düzgünleri bilen bagly maglumatlar berilýär. Kitabyň esasy maksadynyň talyplarda tälimçiligiň we pedagogikanyň ýokary sypatlaryny terbiýelemekden, kärine ussat ýokary derejeli türgenleri ýetişdirmegiň ýollaryny öwretmekden ybaratdygyny bellediler.

No image
Arkadagyň eserleri nur eçilýär ýüreklere

Kitaphanalar

31.08.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphana hünärmenleri, “Miras” teleýaýlymynyň “Medeni miras” gepleşiginde «Arkadagyň eserleri nur eçilýär ýüreklere» atly çykyşlary etdiler. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginiň halkyň kalbynyň nuruna öwrülip, geljekki nesillere edebi miras, aýdyň ýol görkeziji taglymat bolup durýandygyny nygtadylar. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň “Çaý – melhem hem ylham” atly eserinde, Gündogar halklaryna has-da mahsus bolan çaý içmek sungatynyň halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda aýratyn ornunyň bardygy, kitapda beýan edilişi ýaly çaýyň adam bedenine edýän täsiri, ösdürilip ýetişdirilişi, görnüşleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Çykyşlarynyň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.