logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet

Kitaphanalar

07.09.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkadag şäheriniň iňlis dillerine ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň Taryhy-medeni seýilgähinde “Arkadag” teleýaýlymynyň “Köňülleriň çyragy” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Müňýyllykdan gözbaş alýan medeniýet” atly söhbetdeşligi gurady. Ýaş nesillere kitaphana hünärmeni Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde beýan edilýän şöhratly taryhymyz barada täsirli gürrüňleri berdi. Bu taryhy ýadygärliklere gezelençleriň guralmagy, olaryň ýurdumyzyň taryhyny öwrenmeklerine, geçmiş baradaky bilimlerini ylmy maglumatlaryň üsti bilen baýlaşdyrmaklaryna, döredijilik ukyplarynyň açylmagyna, ylmy iş bilen gyzyklanmalaryna esas döreder.

No image
Ajaýyp eserler pähimleriň öçmejek aýdymy

Kitaphanalar

04.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary esasynda «Ajaýyp eserler pähimleriň öçmejek aýdymy» ady bilen kompozisiýa gurnaldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan çykan çuň manyly kitaplarynyň üsti bilen ýaşlarda Watana söýgi, milli mirasa sarpa we ylym-bilime höwes döretmekde ajaýyp eserleriň ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýaş nesilleri Watançylyk we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde esasy gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna türkmen halkymyz öz toý sowgatlary bilen barýarlar, şolar bilen bir hatarda kitaphanaçy hünärmenleri hem zähmet üstünlikleri bilen öz goşantlaryny goşýarlar.

No image
Ýol hereketiniň howpsuzlygy – durmuşyň rahatlygy

Kitaphanalar

04.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda, 40-njy orta mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – durmuşyň rahatlygy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler, döwlet derejesinde ýaýbaňlandyrylan «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça bir aýlyk çäreler toplumynyň adam hakyndaky aladanyň çuňňur beýany bolup, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini gyşarnyksyz berjaý etmegiň biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdygy hakynda gürrüň berdiler. Şeýle hem, pyýadalaryň köçäni kesip geçenlerinde ýörite bellenen ýerlerden ýöremegi, olar üçin ýerasty geçelgeleriň gurulmagy ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýändigi barada belläp geçdiler.

No image
Şanly toýuň şanyna

Kitaphanalar

04.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümi tarapyndan, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli “Çar tarapda Garaşsyzlyk mukamy” atly dabara geçirildi. Dabara halypa žurnalistler, ylmy işgärler, kitaphana hünärmenleri we okyjylar gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pederlerimiziň asylly ýol-ýörelgelerini üstünlikli dowam etdirip, parahatçylygyň, asudalygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýan berkarar döwletimiziň abraý-mertebesiniň häzirki döwürde has-da belende göterilýändigini nygtadylar. Şeýle hem, Garaşsyzlyk ýyllarynda syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilimde, medeniýetde, saglygy goraýyşda we sportda gazanylan üstünlikler hakynda gürrüň berdiler.

No image
Ak ýollarymyz abadan bolsun!

Kitaphanalar

04.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 33-nji orta mekdepde «Ak ýollarymyz abadan bolsun!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirilmegi asylly däpleriň birine öwrülip, her ýylyň sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen Watanymyzyň ähli künjeklerinde bir aýlyk wagyz-nesihat işleriniň geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi, halkyň abadançylygynyň kepili bolup durýandygy, döwletimizde ynsan saglygyny, onuň howpsuzlygyny gorap saklamak üçin ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
“Pagtaly meýdanlar, bugdaýly peller” atly kitap sergisi

Kitaphanalar

04.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi “Pagtaly meýdanlar, bugdaýly peller” atly kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da, pagtaçylyk we bugdaý bilen bagly edebiýatlar hem sergilendi. Kitap sergisine gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge hem-de öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Sergä gatnaşyjylar halkymyzy ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
“Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik

Kitaphanalar

03.09.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahna ussatlarynyň gatnaşmagynda “Ekitap we okyjylar” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde “Ekitap”gov.tm elektron kitaphananyň ähmiýeti hakynda, ýurdumyzyň dürli ýaşdaky raýatlarynyň kompýuter ýa-da ykjam telefon arkaly saýtda ýerleşdirilen dürli dilde, dürli mowzukdaky kitaplary okap bilýändikleri barada kitaphana işgärleri gürrüň berdiler. Şeýle hem, medeniýet we sungat ussatlarynyň özleriniň ýakymly owazy bilen sesli kitaplary okap, elektron kitaphana öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklary bellenildi. Söhbetdeşligiň dowamynda teatr artistleri özleriniň seslendiren eserleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

No image
Bilimden paý alýan bagtyýar ýaşlar

Kitaphanalar

03.09.2026

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, giň dünýägaraýyşly bolmaklary, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmekleri we kitaphanalarda öz bilimlerini artdyrmaklary üçin uly işler alnyp barylýar. Ýakynda umumybilim, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerini “Bilimler we talyp ýaşlar” gününiň toý ruhy gurşap aldy. Täze okuw ýyly mynasybetli bilim ojaklarynda dabaralar, dürli çäreler geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi hem “Bilimler we talyp ýaşlar” güni mynasybetli “Bilimden paý alýan bagtyýar ýaşlar” atly kitap sergi gurnady. Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaplary, şeýle hem dürli ugurlar boýunça okuw kitaplary, milli mirasymyzyň, halk döredijiligimiziň waspyny ýetirýän neşir önümler ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi mekdep okuwçylarynda uly täsir galdyrdy.

No image
Ertekiler dünýäsi – açar syrly dünýäni

Kitaphanalar

03.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän 102-nji çagalar bagynda «Ertekiler dünýäsi – açar syrly dünýäni» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakynda atalyk aladalaryň edilýändigi, körpeje çagalaryň ýatkeşligini ösdürmekde, söz baýlygyny artdyrmakda we olaryň düşünjesini baýlaşdyrmakda ertekileriň örän uly ähmiýete eýedigini, çünki ertekiler özünde gyzykly wakalary jemleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de gurnalan kitap sergisindäki türkmen halk ertekileriň gahrymanlarynyň keşpleri hakynda sorag-jogap alyşdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda eziz Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň bilimli-ylymly bolmagy üçin uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby esasynda söhbetdeşlik

Kitaphanalar

03.09.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 31-nji orta mekdepde Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaşlaryň jemgyýetdäki ornuny, olaryň döwletimiziň galkynyşyna goşýan goşandyny we milli terbiýe ýörelgelerini özünde jemleýän ruhy hazyna bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu kitapda ýaş nesliň öňünde duran beýik wezipeleri amala aşyrmakda, olary medeniýetli, ylymly-bilimli we Watana wepaly şahsyýetler edip ýetişdirmekde hem ýol-ýörelge bolýandygy hakynda aýtdylar. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ajaýyp atalyk kitaplary peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.