logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

DÖREDIJILIKLI MENZILLER

Kitaphanalar

27.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi tarapyndan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdebinde «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly göçme-gözden geçiriş kitap sergisini gurady we «Döredijilikli menziller» atly söhbetdeşlik geçirildi.

ELEKTRON KITAPLARDAN PEÝDALANYJYLARYŇ SANY KÖPELÝÄR

Kitaphanalar

27.02.2025

Ahal welaýat kitaphanasynyň okyjylar otagynda oturdylan Bitewi elektron kitaphana ulgamyndan peýdalanyjylaryň sany gün-günden köpelýär. Bu bolsa Garaşsyz ýurdumyzyň kitaphana ulgamynda täze bir döwre gadam basyldygydyr, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe

ADAM EDEBINDEN TANALAR...

Kitaphanalar

27.02.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge ýöriteleşdirilen № 52-nji orta mekdebinde şol mekdebiň kitaphanaçysy we başlangyç synp okuwçylary bilen «Adam edebinden tanalar...» atly temada söhbetdeşlik geçirdi.

KITAP–GEÇENI, GELEJEGI ÖWREDÝÄN DANA

Kitaphanalar

27.02.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy «Ýaşlyk» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde, Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdepde «Kitap–geçeni gelejegi öwredýän dana» gepleşigini geçirdi.

GYMMATY EGSILMEJEK KITAPLAR

Kitaphanalar

27.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi, Neşirýat–çaphana orta hünär mekdebi bilen bilelikde ýaşlary, talyplary kitap okamana höwes döretmek maksady bilen «Gymmaty egsilmejek kitaplar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi we göçme kitap sergisi gurnaldy.

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÄHLUMUMY ÖSÜŞIŇ HEM DE ABADANÇYLYGYŇ BINÝADY

Kitaphanalar

27.02.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk we ynanyşmak ählumumy ösüşiň hem de abadançylygyň binýady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

PARAHATÇYLYK-ÜSTÜNLIGIŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

26.02.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramasynyň merkezi binasynda «Parahatçylyk–üstünligiň gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

BAKY JUWAN ŞAHYR

Kitaphanalar

26.02.2025

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynyň «Okyjylara hyzmat etmek», «Ülkäni öwreniş, düşündiriş we sorag-jogap» bölüminiň kitaphanaçylary Türkmenabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň

MEN BU GÜN SÄHER OÝANYP, ÇYKDYM LÄLEZARLYGA

Kitaphanalar

26.02.2025

Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Balkanabat şäheriniň 5-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanyp «Men bu gün säher oýanyp, çykdym lälezarlyga» atly edebi çäre geçirildi.

KITAPHANAMYZA TÜRKMEN DÖWLET BINAGÄRLIK-GURLUŞYK INSTITUTYNYŇ TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Kitaphanalar

26.02.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk institutynyň talyplary gezelençde boldylar.