Döwür we elektron kitaphana
Kitaphanalar
29.04.2026Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda «Döwür we elektron kitaphana» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler kitaphanalar – medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, adamzat medeniýetiniň gymmatlygy hem-de halklaryň medeni ösüşine täsirini ýetirip, adamlaryň medeniýetli, sowatly şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle–de hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň” tassyklanmagy, bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini artdyrmakdan, giň okyjylar köpçüligine hyzmat etmekden ybaratdygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.