logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KITAPHANAMYZDA TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET INSTITUTYNYŇ TALYP ÝAŞLARY GEZELENÇDE

Kitaphanalar

27.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda,bilim ulgamyny ösdürmek, okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek,sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp, ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli,döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
«DOST-DOGAN EÝLEÝIP,ÝAKYNY-ÝADY,ARKADAGLY SERDAR, ARKADAG BILE»ATLY KITAP SERGISI

Kitaphanalar

27.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni-köpçülik işleri bölümi” Dost-dogan eýleýip,ýakyny-ýady,Arkadagly Serdar,Arkadag bile”ady bilen kitap sergisini gurady. Bu guralan kitap sergisinde türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan gymmatly eserleri şeýle hem biziň baý, köp görnüşli milli medeniýetimiz we sungatymyz, olaryň taryhy hakynda ýazylan kitaplar giňişleýin ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisinden okyjylar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar.

No image
ÇAGALAR EDEBIÝATY WE LABYZLY OKUW, ÇEPER OKAÝYŞ

Kitaphanalar

27.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 12-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalar edebiýaty we labyzly okuw, çeper okaýyş” ady bilen söhbetdeşlik gurnaldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 12-nji çagalar bakja-bagynda “Çagalar edebiýaty we labyzly okuw, çeper okaýyş” atly söhbetdeşligi körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekilerden çeper okaýyş bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş geçirildi. Söhbetdeşlikde çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinde giňişleýin gürrüň berildi. Bu bolsa çagalarda uly täsir galdyrdy. Şeýle-de söhbetdeşligiň çäginde kitap sergisi hem gurnaldy. Kitaphana işgärleri tarapyndan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap berdiler we ertekilerdäki gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Şeýle-de edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip berýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
ADY ARŞA GALDY GARAŞSYZ WATAN-BEDEW BATLY AT-MYRATLY ÝYLYNDA

Kitaphanalar

26.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli «Ady arşa galdy Garaşsyz Watan - bedew batly at-myratly ýylynda» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň her bir güni zähmet üstünliklerine beslenýändigini, Türkmenistanyň Garaşsyzlygy we özygtyýarlylygy günsaýyn has-da şöhratlanýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de asyrlaryň dowamynda halkymyzyň rowaçlygynyň, ýeňişleriniň ýarany bolan ahalteke bedewleri gözellikde, ýyndamlykda halkymyzyň guwanjyna öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryma Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÄLEME ŞUGLA SAÇÝAN AŞGABAT

Kitaphanalar

26.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Arkaç–söwda dynç alyş merkezinde “Aşgabat” teleýaýlymyň “Ak şäherim Aşgabat” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Äleme şugla saçýan Aşgabat” atly söhbetdeşligi geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda gözel paýtagtymyzyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütündünýä toruna girizilmegi, ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky raýatlaryň bilim almagy üçin amatly şertleri döretmekde ýurdymyzyň paýtagtynyň ýeten belent sepgitleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň nyşanyna öwrülendigi hakynda täsirli söhbetler edildi. Gözelligiň göwher gaşyna deňelýän mähriban paýtagtymyz Aşgabat bu gün dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleriň arasyndaky ornuny barha pugtalandyrýar. Ine şular dogrusyndaky gürrüňlere hem orun berildi. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherini parahatçylygy pugtalandyrmakda sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde giňden tanadýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI «MILLI MIRASDA NUSGALYK ZENANLAR» ATLY WAGYZ-NESIHAT WE SERGILI ÇÄRE

Kitaphanalar

26.02.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli “Milli mirasda nusgalyk zenanlar” atly wagyz- nesihat we sergili çäre geçirildi.Wagyz-nesihat çäresine dürli pudaklarda zähmet çekýän zenanlarymyz,ak saçly enelerimiz gatnaşyp Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda asuda ýurdumyzda zenanlara goýulýan sylag-sarpanyň belentden tutulýandygy dogrusynda täsirli söhbet etdiler hem-de zenanlarymyzy wasp edýän ajaýyp goşgulary okap berdiler. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza halkymyzyň abadan, asuda ýurtda ýaşap, zähmet çekmekleri ugrunda alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/20.jpg)

No image
«GÖZELLIK DÖREDÝÄR ZENAN DÜNÝÄSI» ATLY KITAP SERGI.

Kitaphanalar

26.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli “Milli mirasda nusgalyk zenanlar” atly geçirilen wagyz- nesihat çäresiniň dowamynda “Gözellik döredýär zenan dünýäsi” ady bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Bu kitap sergisine Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplar, nusgawy ýazyjy-şahyrlaryň hem-de zenan ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplary ýerleşdirildi. Bu guralan kitap sergisi okyjylarda uly täsir galdyrdy we olar özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.

No image
GALKYNAN GÖWÜNLERIMIZIŇ GANATY

Kitaphanalar

26.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Galkynan göwünlerimiziň ganaty” atly söhbetdeşlik gurnady. Taryhyň çuňluklaryndan gelýän ahalteke bedewi türkmeniň ruhunyň keşbi, erkinlik nagmasy we dünýäde gaýtalanmajak sungatydyr. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edildi. Bu ýylyň başynda Monakoda geçirilen 48-nji halkara sirk festiwalynda “Galkynyş” toparynyň Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu bolsa bedewlerimiziň abraýyny belende galdyrdy. Türkmen ýigidiniň ýoldaşy hasaplanan ahalteke bedewi asylylygy, dury gözleri we altyn öwüşgini bilen tebigy gudratdyr. Seýisler oňa öz çagasy ýaly mährini berip, gyz-gelinler ýaly bezäpdirler. Bedew keşbi halyda, aýdym-sazda we sungatda öz ornuny tapýar. Magtymguly Pyragy we Seýitnazar Seýdi ýaly şahyrlar bedewi wasp edipdirler. Bedew keşbi halyda, aýdym-sazda we sungatda öz ornuny tapýar. Häzirki wagtda Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen atçylyk ösdürilýär. Türkmen bedewleri parahatçylygyň we dostlugyň nyşanydyr. Onuň bady–döwletiň bady, sarpasy- halkyň sarpasydygy barada söhbetdeşlige gatnaşan kitaphanaçylar söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
«BEÝIK DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY» ATLY SERGI

Kitaphanalar

26.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri hem-de zenan ýazyjy- şahyrlarymyzyň kitaplaryndan “Beýik döwrümiziň buýsançly zenanlary” ady bilen sergi gurnaldy. Bu guralan sergi arkaly okyjylarymyz özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.

No image
MEKDEP–MILLI TERBIÝÄNIŇ DAÝANJY

Kitaphanalar

26.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary we toplamak bölümleri “Beýik Serdar nesilleri” 75-nji orta mekdebinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp “Mekdep–milli terbiýäniň daýanjy” ady bilen söhbetdeşlik gurnadylar. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty, Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy barada giňişleýin gürrüň berildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler. Bu söhbetdeşlik “Türkmenistan Sport” teleýaýlymyna ýazgy edildi.