logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
BAHAR GELSE ÄLEME ZENAN MÄHRI NURLANAR

Kitaphanalar

26.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Köpetdag etrap häkimligi bilen bilelikde ”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bahar gelse äleme zenan mähri nurlanar” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna dürli kärdäki zähmet çekýän zenanlar, ak saçly enelerimiz şeýle hem medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlarymyz gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň ,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ”Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzyň her bir gününiň toý- baýramlara beslenýänligini nygtamak bilen, Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramyny tüýs ýürekden gutladylar.Soňra olar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mähriban enelerimize, zenanlarymyza döwlet derejesinde örän uly sarpa goýulýandygy, olara dürli ýeňillikleriň berilýändigi, sekiz we ondan köp çaga terbiýeläp ýetişdiren enelerimize “Zenan kalby” ordeniniň gowşurylmagy, “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy, olara şa serpaýynyň we ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna şeýle hem mekdep okuwçylaryna, ýaşajyk gyzjagazlara hem Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda mähriban enelerimize, zenanlarymyza döwlet derejesinde örän uly sarpa goýulýar. Olara dürli ýeňillikler berilýär. Öz bilşimiz ýaly, sekiz we ondan köp çaga terbiýeläp ýetişdiren enelerimize “Zenan kalby” ordeni, “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy, olara şa serpaýynyň we ýurdumyzyň gelin-gyzlaryna şeýle hem mekdep okuwçylaryna, ýaşajyk gyzjagazlara hem Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy olara döwlet derejesinde edilýän hormat-sarpanyň aýdyň subutnamasydyr diýip olar çykyşlaryny jemlediler. Dabaranyň çäginde oňa gatnaşan aýdymçylardyr-sazandalar özleriniň ajaýyp aýdym-sazlary bilen dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdylar. Baýramçylyk dabaranyň ahyrynda çykyş edenler bize şeýle ajaýyplyklary döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

No image
«MEKDEPLERDE HIMIÝA WE BIOLOGIÝA DERSLERI BOÝUNÇA GOLLANMALAR» ADY BILEN GÖÇME KITAP SERGISI GEÇIRILDI

Kitaphanalar

26.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary we toplamak bölümleri “Beýik Serdar nesilleri” 75-nji orta mekdebinde “Mekdeplerde himiýa we biologiýa dersleri boýunça gollanmalar” ady bilen göçme kitap sergisini gurnadylar. Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da himiýa hem-de biologiýa baradaky gollanmalar hem ýerleşdirildi. Göçme kitap sergisini görmäge gelen mugallymlar hem-de okuwçylar üçin bu edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
BAHAR GELSE ÄLEME ZENAN MÄHRI NURLANAR

Kitaphanalar

26.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistan”, teleýaýlymlary bilen bilelikde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at–myradyň mekany” ýylymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp “Bahar gelse äleme zenan mähri nurlanar” ady bilen baýramçylyk dabarasy ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler,Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,biziň enelerimiz we käbelerimiz hakynda edýän Döwlet derejesindäki aladalary, Halkara 8-nji mart zenanlar gününe bagyşlanyp zenanlarymyz bilen bilelikde ýaşajyk gyzjagazlara çenli pul sowgatlarynyň gowşurylýanlygy barada söhbet etdiler. Enelerimiz, käbelerimiz biziň bahar-ýaza meňzeş,ajaýyp gül-gunçalara meňzeş gelin-gyzlarymyz hakynda goşgy ýazmadyk eser döretmedik şahyr- ýazyjy,aýdym aýtmadyk, saz döretmedik bagşy- sazanda ýok bolsa gerek. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler bular hakynda aýtmak bilen gelin-gyzlar hakynda ýazylan goşgulary okadylar. Olar söhbetleriniň soňunda bize şeýle ajaýyp durmuşy bagyş eden Milli Liderimiz,Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak beýik işleriniň rowaç bolmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
«ÝAZYJYLARYŇ YLHAM ÇEŞMESINDEN RUHLANYP ÝAZYLAN GOLLANMALAR» WE ŞAHYR GURBANNAZAR EZIZOWYŇ ŞYGRYÝETI

Kitaphanalar

26.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan “Ýazyjylaryň ylham çeşmesinden ruhlanyp ýazylan gollanmalar” we şahyr Gurbannazar Ezizowyň şygryýeti” ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler sanardan köpdür. Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem şöhratly, bagtyýar ýyllarymyzda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, taryhda yz goýan ussat halypalarymyzy, olaryň edebiýat älemindäki bitiren işlerini ýagşylykda ýatlaýar. Şolaryň biri hem şygryýet äleminde öçmejek yz galdyran Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizowdyr. Söhbetdeşligiň dowamynda hem çykyş edenler şahyryň ömri we döredijiligi hakynda gürrüň berdiler we birnäçe goşgularyny ýatdan aýdyp berdiler. Bu bolsa şahyryň şu günki günde hormatynyň beýikligini aňladýar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAPHANA HYZMATY–DÖWRÜŇ ZYNATY

Kitaphanalar

25.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Kitaphana hyzmaty–döwrüň zynaty” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe nurana geljegimiziň eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýandygyny, Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda kitaphana ulgamynda okyjylara hyzmat etmek ýokary derejede ýola goýulup, ýaş nesilleriň kitaphana hyzmatyndan döwrebap peýdalanmagy, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda kitaphana işiniň kämilleşmegi ugrunda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BIZ ERTEKILERI SURATLANDYRÝARYS

Kitaphanalar

25.02.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 112-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynda “Biz ertekileri suratlandyrýarys” atly ertekileriň gahrymanlaryna bagyşlap surat çekmek bäsleşigi boýunça söhbetdeşlik geçirdi. Körpeje çagalary terbiýelemekde ertekileriň has uly ähmiýeti bar. Hünärmen çagalara gyzykly gürrüň berip, erteki gahrymanlaryny suratlaryň üsti bilen tanyşdyrdy. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halk ertekileri “Akpamyk”, “Kör garga”, “Mämmetjan”, “Ejekejan”, “Böwenjik” atly ertekileri çagalara okap berdi. Çagalar öz halaýan ertekilerinden gahrymanlaryny häsiýeti boýunça uly höwes bilen surat çekdiler. 1-nji, 2-nji, 3-nji orun alan çagalar sowgatlar bilen höweslendirildiler.

No image
KITAPHANA IŞI KÄMILLEŞÝÄR

Kitaphanalar

25.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň «Kitaphana işi kämilleşýär» atly alnyp barylýan kitaphana gurnagyna gatnaýan dürli ýaşly okyjylaryň arasynda kitaphana işi hakynda birnäçe maglumatlar berildi. Gurnaga gatnaýan okyjylaryň arasynda öwrenen zatlaryny özleşdirmek maksady bilen birnäçe sorag-jogaplar alyşyldy. Gurnagyň esasy maksady ösüp gelýän ýaşlarda kitap okamaga bolan söýgüni döretmek we kitaphana işiniň esaslaryny öwretmekden ybarat bolup, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatlaryny, ýurdumyzyň ähli pudaklaryndaky ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplaryny wagyz etmek, kitaphanalarda geçirilýän her bir medeni köpçülik çäreleri, gürrüňleri, sesli okaýyşlary, edebiýat agşamlary, döredijilik duşuşyklary, sergi synlarynyň üsti bilen täze gelen edebiýatlary wagyz etmegi öwretmek hem-de kitap sergilerini guramaklygy we kitaplara syn bermekligi öwretmekden ybarat bolup durýar. Ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, ylymly-bilimli kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerimizi aýdýarys.

No image
BIZ ERTEKILERDE MYHMANÇYLYKDA

Kitaphanalar

25.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Biz ertekilerde myhmançylykda» ady bilen 74-nji çagalar bagynda çeper okaýyş geçirildi. Türkmen halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileri geljekki nesillerimizi aň we zehin taýdan terbiýelemekde, ruhy we edebi mirasymyza söýgi döretmekde uly ähmiýete eýe bolup, türkmen halk ertekileriniň birnäçe görnüşlerinden çeper okaldy. Şeýle-de ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny, aýratynam türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada gürrüň berildi. Geçirilen çeper okaýyşyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANALAR–HALKYŇ RUHY HAZYNASY

Kitaphanalar

25.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllary üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda «Kitaphanalar–halkyň ruhy hazynasy» ady bilen Aşgabat şäher häkimligini toplumy binasynda söhbetdeşlik geçirildi. Çykyş edenler kitaphana-medeniýetiň aýrylmaz bölegi bolup, adamzat medeniýetiniň gymmatlygydygy we halklaryň medeni ösüşine täsirini ýetirip, adamlaryň medeniýetli, sowatly şahsyýet hökmünde kemala gelmegine ýardam edýändigi barada söhbet etdiler. Şeýle-de asuda Watanymyzda zähmet çekýän kitaphana işgärleri hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” esasynda öňlerinde goýlan jogapkärli wezipelere aýdyň düşünip, bildirilen uly ynamdan ruhlanýandyklary barada hem çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda parahat ýurdumyzda okamaga, işlemäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
BERKARAR WATANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Kitaphanalar

25.02.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ilkinji zenanlar guramasy bilen Bagtyýarlyk etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda “Berkarar Watanyň bagtyýar zenanlary” ady bilen Aşgabat medeni dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, zenan mertebesi belentden tutulyp, mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mähribanlygy, güler ýüzlüligi ajaýyp bahara deňelip, türkmen zenanynyň abraý derejesi, ynsanperwerligi, maşgala ojagyna wepadarlygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de ýazyň ilkinji güni şahyr, Gurbannazar Ezizowyň doglan güniniň ýatlanyp geçilýändigi, şahyryň çuňňur durmuş pelsepelerine ýugrulan şygyrlary indi ençeme ýyllar bäri Watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň, gözelligiň aýdymyna öwrülip, halkyň kalbynda baky orun alandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gurbannazar Ezizow “Ýazyň-güýzüň şahyry” diýip tanalýandygy, ýöne ol Watanyna, ene-topragyna, adamlara bolan söýgüsini gursagynda göterip gezeni üçin oňa söýgüniň şahyry hem diýilýändigi barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.