logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ARKADAG ÝYLDYZY

Kitaphanalar

04.07.2025

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «akylly» Arkadag şäheriniň gurlup ulanylmaga berilmeginiň 2 ýyllygyna, şeýle-de 2024-nji ýylda «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan açylan «Arkadag» ýyldyzyna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Çykyşlarda 2024-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň 1 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatda asman jisimlerini öwrenýän «Kosmos-Ýer» jemgyýetiniň alymlary tarapyndan bir ýyldyza «Arkadag» adynyň goýulmagynyň uly ähmiýete eýe bolup durýandygy nygtaldy. «Arkadag» adynyň dakylandygyny tassyklaýan güwänamanyň, şeýle-de teleskobyň, onuň düşüren suratlarynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine gowşurylmagynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny bu günki gazanylan üstünlikler doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan Abu Reýhan Biruni adyndaky astronomiýa olimpiýadasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplara üstünlikli çykyş edip Diplomlara ýadygärlik sowgatlara mynasyp bolmagy ýurdumyzda astronomiýa ylmyna uly üns berilýändigini subut etdiler. Uniwersitetiň eýwanynda dabara bilen ugurdaş kitaplaryň, amaly-haşam sungatynyň gymmatlyklarynyň, talyplaryň taslama bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleriniň, taslamalarynyň, dürli işläp düzmeleriniň, oýlap tapmaçalarynyň sergisi guraldy. Şeýle-de uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar we dutarçylar toparlary tarapyndan ýerine ýetirilen aýdymlar maslahata özboluşly öwüşgin berdi. Dabaranyň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilim we ýaşlar syýasatyny dabaralandyrmak bilen, parahatçylyga, abadançylyga we durnukly ösüşe gönükdirilen ynsanperwer işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk we alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ARKADAGYŇ KITAPLARY-ÝAŞLARYŇ GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

04.07.2025

Arkadag şäherindäki Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär mekdebi bilen bilelikde «Arkadagyň kitaplary-ýaşlaryň görelde mekdebi» atly wagyz nesihat çäresi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan kitaplary bu günki gün her bir türkmen ojagyna ýol-ýörelge mekdep bolup durýar, diýip maslahata gatnaşanlar giňden belläp geçdiler. Çäräniň ahyrynda bagtyýar talyp ýaşlaryň ylymly-bilimli bolmaklary üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.

No image
PARAHATÇYLYK, YNANYŞMAK-ÝÜREK NURYMYZ!

Kitaphanalar

04.07.2025

2025-nji ýylyň iýul aýynyň 4-ne Mary welaýat kitaphanasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilip yglan edilmegi mynasybetli «Parahatçylyk, ynanyşmak-ýürek nurymyz» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat kitaphanasynyň, Mary welaýat Adalat bölüminiň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň hünärmenleri, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Bu geçirilen söhbetdeşligiň maksady, Türkmenistan dünýä ýüzünde parahatçylygy paýlaýjy halk bolup tanalyp, onuň geljekki döwürde hem ýaşlarymyzyň arasynda wagyz edilmegi bolup durýar. Söhbetdeşlik gatnaşyjylarda şeýle-de talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda biz ýaş hünärmenlere gelejekde kitaphana ulgamyny ösdürmekde birnäçe mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdyldy, goý olaryň janlary sag, ömürleri uzak, il- ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri rowana menzillerde rowaçlyklara beslensin!

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

04.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň ahlak terbiýeli, döwrebap aň-düşünjeli, ylymly-bilimli , sagdyn bedenli nesiller bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ýörite meýilnama esasynda aýdym aýtmak, tans oýnamak, kitap sergilerini gurnamak, ertekilerden parçalary sahnalaşdyrmak, sport oýunlary ýaly çäreler guralyp, çagalarda ata Watanymyza, merdana halkymyza, hormatly Prezidentimize, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki ösüşlere, halkymyzyň däp-dessurlaryna, milli toý baýramçylyklaryna söýgi, buýsanç döretmekde birnäçe işleriň alnyp barylýandygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KÖÝTENDAG TÄSINLIKLER DÜNÝÄSI

Kitaphanalar

03.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynyň guramagynda Türkmenabat şäher kitaphanasynda «Köýtendag täsinlikler dünýäsi» ady bilen mowzuk agşamyny geçirdi. Bu ýerde ýurdumyzyň tebigy dag gözelliklerini jemlän ýerimiziň biri bolan Köýtendagyň ajaýyp täsinliklerinden söhbet edilip, ol ýerde bitýän dermanlyk ösümlikleriň aýratynlyklary barada giňden söhbet edildi.

No image
ÇAGALAR – AÝDYŇ ERTIRLERIMIZIŇ ŞUGLASY

Kitaphanalar

03.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet öýiniň bilelikde guramagynda Älem seýilgähinde «Çagalar – aýdyň ertirlerimiziň şuglasy» ady bilen gezelenç geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalary hemmetaraplaýyn goramak, goldamak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi, olaryň sagdyn we ruhubelent ýaş nesiller bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladalar bilen gurşalýandygy barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşlikde ýaş nesillerde kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, olarda päklik, ahlaklylyk, edermenlik duýgularyny oýarmakda birnäçe kitaplaryň ornunyň uludygyny, aýratynam türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada aýtdylar. Çäräniň dowamynda çagalar türkmen milli oýunlaryny oýnap, öz wagtlaryny şadyýan geçirdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, geljegimize uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
Gujurly bilim merkezinde geçirilen kitap hepdeligi

Kitaphanalar

03.07.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde “Gujurly bilim” merkezinde kitap hepdeligini geçirdi. Bu merkezde bilim alýan bilesigeliji okuwçylar kitap sergisindäki ertekileriň dürli görnüşlerini uly höwes bilen okadylar. Aýratyn-da daşary ýurt dillerindäki ertekilere uly gyzyklanma bildirdiler. Okan kitaplary esasynda özara sorag-jogap alyşdylar. Göçme serginiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehinini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
Sähra ýollary ady bilen şahyr Ýaban Saparowyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap duşuşyk geçirdi

Kitaphanalar

02.07.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminiň 2-nji tapgyrynda sapaly dynç alýan çagalara “Sähra ýollary” ady bilen şahyr Ýaban Saparowyň doglan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlap duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda kitaphana hünärmenimiz Ýaban Saparowyň ömri we döredijiligi şahyryň ýaşan ýyllarynda metbugat bilen hyzmatdaşlygy barada kitaphana hünärmenleri çagalara tasirli gürrüňleri berdi. Duşuşygyň ahyrynda ýazyjy şahyrlarymyza we olaryň döredijiliklerine uly sarpa goýýan Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize köp köp sag bolsun aýtdylar.

No image
Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty atly duşuşyk

Kitaphanalar

02.07.2025

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsümini sapaly geçirýän çagalaryň arasynda “Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty” ady bilen “Altyn asyr” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Parahatçylyk sazy dostluk doganlyk sazy” atly gymmatly eserinden parahatçylygyň waspçysy bolan şükür bagşygynyň keşbiniň çeperçilik bilen beýan edilişi barada täsirli gürrüňleri berdiler. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar parahatçylygyň geljege iň mukaddes mirasdygyny dünýä ýüzüne ykrar edýän Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
SAGDYN NESIL – KUWWATLY BEDEN

Kitaphanalar

02.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Berkararlyk etrap geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Sagdyn nesil – kuwwatly beden» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede dünýä jemgyýetçiliginde uly goldawa, gyzyklanma eýe bolan döwlet syýasatymyzda ýaş nesliň bagtyýarlygy, eziz Watanymyzyň egsilmez kuwwaty hasaplanýandygy, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilik işleri, sport bilen meşgullanmaklary, şol sanda dynç alyş möwsümlerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hem ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/1115.jpg) Çäräniň dowamynda çagalaryň bilim başarnygyny, döredijilik ukybyny, kitaba, sporta, bedenterbiýä bolan höwesini açyp görkezýän bäsleşikler guraldy, Zehin-başarnygy bilen aýratyn tapawutlanan çagalara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.