logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Kitaphanalar

02.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy hem-de Bagtyýarlyk medeniýet öýleri bilen bilelikde «Altyn sümmül» çagalary sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtly çagalygyň mekany hasaplanýan meşhur Gökdere jülgesi her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem körpe nesillerimiziň ençemesine gujagyny giňden açdy. Bilşimiz ýaly Gökdere jülgesi jana şypaly arassa howasy, gaýtalanmajak tebigat gözellikleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Gojaman daglar, towlanyp akýan çeşme, salkyn jülge. Behişdi mekana öwrülen bu ýerde «Gökderäniň aýdymyny» dillerine sena edinen çagalar özleriniň iň bir gyzykly, ýatda galyjy pursatlaryny başdan geçirýärler. Aslynda tomus çagalaryň bagtyýar günlerini ömür kalbyna altyn harplar bilen ýazýan pasyldyr. Inä, çagalyk dünýäsiniň iň bir bagtyýar günlerini-tomus dynç alyş pursatlaryny ýurdumyzyň Gökdere jülgesinde ýerleşýän. «Altyn sümmül» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde geçirýän bagtyýar körpeler erkana, rahat dynç alýarlar, wagtlaryny gyzykly hem manyly geçirýärler. Dynç alyş merkezinde çagalaryň her bir güni göwün göteriji pursatlara beslenýär. Gürrüňdeşligiň ahyrynda asuda, parahat durmuşyň goýnunda erkana ýaşaýan körpelerimiz üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman bolsun! Goý, çaga gülkileri hemişe belentden ýaňlanyp dursun.

No image
ÇAGALARYŇ ŞATLYGA BESLENÝÄN GÜNLERI

Kitaphanalar

02.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Çagalaryň şatlyga beslenýän günleri» ady bilen ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda çagalaryň kämil ösüşini üpjün etjek gurşawyň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaşlaryň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy bolsa, Watanymyzyň geljekki ösüşleriniň özenidigi, munuň özi ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmek üçin çagalaryň ösüş ýolunda ähli şertleriň göz öňünde tutulýandygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegini üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.

No image
SÖZ MÜLKINIŇ MIRASY

Kitaphanalar

02.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan «Söz mülkiniň mirasy» atly kitap sergi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýylda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrylýan ýylymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy- edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda «Söz mülkiniň mirasy » atly kitap sergisi gurnaldy. Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplaryň sergisi hem öz beýany tapýar. Sergimize-de gatnaşan talyplarda uly täsir galdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmek bilen birlikde adamlaryň aň-düşünjesini döwrebap özgertmek, ruhy düýäsini baýlaşdyrmak barada yzygiderli alada edýär. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BEHIŞDI AHALTEKE ATLARY

Kitaphanalar

02.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi täze gelen edebiýatlara kitaphana synyny geçirdi. Bu kitaphana synynda ýurdumyzda çap edilýän «Behişdi ahalteke atlary» atly žurnalyň 2025-nji ýylda çap edilen 1-nji sany barada geçirildi. Bu sanynda Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Atçylyk akademiýasy hem-de «At-myrat» okuw merkeziniň alyp barýan işleri dogrusynda, mundan başga-da at üstündäki milli oýunlar barada, şeýle hem ahalteke atlarynyň tohum aýratynlyklaryny has çuňňur öwrenmeklik dogrusynda gürrüň berildi. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ZÄHMET SOŇY REHNET

Kitaphanalar

02.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi «Zähmet soňy rehnet» ady bilen kitap sergisini gurnady. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, şeýle-de zähmetiň ähmiýeti, zähmeti goramak baradaky edebiýatlar ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelen okyjylar, özlerine gerek bolan maglumatlaryny tapyp bildiler. Mundan başga-da zähmet bilen bagly edebiýatlary öwrendiler. Bizi şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
TÜRKMENISTAN SYÝAHATÇYLYGYŇ ÜLKESI

Kitaphanalar

02.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi Gökderedäki çagalar dynç alyş merkezinde ýerleşýän Çeşme atly sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Türkmenistan syýahatçylygyň ülkesi» atly söhbetdeşligi çagalar topary bilen gurnady. Häzirki döwürde Türkmenistanda syýahatçylyk pudagyny ösdürmeklige uly üns berilýändigini belläp geçdiler. Soňra bolsa çagalar bilen bilelikde sorag-jogap alşyldy. Kitaphana ulgamyny ösdürmek ugrunda uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag , il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

No image
BAGTYÝAR ZAMANANYŇ – BAGTLY ÇAGALARY

Kitaphanalar

01.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar zamananyň – bagtly çagalary» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Çärede çykyş edenler Gökderäniň goýnunda bagtyýar körpeleriň oňat dynç almagy üçin birnäçe ak mermerli, owadan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýändigini, bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalar dag gözelliklerine gezelenç etmek, säheriň ajaýyp howasynda dürli hili oýunlary oýnamak we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerinden birnäçe gyzykly ertekilerden okap berdiler. Çäräniň dowamynda körpeje nesilleriň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar, tanslar ýerine ýetirildi. Çäräniň ahyrynda her bir günümizi şatlyga bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANALAR RUHY KÄMILLIGIŇ MUKADDES OJAGYDYR

Kitaphanalar

01.07.2025

Geçen taryhy eýýamlarda-da, häzirki döwürde-de döwletler köp derejede ylymda-bilimde gazanan üstünlikleri, açyşlary bilen öňe saýlandy. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwrüniň ösüşleriniň binýadyny ylym-bilimi dünýä derejesine ýetirmek baradaky özgertmeler bilen esaslandyrandygy örän netijeli boldy. Biziň günlerimize çenli öz gymmatlygyny ýitirmän jemgyýetiň arasynda köpri bolup hyzmat eden kitabyň taryhy öz gözbaşyny iňňän gadymy döwürlerden alyp gaýdýar. Pederlerimiz nesil terbiýesinde hem, köplenç kitaplara ýüzlenipdirler. Batyr, edermen , obany, ilini goraýan mert ýigitleri terbiýelemekde «Görogly» şadessanyna ýüzlenip, ýagşy gylyk häsiýetleri ündemekde Magtymguly Pyragynyň goşgy setirlerini mysal getiripdirler. Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan « Älem içre at gezer» , «Döwlet guşy » romanlary, «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistan- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Ömrümiň manysy», Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly kitaplary ýaş nesli mertlik, watansöýüjilik ruhynda terbiýelemekde mekdep bolup hyzmat edýär. Biz kitaphanaçylar hem döwrümiziň belent ruhyny wasp etmekde, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp ýaşlary terbiýeläp, kitaphon edip ýetişdirmekde güýjimizi aýaman zähmet çekmeli, ata Watanymyzy gülledip ösdürjek, ýaşlaryň kitaby söýmekleri üçin öz mynasyp goşandymyzy goşmaly. Kitaphanalar ruhy kämilligiň mukaddes ojagydyr. Şonuň üçin mukaddes ýerde zähmet çekmegiň özüde bagtyýarlykdan nyşandyr. Şeýle bagta ýetiren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sag bolsun aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan her bir tutumly işleri rowaçly menzillere rowana bolsun!

No image
BIZIŇ KIÇIJEK DOSTLARYMYZ

Kitaphanalar

01.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherinde ýerleşýän 92-nji çagalar bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynda «Biziň kiçijek dostlarymyz» atly türkmen ýazyjylarynyň eserlerinden haýwanat dünýäsi boýunça söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň başynda «Biziň kiçijek dostlarymyz» atly türkmen ýazyjylarynyň eserlerinden haýwanat dünýäsi boýunça çagalar ýazyjysy Maral Akyýewanyň «Syrly tebigata syýahat» ertekiler ýygyndysyndan «Garynja hem towşan», «Gezegen gurbaga», Akmyrat Abdyllaýewyň «Täsin erteki» kitabyndan «Alahekge», «Arylar» atly ertekilerinden çaga dilinde haýwanlar hakynda gürrüň berdi. Soňra körpe balalara olaryň bilýän haýwanlary hakynda sorag-jogap etdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmen körpeleriň gowy görýän türkmen halk ertekisi «Jelulym Belulym» atly ertekini okap berdi. Körpeler erteki gahrymanlary suratlandyrmak, olary tanamak boýunça gürrüň etdi. Hünärmen söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir ýerde çagalar bagynda, mekdebe baranlarynda hem birek-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi. Şu çärede kitaphananyň hünärmenleri söhbetdeşligiň ady boýunça gyzykly erteki kitaplardan sergi gurnady. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtly çagalaryň iň arzyly arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurduna öwürýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
ARKADAGYŇ ESERLERI ÝAŞLARA GÖRELDE

Kitaphanalar

01.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanalara abonement bölümi Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin maksatnamasyndan ugur alyp Gökdere çagalar dynç alyş we sagaldyş zolagynda ýerleşýän «Muhammetmyrat Nyýazow» sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Arkadagyň eserleri ýaşlara görelde» atly göçme kitap sergisi we söhbetdeşlik gurnady. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljegimiz bolan ýaş nesillerimiz barada hemmetaraplaýyn alada döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan wezipeleriň hataryndadyr. Mähriban çagalarymyzyň şadyýan gülküleri biziň iň uly bagtymyzdyr. Bagtyýar çagalaryň rahat dynç alyp, kitap okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerinde uly aladalar edilýär diýip, giňişleýin gürrüň etdiler. Göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri şeýle-de çagalar edebiýatyna degişli birnäçe eserler ýerleşdirildi. Bu kitap sergisini görmäge gelen dynç alyş merkezindäki çagalar özlerine gerek maglumatlary tapyp uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. Çäräniň ahyrynda çagalar bilen sorag - jogap alşyldy, aýterek -günterek oýunlar oýnaldy. Çagalarda uly täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlarynyň aman bolmagyny, janlarynyň sag bolmagyny, il – ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.