logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI

Kitaphanalar

27.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Çykyş eden hünärmenler bu ajaýyp eserleriň okyjylar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen bellediler. Söhbetleriniň soňunda türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
ESERLERIŇ IL GÖWNÜNI ŞAT EÝLÄR

Kitaphanalar

26.03.2026

Ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde türkmen realistik prozasynyň başyny başlan ýazyjylarynyň biri Nurmyrat Saryhanowy ýatlap onuň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlap “Eserleriň il göwnüni şat eýlär” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Edebi-sazly duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi halypa, şahyr zenan Bahargül Kerimowa, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Bazar Şalyýew gatnaşdylar. Geçirilen edebi duşuşykda kitaphana hünärmeni okuwçylara ýazyjynyň döreden eserleri we onuň maşgalasy hakynda gürrüň berdi. Nurmyrat Saryhanow özüniň gysga manyly ömründe türkmen halkyna hiç wagt gymmaty peselmejek ajaýyp eserleri miras galdyrdy. Onuň “Kitap”, “Şükür bagşy” eserleri türkmen edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Mähriban okuwçylar ýazyjynyň ýekeje Orazjemal atly gyzy bolýar. Orazjemal Saryhanowa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. Orazjemal daýzanyň üç ogly bir gyzy bar. Duşuşyga gatnaşýan şahyr zenan Bahargül Kerimowa ýazyjynyň gyzynyň öz mugallymy bolandygyny hem kakasynyň suratyny ýadygärlik berendigini täsirli gürrüň berdi. Halypa şahyr Bazar Şalyýew hem “Kitap”, “Şükür bagşy” eserlerini gysgaça gürrüň berdi. Geçirilýän çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary halypalar bilen sorag-jogap alyşdylar. Mekdebiň göreldeli, zehinli okuwçylary Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda sahna oýnuny görkezdiler. Çäräniň ahyrynda edebiýatymyzy, sungatymyzy ösdürmeklige goşant goşan şahsyýetleriň adyny ebedileşdirip, olaryň döredijilik ýoluny öwrenmeklige giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
ÜLKÄME TOÝ BOLUP GELEN, ÝAZLARYM

Kitaphanalar

26.03.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölüminiň kitaphanaçylarynyň gurnamaklarynda Türkmenabat şäheriniň 23-nji çagalar bagynda “Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym!» ady bilen çagalar ertirligini geçirdiler. Çäräniň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyza bagyşlap, Watanymyzy, tebigatymyzy bahar paslyny wasp edilýän goşgular okalyp, bahar paslynda taýýarlanylýan gadymy türkmen milli tagamy bolan semene baradaky rowaýaty okap berildi. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Bu ajaýyp pursatlar cagalarda örän täsir galdyrdy. Ýaş körpeler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza goşgularyň üsti bilen ýürek töründen çykan alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
KITAPHANANYŇ USULY IŞLERI

Kitaphanalar

26.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölümi kitaphana ulgamyny ösdürmekligiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, talyp ýaşlaryň arasynda “Kitaphananyň usuly işleri” atly okuw sapagyny gurnady we söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşlige Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary gatnaşdylar. Ylmy-usuly bölüminiň kitaphanaçylary özleriniň alyp barýan işleri barada, usuly we usuly-bibliografiýa gollanmalary, ýazyjy-şahyrlaryň we tanymal şahsyýetleriň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan gollanmalary taýýarlaýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler we talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alyşdylar. Şeýle gyzykly gürrüňdeşlikler talyp ýaşlarda zähmete bolan höwesleriniň artmagyna ýardam etdi. Soňra bolsa söhbetdeşlige gatnaşyjylar kitaphana işini ösdürmekde, kitaplary ýaş nesle ýetirmekde bimöçber aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÇAGA TERBIÝESINDE HALK DÖREDIJILIGINIŇ ÄHMIÝETI

Kitaphanalar

26.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy-usuly bölüminiň işgärleri Aşgabat şäheriniň 29-njy “Güneş” çagalar bakja-bagynda körpejeler bilen “Çaga terbiýesinde halk döredijiliginiň ähmiýeti” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, tapmaçalar, nakyllar, ýaňyltmaçlar aýdylyp, täsirli gürrüňler geçirildi. Birnäçe ertekili kitaplar, tapmaçalar bilen tanyşdyryldy we çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri bilen çagalaryň arasynda labyzly okalan ertekilerden, tapmaçalardan sorag-jogap alşyldy. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
KITAPHANA SYNY

Kitaphanalar

26.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi. Kitaphana synynda çykyş edenler Moskwada rus dilinde çap edilen “Актеры отечественного кино” atly 4 jiltlik ensiklopedik kitaplary bilen tanyş etdiler. Bu ensiklopediýa 1908-nji ýyldan häzirki wagta çenli döwürde düşürilen Russiýanyň kinosynyň aktýorlary baradaky maglumatlary öz içine alýan ilkinji şeýle görnüşdäki düýpli işdigini beýan etdiler. Kitapda ýüzlerçe aktýor we olaryň garyndaşlary bilen söhbetdeşlik geçirilip, ozal anyklaýyş edebiýatlarynda çap edilmedik köp sanly eksklýuziw aktýor biografiýalary toplanyp, ähli anyk maglumatlar aktýoryň jikme-jik filmografiýasy we suraty bilen bilelikde elipbiý tertibinde ýerleşdirilendigini mälim etdiler. Kitaba russiýaly aktýorlar bilen bir hatarda, öňki soýuz respublikalarynyň ählisiniň aktýorlary hem girizilendigini beýan etdiler. Kitapda tanymal türkmen kinoaktýorlarynyň A.Garlyýewiň, S.Myradowanyň. S.Durdyýewiň, H.Müllükowyň we ş.m. biografiýalarynyň bardygy buýsanç bilen belläp geçdiler. Kitaphana synynyň ahyrynda çykyş edenler Watan, il-halk üçin uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamzadyň eşretli ertirlerini döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
TALYPLARY DÖWLET KITAPHANASYNDA GEZELENJI

Kitaphanalar

26.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyplary Döwlet kitaphanasynda gezelençde boldylar. Talyp ýaşlar kitaphananyň bölümleri we iş aýratynlyklary bilen tanyş boldylar. Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini ösdürip, olara kitaphanamyzyň alyp barýan döwrebap işleri bilen tanyşdyrmakda kitaphana işgärleri giňişleýin maglumatlar berdiler. Talyp ýaşlar gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamagy-öwrenmegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
MILLI MIRAS-BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

26.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Milli miras- bedew batly ösüşleriň binýady» atly hepdelik göçme kitap sergisini gurnady hem-de «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Ýaş nesiller-Watanymyzyň daýanjy» ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda söhbetdeşlik ýazgy etdiler. Gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan dürli dillerde neşir edilen ajaýyp eserleri, ýazyjy-şahyrlaryň neşir önümleri ýerleşdirildi. Sergidäki kitaplar talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Çünki bu gymmatly kitaplarda, baý taryhymyza, milli mirasymyza degişli gymmatly maglumatlar ýerleşdirilendir. Ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary okuw jaýlarynda okap, bilimlerini artdyrmaklary üçin giň ýollary açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik işleri mundan buýana hem rowaçlyklara beslensin.

No image
GÖR NÄHILI HEZILLIK BAHAR GELSE ILIME, SURATYNY ÇEKEÝIN, GALAM ALYP ELIME

Kitaphanalar

24.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Arkaç» söwda dynç alyş merkezinde, “Aşgabat” teleýaýlymynyň «Bagtyýar çagalyk» gepleşiginiň ýazgy etmeginde «Gör nähili hezillik bahar gelse ilime, suratyny çekeýin, galam alyp elime» atly çäre geçirdi. Ýaş nesiller bahar paslynyň ajaýyplyklaryny, tebigatymyzyň gözelliklerini öz çeken suratlarynda ussatlyk bilen beýan etdiler. Kitaphana hünärmenleri Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz güni barada «Nowruznama» atly kitapdan okap beren maglumatlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Nowruz türkmen halk döredijiliginiň dürdäneleri bolan atalar sözlerinde-de, nakyllarynda-da, yrymlarynda-da, türkmeniň däp-dessurlarynda-da öz beýanyny tapýar. Nowruz bilen baglanyşykly döredilen aýtgylaryň, rowaýatlaryň ähmiýeti dogrusynda hem gürrüňler berdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar eziz diýarymyzy baky baharyň mekanyna öwürip, ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly ynsanlar bolup ýetişmeklerinde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
GARAŞSYZ DÖWLETIMIZIŇ BEDEW BATLY ÖSÜŞLERI

Kitaphanalar

19.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Garaşsyz döwletimiziň bedew batly ösüşleri» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler halkymyzyň buýsanjyna, tutuş adamzadyň genji –hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, ösüşlerimiziň ýokary depginini aýdyň görkezýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini, dünýä derejesinde ykrar edilen ata Watanymyzyň bedew batly ösüşleri, milli gymmatlyklarymyzyň belent sarpasyny aýdyň şöhlelenýändigi barada çykyş etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.