logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN BUÝSANJY-DANA PYRAGY

Kitaphanalar

22.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümiň okalga zalynda “Türkmen buýsanjy-Dana Pyragy” atly kitap sergi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Türkmen buýsanjy-Dana Pyragy” atly kitap sergisi gurnaldy we sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmen Paýhasynyň synmaz sütüni” atly ajaýyp kitapda:–Magtymguly türkmen edebiýatynyň, türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran äleme belli beýik şahsyýetdir. Muny Alym Arkadagymyzyň: “Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar” diýen pähim-paýhasa ýugrulan sözleri-de tassyklaýar–diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

No image
BERKARAR DÖWLET SAGDYN JEMGYÝETIŇ BINÝADY

Kitaphanalar

22.07.2025

Balkan welaýat kitaphanasynda “Berkarar döwlet sagdyn jemgyýetiň binýady” atly duşuşyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş eden kitaphana hünärmenleri, saglygy goraýyş işgärleri ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramaga, beden taýdan berk, ruhy taýdan kämil ýaş nesilleri kemala getirmäge biziň döwletimizde alnyp barylýan işler hakynda çykyş etdiler. Çärede ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramaga ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde seredilip, ony üstünlikli amala aşyrmaga döwlet derejesinde uly üns berilýändigi, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygy baradaky aladanyň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň barha ilerlemegine getirýändigi, ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn ösmegini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak bilen bagly asylly işler paýhasly pederlerimiziň ynsanperwer däplerinden gözbaş alýandygy barada saglygy goraýyş işgärleri giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Alym Arkadagymyzyň adam hakdaky, hususan-da ynsan saglygyny goramak ugrundaky uly zähmetiniň miwesi bolan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby saglyga peýdaly, jana tenekar dermanlyk ösümlikler baradaky ylmy garaýyşlary barada kitaphana işgäri täsirli çykyş etdiler. Döwür-döwranyň dolanmagy, ata Watanymyzyň döwlet garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen, ilatyň saglygy baradaky çykyşlar myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

No image
DÜNÝÄ DOLSUN ÇAGALARYŇ GÜLKÜSI

Kitaphanalar

21.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri. Gökderedäki «Altyn damja» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi» atly söhbetdeşlik hem-de göçme kitap sergisini gurnady. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri hem- de çeper eserler, türkmen halk ertekileri ýerleşdirildi. Sergi bu merkezde dynç alyş möwsümini gyzykly hem şadyýan geçirýän çagalarda aýratyn täsir galdyrdy. Kitap söýüji çagajyklar ertekileri uly höwes bilen okadylar. Söhbetdeşlige gatnaşanlar güneşli ülkämizi çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan mekanyna öwren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan syzylyp çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
MILLI MIRAS KALBYMYZYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

21.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň bilelikde guramagynda “Milli miras kalbymyzyň çyragy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Milli medeniýetimiziň bäş müň ýyllyk taryhy öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny, asyrlaryň gatlaryna siňen medeni mirasymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe düýpli öwrenilip, halka ýetirilip, aýratynam ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek her medeniýet işgärleriniň mukaddes borjy bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan atalar sözi gymmatly hazyna bolup durýandygy, ata-babalarymyzyň pähim-parasatly dana sözleri halk köpçüliginiň arasynda giňden ýaýrandygy giňden ýaýrandygy barada belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy öwrenmäge, geljek nesillere ýetirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ATA WATANYMYZ TÜRKMENISTAN–HALKARA HYZMATDAŞLYKDA MÖHÜM MEÝDANÇA

Kitaphanalar

18.07.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda 2025-nji “Halkara–Parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň 4-8-nji awgusty aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji halkara maslahaty barada Lebap welaýat kitaphanasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşygynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamaklarynda “Ata Watanymyz–Türkmenistan dünýäniň ynanyşmak we ylalaşyk merkezi” atly birifng görnüşli söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda çärä gatnaşyjylar ,,Türkmenistan- beýik başlangyçlaryň ýurdy” ady bilen gurnalan kitap sergisine syn etdiler.

No image
NETIJELI MASLAHAT

Kitaphanalar

17.07.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Maliýe instituty ”Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň guramaçylyk döwlet toparynyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyň ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyndan gelip çykýan netijeler hakynda söhbetdeşlik ýazgy edildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara maslahatynyň çäklerinde syýasy-diplomatik,söwda ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmegi barada giňişleýin aýdyp geçdiler.Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 4-nji iýulynda gol çeken “Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda” Kararyna laýyklykda gelejekde bu ugurda uly işler alnyp barylar diýip, giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!

No image
BAGTYÝAR ÇAGALAR GELJEGIŇ NURY

Kitaphanalar

17.07.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda myhmançylykda bolup, olar bilen çagalar edebiýatyna degişli gyzykly kitaplar esasynda“ Bagtyýar çagalar geljegiň nury” atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag-jogap alşyldy, gyzykly gürrüňler edildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy Söhbetdeşlige “Türkmenistan” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ŞADYÝANLYGA BESLENÝÄN SAPALY GÜNLER

Kitaphanalar

17.07.2025

Çagalaryň tomusky dynç alyş döwründe wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan bagtyýar çagalar Lebap welaýat kitaphanasynda gezelençde boldylar. Lebap welaýat kitaphanasynda çagalaryň gelejegi üçin döredilip berilýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagtyýar çagalar özleriniň alkyşlaryny aýtdylar. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/f-2.jpg)

No image
BELENTDEN ÝAŇLANÝAR ÇAGA GÜLKÜSI

Kitaphanalar

16.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Belentden ýaňlanýar çaga gülküsi” ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde ýurdumyzda çagalaryň abadan, parahat, asuda bolelin durmuşda ýaşamaklary, her bir çaganyň döwletiň hemmetaraplaýyn goldawyndan we goragyndan peýdalanmagy, döwrümiziň talabyna görä bilim-terbiýe almaklary üçin uly işleriň amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de tomus paslynda çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edýän Gökdere jülgesinde ýerleşýän birnäçe çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde körpe nesillerimiz üçin dynç alyp, çaga dünýäsini durşy bilen oýunlara, gezelençlere beslenýändigi barada çykyş etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Watanymyzda körpeje nesillerimiziň şadyýan gülküsiniň ýaňlanyp durmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
ÇAGALARYŇ ŞATLYGY–DÜNÝÄŇ PARAHATLYGY

Kitaphanalar

16.07.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Altyn ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda “Çagalaryň şatlygy–dünýäň parahatlygy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi we göçme kitap sergisi gurnaldy. Çärede çykyş edenler häzirki wagtda körpeje nesillerimiziň tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde, salkyn saýaly Gökdere jülgesinde paýtagtymyzdan hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndan dynç almaga gelen çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de many-mazmunly geçirýändikleri barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalary gurnalan göçme kitap sergisi bilen tanyşdyryldy we sergide ýerleşdirilen kitaplar esasynda sorag-jogap alyşdylar. Bu bolsa çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda tebigatyň sapaly hem şypaly künjeklerinde şadyýanlykda dynç alýan çagalara, ýaş nesiller hakda ähli taraplaýyn mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.