logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TARYHDA YZ GALDYRAN TÜRKMEN ZENANLARY

Kitaphanalar

19.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe toýlarymyz-toýlara ulaşýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda bu gün zenanlarymyzyň sarpasy belentde tutulýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisini synlamana baran Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň halypa işgärleri hem «Türkmenistan», «Aşgabat» teleýaýlymlarynyň ýazgy etmeginde taryhda orun alan edermen, wepaly zenanlarymyz, şeýle hem ýazyjy-şahyrlarymyzyň goşgularynda bahar güllerine deňelýän enelerimiziň waspy hakynda täsirli söhbet etdiler.

No image
KITAP SYNY

Kitaphanalar

19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölümi täze gelen edebiýatlara syn geçirdi. Döwlet kitaphanasynyň kitap saklamak bölüminiň işgärleri bölüme gelen täze kitaplary bilen giňişleýin tanyşdyrdylar. Kitaphana synyna gelen kitaphana işgärleri we okyjylar bu ajaýyp edebiýatlar bilen tanyşyp, şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ÝAZYJY- ŞAHYRLARY ÝATLAP

Kitaphanalar

19.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Miras” teleýaýlymynyň “Ruhy çyragym” atly gepleşigi tarapyndan halypa kitaphanaçylar bilen şahyr, Ahmet Nepesowyň ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Döwlet kitaphanasynda hem okyjylaryň we talyp ýaşlaryň arasynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň we alymlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär, olara bagyşlanan kitap sergileri gurnalýar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň edebiýat äleminiň ussatlaryny giňden tanamaga mümkinçilik berýär. Edebi mirasymyzy öwrenmek işini düýpli ýola goýmaga, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolmagyny, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
TÄZE GELEN ERTEKI KITAPLAR BILEN TANYŞMAK

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäheriniň 75–nji çagalar bagynda “Täze gelen erteki kitaplar bilen tanyşmak!” atly sesli okaýyş geçirdi. Kitaphananyň hünärmeni täze gelen erteki kitaplar barada çagalar bilen gyzykly gürrüňler geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda körpeler täze gelen erteki kitaplary uly gyzyklanma, uly höwes bilen okadylar. Çagalar öz halaýan ertekilerinden gahrymanlaryny häsiýeti boýunça goşgularyň üsti bilen aýdyp berdiler. Kitaphananyň hünärmeni ertekiler barada çagalar bilen gyzykly sorag jogaplary alyşdy. Söhbetdeşlikde ertekilerdäki ýagşy, erbet gylyk häsiýeti gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşykly bolmagy, her bir ýerde çagalar bagynda, hem bir-birege kömek etmegini, hiç wagt ýalan sözlemezligi dogruçyl bolmagy düşündirdi.

No image
GADYMYÝETDEN GÖZBAŞ ALÝAN NOWRUZYM

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde Arkadag şäher medeniýet toplumynda “Arkadag” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Gadymyýetden gözbaş alýan Nowruzym” – atly Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe bagyşlap, edebi-sazly duşuşyk geçirdi. Örän irki taryhy döwürlerinden bäri uly joşgun, ruhubelentlik bilen bellenilip ýeriň janlaşynyň, tebigatyň jana gelişiniň beýik şatlygyna öwrülen Nowruzyň gelmegi bilen baglanyşykly dörän ajaýyp däp-dessurlar halkyň taryhy, özboluşly dünýägaraýşy bilen mäkäm baglanyşykly. Nowruz baýramynyň milli medeniýetiň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetliliginiň dürli-dürliligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmenleri täsirli gürrüňleri berdiler. Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörüte sungat mekdebiniň mugallymlarynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren halk aýdymlary çärämize aýratyn bezeg berdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bu baýramyň hormatyna toýlanylýan giň gerimli dabaralara ýokary ruhubelentlik halkymyza mahsus bolan ynsanperwer ýörelgelerden çuňňur ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.

No image
ÝAZLAR GÜL DIÝARA TOÝ BOLUP GELÝÄR

Kitaphanalar

18.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Ýazlar gül diýara toý bolup gelýär» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Milli bahar baýramy Garaşsyzlygymyzyň beren ajaýyp miweleriniň biri bolup, onuň kökleri biziň milliligimizden, taryhymyzdan, özboluşly milli mirasymyzdan gözbaş alýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de gözelligiň we joşgunly ýaşaýşyň bu nurana baýramy biziň döwletimizde halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligini rowaçlandyrýan, dünýä derejesinde dostluga we hoşniýetlige çagyrýan halkara baýramlarynyň birine öwrülendigi barada çykyş etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
NOWRUZ GELDI, GÜLE BESLÄP DÜNÝÄNI

Kitaphanalar

18.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybentli «Nowruz geldi, güle besläp dünýäni» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Milli bahar baýramy täzelenişiň, jebisligiň, agzybirligiň, parahatlygyň baýramydygy, 24 döwletiň goldamagynda Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde bellenilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÜLKÄME TOÝ BOLUP GELEN ÝAZLARYM

Kitaphanalar

18.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Ülkäme toý bolup gelen ýazlarym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Nowruz halklaryň dost-doganlyk baýramy bolup, ýurdumyzda halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini hem-de zähmetsöýerligini rowaçlandyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Nowruz baýramy parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde giňden bellenilýändigi barada çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Türkmen Döwlet Ykdysadyýet we Dolandyryş institutynyň talyplary ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÝAGŞY GÖRELDE – NESILLERE ÝÖRELGE

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň işgärleri Aşgabat şäherinde ýerleşýän 100-nji çagalar bakja-bagynda körpe nesil bilen “Ýagşy görelde – nesillere ýörelge” atly söhbetdeşlik geçirdi. Körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen ertekiler, çeper eserler, tapmaçalar, nakyllar aýdylyp, täsirli söhbet edildi. Birnäçe ertekili kitaplar bilen tanyşdyryldy we labyzly okuw, çeper okaýyş gurnaldy. Söhbetdeşlikde kitaphana işgärleri tarapyndan çagalary gyzyklandyrýan türkmen halk ertekilerinden birnäçesini okap, ondaky gahrymanlaryň edermenligi hakynda gürrüň berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan söýgini has-da artdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
ULUS-ILIŇ GUWANJY – MILLI BAHAR BAÝRAMY

Kitaphanalar

18.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary, toplamak we milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny gurmak we maglumatlary alyşmak bölümleri bilelikde daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebinde “Ulus-iliň guwanjy – Milli bahar baýramy” ady bilen baýramçylyk dabarasyny geçirdiler. Bu baýramçylyk dabarasynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty, ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Nowruz gününiň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Mundan başga-da Milli Bahar baýramy mynasybetli gutlaglar aýdyldy. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.