logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
ARKADAGYŇ ESERLERI GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

23.05.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda «Arkadagyň eserleri görelde mekdebi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.Maslahat duşuşygyna mary säheriniň Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar. Maslahat duşuşygynyň dowamynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli ugurlar bilen bir hatarda, döredijilikde hem ýaşlara görelde bolýandyklaryny, halk we döwlet ähmiýetli işleriniň daşyndan döredijilik bilen meşgullanyp, ýiti paýhasy bilen dürdäne eserleri döredip, halkymyza ýetirýändigini nygtamak bilen, bu eserlerde halkymyzyň şöhratly taryhy, beýik şahslarymyz, milli gymmatlyklarymyz, medeniýetimiz-sungatymyz, asylly däp-dessurlarymyz dogrusynda giňişleýin maglumatlaryň jemlenendigini aýtdylar. Şonuň ýaly-da, çykyşlarda talyp ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini okamak, öwrenmek, ýankitabyna öwürmekleri barada öwüt-ündew berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen ýaşlaryna okamaga, öwrenmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, zehinlerini açyp görkezmeklige giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza, halkymyz hem-de türkmen ýaşlary üçin gymmatly gollanma öwrülen ajaýyp eserleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

No image
GÜN-GÜNDEN GÖZELLEŞÝÄR, AK ŞÄHERIM AŞGABAT

Kitaphanalar

23.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän № 51-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde «Gün-günden gözelleşýär, ak şäherim Aşgabat» atly Aşgabat şäherimiziň günine bagyşlanan edebi-sazly ertirlik geçirildi. Edebi ertirligiň dowamynda çagalar, eziz Türkmenistan Watanymyzy, ak şäherimiz Aşgabady wasp edip, aýdym aýtdylar. kitaphanamyzyň hünärmenleri okuwçylara Aşgabat–gözelligiň, tämizligiň şäheri. Bu şäherde türkmen halkynyň kalby, ýüregi gül bolup açylýandygy, ak şäheriň nurana ýollaryna, tämiz seýilgählerine we dynç alyş meýdançalaryna seýil edeniňde, onuň jana şypaly howasyna, gülden görkli jemalyna we ajaýyplygyna haýran galdyrýandygy barada täsirli gürrüňler aýtdylar. Okuwçylar hem bolsa «Aşgabat», «Bagy-bossan şäherim», «Nurana şäher» ýaly birnäçe goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem okuwçylarda uly täsir galdyrdy. Edebi ertirligiň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri dör edip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
TÜRKMEN KEÇESI

Kitaphanalar

23.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen mekdebinde «Türkmen keçesi» kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda gadymy mirasa baý halkymyzyň sungat derejesine ýeten gymmatlyklary sanardan köpdügi, şolaryň içinde türkmen keçesine uly orun degişlidigi barada belläp geçdiler. Şeýlede bu kitapda halkymyzyň gadymy keçe taýýarlamak senediniň inçe syrlary, keçe önümleriniň köpdürliligi, onuň nagyşlarynyň many-mazmuny, halkymyzyň ruhy dünýäsinde tutýan orny barada giňişleýin gürrüň berdiler Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyza uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ENELERIŇ ARZUWY ABATLYK HEM SAGLYKDYR

Kitaphanalar

23.05.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Lebap welaýat bölümi we «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy bilen bilelikde «Eneleriň arzuwy abatlyk hem saglykdyr» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde zenanlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy,olaryň jemgyýetdäki tutýan orny, enä hormat goýmak barada giňişleýin gürrüňler edildi.

No image
AŞGABAT-PARAHATÇYLYGYŇ WE DOSTLUGYŇ ŞÄHERI

Kitaphanalar

22.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat-parahatçylygyň we dostlugyň şäheri» ady bilen 10 ýyl Abadançylyk şaýolynyň ugryndaky «Dutar» monumentiniň öňünde söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzyň her bir güni halkymyzyň, belent buýsanjyna hem söýgüsine beslenip, paýtagtymyzyň gün-günden ösýändigi, özgerýändigi, gurulup ulanmaga berilýän dürli maksatly häzirki zaman döwrebap binalaryň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa ýurdumyzda binagärligiň ösen derejesini görkezýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Aşgabat bu gün ak mermere beslenen, bir-birinden owadan, kaşaň binalary, köşkleri, ýaşaýyş jaýlary, ylym-bilim, saglyk hem sport, medeni-dynç alyş desgalary, häzirki zamanyň talaplaryna, halkara ülňülerine laýyk gelýän şaýollary, seýilgähleri hem suw çüwdürimler toplumlary göreni haýran edýändigi barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda owadanlygy, juwanlygy bilen dünýäniň nazaryny özünde jemleýän merjen paýtagtymyzy ösdürmek, özgertmek üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa ornaşdyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
HALY TÜRKMENIŇ MILLI GUWANJY

Kitaphanalar

22.05.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, kitaphananyň we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde gurnamagynda Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmaklarynda türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Türkmeniň halysy göýäki nur ol, Taryhyň ýüzünde ýazylgy dur ol» atly mowzuk agşamy geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan «Haly türkmeniň milli guwanjy» ady bilen guralan kitap sergisine syn etdiler. Maslahatyň dowamynda türkmen halysynyň dünýäde tanalmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
MERMER ŞÄHER AŞGABAT

Kitaphanalar

22.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Mermer şäher Aşgabat» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gözel ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat-Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent ynsanperwerlikden, parahatçylyk söýüjilikden gözbaş alýan içeri we daşary syýasatlarynyň netijesinde abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp sanly döwletleri bilen ýola goýulan dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň aýdyň beýanydygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ata Watanymyz hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, ähli ýurtlar bilen dost-doganlyk, hoşniýetli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň alynyp barylýandygyny, Aşgabat şäheri bolsa bu köpugurly döredijilikli syýasatyň esasy merkezidigi barada beýan etdiler. Çäräniň ahyrynda Watanymyzy gülledip, halkymyzy ösüşlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Kitaphanalar

22.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda «Parahatdyr diýarym, eziz Türkmenistanym» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini ösdürmek, dünýäde giňden wagyz etmek, şonuň bilen birlikde ýurdumyzda ähli pudaklar boýunça birnäçe işleri amala aşyrmak, biziň asylly maksatlarymyza öwrülendigi, Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň abadan we parahat durmuşda ýaşamagy üçin ähli tagallalary edýändigi, häzirki wagtda ýaş nesillerimiziň watansöýüji bolup ýetişmegi, ýurdymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşmaklary ugrunda beýik işleriň durmuşa geçirilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Ýurdymyzyň dürli künjeklerinde Watanymyzyň parahatlygyny wasp edýän dabaralar ýaýbaňlanyp, bu bolsa ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemäge, olarda asuda Watanymyza bolan çäksiz söýgüsini has-da artmagyna uly täsirini ýetirýändigi bellediler. Çäräniň dowamynda talyp ýaşlaryň ýerine ýetiren Watanymyzy, Baky Bitaraplygymyzy wasp edýän goşgulary çäräniň täsirini has-da artdyrdy. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ÇAGALAR BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

Kitaphanalar

22.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde guramagynda «Çagalar biziň geljegimizdir» atly söhbetdeşlik geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, milli ruhda terbiýelenmegi ugrunda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Garaşsyz Diýarymyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmäge berilýän üns hem bu ugurda bellenilmäge mynasypdyr. Bagtyýar körpeleriň wagtlarynyň şadyýan, her pursatynyň many-mazmunly geçmegi barada biziň hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzda çagalara degişli alnyp barylýan netijeli işler döwrüň ruhy bilen kämilleşdirilýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň asuda, parahat durmuşda ýaşamagy üçin atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri üstünliklere beslensin!

No image
HALKARA BITARAPLYGYŇ-PARAHATÇYLYGYŇ YNANYŞMAGYŇ ÝAŇY

Kitaphanalar

22.05.2025

Lebap welaýat kitaphanasynda, kitaphananyň we Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesi bilen bilelikde gurnamagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap» welaýatyň bilim, saglygy goraýyş işgärleri, talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Halkara Bitaraplygyň-parahatçylygyň ynanyşmagyň ýaňy» atly maslahat geçirildi. Gatnaşyjylar kitaphana hünärmenleri tarapyndan guralan kitap sergisine syn etdiler. Maslahatyň dowamynda türkmen halkyna işlemäne, ýaşamana ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.