logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«BEÝIK ÝEŇŞIŇ ŞANYNA» ATLY BEÝIK ÝEŇIŞIŇ 80 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP MEKDEP OKUWÇYLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA DABARALY ÇÄRE GEÇIRILDI

Kitaphanalar

09.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Aşgabat şäheriniň № 51-nji orta mekdebinde «Beýik ýeňşiň şanyna» atly Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygyna bagyşlap mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda dabaraly çäre geçirildi. Watanyň taryhynda halkyň durmuşynda mukaddes hakyda öwrülip, nesiller tarapyndan hatyralanyp, her ýyl bellenilýän seneleriň üýtgeşik terbiýeçilik ähmiýeti bar. Her ýylyň 9-njy maý güni ýurdumyzda 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňiş güni uly dabara bilen bellenilýär. Parahat diýarymyzyň ähli künjeklerinde, mekdeplerde söweş meýdanlarynda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, edermenligiň we gahrymançylygyň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlarymyzyň sarpasyna bagyşlanan çäreler geçirilýär. Geçirilýän çärede mekdep okuwçylary urşa gatnaşan gerçeklerimiziň hormatyna suratlaryny ellerinde göterip nyzama durdylar. Olaryň hormatyna baş egip, gül desselerini goýdular. Şeýle hem wetaranlarymyzyň hormatyna sahnalaşdyrylan oýun, goşgy, aýdym aýdyp, çykyş etdiler. «Beýik ýeňşiň şanyna» atly geçirilen çärede türkmen, rus ýazyjy şahyrlarynyň kitaplaryndan sergi gurnaldy. Geçirilen ertirligiň ahyrynda asuda we parahat ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin atalyk aladasyny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Alym Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ŞAHYRY

Kitaphanalar

09.05.2025

Çagalaryň ýüreklerinde yz galdyran çaga ýürekli şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň 95 ýyl ýubileýi mynasybetli Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynda welaýatyň döredijilik işgärleri bilen duşuşyk agşamy geçirildi we bu mynasybetli kitaphana gaznasyndan «Çaga ýüreginiň owazy» atly göçme sergisi hem-de Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda körpeje çagalarymyz üçin wagtlaýyn sergileri gurnaldy. Dünýäniň çagalar edebiýatynda G.H.Andersen adyndaky Halkara baýragynyň merkezi Aziýa boýunça ýeketäk eýesi şahyr Kaýum Taňrygulyýewiň ömür beýany hakynda gatnaşan şahyrlar, habarçylar we welaýatymyzyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet Mugallymçylyk Institutynyň Dil we edebiýat kafedrasynyň mugallymlarynyň beren gyzykly gürrüňleri gurnalan göçme sergileri gatnaşan talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda medeniýete sungata uly sarpa goýýan, dünýäde parahatçylyk taglymatyny dabaralandyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI ÝAŞLARYMYZA GÖRELDE MEKDEBI

Kitaphanalar

09.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesiniň gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri ýaşlarymyza görelde mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde täze taryhy eýýamyzda eziz ýurdumyz ösüşiň kämil derejesi bagta barýan ak ýollarda batly ynam bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek we olary ylymly–bilimli giň dünýä garaýyşyny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Her bir tutumda bize nusgalyk görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly eserleri bu günki gün her bir ýaşlarymyzy Watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma mekdebi bolup durýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi öz saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagy üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
SÖZ MÜLKÜNIŇ BOSSANY

Kitaphanalar

09.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri paýtagtymyzyň kitaphanalarynda zähmet çekýän kitaphanaçylar bilen «Magtymguly Pyragy» seýilgäh toplumynda «Söz mülküniň bossany» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda beýik söz ussady, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Pyragynyň şygyrlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada hem aýratyn nygtaldy. Şeýle-de beýik dagyň gerşinde agzybirligiň, jebisligiň, asudalygyň we parahatçylygyň wagyzçysy Magtymguly Pyragynyň keşbi janlandyrylan ajaýyp heýkel barada hem täsirli gürrüňler edildi. Duşuşyga «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ösdürmäge goşant goşan ussatlarymyzyň döredijiligini ýaşlara giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
WATANY GORAN GAHRYMANLARA ŞÖHRAT

Kitaphanalar

08.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasy bilen Ýasmansalyk medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda «Watany goran gahrymanlara şöhrat» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly weteranlarymyzyň bütin durkuň bilen Watanymyzyň mukaddesliklerine uýmak, agzybirligimiziň, jebisligimiziň, abraý-mertebämiziň synmazlygyny gorap saklamak, ynsan mertebesini belent tutmak, ak ýürekli, lebzihalal, zähmetsöýer, belent ahlakly bolmak, manyly ömür sürmek baradaky öwüt-ündewlerine hem-de nesihatlaryna eýerip, eziz Watanymyz, mähriban halkymyz üçin okamak, öwrenmek, döretmek, gurmak, ýurdumyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz bolup durýandygy barada söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
BAKYDYR DÜNÝÄDE ÝEŇIŞ BAÝRAMY

Kitaphanalar

08.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Bakydyr dünýäde Ýeňiş baýramy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hakydalarda gaýduwsyzlygyň, watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hakyky mertligiň mekdebi bolan, parahat, asuda, ýaşaýşyň binýadyny berkarar eden, parahatçylyk we azatlyk ugrunda söweşen Watan ogullarynyň edermenlikleri her ýylyň 9-njy maýynda uly dabaralar bilen ýatlanyp geçilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Beýik Watançylyk urşuna türkmen ýigitleriniň hem gatnaşandygy, olaryň mukaddes topragymyzyň asudalygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda görkezen edermenlikleri barada gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
EDERMENLIGIŇ BEÝIK NUSGASY

Kitaphanalar

08.05.2025

Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda Sakarçäge etrabyndaky 45-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Edermenligiň beýik nusgasy» atly söhbetdeşlik we göçme kitap sergisi gurnaldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyñ Galkynyşly döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen mähriban Watanymyzyň her daban ýerini gorap, halkymyzyň mertebesini beýgelden Gahrymanlarymyza uly sarpa, çäksiz hormat goýulýar. Olaryň bagtyýar geljek üçin geren döşleri, görkezen gahrymançylyklary bu günki nesiller üçin nusgalyk görelde bolup durýar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy uruş weteranlarynyň söweşlerde görkezen deňsiz-taýsyz gahrymançylykly ýollary, merdanalygy, ýanbermez erkleri, durmuş pelsepeleri we öz zähmeti bilen Beýik Ýeňşe saldamly goşant-goşan gelin-gyzlaryň, şu günki ak saçly enelerimiziň nusgalyk edermenligi, watansöýüjilik, mertlik, gahrymanlyk hakyndaky ýatlamalary, öwüt-ündewleri ýaş nesilleri ata Watany jan-tenden söýýän, bu mukaddeslikleri gorap saklaýan, ýokary ahlakly, ilhalar adamlar edip kemala getirmekde, agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmakda örän uly ähmiýete eýe bolýanlygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watan gerçeklerimizi hormat goýup, sarpalaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

No image
KITAPHANAMYZYŇ ELEKTRON DÜNÝÄSI

Kitaphanalar

08.05.2025

Mary welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Mary welaýat kitaphanasynyň kompýuter zalynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly kitaphana täze gelen edebiýatlaryň elektron görnüşleri bilen tanyşdyryldy. Islendik ýurduň ösüşi, ilki bilen onuň ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Şonuň üçin jemgyýetiň arasynda ylmyň häzirki zaman gazanan netijelerini durmuşa ornaşdyrmak, döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak ýurdumyzda gaýragoýulmasyz işleriň biri bolup durýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da artdyrmagy ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmak maksadyny wezipe edip goýdy. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda degişli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

No image
KITAPHANA GEZELENÇ

Kitaphanalar

08.05.2025

Mary welaýat kitaphanasyna Marynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda gezelenç geçirildi. Mary welaýat kitaphanasyna Marynyň H.Derýaýew adyndaky mugallymçylyk orta okuw mekdebiniň talyplarynyň, mugallymlarynyň gelmegi kitaphana hünärmenlerini has-da begendirdi, buýsandyrdy. Talyplar kitaphananyň ähli bölümlerine aýlanyp, döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary basgançaklara götermegi öz öňlerinde borç hasaplaýarlar. Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

No image
«ÇAGALARYŇ SÖÝGÜLI ŞAHYRY» ATLY TÜRKMENISTANYŇ HALK ÝAZYJYSY KAÝUM TAŇRYGULYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 95 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP GEÇIRILEN EDEBI SAZLY ERTIRLIK

Kitaphanalar

08.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, ýaňy- ýakynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän №74-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde «Çagalaryň söýgüli şahyry» atly Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlap edebi sazly ertirlik geçirildi. Edebi sazly ertirlige Türkmenistanyň «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri Süleýman Ilamanow, hem-de şahyryň ogly «Diýar» žurnalynyň foto habarçysy Ahmet Taňtygulyýew, gyzy Maýa Taňrygulyýewa gatnaşdylar. Myhmanlar şahyr Kaýum Taňrygulyýew hakynda gyzykly we täsirli gürrüňler edip berdiler. Mekdep okuwçylary şahyryň pasyllara degişli goşgularyny, birnäçe matallar, ýaňlytmaç häsiýetli goşgularyny labyzly edip aýdyp berdiler. Hünärmenler şahyryň kitaplaryndan sergi gurnadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda bütin adamzadyň ykbaly, ýagty geljegi hakynda alada edýän beýik başlangyçlary, ýurt hem dünýä ähmiýetli beýik işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan ediler.