logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
BERKARARLYGYŇ SYNMAZ SÜTÜNLERI

Kitaphanalar

14.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Berkararlygyň synmaz sütünleri» ady bilen aýdym-sazly, wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşyl tugymyz dünýä ýüzünde belentden parlap, Türkmenistanyň at-abraýyny, şan-şöhratyny dünýä derejesinde gazanýan ajaýyp üstünlikleri äleme ýaýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Kanunymyzyň, milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamaga, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp, şu kanunyň kabul edilendigini hakynda gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Ylham» dutarçylar toparynyň aýdym-sazlary, çykyşlary, ýaşyl tugumyzy wasp edýän goşgulary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ADYL KANUN, ŞÖHLÄŇ DÜNÝÄ ÝAÝRAÝAR

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda, ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Adyl kanun, şöhläň dünýä ýaýraýar» ady bilen edebi-sazly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatyň nyşany bolup türkmen halky Döwlet baýdagyny gözüniň göreji, başynyň täji hasaplaýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl tugy halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada asyrlarboýy eden arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň aňymyzda watançylygyň beýik ruhuny, häzirki wagtda özüniň ajaýyp geljegini gurýan halkymyzyň ruhubelentliklerini berkarar edýän milli mukaddeslik bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde ýaşyl Tugumyzy belentde parladýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
AZIÝANYŇ FUTBOL KONFEDERASIÝASYNYŇ ÇAGYRYŞ LIGASYNYŇ ÇEMPIONY «ARKADAG» FUTBOL TOPARYNY GARŞYLAMAK DABARASY

Kitaphanalar

14.05.2025

Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna garşylamak çäresi geçirildi. Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde “Arkadag” futbol toparynyň gazanan taryhy ýeňşi mynasybetli ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslary bilen garşy alyndy. Halkara derejede ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göteren futbolçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp, mynasyp bolan Kubogyny we “Arkadag” futbol toparynyň tapawutlanandygyny alamatlandyrýan baýraklary göterip, dabaranyň başlanýan ýerine geldiler. Mälim bolşy ýaly, “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kambojada geçirilen final ýaryşynyň ýeňijisi bolup, janköýerlerini begendirdi. “Çagyryş ligasynyň çempiony” diýen derejä mynasyp bolmagy bu toparyň türgenleriniň öňünde goýlan belent maksatlaryň amal bolýandygyny aňladýar. Toparyň türgenleri Akhan, Aba Annaýew hem-de Kärizek şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna tarap ugradylar. Ýol ugrunda ajaýyp ýeňiş gazanan futbolçylary Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary, zähmetkeşleri şele-de Döwletmmämet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň agzybir zähmet söýer işgärleri, şatlyk-şowhun bilen garşylamak dabarasyna gatnaşdyk. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäheriň nurana ýollarynyň ugrunda belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary “Arkadag” toparynyň taryhy ýeňşiniň waspyny ýetirdi. “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri 10 müň orunlyk stadionyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Ajaýyp ýeňiş gazanyp, halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşan futbolçylara türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerine laýyklykda, duz-çörek hödür edildi. Il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, ýaş türgenler futbolçylara ak ýol arzuw etdiler. Olaryň gazanan ýeňşi ýaş türgenler üçin nusgalyk göreldedir. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sportumyzyň, şol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Şular ýaly ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen sportynyň hak howandary, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun! Ömürleri uzak bolsun! Il ýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

No image
HALYPALARYŇ DÖREDIJILIK MEKDEBI

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy, ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli «Halypalaryň döredijilik mekdebi» ady bilen kitap sergisi guraldy. Kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary şeýle hem ýokarda ady agzalan ussat ýazyjy şahyrlarymyzyň dürli ýyllarda ýazan ajaýyp eserleri goýuldy. Okyjylarymyz bu guralan kitap sergisinden özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar.

No image
USSATLARYŇ DÖREDIJILIK ÝOLY

Kitaphanalar

14.05.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy, ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy mynasybetli «Ussatlaryň döredijilik ýoly» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler ýurdumyzyň halypa döredijilik işgärleri bolan Kaýum Taňrygulyýewiň doglan gününiň 95 ýyllygy, Rehmet Seýidowyň doglan gününiň 115 ýyllygy,ýazyjy Naryman Jumaýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy, ýazyjy Kömek Kulyýewiň doglan gününiň 70 ýyllygy barada we olaryň ömri we döredijiligi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen, bu ussat ýazyjy-şahyrlaryň kitaplary,biziň şu günki döredijilik işgärlerimiz üçin uly döredijilik mekdebidigini nygtadylar. Sözüň sungaty hiç wagt könelmeýär. Bu günki gün biziň ýaş nesillerimiz ýokarda ady agzalan halypa ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserlerini uly höwes bilen okaýarlar. Çykyş edenler öz söhbetleriniň ahyrynda türkmen medeniýetine we sungatyna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli alyp barýan ajaýyp işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

No image
DÖWLET BAÝDAGY–ÖZYGTYÝARLYLYGYŇ NYŞANY

Kitaphanalar

13.05.2025

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde ýurdumyzda Döwlet derejesinde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli «Döwlet Baýdagy–özygtyýarlylygyň nyşany» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenleri bilesigeliji okyjylarymyza Hormatly Prezidentimiziň mukaddes Tugumyzy dünýä ýüzünde belentde parlatmak ugrunda alyp barýan beýik işleri barada täsirli gürrüňler berdiler. Mekdebiň kitap söýüji ýaşlary hem ata Watanymyzy, ýaşyl Baýdagymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň hem asudalygyň nyşany hökmünde ýaşyl Tugumyzy belentde parladýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
KONSTITUSIÝA–DÖWLETIŇ MIZEMEZ BINÝADY

Kitaphanalar

12.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Konstitusiýa–döwletiň mizemez binýady» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň bilelikde bellenilmegi iki mukaddeslige goýulýan hormatyň nyşany bolup türkmen halky Döwlet baýdagyny gözüniň göreji, başynyň täji hasaplaýandygy barada giňişleýin belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl tugy halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada asyrlarboýy eden arzuwynyň amala aşmagynyň nyşany bolmak bilen çäklenmän, eýsem, biziň aňymyzda watançylygyň beýik ruhuny, häzirki wagtda özüniň ajaýyp geljegini gurýan halkymyzyň ruhubelentliklerini berkarar edýän milli mukaddeslik bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SÖZ MÜLKÜNIŇ BOSSANY

Kitaphanalar

12.05.2025

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri, paýtagtymyzyň kitaphanalarynda zähmet çekýän kitaphanaçylary şeýle hem «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde gurnamaklarynda «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda «Söz mülküniň bossany» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň agzybirlikde gadam goýan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde şol bir sanda eziz Diýarymyzda hem wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şular dogrusynda ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalar ulgamynyň zähmetsöýer kitaphanaçylary hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň çuň manyly eserleriniň nesil terbiýesindäki ähmiýeti dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Duşuşygynyň ahyrynda ylymlaryň-bilimleriň ojagy bolan kitaphanada ýerleşýän dürli pudaklara degişli çuň manyly kitaplary giň okyjylar köpçüligine ýetirmäge döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
MILLI GAHRYMANLARYŇ BELENT SARPASY

Kitaphanalar

09.05.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli «Milli Gahrymanlaryň belent sarpasy» atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenlerimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hakydalarda gaýduwsyzlygyň, watansöýüjiligiň, merdanalygyň, hakyky mertligiň mekdebi bolan, parahat, asuda, ýaşaýşyň binýadyny berkarar eden, parahatçylyk we azatlyk ugrunda söweşen Watan ogullarynyň edermenlikleri her ýylyň 9-njy maýynda uly dabaralar bilen ýatlanyp geçirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Beýik Watançylyk urşuna türkmen ýigitleriniň hem gatnaşandygy, olaryň mukaddes topragymyzyň asudalygy we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda görkezen edermenliklerini barada gürrüň berdiler. Mekdebiň okuwçylary Beýik Ýeňşe bagyşlanan aýdymlar, sazlary, ajaýyp şygyrlary uly höwes bilen ýerine ýetirdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda uly täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň ahyrynda bizi asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.

No image
ATA ÝURDUM YNANYŞMAGYŇ WATANY

Kitaphanalar

09.05.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ata ýurdum ynanyşmagyň Watany» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygy barada gürrüň berdiler. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygy, şeýle-de parahatçylyk, döredijilik, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplyk derejämiziň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilmeginiň 30 ýyllyk toýunyň giňden dabaralandyrylýandygy barada ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda döwletimiziň dünýä derejesindäki halkara abraýyny artdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.