logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
GALKYNYŞYŇ GANATLY GADAMLARY

Muzeýler

16.02.2026

Geçmişde şan-şöhrata eýe bolan döwletimiziň, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny we edebi mirasyny öwrenmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy wezipeleriň biridir. Lebap topragynyň çäklerinden akyp geçýän dürli döwürlerde, dürli atlar bilen tanalan, Amyderýanyň kenarlarynda ösen şäherler, obalar, galalar döräpdir. Şeýle gadymy ýadygärliklerde arheolog alymlar tarapyndan gazuw-agtaryş we ylmy barlag işleri geçirilende, taryhyň dürli eýýamlaryna, asyrlaryna degişli täsin milli gymmatlyklar, tapyndylar we maglumatlar ýüze çykaryldy. Şol tapyndylar gadymy we orta asyrlar döwründe ýaşan halklaryň ýaşaýşynyň, medeniýetiniň, sungatynyň has gadymylygyna doly göz ýetirmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmek hem-de taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy barlag işlerini geçirmek babatda yzygiderli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna mydama ünsi çekýär we bu babatda ýurdumyzyň arheologlary we etnograflary tarapyndan ylmy gözlegleriň netijesinde uly işler amala aşyrylýar. Gazuw-agtaryş işleri döwründe tapylan täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň arasynda bedewleriň heýkelleriniň bolmagy has-da täsirlidir we olaryň birnäçe görnüşi Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Şeýle işleriň geçirilmeginiň esasy baş maksady milli mirasymyzy giňden öwrenmekden we wagyz etmekden, halkymyzda gymmatly tapyndylary ýakyndan tomaşa etmäge, tanyşmaga, pederlerimizden bize miras galan baýlyklaryna buýsanmaga we öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Şol gymmatlyklary ylmy taýdan çuňňur öwrenmek,geljekki nesillere öz durkynda ýetirmek maksady bilen aýawly saklamak, wagyz etmek ugrunda ylmy taýdan uly işler geçirilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/7410.jpg) Bu günki gün gamyşgulak, ýelden ýüwrük, gözelligine taý gelmeýän ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä ýüzüne ýaň salýar. “Garaşsyz,baky bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň buýsanjy bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Sirk sungatyna goşan goşandy üçin ýörite şahadatnamanyň gowşurylmagy diýseň buýsançlydyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda döredildi we bu toparyň gazanan bu üstünligi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportyny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi , Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Lebap welaýat komitetleri we muzeýiň bilelikde gurnamagynda ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli hem-de eziz diýarymyzyň bedew batly ösüşleri dogrusynda dabaraly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.Duşuşygyň barşynda muzeý hünärmenleri tarapyndan gurnalan “Gadamy batly bedew – ösüşlerimiziň binýady” atly wagtlaýyn sergä tomaşa etdiler. Sergide muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyz bolan bedew atlaryň ýapynjalary, torbalary, at esbaplary, toý–baýramlarda dakylýan owadan bezeg şaýlary giňden giňden ýaýbaňlandyryldy.Köp sanly tomaşaçylary özünde jemlän bu sergä gatnaşan ildeşlerimizde sergi ýakymly täsir galdyrdy. Sergi bilen tanyşlygyň barşynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylamak ugrunda zähmet çekmekde uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy. Şan-şöhratly taryhymyzy milli mirasymyzy öwrenmäge ony halkymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak belent başlary aman bolsun tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin ! ________________________________________ Klyçewa Dinara Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri

No image
MILLI BARLAGHANALARYŇ TANYŞDYRYLYŞY WE «BILELIKDÄKI GARAÝYŞ» MASLAHATY

Halkara gatnaşyklary

13.02.2026

Stambul şäherinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasynyň» jemleýji güni Milli barlaghanalaryň tanyşdyrylyşy we «Bilelikdäki garaýyş» atly maslahat bilen dowam etdirildi. Onda Beýik Ýüpek ýolunyň geografik we ruhy ýüregi bolan, türki siwilizasiýasynyň iň çuňňur gatlaklaryny saklap gelýän ýurdumyz-Türkmenistanyň adyndan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türki dünýäsi diňe bir dilleriň umumylygy däl-de, eýsem, tehnologik we çeperçilik gymmatlyklarynyň hem-de däp-dessurlarynyň umumylygy barada nygtap geçdi. Şu günki günde döwletleriň arasyndaky serhetler medeni alyş-çalyş üçin açyk we aýdyň bolýan wagtynda biziň umumy wezipämiz-mirasy gorap saklamak babatdaky ylmy gazananlarymyzy hem dünýä aýdyň we elýeterli etmekden ybaratdyr diýip belledi. Şeýle-de Türki dünýäsiniň çäginde geçirilýän şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy tarapyndan Ismail Orazowa uly dabara bilen Şahadatnama gowşuryldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2020.jpg)

No image
«BEDEW BATLY ZAMANAMYZYŇ MILLI MIRASY» ATLY SÖHBETDEŞLIK ÇÄRESI

Muzeýler

13.02.2026

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz halkyň ruhy aýnasydyr, millilige öwrülen buýsanjydyr. Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy öwrenmek, ösdürmek ugrunda möhüm işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Bedew batly zamanamyzyň milli mirasy” atly gurnalan wagtlaýyn sergi barada muzeý hünärmeniniň gatnaşmagynda “Miras” teleýaýlymynda söhbetdeşlik ýazgysy geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda sergide goýulan milli gymmatlyklarymyzyň aňladýan many-mazmuny, zenan ellerinden dörän haly we haly önümleri, kilim-palaslar, milli lybaslarymyzyň özboluşly aýratynlyklary, keşdedir-nagyşlaryň taryhy gelip çykyşy we gaýtalanmaýan owadanlyga eýe bolan şaý-seplerimiz barada gyzykly gürrüňler edildi. Sergidäki görkezilýän milli gymmatlyklarymyz özüniň köp öwüşgünligi, biziň günlerimizde gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilişi, ýaş nesillerimize öwredilişi, durmuşda zenan sarpasy, maşgala mukaddesligi we hüwdüleriň çaga terbiýesindäki ähmiýetleri barada durulyp geçildi. Şeýle-de türkmen zenanlarynyň milli ykdysadyýetimiziň bedew batly ösüş-özgerişlerine, ýurdumyzyň abadançylygyna, halkymyzyň jebisligine, agzybirligine, milli mirasymyzyň dürli görnüşlerini döretmekde başarjaňlyk bilen goşýan goşantlary, olaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda, ýaş nesli arassa ahlakly, milli ýörelgelerimize laýyklykda terbiýelemekde tutýan ornynyň ulydygy bellenilip geçildi. Söhbetdeşligiň barşynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde, gorap saklamakda we milli ruhynda terbiýelemekde uly mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy. Goý, ýurdumyzda alnyp barylýan belent özgerişleriň we ösüşleriň her bir güni bagtyýar zamanamyzda bedew batly ösüşlere beslensin! _________________________ Ogulgerek Agajanowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
BARLAG INFRASTRUKTURASY WE TEHNIKI SESSIÝALAR

Halkara gatnaşyklary

12.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda muzeý gaznalarynyň gymmatlyklarynyň daşary ýurtlarda görkezilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini gorap saklamak we öwrenmek işlerini giňden wagyz etmek meselelerine möhüm ähmiýet berýändikleriniň aýdyň netijesidir. Ynha, şu günlerde dowam etdirilýän Stambul şäherindäki «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasynda» türki döwletleriň mirasyny gorap saklamak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň çäklerinde «Barlag infrastrukturasy we tehniki sessiýalar» barada professorlar öz işlerini dowam etdirýärler. Köp ýyllaryň dowamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijesinde taryhy ýadygärliklerden tapylan gyzykly açyşlar edildi. Arheologlar bu ýerde taryhy tapyndylary rejeläp, olaryň durkuny dikeltmek ýaly köp sanly işleri alyp barýarlar. Şeýle işleriň baş maksady dünýäniň taryhyny, medeni-mirasyny, ýadygärlikleri hem-de arheologiki tapyndylary öwrenmekden, gorap saklamakdan we dikeltmekden ybaratdyr. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/221.jpg)

No image
DIKELDIŞ WE GORAP SAKLAMAK TEJRIBELERI

Halkara gatnaşyklary

11.02.2026

Taryhy gymmatlyklar-bu diňe bir geçmişiň galyndylary däl-de, eýsem adamzat siwilizasiýasynyň maddy we medeni mirasy. Dünýä derejesinde bu mirasy gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek we aslyna laýyk görnüşde rejelemek häzirki wagtda iň wajyp meseleleriň birine öwrüldi. Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasy» atly halkara maslahaty 11-nji fewralda Stambul şäheriniň Stambul merkezi we sebit restawrasiýa we konserwasiýa müdirýetinde «Dikeldiş we gorap saklamak tejribeleri» boýunça dowam etdirilýär. Bu ýerde professorlar barlag işini hem-de rejeleýiş işini geçirişleri boýunça çykyş etdiler. Türki dünýäsiniň taryhyny öwrenmek, gorap saklamak, maddy we ruhy mirasyny dünýäde wagyz etmek barada sorag-jogap alşyldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2012.jpg)

No image
BILDIRIŞ!

Muzeýler

11.02.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi 2026-njy ýylyň 16-njy fewralynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Abadançylyk–türkmen diplomatiýasynyň binýady» atly gurnalan serginiň açylyş dabarasyna çagyrýar. Biziň salgymyz: Arçabil şaýolunyň 50-nji jaýy Habarlaşmak üçin tel: 48-25-92

No image
BARLAGHANA USULLARY WE ÝERINDÄKI SELJERMELER

Halkara gatnaşyklary

10.02.2026

Häzirki wagtda maksatnama laýyklykda gozgalýan we gozgalmaýan medeni mirasy goramak we dikeltmek, öňüni alyş işlerini, materiallaryň seljermesi, sanly resminama we barlaghana esasly gözlegler boýunça Türki döwletleriň arasynda ylmy tejribe alşylýar. 10-njy fewralda – Ankara şäherinde geçirilýän maslahatda «Barlaghana usullary we ýerindäki seljermeler» barada içgin tanyşlyk bilen dowam etdirildi. Şeýlelik-de dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalaryna, muzeýleriň gorap saklaýyş bölümlerine we miras ýerlerine meýdan saparlary, türkiýeli hünärmenler bilen duşuşyklar we Türki dünýäsiniň dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalarynyň torunyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek we umumy ylmy we amaly ülňelerini döretmek üçin niýetlenen tehniki seminarlar geçirildi. Olaryň barşynda başga-da birnäçe meselelere garaldy.

No image
ANATOLIÝA MEDENIÝETLERI MUZEÝINDE MASLAHAT

Halkara gatnaşyklary

10.02.2026

«Türki dünýäsiniň dikeldiş we ulgamlaýyn barlaghanalarynyň toruny (TWRCLN)» döretmegiň çäklerinde, Türki medeniýetiniň mirasy we gaznasy, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Türki dünýäsi gaznasy we Türkiýäniň beýleki degişli edaralary bilen hyzmatdaşlykda 2026-njy ýylyň 9-13-nji fewraly aralygynda Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilýän «Dikeldiş we gorap saklaýyş barlaghanalary üçin Türkiýe tejribe alyşma maksatnamasy» öz işine başlady. 9-njy fewralda–Ankara şäherinde Arheometriýa we muzeýşynaslyk ugry boýunça maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ismail Orazow gatnaşdy. Maslahatyň barşynda taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen bagly işlenen taslamalaryň çäklerinde medeni gymmatlyklary rejelemek, olary dikeltmek, şeýle hem şol gymmatlyklaryň sanly tehnologiýalar arkaly nusgalaryny taýýarlamak barada çykyşlarda beýan edildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/20.jpg)

No image
TÜRKMEN BEDEWI–BEDEW BATLY ÜSTÜNLIKLERIŇ NYŞANY

Muzeýler

09.02.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşly döwründe halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli gymmatlyklary täzeçe many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: ”Türkmen bedewleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, öý-ojagymyzyň ýaraşygydyr, bahasyna ýetip bolmajak milli baýlygymyzdyr”. Bu jümleler türkmen bedewiniň halkymyzyň ykbalyndaky ornuny doly açyp görkezýär. Şoňa görä-de, “At–myrat” diýen ýörelgäni döreden halkymyz özüniň iň nurana arzuwlaryny we beýik maksatlaryny hemişe ahalteke bedewleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bedewler türkmen halkynyň ýaşaýyş ýörelgesiniň, medeniýetiniň we ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýörelgeleri we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has-da belende galyp, bütin dünýäde dabaralanýar Behişdi bedewlerimiziň at-owazasy halkymyzyň çüwen bagtynyň nyşany,toý-baýramlarymyzyň bezegi bolup, äleme ýaň salýar. Bu günki gün ahalteke bedewlerimiziň gözelligi, ajaýyp başarnyklary dünýä derejesinde hem ykrar edilýär. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan–bedew batly-at myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyna abraý goşýan ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä Sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli halkymyzy guwandyrdy.Bu abraýly baýraklar Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara Sirk sungaty festiwalyň çäklerinde gowşuryldy.Ýaňy ýakynda bolsa taryhy ýylymyzyň 4-nji fewralynda Gahryman Arkadagymyz ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryny Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä Sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy bilen gutlap, hormatly Prezidentimiziň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlary hem-de nepislik bilen ýasalan at eýelerini gowşurmagy bu toparyň agzalaryny hem-de ýurdumyzyň ähli ýaşlaryny begendirdi. Mahlasy. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly-myradyň mekany” ýyly- türkmen milli atçylyk sungatynyň halkara abraýynyň dolmagy bolup, şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna özboluşly toý buşlugy bolup hemmeleriň göwün guşuny al asmana göterdi. Şu taryhy göwün joşduryjy wakalar mynasybetli hem-de ýurdumyzda ahalteke bedewlerimize goýulýan sarpa, watanymyzyň bedew batly ösüşleri dogrusynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň hem-de muzeýiň bilelikde gurnamagynda ,,Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi.Baý many-mazmunly çykyşlary özünde jemlän söhbetdeşlik çäresinde täsirli söhbetler edildi. Olaryň her biri watanymyzy bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýan, behişdi bedewlerimize çäksiz sarpa goýýan eşretli zamanada ýaşamaga, milli gymmatlyklarymyzy halkymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny, çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler. ____________________________ Gülälek Batyrowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
MILLI MIRASYMYZYŇ SARPALANÝAN MEKANY

Muzeýler

09.02.2026

Bäş müň ýyllyk taryhy özünde jemleýän milli mirasymyz diňe bir halk senetçiliginiň gymmatly ýadygärligi, milletiň maddy hazynasy, ruhy täji bolmak bilen çäklenmän, şol bir wagtda halkymyzyň taryhyny öwrenmekde-de egsilmez çeşmedir. 2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň “Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky” Konwensiýasyna goşuldy we şondan bäri onuň iň işjeň agzasy bolup durýar. Bu ugurda dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän medeni-ruhy gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawynda mynasyp orun tapýar. ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan--bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda geçirilýän çäreler, milli gymmatlyklarymyz ýaýbaňlandyrylyp giňişleýin gurnalýan sergiler, wagyz-nesihat duşuşyklary müň dürli öwüşgünleri özünde jemleýän milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly gurnalýan söhbetdeşlikler, dabaraly çäreleriň üstüni ýetirýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/963.jpg) Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde muzeýiň gaznasynda saklanylýan muzeý gymmatlyklaryndan düzülen milli mirasymyzy şöhlelendirýän ,,Milli egin-eşigim, görküm, geleşigim” atly wagtlaýyn sergisi gurnaldy. Giňişleýin sergide milli mirasymyzyň köpöwüşgünli millilikleri, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işlerimizi beýan edýän milli gymmatlyklarymyz görkezildi. Ussatlyk bilen dokalan halylarymyzy, mähir hem-de yhlas siňdirilip bejerlen tahýalarymyzy, türkmen tebigatynyň ajaýyp reňkleri siňen keşdelerimizi we keçelerimizi içgin synlanyňda, olaryň türkmen halkynyň dünýä medeniýetine, sungatyna saldamly goşant goşandygyna aýdyň göz ýetirýärsiň hem-de milli gymmatlyklarymyzyň, sarpalanýan mekanynda mirasymyza goýulýan sarpanyň juda uludygyna guwanýarsyň. Munuň özi Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladalary netijesinde baý ruhy-medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamak, geljekki nesillere miras galdyrmak üçin döredilýän uly mümkinçilikleriniň we şertleriň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen, milli gymmatlyklarymyzy, baý medeni mirasymyzy halkymyzyň arasynda giňden wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! _______________________ Gülnur Pygamowa Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri