logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ PREMÝERINIŇ BIRINJI ORUNBASARY BILEN DUŞUŞDY

Täzelikler

03.09.2025

2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, ŞHG-niň sammitine gatnaşandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimiziň Başlyk Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň ähmiýetine ünsi çekip, Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly üns berýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklar, medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk, syýasy dialog işjeň ösdürilýär. HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary 2023-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. Hormatly Prezidentimiz bildirilen myhmansöýerlik üçin ýurdumyzyň wekiliýetiniň adyndan minnetdarlygyny beýan edip, hytaý tarapyny Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady hem-de onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ŞHG-niň giňişliginde abadançylygy üpjün etmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Din Sýuesýany we Hytaý Halk Respublikasynyň dostlukly halkyny Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli gutlady. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky gatnaşyklar strategik we uzak möhletli häsiýete eýe bolup, ýurdumyz ýola goýlan hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Häzirki wagtda iki ýurt ýokary döwlet, Hökümet we ministrler derejesinde netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Parlament wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar, sebitara hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn özara hereketleriň üstüni ýetirip, ony many-mazmun bilen baýlaşdyrýar. Bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmak, iki ýurduň söwda-ykdysady kuwwatyny durmuşa geçirmek işinde hökümetara komitete uly ähmiýet berilýär.

No image
TÜRKMEN-HYTAÝ HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARY DOSTLUKLY KASAMA BAKY YGRARLYDYR

Täzelikler

03.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞDY 2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pekin şäherine ugramak üçin Týanszin şäheriniň demir ýol menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary dabaraly ýagdaýda ugratdylar. Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypa açylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklary gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Gadymy döwürlerde iki halky baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoly bu gün ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy döwrebap görnüşde pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň HHR-e şu gezekki sapary hem özara ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. ...Biraz salymdan döwlet Baştutanymyz ýörite otluda Pekiniň demir ýol menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz myhmansöýerligiň asylly däbine görä, mähirli garşylanyldy. Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz Hytaýyň Halk ýygnaklar öýüne bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. HHR-iň Baştutany belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Hytaýa gelendigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Şeýle-de Si Szinpin Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady. Ol «Merkezi Aziýa-Hytaý» formatyndaky sammitiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen bolan duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, onuň netijeleri boýunça bilelikdäki işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady. Başlyk Si Szinpin hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň möhüm ähmiýetini belläp, HHR-iň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny, Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny we çäk bitewüligini goldaýandygyny aýtdy.

No image
BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNI

Täzelikler

02.09.2025

Bilim almak, hünär öwrenmek halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan, nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Şeýle ajaýyp baýramçylyk Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem geçirildi. Dabara Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belentden ýaňlanmagy bilen başlandy. 2025–2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen mähirli gutlagy diňlenildi. Şeýle-de, halypalaryň talyp ýaşlarymyza ýüzlenen gutlag çykyşlary ýerine ýetirildi. Dabaranyň dowamy aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. 2025-2026-njy okuw ýylynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly ilkinji okuw sapagy bilim ojagyna gadam basan 1-nji ýyllyk talyplaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy sene boldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/12.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/13.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/14.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/15.jpg)

No image
TÜRKMENISTANYŇ MILLI BILIM ULGAMYNYŇ ÖSÜŞINDE MÖHÜM WAKA

Täzelikler

02.09.2025

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ PAÝTAGTYMYZDA HALKARA SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER UNIWERSITETINIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat gelen bu waka milli bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy tejribesine laýyklykda ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim boldy. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döredilýän mümkinçilikler ösen aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaş nesliň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biridir. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga hem aýratyn üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, bilim işini dolandyrmagyň umumy kabul edilen ýörelgelerini ornaşdyrmak, bilimiň, ylmy işleriň önümçilik bilen arabaglanyşygyny üpjün etmek, talyplaryň nazary bilimlerini amaly şertlerde has-da kämilleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Telekeçiler bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýjüdir. Gahryman Arkadagymyzyň kiçi we orta telekeçiligi goldamak babatda öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda gysga döwrüň içinde ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmäge, hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge ukyply işewürler jemgyýeti kemala geldi. Telekeçiler milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda netijeli iş alyp barmak bilen, giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýarlar. Hususy işewürleriň döwletimiziň jemi içerki önüminiň ösüşinde hem mynasyp paýy bar. Olar “Türkmenistanda öndürildi” diýen milli nyşanly harytlaryň görnüşlerini we möçberini yzygiderli artdyryp, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleri bilen ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da berkidýärler. Şu ýyl jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,6 göterime ýetirmek maksat edinilýär. Munuň özi Diýarymyzda telekeçiligi ösdürmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

No image
«ŞHG+» FORMATYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI UGURLARY KESGITLENILDI

Täzelikler

02.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY 1-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. «ŞHG+» formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri, dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp, hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Has giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak «ŞHG+» formatynyň esasy maksady bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we «ŞHG+» formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu format özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Başlyk Si Szinpin şu gün sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň netijeli geçjekdigine ynam bildirdi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe öwrülendigini, munuň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-ä we onuň alyp barýan işine uly hormat goýýar. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýäris.

No image
BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE BAGYŞLANYP YLMY-AMALY MASLAHATY

Täzelikler

29.08.2025

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlary geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň gymmatyny öwretmekde bilimiň orny» ady bilen mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. Maslahatda «Bilim berk binýatly binadyr», «Ylym-bilim umumadamzat gymmatlygydyr», «Halkara gatnaşyklarynda bilim ulgamynyň aýratynlygy», «Orta asyr çeşmelerinde Merw kitaphanalary», «Nesil terbiýesi, nusgalyk mekdep», «Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilimiň orny», «Milli terbiýe–asylly ýörelge», «Medeni gatnaşyklarda sungatyň döredijilik ýoly», «Şekillendiriş sungatyň döredijilik aýratynlygy», «Binagärlik we heýkeltaraşlyk sungatynyň sazlaşygy» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi.

No image
MILLILIK–NESIL TERBIÝESINIŇ ÖZENI

Täzelikler

28.08.2025

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramaklarynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen ýurdumyzyň medeni gymmatlyklaryny, şeýle hem ýokary derejede guramaçylykly geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Millilik–nesil terbiýesiniň özeni» atly söhbetdeşlik geçirildi.

No image
BILDIRIŞ!

Täzelikler

27.08.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň «Görogly» adyndaky döwlet atçylyk sirki we «Aba Annaýew» adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Görogly» şadessanyndan sahnalaşdyrylan «Görogly» atly sirk çykyşyny Size hödürleýar. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň tanymal artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler. Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda «online» görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95. Türkmenistanyň Döwlet sirkine hoş geldiňiz.

No image
BILDIRIŞ!

Täzelikler

25.08.2025

Hormatly Watandaşlar, Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsümiň başlamagy bilen, Arkadag şäheriniň «Görogly» adyndaky döwlet atçylyk sirki we «Aba Annaýew» adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde «Görogly» şadessanyndan sahnalaşdyrylan «Görogly» atly sirk çykyşyny Size hödürleýär. Çykyşyň dowamynda Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup baş baýraklara eýe bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkleriniň tanymal artistleri çykyş ederler. Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri görkeziler. Giriş petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasynda «online» görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: 39-80-44 / 39-80-45 / 36-10-95

No image
KÖPASYRLYK DOSTLUK WE HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK RUHUNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYGY PUGTALANDYRYP

Täzelikler

23.08.2025

22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Kongresler merkezinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Ýokary derejedäki duşuşyk başlamazdan ozal, wekiliýetleriň Baştutanlarynyň üç ýurduň Döwlet baýdaklarynyň hem-de duşuşygyň banneriniň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy boldy. Soňra üçtaraplaýyn görnüşde gepleşikler geçirildi. Türkmenistana sapar bilen gelmek we ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin doganlyk ýurtlaryň döwlet Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz sebitiň ýurtlarynyň halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, umumy taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny aýtdy. Bu bolsa köpugurly gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn görnüşde-de pugtalandyrylmagy üçin berk binýat bolup hyzmat edýär. Häzirki wagtda üç döwletiň arasynda syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlaryndaky gatnaşyklar döwrebap görnüşde ösdürilýär. Şunda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm orun degişlidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşygyň dowamynda bilelikdäki tagallalaryň mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny hem-de onuň netijeleri boýunça wajyp ylalaşyklara gol çekiljekdigini aýtdy. Türkmenistan, Azerbaýjan hem-de Özbegistan Ýewraziýanyň çatrygynda, geografik taýdan amatly ýerde, ýagny Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm böleginde ýerleşýär. Munuň özi ýurtlaryň tebigy çig mallara baý bolmaklary bilen, energetika, ulag-logistika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaklary babatda oňaýly şertleri döredýär. Milli Liderimiz şular barada aýdyp, bar bolan mümkinçilikleri netijeli we doly kuwwatynda ulanmagyň biziň doganlyk halklarymyzyň eşretli, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge, döwletlerimiziň dünýädäki geosyýasy we geoykdysady ornuny berkitmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi hem-de döwletara gatnaşyklaryň gün tertibinde medeni-durmuş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Bu ugurlardaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi halklarymyzyň has-da ýakynlaşmagyna we jebisleşmegine itergi berer.