logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY GEPLEŞIKLER

Täzelikler

23.08.2025

22-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Ir bilen Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyndan çykyp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ugrady. Bu ýerde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Az salymdan hormatly Arkadagymyzyň uçary Türkmenbaşynyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Ýokary derejeli üç taraplaýyn duşuşygy kabul edýän kenarýaka şäheriň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurtlaryň Döwlet baýdaklary parlaýar. Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda-da netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň esasy şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriň geçirilýän mekany hökmünde eýeleýän ornuny pugtalandyrýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinden soňky ýyllarda keşbi düýpli özgeren «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ugrady. Syýahatçylyk zolagyna barýan, ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän ýollar onuň häzirki zaman amatlyklaryny özünde jemleýän binalary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygy kabul edýän Awazada ekologik meseleleriň oňyn çözülýändigini aňladýan görnüşler göwnüňi göterýär. Bu ugurda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän tokaý zolaklaryny döretmek strategiýasynyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr.

No image
AŞGABATDA ÇAGALAR ÜÇIN HALKARA SERGI-ÝARMARKA AÇYLDY

Täzelikler

22.08.2025

21-nji awgustda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka öz işine başlady. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkanyň guralmagy asylly däbe öwrüldi. Ol diňe bir çagalar üçin harytlary we hyzmatlary hödürlemek bilen çäklenmän, Diýarymyzyň bilim-terbiýeçilik ulgamynyň hünärmenleriniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşmaklary üçin hem amatly meýdança bolup hyzmat edýär. Sergi we onuň bilen utgaşyklylykda geçirilýän köp sanly gyzykly çäreler çagalarda, olaryň ata-enelerinde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Serginiň açylyş dabarasy çagalar döredijilik toparlarynyň bagtyýar çagalygy, Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, çagalaryň şatlykly gülküleri ýurdumyzyň abadançylygynyň, Watanymyzyň häzirki we ertirki gününe bolan ynamyň iň ajaýyp mysalydyr. Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilýän syýasat, şeýle hem ýörite maksatnamalar çagalaryň doly derejeli okamaklaryna, dynç almaklaryna, döretmeklerine, olaryň bilimli, ylymly, beden taýdan sagdyn, Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Soňra ýygnananlar sergi-ýarmarkanyň diwarlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň öňdebaryjy bilim merkezleriniň, çagalar üçin mebelleri, oýnawaçlary, serişdeleri, okuw esbaplaryny we öwrediji gollanmalary öndürýän, şeýle-de iýmit kärhanalarynyň 80-den gowragynyň diwarlyklary gurnaldy. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň wekilleri bar.

No image
«ÇALSANA, BAGŞY!» ATLY DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY

Täzelikler

21.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Dutarçylyk sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Halk bagşylarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän bu sungaty ähli döwürlerde aýratyn hormat-sarpa mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda türkmen dutarynyň şirin owazy berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Döredijilik bäsleşigine 18-35 ýaş aralygyndaky ýerine ýetirijileriň gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridiginiň güwäsidir. Onuň jemleýji tapgyryna Aşgabat we Arkadag şäherlerinden, ýurdumyzyň welaýatlaryndan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan bagşylaryň 14-si, dutarçy sazandalaryň hem 14-si gatnaşdy. Ilki bilen, dutarçy sazandalaryň çykyşlaryna orun berildi. Çalnan halk sazlarynda halkymyzyň milliligi, durmuş pelsepesi, ruhy dünýäsi öz beýanyny tapdy. Dutarçy sazandalaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan dünýäniň dürli halklarynyň sazlary, şol sanda nusgawy sazlar çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan «Çalsana, bagşy!» aýdymy dabaranyň iň şowhunly pursatlarynyň birine öwrüldi. Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Dabara gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de dutarçy sazandalaryň 14-siniň atlary yglan edildi we olaryň her biri ýörite diplom hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşigine gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/binalar/22%D0%B8.jpg)

No image
«ÇALSANA, BAGŞY!» DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ JEMLEÝJI TAPGYRY GEÇIRILDI

Täzelikler

21.08.2025

20-nji awgustda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan asylly işleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şunda türkmen halkynyň milli bagşyçylyk we saz sungatyny ösdürmek, ýaş bagşy-sazandalary höweslendirmek maksady bilen, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Dutarçylyk sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Halk bagşylarynyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän bu sungaty ähli döwürlerde aýratyn hormat-sarpa mynasyp bolupdyr. Häzirki wagtda türkmen dutarynyň şirin owazy berkarar döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň, hemişelik Bitaraplygynyň waspy, parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetliligiň we dost-doganlygyň mukamy bolup ýaňlanýar. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. ...Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamy hem uly ösüşlere eýe bolýar. Medeniýet ulgamynyň kämilleşdirilmegi halkymyzyň döredijilik kuwwatyny artdyrmaga, jemgyýetimizde watansöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmaga uly ýardam berýär. Ýurdumyzyň medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, täze medeni maksatly binalary gurmak, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy ösdürmek, döredijilik işgärlerini höweslendirmek babatda iri möçberli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň köp asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli bagşyçylyk sungatyny kämilleşdirmäge, täze aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmaga, il içinden sungata höwesli ýaş bagşy-sazandalary ýüze çykarmaga döwletimiz tarapyndan uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi hem geljekde aýdym-saz sungatyny has-da ösdürmäge ukyply nesilleri ýüze çykarmakda, olary höweslendirmekde özboluşly ähmiýete eýedir. «Türkmenistan gazeti»

No image
PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK, DOGANLYK SAZY

Täzelikler

20.08.2025

Täze taryhy döwrümizde parahatçylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan gözel Diýarymyzyň her bir güni şanly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde medeni çäreler, sungat festiwallary, forumlar yzygiderli geçirilýär. 15-nji awgustda P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly konsertiň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysaly bolup durýar. Türkmenistan döwletimiziň hem-de Russiýa Federasiýasynyň sungat wekilleri tarapyndan bilelikde gurnalan bu konsert iki ýurduň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Konsertde meýilleşdirilen çykyşlar üçin taýýarlyk işleri iki döwletiň hem sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda uly depginde alnyp baryldy. Bu ugurda türkmenistanly sazandalar Gurbanmyrat Baýjykow (gyjak), Aýlar Botaýarowa (skripka), Bahram Dolyýew (skripka), Elman Nasyrow (alt), Kakageldi Hojalekow (wiolonçel) we Laçyn Hudaýberdiýewa (dutar) dagylaryň irginsiz zähmeti aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Taslamanyň çäginde aýratyn täsirli pursatlaryň biri Gurbanmyrat Baýjykowyň we Laçyn Hudaýberdiýewanyň konserwatoriýanyň mugallymlary bilen geçiren duşuşygy boldy. Ol ýerde sazandalar türkmeniň milli saz gurallary bolan gyjagyň we dutaryň ýasalyş hem-de akustik aýratynlyklary barada çykyş etdiler. Sungat ussatlary çykyşynyň dowamynda türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirip, milli äheňlerimiz bilen diňleýjileri özlerine maýyl etdiler. Şeýle-de bu duşuşyga Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti Ýelena Osipowa hem gatnaşyp, ýurdumyzyň saz mirasyny ylmy taýdan öwrenmekde hem-de dünýä tanatmakda uly goşant goşdy. Taýýarlyk işleriniň dowamynda Ýelena Osipowa bilen Ýewgeniý Wolkowyň «XX asyr rus we türkmen kompozitorlarynyň döredijiliginde «Kiçi» we «Uly» Watanyň keşbi» atly başga bir ähmiýetli leksiýasy hem geçirildi. Bu çäre medeni dialogyň ajaýyp nusgasyna öwrülip, iki ýurduň saz mirasynda umumy gymmatlyklary we meňzeşlikleri açyp görkezdi. «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ady bilen geçirilen konsert türkmen hem rus kompozitorlarynyň döredijiliginden görnükli nusgalary özünde jemledi. Bu ýerde aýratyn hem meşhur türkmen kompozitory N.Halmämmedowyň kamera-wokal hem-de kamera-instrumental žanrda döreden ençeme eserleri ýaňlandy. Olardan Darýa Guseýnowanyň ýerine ýetirmeginde «Hirosimanyň we Nagasakiniň çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary» wokal toplumyndan «Säher sowugy», «Kanareýka» aýdymlary, «Aýgytly ädim» kinofilminden Aýnanyň balladasy, A.Botaýarowanyň (skripka), B.Dolyýewiň (skripka), E.Nasyrowyň (alt), K.Hojalekowyň ýerine ýetirmeginde «Faşistik zyndanda gynalan aýallaryň hem-de çagalaryň hatyrasynda» kirişli kwarteti, L.Hudaýberdiýewanyň ýerine ýetirmeginde «Şükür bagşy» kinofilminden dutarda ýaňlanýan meşhur sazy diňleýjileriň dykgatyna ýetirildi. Ç.Nurymowyň «Döwranyň başdan geçirmeleri» kinofilminden söýlüp diňlenilýän «Döwranyň aýdymy» bolsa Dariý Guseýnowyň ýerine ýetirmeginde tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Çykyşlaryň dowamynda konserte gatnaşyjylar «Nergiz», «Gaşly ýar» ýaly türkmen halk sazynyň görnükli nusgalary bilen tanyş boldular. G.Baýjykowyň gyjak saz guralynda ussatlygy diňleýjilerde uly täsir galdyrdy. Bular bilen bir hatarda konsertde rus kompozitorlarynyň meşhur eserleri, operalardan parçalar, şeýle-de rus halk aýdym-sazlarynyň görnükli nusgalary hem ýaňlandy. Olardan esasan M.Guseýnowyň dürli žanrda döreden ajaýyp aýdymdyr sazlary awtoryň fortepianoda ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tomaşaçylary özüne maýyl etdi. Zehinli aýdymçy-sazandalaryň görkezen ussatlyklary, irginsiz zähmeti bilen iki ýurduň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak maksady bilen gurnalan konsert uly şatlyk-şowhuna beslendi. ___________________ Jeýran JORAÝEWA, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň V ýyl talyby

No image
ÇAGALARYŇ SAGLYGYNY GORAMAK-DÖWLET SYÝASATYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGRY

Täzelikler

18.08.2025

16-njy awgustda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherinde bolup, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän «Arkadag Medisina Klasteri» toplumynyň gurluşygynyň barşy, şeýle hem «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasynda görkeziljek Arkadag lukmançylyk klasteriniň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işini beýan edýän diwarlyklaryň teklip edilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ynsan saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak, bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty işjeňleşdirmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş nesilleriň beden hem-de ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, enäniň, çaganyň saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda Diýarymyzda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi bolsa her bir çaga mähirli garaýyş bilen howandarlyk edilýändiginiň güwäsidir. Şeýle ynsanperwer işler halkymyzyň geçmiş taryhyndan, ata-babalarymyzyň asylly däplerinden gözbaş alýar. Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan sagdyn ýaş nesilleri kemala getirmekde möhüm işler bitirilýär. Gaznanyň işine yzygiderli goldaw bermek, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk däplerini ilerletmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz haýyr-sahawat işini ösdürmek babatda ägirt uly tagallalary edýär. Täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleri ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatynda aýdyň beýanyny tapýar. «Türkmenistan gazeti»

No image
AWAZADA HAZAR DEŇZINIŇ GÜNÜNE BAGYŞLANAN ÇÄRELER GEÇIRILDI

Täzelikler

13.08.2025

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Mälim bolşy ýaly, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Bu resminama kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň wekilleri tarapyndan Tähranda 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda gol çekilipdi. Tähran konwensiýasy diňe bir Hazaryň daşky gurşawyny mümkin bolan hapalanma çeşmelerinden goramak bilen çäklenmän, eýsem, onuň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge, gorap saklamaga hem gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriniň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar. Bu maksatlara ýetmek üçin Hazarýaka döwletleriň özbaşdak ýada bilelikde ähli zerur çäreleri görmegi we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegi zerurdyr. Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. Hazar deňzi bilen bagly meseleler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça dialogyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Hazaryň deňiz gurşawyny gorap saklamaga gönükdirilen netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hazar deňzi dünýädäki umman gelip çykyşly iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli öz ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik, haýwanat dünýäsini saklap galypdyr. Hazaryň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, şol sanda Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we diňe şu ýere mahsus bolan köp sanly görnüşleriň ösýän, ýaşaýan künjegidir. Ýurdumyzyň döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň binýadynda Hazarýaka sebitde ýaşaýan halklaryň, şol sanda dünýädäki ähli halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdirilen, has anygy, täsin suw giňişliginiň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak, deňziň düýbünde ýerleşýän mineral, uglewodorod serişdeleri rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna aýawly çemeleşmek maksatlary durýar. Dünýäniň täsin tebigy «merjeniniň» şanyna guralan şu gezekki dabaralar hem Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.

No image
ŞAHYRANA SÖZ USSADYNA SARPA

Täzelikler

12.08.2025

11-nji awgustda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat şahyr Amangözel Şagulyýewanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Gahryman şahyryň doglan gününiň hormatyna Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz öz Gutlaglaryny iberdiler.

No image
PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK-ÄHLUMUMY ROWAÇLYGYŇ BINÝADY

Täzelikler

08.08.2025

7-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşiň bähbidine parahatçylykly we inklýuziw jemgyýeti gurmaga ýardam edýän Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge itergi bermek” atly ugurdaş çäre geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi we BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde guraldy. Onuň gün tertibiniň esasy meselesi sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk dialogy we köpugurly hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmäge ýardam bermekden ybarat boldy. Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy “2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Dünýäniň 86 ýurdy bu resminamanyň awtordaşy bolup çykyş etdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, bu şanly ýyl hem-de Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Täze Kararnamada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dialog-parahatçylygyň kepili” filosofiýasy öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzyň ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistanyň işiniň we ileri tutulýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda şöhlelendirildi. Konsepsiýa häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de wehimlerini nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy we netijeli dialogyň, özara düşünişmegiň, jogapkärçiligiň esasynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirildi. Sözüň doly manysynda, Türkmenistanyň bu başlangyjy ähli ýurtlara dünýä gurluşynyň esasy ýörelgesi hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak pikirlerini durmuşa geçirmegiň syýasy hem-de beýleki meselelerini öz içine alýan bilelikdäki işe başlamaga çakylyk bolup durýar. Konsepsiýada bellenilişi ýaly, bu wezipe ulgamlaýyn esasda çözülmelidir, degişli hukuk we institusional gurallara eýe bolmalydyr. Bu ýörelgeden ugur alyp, hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak baradaky başlangyjy öňe sürdi. Bu resminama dünýä meselelerini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi göz öňünde tutýar. Ol howpsuzlygyň ähli meseleleriniň özara baglanyşygyna esaslanmalydyr we döwletleriň özara gatnaşyklarynyň täzelenen halkara hukuk binýady bolup hyzmat etmelidir. Şundan ugur alnyp, BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny agzalan resminama goşmak teklip edilýär. Şolaryň hatarynda gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary aradan aýyrmagyň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasy, jedelleri we gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik ýol arkaly kadalaşdyrmak üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, ynanyşmak dialogynyň medeniýetini dikeltmek ýaly ugurlar bar.

No image
GÖKDERE DOSTLUGYŇ HEM ŞATLYGYŇ MEKANY

Täzelikler

07.08.2025

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda, dostlugyň hem şatlygyň mekany gözel Gökderedäki «Nebitçi» sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar bilen, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarynyň döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, şahyr Oguljemal Çaryýewa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy, şahyr Osmanberdi Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldaw-hemaýatlarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda çagalar hakynda edilýän aladalar, olaryň döwrebap şertlerde okap, dynç almaklary üçin döredilýän giň mümkinçilikler barada täsirli söhbet etdiler. Ene-atalara hormat goýup, olar bilen yzygiderli pikir alşyp, her bir işi maslahatlaşyp ýerine ýetirmek perzent üçin ýagşy ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Ýaş nesillerde ata-enä, eziz Watana bolan belent söýgüni ýokary derejede ösdürmek, watansöýüji nesilleri ýetişdirmekde möhüm orun eýeleýär. Ata-eneleriň durmuş babatdaky pikirleri, maslahatlary has-da gymmatlydyr. Gymmatly hem peýdaly maslahatlary olar geçen durmuş ýollaryndan susup alýarlar. Durmuş bolsa tejribäňi artdyryp kämilleşdirýär. Ata-eneleriň edep-ekrama ýugrulan öwüt-ündewleri, ýagşy görüm-göreldesi uly terbiýe mekdebi-diýip, ýazyjy-şahyrlar çykyşlarynda giňişleýin nygtadylar. Döredijilik duşuşygynda ýazyjy-şahyrlaryň çykyşlaryny, okap beren goşgularyny çagalar höwesli diňlediler. Türkmen halk ertekileriniň many-mazmunyny açyp görkezýän täsirli gürrüňler çagalarda has-da uly gyzyklanma döretdi. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň ajaýyp dabaralara beslenip giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar, bagtyýar halkymyzy eşretli döwürde ýaşadýan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi bagtyýar çagalygyň mekanyna öwren, çagalaryň aýdyň geljegi hakynda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlar aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni