logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
AŞGABADYŇ AGŞAMLARY

Kitaphanalar

27.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri “Aşgabat” teleýaýlymy bilen bilelikde ak mermerli paýtagtymyzda ýerleşýän “Garaşsyzlyk” seýilgähinde Ginnesiň Rekordlar kitabyna girizilen merjen şäherimiziň gözel ymaratlary, bagy-bossanlyga öwrülen gül-gunçaly seýilgähleri, älemgoşar deýin öwüşginli suw çüwdürimleri dogrusynda söhbet etdiler. Çykyş eden kitaphana işgärleri paýtagtymyzy dünýäniň ösen iň owadan şäherleriň hataryna goşan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI

Kitaphanalar

27.03.2026

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçylary “Miras” teleýaýlymy bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty” we “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eserleri dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Çykyş eden hünärmenler bu ajaýyp eserleriň okyjylar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýändigini buýsanç bilen bellediler. Söhbetleriniň soňunda türkmen halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

No image
«GALKYNYŞYŇ» TÄSIN ÇYKYŞLARY AZERBAÝJANDA

Halkara gatnaşyklary

27.03.2026

Ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň hem-de Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň sirk ussatlary, şu günler Azerbaýjanda haýran galdyryjy täsirli çykyşlaryny görkezýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda, sirk ussatlarymyzyň bu doganlyk ýurtda döredijilik saparynda bolmagy, iki halkyň medeni gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň hem-de beýleki sirk ussatlarymyzyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Circus Sea Breeze» sirkinde ýaýbaňlandyrýan çykyşlaryny köp sanly tomaşaçylar haýran galmak bilen synlap, ruhy lezzet alýarlar. Geçen ýyl bu topar Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Şu ýylyň başynda bolsa şol şäherde geçirilen nobatdaky halkara sirk sungaty festiwalyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Şonda bu toparyň sirk sungatyna uly goşandy üçin ýurdumyzyň wekiliýetine Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalary gowşuryldy. Bu uly üstünlikler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de ýurdumyzyň sirkleriniň artistleriniň köp ýyllaryň dowamynda gazanan ýeňişleriniň aýdyň ykrary bolmak bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynyň şygaryny özboluşly dabaralandyrýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de ýurdumyzyň sirkleriniň artistleriniň halkara sirk festiwallarynda gazanýan uly üstünlikleri agzybir türkmen halkynyň ruhy galkynyşyny belende götermäge, bagtyýar watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga uly ýardam berýär. Bu toparyň agzybirligi, dostlugy, jebisligi, milli medeniýetiň gazananlaryny wasp edýän sirk tomaşalary millionlarça tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar. Dünýä belli ezber türkmen sirk artistleri ahalteke atlary bilen türkmeniň sirk sungatyny Ýer ýüzünde giňden tanadýarlar. Bu meşhur toparyň Azerbaýjandaky ýokary ussatlyga eýe bolan çykyşlarynyň halkara derejede uly gyzyklanma döredýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek babatdaky başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. «Circus Sea Breeze» sirkiniň ajaýyp sahnasynda ýurdumyzyň sirk ussatlary tomaşaçylara ahalteke bedewlerinde çylşyrymly akrobatik hereketleri, at üstünde täsin oýunlary hem-de atşynaslyk sungatynyň gözelliklerini görkezýärler. Çapyksuwar bilen bedewiň sazlaşykly hereketi, ahalteke atlarynyň gözelligi, ýyndamlygy azerbaýjanly tomaşaçylary haýrana goýup, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Mundan başga-da, sirk sungatynyň ussatlary dürli sirk žanrlaryndaky çykyşlary görkezýärler. Ýurdumyzyň sirk ussatlarynyň dostlukly ýurtdaky çykyşlary 30-njy marta çenli dowam eder. Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
HALKARA YLMY MASLAHATY GEÇIRILDI

Medeni miras

27.03.2026

2026-njy ýylyň 25-26-njy martynda Moskwa şäherindäki Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanan “Margiana siwilizasiýalaryň çatrygynda: Merkezi Aziýa, Kawkaz we Ýakyn Gündogaryň gadymy we häzirki zaman medeniýetara gatnaşyklary” atly Halkara ylmy maslahaty geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň N.N.Mikluho-Maklaý adyndaky etnologiýa we antropologiýa institutynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Russiýa Federasiýasyndaky Türkmenistanyň ilçihanasynyň guramagynda geçirilen, bu Halkara ylmy maslahatyna Russiýa Federasiýasynyň, Ermenistanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Italiýa we Fransiýa Respublikasynyň belli alymlary, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň wekilleri hem-de Moskwa şäherinde okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar. Ylymlar akademiýasynyň foýesinde, Türkmenistanyň baý taryhy we medeni gymmatlyklaryny, türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny açyp görkezýän fotosuratlaryň sergisi gurnaldy.

No image
YNSANPERWER ÝÖRELGELERI DABARALANDYRYP

Täzelikler

27.03.2026

26-njy martda paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli “Ynsanperwerlik ýoly” ady bilen halkara maslahat geçirildi. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalarynyň many-mazmun taýdan baýlaşmagyny şertlendiren bu çäre ynsanperwer ýörelgeleriň dünýädäki ähmiýetiniň barha artýandygyny aýdyň görkezdi. «Türkmenistan» gazeti

No image
ESERLERIŇ IL GÖWNÜNI ŞAT EÝLÄR

Kitaphanalar

26.03.2026

Ýakynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde türkmen realistik prozasynyň başyny başlan ýazyjylarynyň biri Nurmyrat Saryhanowy ýatlap onuň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlap “Eserleriň il göwnüni şat eýlär” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Edebi-sazly duşuşyga Türkmenistanyň Prezidentiniň “Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi halypa, şahyr zenan Bahargül Kerimowa, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Bazar Şalyýew gatnaşdylar. Geçirilen edebi duşuşykda kitaphana hünärmeni okuwçylara ýazyjynyň döreden eserleri we onuň maşgalasy hakynda gürrüň berdi. Nurmyrat Saryhanow özüniň gysga manyly ömründe türkmen halkyna hiç wagt gymmaty peselmejek ajaýyp eserleri miras galdyrdy. Onuň “Kitap”, “Şükür bagşy” eserleri türkmen edebiýatynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Mähriban okuwçylar ýazyjynyň ýekeje Orazjemal atly gyzy bolýar. Orazjemal Saryhanowa Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. Orazjemal daýzanyň üç ogly bir gyzy bar. Duşuşyga gatnaşýan şahyr zenan Bahargül Kerimowa ýazyjynyň gyzynyň öz mugallymy bolandygyny hem kakasynyň suratyny ýadygärlik berendigini täsirli gürrüň berdi. Halypa şahyr Bazar Şalyýew hem “Kitap”, “Şükür bagşy” eserlerini gysgaça gürrüň berdi. Geçirilýän çäräniň dowamynda mekdep okuwçylary halypalar bilen sorag-jogap alyşdylar. Mekdebiň göreldeli, zehinli okuwçylary Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti esasynda sahna oýnuny görkezdiler. Çäräniň ahyrynda edebiýatymyzy, sungatymyzy ösdürmeklige goşant goşan şahsyýetleriň adyny ebedileşdirip, olaryň döredijilik ýoluny öwrenmeklige giň şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
TÜRKMEN TOPRAGY – BEREKET HAZYNASY

Muzeýler

26.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan belent maksatly işler bu günki gün uly üstünliklere, täze rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe wysal bolýan şeýle giň gerimli işlere-de oba zähmetkeşleri özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şu günler eziz diýarymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, gündogar welaýatymyz, gadymy Lebap topragynda hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy, il sylagly, dili senaly ýaşulularyň bissimillasy bilen gowaça ekişine girişildi. Bu dabaraly çärä oba hojalykçylar, mehanizatorlar, kärendeçiler uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Bu ýerde oba durmuşyny şöhlelendirýän giň gerimli sergiler ýaýbaňlandyryldy. Şolar bilen bir hatarda muzeý gymmatlyklarymyzdan düzülen göçme sergi gurnalyp oňa tomaşa edenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň dowamynda il sylagly ýaşuly nesliň wekilleriniň, işine ezber mehanizatorlaryň, kärendeçileriň gatnaşmagynda Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Bu gezelenç täsirliligi bilen tapawutlandy. Halkymyzyň gadymyýetden gaýdýan ekerançylyk bilen bagly däp-dessurlarynyň, häzirki zaman oba hojalyk pudagynda ýetilen belent sepgitlerden habar berýän muzeý gymmatlyklary uly gyzyklanma eýe boldy. Olar gezelenjiň dowamynda ýurdumyzda edermen babadaýhanlara, ene ýerden bol hasyl almakda yhlasly zähmet çekýän gallaçy kärendeçilere, halkymyzyň bagtyýar bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler. Gülnur PYGAMOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri

No image
2026-njy ýylyň 27-29-njy marty aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Teatr we kino dünýäsi

26.03.2026

#### Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda * 28.03.2026ý. «Giýewleriň bäsleşigi» atly sahna oýny 19:00 * 29.03.2026ý. «Hoşlaşasym gelenok» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda * 28.03.2026ý. «Bir ojakda iki dünýä» atly sahna oýny 19:00 * 29.03.2026ý. «Toýmyza gel, toýmyza» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda * 27.03.2026ý. «Ketekde kim bar» atly sahna oýny 11:00 * 27.03.2026ý. «Garaşanym» atly sahna oýny 19:00 * 28.03.2026ý. «Näzli dildarym» atly sahna oýny 19:00 * 29.03.2026ý. «Söýgi duralgasy» atly sahna oýny 19:00 #### A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda * 27.03.2026ý. «Три поросенка и серый волк» atly sahna oýny 11:00 * 27.03.2026ý. «Три поросенка и серый волк» atly sahna oýny 13:00 * 27.03.2026ý. «Муж для Памелы» atly sahna oýny 19:00 * 28.03.2026ý. «Дюймовочка» atly sahna oýny 12:00 * 28.03.2026ý. «Дюймовочка» atly sahna oýny 14:00 * 28.03.2026ý. «Шикарный мужчина» atly sahna oýny 19:00 * 29.03.2026ý. «Кто живёт под крыльцом?» atly sahna oýny 11:00 * 29.03.2026ý. «Кто живёт под крыльцом?» atly sahna oýny 13:00 * 29.03.2026ý. «Волки и овцы» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry * 28.03.2026ý. «Arşyn mal alan» atly sahna oýny 19:00 * 29.03.2026ý. «Sakawyň soňuna seret» atly sahna oýny 19:00 #### Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry * 28.03.2026ý. «Gumly gelin» atly sahna oýny 19:00 * 29.03.2026ý. «Ýagyş ýagan gijesi» atly sahna oýny 19:00 #### Türkmen döwlet gurjak teatry * 28.03.2026ý. «Towşanjygyň öýi» atly sahna oýny 17:00 * 28.03.2026ý. «Wah bu söýgi-dä» atly sahna oýny 19:00 * 29.03.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny 12:00 * 29.03.2026ý. «Altyn jüýje» atly sahna oýny 17:00 * 29.03.2026ý. «Aladdin» atly sahna oýny 19:00 #### Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry * 27.03.2026ý. «Hyýalymdaky şazadam» atly sahna oýny sagat 17:00 * 28.03.2026ý. «Bir güniň aladasy» atly sahna oýny sagat 19:00 * 29.03.2026ý. «Daş myhman» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Daşoguz welaýatynyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry * 28.03.2026ý. «Galkynan göwünler» atly sahna oýny sagat 19:00 * 29.03.2026ý. «Çynymy aýtsam» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatry * 28.03.2026ý. «Söýmedige süýkenme» atly sahna oýny sagat 19:00 * 29.03.2026ý. «Ilkinji söýgim» atly sahna oýny sagat 19:00 #### Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry * 28.03.2026ý. «Mülk» atly sahna oýny sagat 19:00 * 29.03.2026ý. «Müneçjim» atly sahna oýny sagat 19:00

No image
«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň açylyş dabarasy

Medeni miras

26.03.2026

Şahandaz, dilewar, märekesöýer halkymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda halk döredijilik eserleriniň umman ýaly hazynasy döredilipdir. Şol hazynanyň gymmatly bölegini epiki mirasymyz eýeleýär. Eposdyr dessanlar epiki mirasymyzyň ajaýyp nusgalarydyr. Olar agramlylygy, çeperligi, jadylaýjy täsiri bilen tapawutlanýar. Dessanlar heňňamlar içre halkymyza ruhy lezzet berip geldi. Dessançy bagşylaryň ýerine ýetirmeginde tutumly toýlarda, dabaralarda aýdylyp gelen dessanlaryň we şadessanlaryň halkyň ruhuny götermekde, olarda geljege bolan umytly garaýyşlary döretmekde ähmiýetli orny eýeläp gelendigi ählimize mälimdir. Çünki aýdym-saz ynsanyň ruhuny täzeleýän hem-de halkyň taryhyny şöhlelendirýän sungatdyr. Olarda halkyň geçmişi, şatlygy, göwün gussasy, durmuşynyň aýry-aýry pursatlary öz beýanyny tapýar. Mälim bolşy ýaly «Görogly dessançylyk sungaty» 2015-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan hödürlenen ilkinji milli hödürnama hökmünde, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi hem-de umumadamzat gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Dessançylyk – türkmen milli aýdym we saz sungatynyň aýratyn bir ugry. Halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan bu sungat bagşydan sesiniň, ýatkeşliginiň we ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýokary derejesini talap edýän we köpasyrlyk taryha eýe bolan sungatdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkyň ömürlik hemrasyna öwrülen bu ajaýyp sungatymyzy dünýä ýaýmakda, özboluşly ussatlygy bilen tanalýan dessançy bagşylarymyzyň döredijiligini we olaryň esasyny goýan halypa-şägirtlik mekdebini döwrebap ýollar bilen ösdürmekde ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Şol maksatdan ugur alnyp, Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Daşoguz welaýat häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän, ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwal öz işine başlady. 26-njy martda ir säher bilen demir ýol menzilinde festiwala gatnaşyjylar duz-çörekli garşylandy. Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň öňündäki meýdançada medeniýet, sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy hem-de milli gymmatlyklarymyzyň sergisi guraldy. Bu teatrda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Festiwalyň açylyş dabarasyna Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan dessançy bagşylar we ussat sazandalar, şeýle hem alymlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Açylyş dabarasynyň çäklerinde, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň foýesinde türkmen milli aýdym-saz senetçiligine hem-de milli gymmatlyklarymyza bagyşlanan sergi guraldy. Dessançylyk sungaty, bu sungatyň özboluşly aýratynlygy, ýerine ýetirijilik däpleri, halypa-şägirtlik gatnaşyklary barada gyzykly çykyşlar edildi. Açylyş dabarasynda Arkadag we Aşgabat şäherlerinden, ähli welaýatlarymyzdan gatnaşýan dessançy bagşylarymyzyň ýerine ýetirmeginde «Görogly» eposyndan şahalar hem-de beýleki türkmen dessanlary belentden ýaňlandy. Günüň ikinji ýarymynda Şabat etrabynyň Dilewar geňeşliginiň Altyn ýol oba medeniýet öýünde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata sungaty öwreniji alymlar, mugallymlar we ussat bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Maslahatda dessançylyk sungatynyň umumadamzat ähmiýeti, ösüş taryhy, dessançylyk ýolunyň ussat halypalary, bu gadymy sungatyň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary hakynda täsirli çykyşlar, dessançy bagşylaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren dessanlary bilen utgaşdy. Şeýle hem, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan «Goly sazly, tili sözli Görogly» atly sahna oýny festiwala gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Festiwalyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdan medeniýetiniň we sungatynyň düýpli öwrenilmegi hem-de kämilleşdirilmegi ugrunda uly tagallalar edýän, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler. Ogultäç HOJANAZAROWA, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary

No image
ÜLKÄME TOÝ BOLUP GELEN, ÝAZLARYM

Kitaphanalar

26.03.2026

Lebap welaýat kitaphanasynyň Ülkäni öwreniş we düşündiriş sorag-jogap bölüminiň kitaphanaçylarynyň gurnamaklarynda Türkmenabat şäheriniň 23-nji çagalar bagynda “Ülkäme toý bolup gelen, ýazlarym!» ady bilen çagalar ertirligini geçirdiler. Çäräniň dowamynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyza bagyşlap, Watanymyzy, tebigatymyzy bahar paslyny wasp edilýän goşgular okalyp, bahar paslynda taýýarlanylýan gadymy türkmen milli tagamy bolan semene baradaky rowaýaty okap berildi. Çagalaryň arasynda sorag-jogap alşyldy. Bu ajaýyp pursatlar cagalarda örän täsir galdyrdy. Ýaş körpeler Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza goşgularyň üsti bilen ýürek töründen çykan alkyş sözlerini aýtdylar.