logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HABARLAR

No image
«ŞHG+» FORMATYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ GELJEKKI UGURLARY KESGITLENILDI

Täzelikler

02.09.2025

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ŞANHAÝ HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ SAMMITINE GATNAŞDY 1-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. «ŞHG+» formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler. Bu format synçy döwletleri, dialog boýunça hyzmatdaşlary we beýleki çagyrylan ýurtlary öz içine alyp, hyzmatdaşlyga gatnaşyjylaryň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berýär. Has giňişleýin geografik çäklerde ykdysady, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak «ŞHG+» formatynyň esasy maksady bolup durýar. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli duşuşyga ŞHG-ä agza ýurtlaryň, synçy ýurtlaryň, dialog boýunça hyzmatdaş ýurtlaryň döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. HHR-iň Başlygy Si Szinpin duşuşygy açyp, çakylygy kabul edendikleri üçin hemmelere hoşallyk bildirdi we «ŞHG+» formatynyň aýratyn ähmiýetini belledi. Bu format özara hormat goýmak, deňhukuklylyk ýörelgeleri esasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Başlyk Si Szinpin şu gün sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, duşuşygyň netijeli geçjekdigine ynam bildirdi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň şu gezekki sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik hem-de işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ŞHG-niň sammitlerine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagynyň köpýyllyk asylly däbe öwrülendigini, munuň hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirilýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ŞHG-ä we onuň alyp barýan işine uly hormat goýýar. Biz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň yklym we ählumumy proseslerdäki döredijilikli ornuny, häzirki zaman dünýä gurluşynyň adalatly, deňagramly ulgamyny döretmäge goşýan uly goşandyny belleýäris.

No image
BILIMLI NESILLER–DÜNÝÄNIŇ DAÝANJY

Kitaphanalar

01.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Milli ýörite sazçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda «Bilimli nesiller–dünýäniň daýanjy!» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiz hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamyny ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek hem-de döwrüň talabyna laýyklykda öňdebaryjy tehnalogiýalardan baş çykarýan hünärmenleri taýýarlamak babatda uly işler alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaş nesillermizde watansöýüjilik duýgusyny we milli buýsanjy terbiýelemek, ýaşlary durmuşa taýýarlamak, hünär saýlamaga ugrukdyrmak işleri has-da döwrebap derejede gurnalýandygy barada belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Berkarar diýarymyzy beýik ösüşlere sary ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
HALK MASLAHATY DÖWLETLILIGIŇ BELENT NUSGASY

Kitaphanalar

01.09.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy bilen «Aşgabat» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Halk Maslahaty döwletliligiň belent nusgasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşiň belentliklerine tarap bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyny, durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň esasy ugry halkyň bähbidine gönükdirilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de halk häkimýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köpasyrlyk taryhynda toplan tejribesine esaslanylyp, ata-babalarymyzdan gelýän asylly hem-de milli ýörelgelere eýerilýändigini hem-de geçiriljek Halk Maslahatyna uly taýýarlyk görülýändigi barada beýan etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
TEATRLARYŇ TÄZE MÖWSÜMI

Teatr we kino dünýäsi

01.09.2025

Teatr janly dünýä. Teatr jadyly sungat. Teatr sahnasy sungatlaryň ähli görnüşlerini özünde jemläp, köpöwüşginli eserleri bilen sungat muşdaklaryny begendirýär. Şunuň bilen baglylykda teatryň muşdaklary hiç wagt kemelmeýär. Mukaddes sahna zehinliden-zehinli sungat nesillerini ýüze çykarýar. Şoňa görä-de, teatr sungaty müňýyllyklar içre öz ähmiýetini ýitirmän, barha juwanlanýan sungat. Mälim bolşy ýaly, dünýäniň teatr we sirk sungatynda her ýylyň güýzünde täze döredijilik möwsümini dabaraly açylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi, sahna oýunlarynyň we sirk tomaşalarynyň muşdaklaryny diýseň begendirýär. Çünki her ýylyň täze döredijilik möwsümi täze eserleri tomaşaçylary begendirýär. Şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny, hemişelik Bitaraplyk baýramynyň şanly 30 ýyllyk toýuny ýokary derejede belläp geçmek barada beren tabşyryklary teatr sungatynyň döredijilik toparlarynda uly buýsanç duýgusyny döretdi. Munuň özi, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak, deňhukukly we özara bähbitli oýlanyşykly başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenýändigini görkezýär. Şundan ugur alyp, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň teatrlary hem-de sirkleri tomaşaçylar üçin ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy ýyllarynda gazanylan beýik zähmet üstünliklerini hem-de syýasy we jemgyýetçilik durmuşynda Halk maslahatynyň ähmiýetini wasp edýän, türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna, watansöýüjiligine, şöhratly pederlerimiziň hem-de belli şahsyýetleriň döredijilik we ömür ýollaryna bagyşlanan täze sahna oýunlarynyň ilkinji görkezilişleri bilen täze döredijilik möwsümini açarlar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görülýän döwürde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada täsirli wagyz-nesihat çärelerini, çykyşlary, duşuşyklary giňden guramak boýunça beren anyk tabşyryklaryna laýyklykda, teatrlaryň we sirkleriň täze möwsüminiň açylyş dabaralary baýramçylyk derejesinde geçirip, olarda belli artistleriň, režissýorlaryň, dramaturglaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, suratkeşleriň, aýdym-saz ussatlarynyň çykyşlary hem guralar, tomaşaçylar meşhur teatr we kino artistleri, wäşiler ýakyndan tanyşarlar, sungat ussatlarynyň eziz Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek babatdaky öwüt-nesihatlaryny diňlärler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/2h.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/3h.jpg) Täze sahna oýunlarynyň aglabasy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dana paýhasyndan dörän çuň mazmunly eserleriniň esasynda döredilip, olarda döwrümiziň waspyny belentden dabaralandyrýan durmuşy wakalary, beýik zähmet ýeňişleri, şeýle hem şan-şöhratly pederlerimiziň pelsepe-taglymatlary giňden wagyz edilýär. 1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Baş akademiki drama teatry Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eseri esasynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, dramaturg G. Daňatarowyň «Dutaryň owazy» atly sahna oýny görkeziler. Bu spektaklda milli aýdym-saz sungatymyzyň taryhy bilen bagly wakalar barada söz açylyp, Şükür bagşynyň watanperwerlik hem-de dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmakdaky tagallalary açylyp görkezilýär. Belli sahna ussatlary M.Annaýewanyň, D.Meläýewanyň, M.Hydyrowyň, S.Artykowyň, B.Rahymowyň döreden täsirli keşpleriniň üsti bilen dutar sazynyň gudraty belentden dabaralandyrylýar. Ýurdumyzda giňden toýlanyp geçilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary esasynda «Pursat» atly täze sahna oýny bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenýär. Şowhunly aýdym-saz eserleri bilen utgaşyp gidýän wakalaryň jümmüşinde Magtymguly Pyragynyň döredijilik äleminiň syrlaryny çeper sahna wakalarynyň üsti bilen çözlemäge synanyşylýar. Bu sahna oýnunda Pyragynyň şygyrlaryny düzmäge girişinde düşýän ahwaly – eziz Watanymyza aşyklygy, zenan mertebesine hormaty, halkyň agzybirligine bolan pelsepewi garaýyşlary çeper şöhlelendirilýär. Arkadag şäheriniň A.Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda «Kitap - köňüller kelamy» atly sahna oýny tomaşaçylara hödürleýär. Sahna oýnunda parasatly pederlerimiziň agzybirlik, jebislik, halallyk, bagtly durmuşa we geljege bolan uly umyt, ýaşlary watansöýüji ruhda terbiýelemäge, kitap okamaga, giň düşünjeli, çuň bilimli bolmaga çagyrýan öwüt-ündewleri durmuş wakalary bilen utgaşdyrylyp, çeper beýan edilýär. Türkmenistanyň milli Alp Arslan adyndaky drama teatry sungat muşdaklaryny G.Kakabaýewiň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Sabyr Ataýewa» atly spektakly bilen begendiren. Spektakl meşhur teatr we kino artisti, milli teatr sungatynyň düýbüni tutujylaryň biri, Türkmenistanyň halk artisti S.Ataýewanyň ömür we döredijilik ýoly barada gyzykly maglumatlary sungat muşdaklaryny ýakyndan tanyşdyrar. Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry «Ene sargydy» atly sahna oýny bilen bagtyýar ýaşlarymyzy begendirer. Bu sahna oýnunda ene mukaddesligi, perzent terbiýesi hem-de täze taryhy zamanamyzda türkmen ojagyndaky gündelik bolup geçýän ajaýyp durmuş wakalary çeper janlandyrylýar. A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda M.Myşşyýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ene» atly sahna oýny tomaşaçylara hödürlenýär. Oýunda türkmen halkynyň milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym–mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserindäki ynsan kalbyna şuglasyna çaýýan enä hormat goýmak babatyndaky pähim-paýhasynyň dünýäde dabaralanýandygy, adamzat nesilleriniň zenana bolan belent hormat-sarpanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýän gyzykly wakalar çeper beýan edilýär. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/4h.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/5h.jpg) ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/6h.jpg) Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary «Mährem ene» atly gurjak oýny bagtyýar çagalara baýramçylyk şatlygyny goşalandyrar. Gurjak oýnunda parasatly pederlerimiziň nakyla öwrülen öwüt-ündewleriniň üsti bilen ene-ata, mugallym-halypalara hormat-sylag, tebigata bolan söýgi wasp edilýär. Täze teatr we sirk möwsümi welaýatlarymyzyň teatrlarynyň sahnalarynda hem dabaraly açylyp, tomaşaçylarda ýatdan çykmajak ruhy joşguny döreder. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda Ö.Galandarowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan «Baýram han Türkmen» atly sahna oýny atly sahna oýny balkanly watandaşlarymyza görkezilýär. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Ygrar ataşy», Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda belli şahyr O.Ödäýewiň romany esasynda sahnalaşdyrylan «Altynjan hatyn», Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ««Ynsanlygyň göwher gaşy» atly sahna oýunlary teatr muşdaklaryna hödürlener. Täze teatr we sirk möwsüminiň dabaraly açylyş gününde ýurdumyzyň sirklerinde täze tomaşalar taýýarlanyň sirk sungatynyň täsinliklerini söýüjileri begendirdi. Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Ganatly bedewler», sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bolsa «Galkynyşyň röwşeni» atly ýörite sirk tomaşasy bilen sungat täsinliklerini söýýän sungat muşdaklaryna hyzmat ederler. Mundan başga-da, altyn güýzüň ilkinji gününde badalga berilýän teatr we sirk möwsüminiň açylyş dabarasy mynasybetli sungat aşyklary üçin ata Watanymyzy, şanly Garaşsyzlygymyzy, täze taryhy eýýamymyzda Gahryman Arkadagymyzy beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzy durmuşa geçirýän taryhy tutumlaryny wasp edýän aýdymlary belentden ýaňlanar aýratyn täsirli bolar. Görnüşi ýaly, täze teatr we sirk möwsüminiň açylmagy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda we sirklerinde parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny, belli şähsyýetlerimiziň ömür we döredijilik ýoluny wagyz edýän sahna oýunlary görkeziler. Bu sahna oýunlarynyň we sirk tomaşalarynyň bagtyýar watandaşlarymyza hödürlenmegi 1-nji sentýabrda ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli özboluşly toý sowgady bolar. Bagtyýar watandaşlarymyzy, mähriban ýaşlarymyzy täze teatr we sirk möwsüminiň dabaraly açylyşlaryna tomaşa etmäge çagyrýarys. Agamyrat BALTAÝEW, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Teatrlar we tomaşa edaralary bölüminiň başlygy

No image
BILIM BAGTYŇ ÇYRAGY

Kitaphanalar

01.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki 76-njy orta mekdebiň okuwçylary bilen bilelikde Bilimler we talyp-ýaşlar güni mynasybetli «Bilim bagtyň çyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ylym-bilime höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de gürrüňdeşlige gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň ýurduň geljegini ähli babatda ýaş nesillere bil baglaýandygy we olaryň ylymly-sowatly bolmagy üçin, bagtyýar ýaşap, Watanyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýänligi barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Kitaphananyň hünärmenleri «Bilim bagtyň çyragy» atly kitap sergisini gurnady.Täze birinji synpa gelen okuwçylara hormatly Prezidentimiziň kompýuter sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesillerimiz üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

No image
DÖWLETIŇ HABAR BERIŞ STRATEGIK GORY, ÇEŞMESI HÖKMÜNDE KITAPHANALARYŇ BITIRÝÄN HYZMATY

Kitaphanalar

01.09.2025

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynynyň hünärmenleri we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň kitaphanasynyň hünärmenleri bilen bilelikde “Döwletiň habar beriş  strategik gory,çeşmesi hökmünde kitaphanalaryň  bitirýän hyzmaty” ady bilen wideokonferensiýa arkaly maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde döwrebap kamilleşdirilýan kitaphana ulgamynda alynyp barylýan işler dogrusynda gürrüň edildi. Aýratynda ýaş nesillerimizde kitap okamaklykda höwesi döretmek we ýaş kitapsöýüjileriň sanyny artdyrmakda ýola goýýan wagyz-nesihat duşuşyklarynyň mazmuny hakynda hem giňişleýin beýan edildi. Elektron kitaphanalaryň ähmiýeti we kitahanalarda elektronlaşdyrmak babatynda gyzgalaňly dowam edýän işleriň onyň netijeleri hakynda hem buýsançly gürrüňlere orun berildi. Çykyşyň dowamynda kärdeşler sorag-jogaplaryň üsti bilen tejribe alyşdylar. Maslahatyň ahyrynda goňşy döwletler bilen hyzmatdaşlygy ýola goýlup, täze düşünjeleriň ösmegine, dünýägaraýyşlaryň giňelmegine giň mümkinçilikleri döredip beren milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

No image
BILIMLER WE TALYP ÝAŞLAR GÜNÜNE BAGYŞLANYP YLMY-AMALY MASLAHATY

Täzelikler

29.08.2025

Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde ylmy-amaly maslahatlary geçirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzyň gymmatyny öwretmekde bilimiň orny» ady bilen mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirildi. Maslahatda «Bilim berk binýatly binadyr», «Ylym-bilim umumadamzat gymmatlygydyr», «Halkara gatnaşyklarynda bilim ulgamynyň aýratynlygy», «Orta asyr çeşmelerinde Merw kitaphanalary», «Nesil terbiýesi, nusgalyk mekdep», «Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilimiň orny», «Milli terbiýe–asylly ýörelge», «Medeni gatnaşyklarda sungatyň döredijilik ýoly», «Şekillendiriş sungatyň döredijilik aýratynlygy», «Binagärlik we heýkeltaraşlyk sungatynyň sazlaşygy» atly temalar boýunça mugallymlaryň we talyplaryň çykyşlary ýerine ýetirildi.

No image
YNAMLY NESILLER, WEPALY ÝAŞLAR !

Kitaphanalar

29.08.2025

Lebap welaýat çagalar kitaphanasy «Ynamly nesiller, wepaly ýaşlar!» ady bilen çagalar ertirligini geçirdiler. Türkmenabat şäheriniň 6-njy çagalar bagynda geçirilen çärede hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýar durmuşymyza buýsanyp ýaşamagyny, döwrebap bilim almagy bolup durýar. Güneşli Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.

No image
MAGTYMGULY PYRAGY–DÜNÝÄ DANASY

Kitaphanalar

28.08.2025

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy–dünýä danasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşan, agzybirlik, parahatlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden ynsanperwer şahyr bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatlygy barada beýan etdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligini, şeýle hem many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
GARAŞSYZLYK-ÄHLI BAGTYŇ GÖZBAŞY

Kitaphanalar

28.08.2025

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Garaşsyzlyk-ähli bagtyň gözbaşy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer syýasaty netijesinde alnyp barylan beýik işler,ykdysadyýetimizde, medeniýetimizde we sungatymyzda, halk hojalygynda gazanylan ajaýyp üstünlikler hakynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!