logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KITAP BILEN DOST BOLALYŇ KÖRPELER

Kitaphanalar

06.03.2026

Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň 1-nji şahamçasynyň hünärmenleri Türkmenabat şäheriniň 26-njy çagalar bakja bagynda «Kitap bilen dost bolalyň körpeler» atly gürrüň geçirdiler. Çagalara gyzykly ertekileri okalyp olaryň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüň berildi. Ýaş nesilleriň döwrebap okap bilim almaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan her bir tutumly işleri rowaç alsyn.

No image
«ZEMIN GÖRKI ZENANDYR!» ATLY SERGI BÄSLEŞIGINIŇ JEMLERI JEMLENILDI

Täzelikler

05.03.2026

Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli milli medeniýetimizi, sungatymyzy, Watanymyzyň gülläp ösüşini çeper wasp edýän zenan suratkeşleri ilhalar, ýokary çeperçilikli eserleri döretmäge höweslendirmek, olaryň döredijiligine mynasyp baha bermek we goldamak, şeýle hem, eziz Watanymyzyň gazanan ägirt uly üstünliklerini, ýurdumyzyň asudalygyny, ilimiziň abadançylygyny wasp etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi tarapyndan 8-nji mart - Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan edilen, ýurdumyzyň zenan suratkeşleriniň döredijilik eserlerinden düzülen «Zemin görki zenandyr!» atly sergi bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg1.jpg) Bäsleşigiň esasy maksady, milli nakgaşçylyk sungatynyň üsti bilen ata Watanymyzyň gülläp ösüşini, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, türkmen medeniýetini, milli mirasymyzy, ýol-ýörelgelerimizi çeper beýan edýän kämil eserleriň döredilmegini gazanmakdan hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň suratkeş zenanlarynyň döredijilik hazynasyny has-da baýlaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu bäsleşige zenan suratkeşler özleriniň ajaýyp eserleri bilen gatnaşdylar. Bäsleşigiň baş baýragyna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymy Annabibi Islamowa «El torbalar» toplumy atly haly eserleri üçin, 1-nji orna Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň mugallymy Aýjemal Çaryýewa «Asman peri» şaý-sepler toplumy zergärçilik işleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Şasenem Kurbanowa «Pasyllar» atly nakgaşçylyk eserleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby Maral Saryýewa «Monjuk atdy» nakgaşçylyk eseri üçin,. 2-nji orna Aşgabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň surat we çyzuw mugallymy Aýna Adinowa «Milana» toplumy, «Wasilinyň portreti», «Ulýanyň portreti», «Süýjüliklerden düzülen natýurmort» akwarel işler toplumy üçin, Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Güljemal Myradowa «Oba durmuşy» atly nakgaşçylyk eseri üçin, Käkilik Sytdykowa «Tabak» keramika işler toplumy üçin, 3-nji orna Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin suratkeş Dilbar Umarowa «Gelinler» toplumy keramika işleri üçin, Gyzylarbat çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Ajap Annamanowa «Kädiler toplumy» atly işleri üçin, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülälek Babakulowa «Milli lybaslar» toplumy el işleri üçin mynasyp boldular. Bäsleşige gatnaşanlara höweslendiriji sowgatlar hem dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpg2.jpg) Sergide zenan suratkeşleriň nepislik siňdirip döreden sungat eserleri sergä gatnaşyjylara baýramçylyk sowgady boldy. Sungat eserleriniň ählisinde zenan mähremligi, türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky gözelligi bilen zenan gözelliginiň sazlaşygy, zenanlaryň el işleri, zenan dünýäsiniň ähli gözellikleri hemmetaraplaýyn açylyp görkezildi. Bäsleşige gatnaşyjylar zenanlara çäksiz sarpa goýýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny aýtdylar. Ogulgurban GAŞLAKOWA Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni

No image
GURBANNAZAR EZIZOWYŇ POEZIÝASY: KALPLARA ÝAŇ SALÝAN SÖZLER WE SAZLAR

Täzelikler

05.03.2026

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Gurbannazar Ezizowyň poeziýasynyň muşdaklarynyň ýygnanmagy, şahyryň döredijiliginiň türkmen halkynyň kalbynda nähili orun tutýandygyny ýene bir gezek subut etdi. Bu duşuşyk diňe bir edebi agşam bolman, eýsem şahyryň sözleriniň saz bilen utgaşyp, adamlaryň duýgularyna nähili täsir edýändigini görkezýän ajaýyp pursat boldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň işgäri we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa kafedrasynda işlän mugallym Baýram Goçmyradow çagyryldy. B.Goçmyradow ýatlama duşuşygyna gatnaşýarlar üçin söýgüli şahyryň durmuşy we döredijiligi barada gyzykly çykyş taýýarlapdyr. Ol öz çykyşynda şahyryň iň söýgüli — «Serpaý», «Ene», «Gyzlar» we «Watan» goşgularyny okady. B.Goçmyradow käbir goşgularyň gelip çykyşyny şahyryň durmuşyndaky wakalar bilen baglanyşdyrdy. Bu, G.Ezizowyň poeziýasynyň diňe bir çeperçilik taýdan gymmatly bolman, eýsem onuň şahsy durmuş tejribeleri bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydygyny görkezýär. Gurbannazar Ezizowyň goşgulary stili sadalygy, açyklygy we çuň manysy bilen tapawutlanýar. Ol çylşyrymly metaforalardan we agyr söz düzümlerinden gaça durup, ýönekeý, halk diline ýakyn sözler bilen iň çuňňur duýgulary we pikirleri beýan etmegi başarýar. Onuň goşgularynda türkmen halkynyň milli aýratynlyklary, däp-dessurlary, tebigata bolan söýgüsi we watançylyk duýgulary aýdyň şöhlelenýär. G.Ezizowyň poeziýasy adamyň kalbynyň iň inçe tarlaryna galtaşýar. Onuň «Ene» goşgusynda enä bolan çäksiz söýgi we hormat, «Watan» goşgusynda bolsa Watana bolan wepalylyk we buýsanç duýgulary şeýle bir güýçli beýan edilýär welin, okyjynyň kalbynda ýaň salýar. Şahyryň goşgularynda söýgi, dostluk, wepalylyk, ýaşaýyş manysy ýaly köptaraply temalar öz beýanyny tapýar. Olary okanyňda adam özüniň içki dünýäsine syýahat edýän ýaly bolýar, öz duýgularyny we pikirlerini täzeden gözden geçirýär. G.Ezizowyň sözleri diňe bir okalyp geçilmeýär, eýsem, olar kalbyň içinde ýaşaýar, adamyň durmuşyna täsir edýär, ony has gowy bolmaga, has duýgur bolmaga iterýär. Myhmanyň çykyşyndan soň başlanan gyzykly özara söhbetdeşlik talyplaryň şahyryň döredijiligine bolan gyzyklanmasynyň nähili uludygyny görkezdi. Talyplar myhman soraglary bilen ýüzlendiler we mazmunly jogaplary aldylar. Bu diňe bir bilim alyşmak bolman, eýsem, nesilleriň arasynda edebi mirasymyzyň dowamatlylygyny üpjün edýän gymmatly tejribe alyşmak boldy. Duşuşyk ähli gatnaşyjylar üçin uly lezzet paýlady we Gurbannazar Ezizowyň poeziýasynyň baky gymmatlygyny ýene bir gezek tassyklady. Onuň sözleri we saz bilen utgaşmasy, türkmen halkynyň kalbynda hemişe ýaşamagyny dowam etdirer, täze nesillere ylham berer we olaryň kalbynda gözellik we ynsanperwerlik duýgularyny ösdürer. Gurbannazar Ezizow diňe bir şahyr däl, eýsem, ol türkmen ruhunyň, türkmen kalbynyň aýnasy bolup durýar. Onuň döredijiligi geljekki nesiller üçin hem gymmatly miras bolup galar. Talyplar myhmanyň öňünde Sahy Allaýarowyň ýerine ýetirmeginde we Jemşit Akyýewiň saza darlyk etmeginde gysga konsert taýýarladylar. Bu konsertde Gurbannazar Ezizowyň goşgularyna we Danatar Hydyrowyň sazyna esaslanýan aýdymlar, şol sanda «Uzak ýaýladaky enäniň hüwdüsi» we «Özgeleri diňledem» ýaly eserler ýerine ýetirildi. Bu ýerde aýratyn belläp geçmeli zat, kompozitor Danatar Hydyrowyň özüniň hem Gurbannazar Ezizowyň poeziýasynyň uly muşdagy bolmagydyr. Bu şahyryň sözleriniň diňe bir edebi gymmatlyga eýe bolman, eýsem saz döredijiligine hem güýçli ylham berýändigini görkezýär. G.Ezizowyň goşgularyndaky çuňňur duýgular, filosofiki pikirler we milli ruh, kompozitorlaryň kalbynda ýaň salyp, olary täze saz eserlerini döretmäge iterýär. Ahmet JUMAKULYÝEW Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň III ýyl talyby

No image
ZENAN DIÝMEK DÜNÝEDIR

Kitaphanalar

05.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan diýmek dünýedir» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan ene-mamalarymyz maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak türkmen halkynyň örän gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de, milli gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän, Watana, il-güne, maşgala ojagyna wepaly, zähmetsöýer, mähir-muhabbetini, söýgüsini nesil terbiýesine bagyş edýän güler ýüzli, mylaýym sözli zenanlarymyzyň, mylakatly, dilleri senaly enelerimiz, bahar gülleri ýaly owadan gyzlarymyzyň abraý derejesi, ynsanperwerligi, maşgala ojagyna wepadarlygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Baýramçylyk çäräniň dowamynda gelin-gyzlary, ene-mamalarymyzy, Watanymyzy wasp edýän birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan gelin-gyzlarymyzy, enelerimizi mukaddeslige deňeýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ENELER DÜNÝÄNIŇ GÖRKI

Kitaphanalar

05.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Eneler dünýäniň görki» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler ene-mähri, ene mukaddesligi hakynda söz açyp, enelerimiziň görüm-göreldesi, terbiýesi durmuşda bize ýörelge bolup, türkmen zenanlary ar-namyslylygyň, merdanalygyň, edep-ekramlylygyň, asyllylygyň mizemez nusgasy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de döwlet jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda zenanlar üstünlikli zähmet çekýändikleri we ykdysady ösüşe mynasyp goşant goşýandyklary, diňe bir jemgyýetimizde däl, eýsem, maşgalada hem perzent ýetişdirmekde, nesil terbiýesinde eneleriň hüwdüsi, mähirli sözi çagalarda ilkinji terbiýäni kemala getirip, perzendi ýetişdirmekde, halallyk, mertlik, ynsanperwerlik hakyndaky ýörelgeleri gursagyna guýmak eneleriň baş maksady bolup durýandygy hakynda aýtdylar. Çäräniň dowamynda birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda zenanlara aýratyn sarpa goýup, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny oňaýly şertler bilen üpjün edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
SIZIŇ ÜÇIN KÖRPELER

Muzeýler

05.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Şeýle ajaýyp baýramçylyklaryň biri 8-nji mart Halkara zenanlar günüdir. Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk serginiň çäklerinde «Siziň üçin körpeler» ýörite çagalar üçin niýetlen gepleşigiň baýramçylyk sanynyň ýazgysy geçirildi. Ýazga Aşgabat şäheriniň çäklerinde ýerleşýän birnäçe Çagalar bagynda terbiýelenýän çagalar gatnaşdylar. Ýazga gatnaşan çagalar zenanlara uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

No image
ZENANLAR ZEMINIŇ GÖRKI

Muzeýler

05.03.2026

Mähriban enelerimiziň ösüp gelýän nesillerimizde milli buýsanjy, belent ynsanperwer häsiýetleri terbiýelemekde bitirýän hyzmatyna ýokary baha berilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň zenanlaryna mynasyp durmuş we döredijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Zenan gözelligi diýlen düşünje diňe bir daşky keşbi däl, eýsem, ruhy päkligi, geýiniş medeniýetini, edep-ekramy we gylyk-häsiýeti hem öz içine alýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly baýramçylyk sergisiniň çäklerinde birnäçe teleýaýlymlaryň ýazgy etmeginde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige gatnaşan myhmanlar zenanlara goýulýan sarpa üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

No image
ZENAN-ZEMINIŇ ZYNATY

Muzeýler

05.03.2026

Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bedew batly beýik ösüşleri nazarlaýan ýurdumyzda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat, sarpa döwlet derejesinde amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen merdana zenanlarymyzyň çekýän asylly zähmetlerini göz öňünde tutup «Zenan kalby» ordeni hem-de hormatly atlaryň berilmegi, köp çagaly enelere «Ene mähri» medalynyň gowşurylmagy, şeýle-de olara täze döwrebap gurulýan jaýlaryň açarlaryň gowşurylmagy, gyz-gelinlerimize pul sowgatlarynyň berilmegi zenan mertebesiniň has-da belentdedigini görkezýär. Türkmen zenanlary milli gymmatlyklarymyzy, medeni-ruhy mirasymyzyň köp sanlysyny döretmek bilen dünýä medeniýetine uly goşant goşýarlar. Şol milli gymmatlyklaryň köpüsi biziň günlerimizde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Halkymyzyň medeni däp-dessurlary, sungaty, edep-ekram kadalary birnäçe asyrlaryň dowamynda döräpdir, kämilleşipdir. Ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän 8-nji mart Halkara zenanlar gününe bagyşlap, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti we Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamagynda «Zenan-zeminiň zynaty» atly wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Sergide goýulan milli gymmatlyklarymyzyň aňladýan many-mazmuny, zenan ellerinden dörän haly we haly önümleri, kilim-palaslar, milli lybaslarymyzyň özboluşly aýratynlyklary, keşdedir-nagyşlaryň taryhy gelip çykyşy we gaýtalanmaýan owadanlyga eýe bolan şaý-seplerimiz barada gyzykly gürrüňler edildi. Sergidäki görkezilýän milli gymmatlyklarymyz özüniň köp öwüşgünligi, biziň günlerimizde gelin-gyzlarymyz tarapyndan dowam etdirilişi, ýaş nesillerimize öwredilişi, durmuşda zenan sarpasy, mertebesi, maşgala mukaddesligi we olara döwletimiz tarapyndan çekýän asylly zähmetleri üçin berilýän hormatly atlar, döwlet sylaglarynyň ähmiýetleri barada durulyp geçildi. Sergide Lebaply suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň bahar paslyny we gelin-gyzlarymyzy wasp edip çeken surat nakgaş eserleri, bezeg küýzeleri, heýkelleri we el işleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzda giňden tanalýan heýkeltaraşlar B.Annamyradowyň «Bahar», S.Babaýewiň «Duşuşyk», H.Atajanowyň «Pagtaçy gyz», «Sagymçy zenan», «Ene mähri», D.Umarowanyň «Alaja», «Bagşy zenan» ýaly heýkelleri, suratkeşler H.Allaşükürowyň «Bägüller», M.Amanowanyň «Güller», A.Hudaýberdiýewanyň «Çigildem», H.Nabiýewanyň «Daýahatyn», A.Nuryýewanyň «Ene dogasy» ýaly nakgaş eserleri, tanymal senetkär mugallym O.Öräýewanyň milli nagyşlar bilen owadan edip çeken bezeg okaralary, sandyklary, kädiniň ýüzüne çeken gelinleriniň özboluşly owadan görnüşleri, dekoratiw küýzeler görkezildi. Watanymyzyň ösüşlerini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimizi milli mirasymyza söýgi döretmekde olary milli ruhda terbiýelemekde, zenanlarymyza uly sarpa we hormat goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlar aýdýarys! Ogulgerek AGAJANOWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
BEDEW BATLY ZAMANANYŇ BAGTYÝAR ZENANLARY

Muzeýler

05.03.2026

Türkmen zenany maşgalanyň sütünidir, ahlak gözelliginiň nusgasydyr, öý-ojaklarymyzyň ýaraşygydyr. Zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli ýörelgelerimiz bolup, bu ýörelgeler bedew bady bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň deňsiz-taýsyz ösüşleri gazanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Bu gün türkmen gelin-gyzlary watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepalylyk, asyllylyk, pähim-paýhaslylyk, salyhatlylyk ýaly milli häsiýetleri nusga edinip, halkymyzyň abraýyny, mertebesini dünýäde has-da belende göterýärler. Eziz Watanymyzyň şan-şöhratynyň, at-abraýynyň barha belende galýan döwründe halkymyzy jebisleşdirýän, milli bitewiligimizi has-da berkidýän hem-de belent sepgitlere ruhlandyrýan mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesi hemişe belentdir. Ajaýyp döwrümizde zenan mertebesine uly hormat goýulýandygynyň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşaýandygynyň aýdyň subutnamasy hökmünde Halkara zenanlar güni 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň, medeniýet we bilim ojaklarynda aýdym-sazly baýramçylyk çäreleri, sergileri, bäsleşikleri, döredijilik duşuşyklary guralýar. Gözel tebigatyň ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýat häkimliginiň hem-de muzeýiň bilelikde gurnamagynda bagtyýar zenanlaryň, talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Bu söhbetdeşlik çäresinde eziz watanymyzda zenan sarpasy, maşgalada ene mukaddesligi, edep-terbiýe, hüwdileriň çaga terbiýesindäki ähmiýeti, zenanlarymyz tarapyndan sungat derejesine ýeten milliliklerimiz dogrusynda täsirli söhbetler edildi. Olar özleriniň buýsançly söhbetlerinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen zenanlaryna goýulýan hormat-sarpa, olaryň ýaşaýyş durmuşynyň gowulandyrylmagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilip berilýän mümkinçilikler dogrusynda edilen söhbetler çykyşlarynyň içinden erş-argaç bolup geçdi. Ýurdumyzda biz zenanlary eziz diýarymyzyň buýsanjyna deňäp, döwrebap zähmet çekmegimiz, işlemegimiz, döretmegimiz, milli mirasymyzyň müň dürli öwüşgünlerini wagyz etmegimiz üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçly menzillerde rowaçlyklara beslensin!. Gülälek BATYROWA Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri

No image
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ MEJLISI

Täzelikler

05.03.2026

4-nji martda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň iki aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle-de Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.