logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HABARLAR

No image
KONSERT GEÇIRILDI

Konsertler

04.03.2026

2026-njy ýylyň 3-nji martynda Türkmnenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň at gazanan artisti Albert Jalilowyň ýurdumyzyň Döwlet simfoniki orkestri bilen bilelikdäki konserti geçirildi. Sazlaşykly ýaňlanan mukamlaryň owazy konserte gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

No image
Şekillendiriş sungatynda zenan waspy

Muzeýler

04.03.2026

Bahar pasly tebigatyň täzelenýän, gülleriň müşk ysynyň burk urýan döwrüdir. Maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasy hökmünde zenanlaryň, gelin-gyzlaryň mertebesini belent tutmak halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan gymmatly ýörelgesidir. Türkmen suratkeşleri öz eserlerinde gelin-gyzlaryň keşbini diňe bir daşky gözellik däl, eýsem mährem ene, wepaly ýoldaş we zähmetsöýer zenan hökmünde uly ussatlyk bilen wasp edýärler. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpgyttyyt.jpg) Ýurdumyzyň ähli künjeginde 8-nji mart - Halkara zenanlar gününiň uly dabara, şatlyk-şowhun bilen bellenilýän günlerinde sungat ojagy bolan Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly serginiň açylyş dabarasy uly baýramçylyga beslendi. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden myhmanlar, medeniýet, sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk sergisinde muzeýiň gaznasynda saklanylýan ussat halypalaryň eserleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň, talyp ýaşlarynyň hem-de erkin suratkeşleriň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk eserlerine, keramika, haly, gobelen we zergärçilik önümlerine uly orun berildi. Sergidäki şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleri türkmen zenanynyň mähir-muhabbetini, ruhy dünýäsiniň baýlygyny giňden açyp görkezýär. Manyly sungat eserleri halkymyzyň öçmejek taryhynyň gymmatlyklarydyr.

No image
ZENANLAR – DURMUŞYŇ DIREGI

Kitaphanalar

04.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralary merkeziniň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenanlar – durmuşyň diregi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde mährem enä, wepaly ýanýoldaşa, mähriban uýa bolan aýratyn hormat, maşgalada gaýyn-gelin gatnaşyklarynyň kadalary asyrlardan aşyp, halkymyzyň asylly däpleri hökmünde biziň günlerimize gelip ýetendigi hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de, zenanlar ähli döwürde-de türkmen jemgyýetinde aýratyn orun eýeläp, maşgala ojagynyň ýylysynyň hem-de jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy we ynsanperwer kadalarynyň gözbaşynda durýandyklary barada çykyş edenler belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda dünýäniň görki, zeminiň zynaty, her bir adam üçin iň mukaddes ynsan bolan eziz enelerimiz hakyndaky aladany döwlet derejesine çykaran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

No image
Körpeler üçin ertekileriň ähmiýeti

Kitaphanalar

04.03.2026

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 115-nji çagalar bagynda «Körpeler üçin ertekileriň ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi. Gürrüňdeşlikde asuda we parahat ýurdumyzda çagalaryň döwlet tarapyndan bimöçber aladalar bilen has jebis gurşalýandygyny, çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalarda türkmen halk ertekileriniň ähmiýetini has içgin düşündirilip, ertekileriň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň hoşgylawlylyk, sadalyk, dogruçyllyk, edep-ekramlylyk, dost-doganlyk, agzybirlik, ruhubelentlik, halallyk, ýagşylyk, ugurtapyjylyk ýaly sypatlaryň ählisi jemlenendigi hakynda aýratyn belläp geçdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesiller üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

No image
ZENAN DÜNÝÄSINIŇ WASPY

Täzelikler

04.03.2026

Ýaz paslynyň gelmegi bilen, al-elwan gülleriň ysy baharyň bagtyýarlygyny buşlaýar. Tebigatyň janlanyp, dünýäniň gözellige beslenýän günlerinde 8-nji mart Halkara zenanlar gününiň giňden bellenilmegi zenanlara goýulýan uly hormat-sarpanyň nyşanydyr. Sebäbi zenan zeminiň görki, ýaşaýşyň örki, dowamatyň gözbaşy, bagtyň badalgasydyr. Ýaşaýyş bir bossan bolsa, onuň gyzyl lälesi zenandyr. Zenan öz näzikligi we päkligi bilen durmuşy gözelleşdirýär. Her bir maşgalanyň gül açyp, bagtyýar ýaşaýşynyň älemgoşar öwüşginine beslenmeginde zenanyň mynasyp paýy bar. Şeýlelikde 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň suratkeşleriniň «Şekillendiriş sungatynda zenan waspy» atly sergisi açyldy. Serginiň çäginde gülleriň sergisiniň ýaýbaňlandyrylmagy çäräniň ähmiýetini artdyrdy. Şeýle-de türkmen ojagynyň bezegi bolan zenanlaryň el hünäri giňişleýin şöhlelendi. Sergide görkezilýän dürli reňkdäki ajaýyp güller hem-de täsin ösümlikler özboluşly gözellik döretdi. Owadan güller boýunça gurnalan sergi ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri hem-de ýetilen sepgitleri görkezýär. Şanly seneler mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleri türkmen halkynyň ruhy-medeni däplere we gymmatlyklara sarpa goýulýanlygynyň aýdyň mysaly bolup durýar. Maşgala ojagyny goraýjylar, çeper elli zenanlarymyz bolsa şol gymmatlyklary has-da baýlaşdyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Milli mirasymyzy gorap saklamakda, öwrenmekde, baýlaşdyrmakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde gelin-gyzlarymyzyň hyzmaty örän uludyr. Olaryň döredýän ajaýyp sungat eserleri dünýä sungatynyň genji-hazynasydyr, deňsiz-taýsyz gymmatlygydyr. Sergide suratkeşler türkmen halkynyň däp-dessuryny, medeniýetini, gyzlaryň, zenanlaryň, eneleriň gözelligini wasp edýän iň gowy şekillendiriş, amaly-haşam, külalçylyk ýaly sungat eserlerini halk köpçüligine ýetirildi. Serginiň esasy maksady ýaş nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny bezeg-amaly sungaty arkaly görkezmek we milli baýlygymyza öwrülen türkmen zenanlarynyň täsin ussatlygyny wasp etmekdir. Muzeýe gelen myhmanlar zähmetsöýerlik nusgasyny özünde jemleýän milli el işleri, şeýle-de türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, medeniýetini, sungatyny, eneleriň we zenanlaryň gözelligini, paýhasyny, gujur-gaýratyny, zenanlaryň owadan dünýäsini görkezýän eserler olaryň ünsüni özüne çekdi. Şeýle-de amaly-haşam sungatyna degişli lybaslaryň keşde bilen bezelen döwrebap görnüşleri sergä hasam öwüşgin atdy. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/g%C3%B6k-fon.jpgfdfd.jpg) Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe maşgala mukaddesligini goramakda, asylly ýörelgelerimizi ýaş nesillere öwretmekde, her bir ugurda gazanylýan üstünliklere goşant goşmakda ýokary işjeňlik görkezýän gelin-gyzlarymyzy, mähriban enelerimizi ýetip gelen Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, zenan mertebesini ähli zatdan belent tutýan ömürlere ömür goşýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, belent başlary aman bolsun, döwlet bähbitli her bir beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslensin. Tawus GARAJAÝEWA Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly ylmy işgäri

No image
TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

Kitaphanalar

04.03.2026

Ahal welaýat kitaphanasynyň Neşirleri toplamak we işlemek bölüminiň gurnamagynda Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bakja-bagynda «Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň mekan» atly çeper okaýyş geçirildi. Türkmen halk ertekilerini we çagalar ýazyjy, şahyrlaryň döreden eserlerini çagalara labyzly çeper okap bermek bilen olarda kitap okamak höwesini artdyrýar.

No image
ÝOLLARY NURLY - GELJEGI RÖWŞEN WATANYM!

Kitaphanalar

04.03.2026

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Lebap welaýat kitaphanasynda «Türkmen gündogary» redaksiýasynyň we bu medeni ojagyň bilelikde gurnamaklarynda «Ýollary nurly - geljegi röwşen Watanym!» atly söhbetdeşlik geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Garabekewül, Saýat etrap birleşmeleriniň başlyklary gatnaşdylar. Çykyşlarda esasan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabarasynyň uludan tutulýan günlerinde alnyp barylýan işler, geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri dogrusynda söhbetler edildi. Şeýle-de ýaş neslimizi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimize, milli mirasymyza çäksiz buýsanç, söýgi, hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehinlerinden syzylyp çykan eserleriniň uly ähmiýetiniň bardygy barada aýratyn bellediler. Gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüreginiň töründen çykan alkyşlaryny beýan etdiler.

No image
ENE - DÜNÝÄNIŇ IŇ OWADAN GÜLI, TER BÄGÜLI

Kitaphanalar

03.03.2026

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy ýakynda Ahal welaýatyň Änew şäherindäki 15-nji çagalar bagynda «Ene - dünýäniň iň owadan güli, ter bägüli» atly Halkara zenanlar gününe bagyşlap edebi-sazly ertirlik geçirildi. Pasyllaryň içinde bahar pasly dürli reňkli öwşün atyp, owadanlygy we hoştap, jana şypaly howasy bilen ynsany heýjana getirýär. Şeýle ajaýyp paslyň ilkinji aýynda gelin-gyzlaryň baýramy bolan Halkara zenanlar güni bellenip geçilýär. Bu ajaýyp baýramyň uly toý, şatlyk, dabara bilen bellenilmeginiň özi enelerimize, zenanlarymyza, uýalarymyza goýulýan sylag-hormatdan nyşandyr. Olaryň baýramlarynyň-da bahar paslyna gelýändiginiň simwoliki manysy bar. Çünki bahar hem dünýä gözellik paýlaýar, gelin-gyzlar hem dünýäniň gözelligine gözellik goşýar. Şu çärämizde alyp baryjy tanymal ýazyjylaryň, şahyrlaryň zenanlara bagyşlanan goşgy setirlerinden okap berdi. Körpeje jigilerimizem öz gezeginde goşgular, aýdym-saz tans bilen çykyş etdiler. Kitaphananyň hünärmenleri baýramçylyga bagyşlap kitap sergisini gurnadylar. Çäräniň soňunda il-günüň göwnüne ganat, beýik döwrüne zynat beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!

No image
TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ EDERMEN KEŞBINI ESERLERINE SIŇDIREN USSAT ÝAZYJY

Täzelikler

03.03.2026

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň guramagynda bellenilen iş meýilnamasy esasynda alym zenan, ussat ýazyjy Şirinjemal Geldiýewanyň doglan gününiň 90 ýyllygy mynasybetli «Türkmen zenanlarynyň edermen keşbini eserlerine siňdiren ussat ýazyjy» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirildi. Bu baýramçylyk çäresi esasanam oňa gatnaşyjy talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar-watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Edebiýat meýdany - üstünden eýýamlaryň kerweni geçen giňişlik. Edebiýat maddy baýlyk däl-de, altyn-kümüş bilen satyn alyp bolmaýan ruhy hazynadyr. Edebiýatyň gymmaty hem şundadyr. Milli edebiýatymyzyň ýeten derejesine buýsanmak, ony ruhy mirasymyz deý aýawly saklamak mukaddes borjumyzdyr» diýip örän jaýdar belläp geçýär. Milli edebiýatymyzyň ösmeginde ýazyjy-şahyrlaryň bitiren hyzmatlary örän uludyr. Şahyrana kalply, ylym dünýäsiniň ýol-ýodalaryna yzlaryny goýan ussat ýazyjy Şirinjemal Geldiýewanyň hem türkmen edebiýatynyň ösmegine goşant goşan ýazyjylaryň biridir. Çäräniň dowamynda ýazyjy Ş.Geldiýewanyň ömri we döredijiligi ýazan kitaplary, eserleri dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Şeýle hem çärä gatnaşan myhmanlar: ýazyjy zenan Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň mugallymy Bägül Annabaýewa we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň «Miras» žurnalynyň, redaktory, Filologiýa ylymlarynyň kandidaty Akgül Kaýumowa dagylaryň gatnaşmagynda Ş.Geldiýewanyň eserleri barada we ýakymly ýatlamalary hakynda söhbetler edildi. Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Alym zenan, ussat ýazyjy Ş.Geldiýewa Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Rawnina şäherçesinde 1936-njy ýylyň 29-njy dekabrynda eneden bolýar. Orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniñ filologiýa fakultetinde okaýar. Ilki 1960-1962-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetinde edebi işgär bolup işleýär. Soň aspirantura okuwa girýär we ony tamamlap, 1967-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. 1991-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Ş.Geldiýewa ylmy kitaplaryň hem birnäçesiniň awtorydyr. Ş.Geldiýewa döredijilik işine hekaýa ýazmak bilen başlaýar. Ilkinji hekaýasy 1959-njy ýylda «Başagaýlyk» talyp ýyllarynda çap edildi. Soň onuň hekaýalary «Bahar buşlukçysy», «Ýodadan ýola», «Maýsa» ýaly ýaşlaryň ýygyndylarynda çap edildi. Soň ilkinji powesti 1975-nji ýylda «Leýli» ady bilen özbaşdak kitap görnüşinde neşir edilýär. Soňra onuň powestler we hekaýalar ýygyndylary: «Laçyn» (1978ý.), «Dirilik» (1981ý.), «Ulugyz» (1983ý.), «Yhlas» (1987ý), «Bosagada» (1990ý.), «Synag» (1995ý.) atlary bilen yzly-yzyna neşir edilýär. Ş.Geldiýewanyň eserleri gyrgyz, özbek, täjik, hakas dillerinde çap edilýär. Ýazyjy Ş.Geldiýewanyň eserleri esasanam ýaş oglan-gyzlara durmuşda, söýgi meselesinde öz taýyny tapmaga ýol salgy berýär. Onuň eserlerini okanyňda tebigata bolan garaýşyny, tebigatyň gözelliginden alýan lezzetini öz eserlerine siňdirendigini duýmak bolýar. Şirinjemal Geldiýewanyň ýazan eserleriniň aglaba böleginde iň möhüm öňe sürýän meselesi zenanlaryň edep-ekramy, ar-namysy, päk söýgüde wepadarlyk we zenan mertebesi bolup durýar. Onuň ýazan powestleri esasynda «Miras» radioýaýlymy arkaly birnäçe radio oýunlary döredildi we häzirki günlerde hem halkymyz tarapyndan uly lezzet bilen diňlenýär. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalary edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler. Maral NURYÝEWA Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri

No image
OGULABAT EJÄNIŇ EL HÜNÄRI TÜRKMEN ZENANLARYNYŇ GÖRELDE MEKDEBIDIR

Muzeýler

03.03.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde milli we ruhy gymmatlyklarymyza uly üns berilýär. Taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän baý milli mirasymyzyň bir bölegi biziň gelin-gyzlarymyzyň çeper elleriniň miwesi hasaplanýan keşdeçilik sungaty bolup durýar. Dabarasy dünýä dolan beýik döwletimiziň başlangyjy bilen türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli mirasymyzyň dünýä içre dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri, keşdeçilik sungatynyň naýbaşy nusgasy bolan, 1971-nji ýylda sünnäläp bejeren kürtesiniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde orun almagy türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir. Mähriban käbämiziň sünnäläp, mähir siňdirip bejeren gyzyl kürtesiniň hem-de gülli jorabynyň muzeý gymmatlyklarynyň hataryna goşulmagy medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, gorap saklamakda hem-de giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. ![](https://medeniyet.gov.tm/storage/app/media/muzey-sergi.jpg) Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilen «Ogulabat ejäniň el hünäri türkmen zenanlarynyň görelde mekdebidir» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahatyň çäklerinde sergi gurnaldy. Sergide gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň inçe we nepis edip bejeren kürteleri, türkmeniň bahar paslyny ýatladýan gül-gülälekli gülleriň reňklerini özünde jemleýän ýaşyl, sary, ak çyrpylary hem-de elde dokalan dürli reňkli ýüpek keteniler görkezilýär. Serginiň dowamynda halypa nakgaşlarymyzyň şeýle-de ýaş suratkeşleriň nakgaş eserlerinde bolsa ajaýyp gülleriň şekili, çeper elli gyz-gelinlerimiziň döreden önümleri öz beýanyny tapýar.